Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyla at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyç hem ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny artdyrdy. Bu teklibi ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň wekilleri, şol sanda ylym-bilim ulgamynyň işgärleri hem biragyzdan goldaýarlar. Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, bilim-terbiýeçilik edaralarynda guralýan maslahatlardyr duşuşyklarda-da bu şygaryň ýüreklerde döreden joşguny, onuň mähriban halkymyzy milli Liderimiziň daşyna has-da jebisleşdirip, täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrjakdygy baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly Permana gol çekmegi, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda anyk wezipeleri kesgitlemegi örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek islendik döwletiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion taýdan kuwwatlylygyny artdyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde öňe çykýar. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini düýpli özgertmek, elektron senagaty döretmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanyp, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» uly orun degişlidir.
Milli Liderimiz: «Bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrýarys. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýäris. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar» diýip belleýär. Şu babatda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat-tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda bu bilim ojagynda maglumatlary gaýtadan işlemek boýunça awtomatlaşdyrylan ulgamlary döretmek, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi, kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi, şeýle hem önümçiligi awtomatlaşdyrmak bilen bagly senagat elektronikasy boýunça täze hünärleriň birnäçesi açylyp, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň köpugurly tagallalary netijesinde Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny sanlylaşdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Olar Türkmenistany ösen innowasion ykdysadyýetli ýurda öwürmek, milli Liderimiziň özlerine bildirýän ynamyny ödemek ugrunda yhlasly işlemegi we döretmegi baş maksady hasaplap, dünýäniň tehnologik ösüşleri bilen deň gadam urmak üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Bazargeldi TÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.