Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hem ileri tutulýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ylym-bilim — beýik daragt. Olar ýolumyza şugla saçýar. Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlara ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar.
Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şol syýasatyň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan durnukly ykdysadyýeti bolan ýurda öwrüldi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, telekeçiligi, täzeçil başlangyçlary höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala-aşyrmak milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş we ynsanperwer ulgamyny sanlylaşdyrmaga ugur alyndy, ähli ýerde häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilen amatly şertlerden ýurdumyzyň telekeçileri hem netijeli peýdalanýarlar. Olar önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen halkara derejelere çykarylýar. Türkmen önüm öndürijileri hormatly Prezidentimiziň öňe gitmek üçin bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, munuň üçin bolsa işewürlige innowasiýany ornaşdyrmagyň zerurdygy barada aýdanlaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Soltanjemal SÄHETMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.