Işeňňiriň işi ileri

Ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna aýlananyňda, ýokary hilli süýji önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyna şaýat bolýarsyň. Şunda Mary şäherindäki «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýetiniň hem mynasyp goşandy bar.

Bu hojalyk jemgyýetiniň işe başlanyna köp wagt bolmadyk hem bolsa, ol özüniň tagamly kökeleridir waflileri bilen halkymyzyň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy. Dükanlara baranymyzda, «Kilwan» önümlerine ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Alyjylara hödürlenýän bu önümler datly tagamy, ýokary hili, ekologiýa taýdan arassalygy bilen ünsüňi özüne çekýär.

Hojalyk jemgyýeti ilkibaşda «Seýrana», «Altyn däne», «Pasyllar» atly şekerli kökeleri öndürip başlady. Häzir önümleriň görnüşleriniň sany 100-e golaýlap, olardan «Wasp» karamel huruşly şokolad örtülen petir kökesine, «Mardop» zefir huruşly şokolad örtülen petir kökesine, «Kesp» huruşly şekerli kökesine, «Rende» huruşly şekerli kökesine alyjylar tarapyndan isleg has ýokarydyr. Süýjülikler 2017-nji ýyldan bäri saçaklarymyzyň berekedine bereket goşup gelýär. Öndürilýän kökedir waflileriň hyrydarlary, esasan, çagalardyr. Bu önümler özüniň datlylygy bilen dünýä bazarlarynda hem mynasyp ornuny tapdy.

— Öz önümlerimiz bilen diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda guralýan sergilere hem gatnaşýarys. Bu bolsa harytlarymyza bolan islegleriň artmagyna, eksport mümkinçiligimiziň artmagyna ýardam edýär. Türkiýede geçirilen «F-Stambul — 2022», «F-Stambul — 2023» halkara sergilerine gatnaşanymyzda, daşary ýurtly işewürler biziň önümlerimize uly gyzyklanma bildirdiler. Häzirki wagtda önümlerimizi Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Özbegistana, Azerbaýjana, şeýle hem Owganystana eksport edýäris.

Hojalyk jemgyýetimizde ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Bu kuwwatly enjamlar Germaniýanyň, Türkiýäniň önümleri bolup durýar. Öndürijilik kuwwatymyz taýýar görnüşde ýylda 1700 tonnadan hem geçýär. Harytlaryň agramly bölegi üçin ýurdumyzdaky çig mallary ulanýarys. Önümlerimiziň düzümini, tagamyny işine ökde hünärmenler, tehnologlar taýýarlaýarlar. Täze ýylyň öňüsyrasynda «Mardop» zefir huruşly, şokolad örtülen petir kökäniň hem-de «Tans» şokolad örtükli wafliniň kokosly görnüşlerini baýramçylyk sowgady hökmünde ilata hödürledik. Bu önümlerimiz hem alyjylar tarapyndan oňat garşylandy. Şeýle-de «Has» atly huruşly, şekerli kökämiz islegli önümleriň hatarynda durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny bize peşgeş berdi. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlara bagyşlanmagy bize uly ynam bildirilýändiginiň ýene bir aýdyň görkezijisi boldy. «Hojaly» hojalyk jemgyýetimizde zähmet çekýän agzybir işgärleriň 80 göterimden gowragy ýaşlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem önümleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagy, ozal bar bolan kökedir waflilerimiziň hil derejesini has-da ýokarlandyrmagy, öndürijilik kuwwatymyzy artdyrmagy maksat edindik. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys — diýip, hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Şageldi Babalyýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Baýnazar BAÝHANOW.

«Türkmenistan».