Watanymyzyň daýanjy

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň biri-de ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bilen birlikde, olary milli ruhda terbiýelemekden ybaratdyr. Bu babatda göreldäniň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiz Watany söýmek, ony gözüň göreji deýin gorap saklamak, ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak, milli däp-dessurlary, edep-kadalarymyzy sarpalamak meselelerine aýratyn üns berýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ähli ýokary okuw, orta hünär okuw we orta mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly geçirilýän okuw sapaklary, internet bäsleşikleri guramakda, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Döredilýän sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Ähli amatlyklary, ýeňillikleri, mümkinçilikleri özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň bilim derejesi artýar. Bu bolsa bilimiň bu görnüşiniň oňyn tejribesini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň netijelerini ylmyň ileri tutulýan ugurlary babatynda her ýylda däbe öwrülen Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ylmy işler boýunça bäsleşiginiň işjeň ýagdaýda geçirilmeginde-de görmek bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň ylymda aýratyn tapawutlanmagyna, olaryň ylmy işleriniň höweslendirilmegine, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar.

Jemgyýetiň döwrebap ösüşiniň hereketlendiriji güýjüniň ylym-bilim bilen kesgitlenýändiginden ugur alyp, dünýä tejribesi bilen sazlaşykda ylym we bilim ulgamy netijeli ösdürilýär. Döwlet tarapyndan ylym-bilime höwesjeň ýaşlara ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň abadançylygyny, döwrebap ösüşini üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň belent tagallalarynyň miwesidir.

Türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegine uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Maral AMANOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.