Azyk bolçulygy – saçaklaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bazarlarymyzy, toý saçaklarymyzy ýylyň bütin dowamynda özümizde öndürilen ter gök önümler bilen üpjün etmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, «Altyn — Nur Zamany» hususy kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleri hem bu işe öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu kärhanada zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy has-da buýsandyryjydyr. Olaryň ählisi diýen ýaly Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary.

Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň döredijilikli hem-de yhlasly işleri netijesinde öňler bazarlarda we söwda nokatlarynda ildeşlerimize diňe möwsümleýin ýetirilýän azyk önümleriniň ýylyň bütin dowamynda elýeterli bolmagy azyk bolçulygynyň nyşanydyr. Mysal üçin, tebigatyň peşgeşi, nygmaty bolan kömelekler diňe ýaz paslyna mahsus bolan ýokumly azyk önümi. Emma, häzirki wagtda bu önümi ter görnüşinde gyş paslynda hem bazarlardan satyn alyp bolýandygy geň däl.

Çünki biziň gürrüňini edýän kärhanamyzda kömelekleriň birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen, obaly ýaşlaryň onlarçasyna iş orunlary hem döredildi. Ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän kömelek hasyly terligi bilen Balkanabat şäheriniň ilatyna ýetirilýär.

Bu hususy kärhanada günüň dowamynda 300 kilogramdan gowrak ter kömelek, 2 müňden gowrak çüýşe gapda gaplanan marinadly gelin kömelegi öndürilýär. Kärhana degişli bolan mellek ýerlerde ýetişdirilen gök-bakja we miwe önümlerinden 4 müň sany 0,5 litr sygymly çüýşe gaplarda gaplanan şerbetler, 4 müň sany 480 gram sygymly çüýşe gaplarda gaplanan mürepbeler hem söwda nokatlaryna ugradylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler bilen üpjün etmek babatdaky talaplaryna laýyk işleriň buýsançly netijeleridir.

Halkymyz hakynda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Näzbibi KUBAÝEWA,

TAP-nyň Balkan welaýat komitetiniň baş hünärmeni.