Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli bilim hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Üstümizdäki ýylyň 5-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bilim edaralarynyň ýokary hünärli mugallymlar we okuw kitaplary bilen üpjünçiligini seljerip durmagy, bu ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Aslynda, islendik okuwyň hili mugallymyň hünär ussatlygyna hem-de oýlanyşykly we kämil işlenip taýýarlanylan, usuly taýdan ähmiýetli okuw kitaplaryna baglydyr. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň, maksatnamalaryň 1 müň 696-sy makullanyldy.
Türkmenistan dünýäniň ykdysady we senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulmak bilen, bilim ulgamyny ähli ösüşleriň özeni hökmünde kesgitledi. Bu ulgamyň ösdürilmegine gönükdirilýän iri maýa goýumlar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, bilim işiniň düzümini çuňlaşdyrmaga we ähmiýetini artdyrmaga, häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän esaslaryny kemala getirmäge uly itergi berýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi, häzirki zaman ylmyna we saýlap alan hünärine ýetmegi, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegi, ylym hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döredilýän amatly şertler bilen utgaşýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň jemgyýetçilik durmuşyna ýetirýän täsiriniň ylmy taýdan öwrenilmegi, şeýle-de sanly bilimiň esas goýujy düzüm böleklerini düzýän maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny bilim ulgamynda ulanmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kanunçylygyň işlenip taýýarlanmagy örän derwaýysdyr. Şunda bilimiň maglumatlaşdyrylmagy, elektron maglumat-bilim gurşawy, elektron bilim serişdeleri, elektron okuw-usulyýet toplumy, bilim kontenti, okaýanyň elektron portfoliosy, elektron okuw, uzak aralykly bilim tehnologiýalary ýaly esasy düşünjelere ähmiýetli orun degişlidir.
Bilim ulgamynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, intellektual tehnologiýalar we maglumat-aragatnaşyk ýaly ugurlaryň hünärmen üpjünçiligini ösdürmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Alnyp barylýan işler sanly bilim babatda ýaşlaryň nazary bilimleriniň kämilleşdirilmegine we amaly endikleriniň ýokarlandyrylmagyna, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň özleşdirilmegine, öňdebaryjy tehnologik tejribeleriň öwrenilmegine usulyýet taýdan ýardam bermäge gönükdirilip, bilim işinde intellektual tehnologiýalaryň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmek, okuw işine täzeçil usullaryň giňden ornaşdyrylmagyny gazanmak, bilim işini guramagyň täze we däp bolan görnüşlerini netijeli utgaşdyrmak ýaly wezipelere ýardam bermekde ähmiýetlidir.
Mekdep derslerini çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin, soňky ýyllarda gurulýan ähli bilim edaralarynda iň ösen okuw usullaryny, häzirki zaman kompýuter, interaktiw we multimediýa tehnologiýasyndan peýdalanmak göz öňünde tutulan. Bu ýaşlara dünýä derejesinde bilim almaga, gözýetimini giňeltmäge we ylmyň gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary we usullary döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda milli maksatnamalar, konsepsiýalar durmuşa geçirilýär.
Okuw meýilnamalary we maksatnamalary dünýäniň oňyn tejribesi esasynda kämilleşdirilýär. Okuw meýilnamalarynda takyk bilimlere we logiki pikirlenmäge degişli dersleriň paýy artdyrylýar. Şunda ýurdumyzyň taryhyny hem-de halkymyzyň medeni gatnaşyklaryny has içgin öwretmek maksady bilen, okatmagyň täze usullaryndan peýdalanmak, ýörite derslerden daşary gurnaklaryň döredilmegi, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan ylmy kitaplaryň taýýarlanmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.
«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary hünär bilim edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, ýylyň-ýylyna täze ugurlar girizilýär. Şunlukda, ýokary hünär biliminiň ylmy binýady hem pugtalandyrylýar. Ýokary hünär bilimi edaralarynyň ylmy merkezlerinde bilim maksatnamalary kämilleşdirilýär, ylym bilen bilimiň arabaglanyşygy berkidilýär. Ýaşlaryň tebigy zehinini ösdürmek we bilime höwesini artdyrmak, olara täze, döwrebap hünärleri düýpli öwretmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy işleriň we bilim bermegiň utgaşykly alnyp barylmagynyň netijesinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de Döwlet energetika instituty Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.
Kämil bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere hem-de internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Milli bilim ulgamynyň düzümini we hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli resminamalar kabul edildi. Bilim hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Maşgala kodeksine, «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi), «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunlara hem-de ulgamy düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýar.
Häzirki zaman bilim işini sanly tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şoňa görä-de, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasynda ýokary okuw mekdepleriniň sanly bilim portallary işläp başlady. Portallar professor-mugallymlara we talyplara giň mümkinçilikleri açýar. Olar bilim bermegiň innowasion usullaryndan peýdalanmak, elektron resminama dolanyşygy, elektron kitaphana hyzmaty, dürli bäsleşikler we maslahatlar ýaly amatlyklary özünde jemleýär.
Sanly bilimi ösdürmegiň, ýagny maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny bilim ulgamynda ulanmagyň möhüm şertleriniň biri-de bilim ojaklarynyň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi bolup durýar. Bilim edaralarynda zähmet çekýän professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň halkara maslahatlara, okuw-amaly sapaklara, dürli bäsleşiklere internet tory arkaly gatnaşmaga mümkinçilikleri bar.
Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy baş wezipe hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, röwşen geljegi nazarlaýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory