Işewürleriň işleri ileri

Halkymyzyň çekýän asylly zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, oňyn özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ajaýyp zamanamyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny olaryň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň telekeçileri dünýäniň ösen tehnologiýalaryny, öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak arkaly, içerki bazarlary öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün edýärler. Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldaw-hemaýat oňyn netijesini berýär. Soňky ýyllarda hususy işewürleriň ilata hödürleýän ýokary hilli, elýeterli önümlerine uly isleg bildirilýär. Bu gün bereketli saçaklarymyzy güneşli ýurdumyzda öndürilýän dürli önümler we harytlar bezeýär. Şol önümleriň ýurdumyzyň bazarlarynda eýeleýän orny artýar, bäsdeşlige ukyplylygy barha ýokarlanýar, bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimi bolsa has-da giňeýär.

Ýurdumyzda önüm bolçulygyny döretmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenýändigi hemmämizi buýsandyrýan hakykatdyr.

Toýmämmet Hajyýew,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.