Amatly şertleriň aýdyň netijeleri

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümleri tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär. Häzirki döwürde milli kärhanalar tarapyndan öndürilýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply harytlaryň möçberleridir görnüşleri barha artýar. Bu bolsa ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň artmagyny şertlendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy 70 göterimden geçýär.

Döwletimiz kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslarynyň döredilmegine-de uly ähmiýet berýär. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz sebit we ählumumy ýagdaýlaryň üýtgeýän şertlerini nazara alyp, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatynyň emele gelmegi üçin dünýä bazarlarynyň ulgamlaýyn derňelmeginiň möhümdigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýoludygyny belleýär. Şeýlelikde, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ulgamynda uly ösüşlere ýetilýär. Munuň özi Watanymyzyň telekeçileriniň işleriniň ugurlaryny, ygtyýarlyklaryny giňeltdi, iri maýa goýum we döwlet taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklaryny şertlendirdi. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Bu günki gün türkmen telekeçileri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda, sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty ösdürmekde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Biz ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Täze bazarlary özleşdirmäge, bar bolanlaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkara bazarlara erkin bäsleşikli şertlerde çykmak, harytlaryň päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin tagalla etmelidiris» diýen sözleri türkmen işewürlerini has-da netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda halkymyzyň eşretli durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işlere mynasyp goşant goşmak uly hormatdyr.

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.