Sanly bilim we innowasion ösüş

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlar maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we durmuş gurşawyny sanlylaşdyrmagy öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär.

Häzirki wagtda «sanlylaşdyrma», «bilimiň sanly özgermegi», «sanly bilim gurşawy» diýen düşünjeler bilim işini dolandyrmagyň nazaryýetine we amaly tejribesine berk ornaşdy. Sanly bilim sanly tehnologiýalary bilim edaralarynda giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Olar maglumatlary toplamagy, gaýtadan işlemegi, geçirmegi, saklamagy we bermegi üpjün edýär. Bilimiň sanly özgermegi çalt özgerýän sanly bilim gurşawynda bilimiň mazmunynyň, usullarynyň, guramaçylyk görnüşleriniň, netijeleriniň we olary bahalandyrmagyň ulgamlaýyn täzelenmeginiň, şeýle hem okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň hasabyna gazanylýar. Sanly bilim gurşawy bilim edaralarynyň işini üpjün etmek, okuwda ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin döredilýän hem-de ösdürilýän sanly enjamlaryň, maglumat ulgamlarynyň, çeşmeleriniň, gurallarynyň we hyzmatlarynyň toplumydyr.

Sanly tehnologiýalar adamlaryň öwrenmek, bilim almak, işlemek we aragatnaşyk saklamak usullaryny üýtgetdi. 2000-nji ýyldan soňra doglanlar kompýuterler, mobil telefonlar, planşetler we internet bilen has ýakyn aragatnaşykda bolmak bilen, häzirki wagtda olar «sanly nesil» diýlip atlandyrylýar. Sanly tehnologiýalar bilim işine täzeçillik berýär, okatmagy we öwrenmegi has täsirli edýär. Bu tehnologiýalar bilimiň özbaşdak bolmagyna, okuw materialyny öwrenmegiň iň amatly usulyny saýlamaga şert döredýär. Internet okuw materiallaryny özbaşdak özleşdirip, bilimi artdyrmak üçin gije-gündiziň dowamynda çäksiz mümkinçilikleri berýär.

Soňky ýyllarda maglumatlary ibermegiň we almagyň tehnologiýalary düýpli özgerişleri başdan geçirdi. Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bilim edaralary-da bu işden çetde durmaýarlar. Sanly tehnologiýalar diňe dolandyryş wezipelerini çözmekde däl, eýsem, okaýanlara özbaşdak ýumuşlary tabşyrmakda, meseleleri onlaýn çözmekde hem giňden peýdalanylýar.

Ýurdumyzda bilim edaralarynyň sanly mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga köp möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Sanly bilim gurşawynyň netijeli hereket etmegi üçin bilim edaralary internete birikdirilip, degişli serwerler, kompýuterler, interaktiw tagtalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, programmalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu infrastrukturany yzygiderli kämilleşdirmek wezipesi milli bilim syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlara degişlidir. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda döredilen Innowasiýa maglumat merkezi, Maglumatlar tehnologiýalarynyň türkmen-hindi merkezi, Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi hem sanly bilim ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilendir.

Diýarymyzyň çagalar baglarynda degişli programma üpjünçilikli interaktiw tagtalaryň we stollaryň, planşetleriň, elektron gollanmalaryň, dürli mazmunly öwrediji oýunlaryň, surat çekmek üçin mobil goşundylaryň peýdalanylmagy ösüp gelýän körpe nesilleri hemmetaraplaýyn terbiýelemegiň, olaryň zehinini açmagyň we ösdürmegiň esasy serişdeleri bolup hyzmat edýär. «Mekdep» (mekdep.edu.tm) onlaýn ulgamy bolsa orta mekdepler üçin döredilip, onuň esasy maksady maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň esasynda bilim işiniň hilini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ulgam elektron usulda okuwçylaryň gündeliklerini we mugallymlaryň synp žurnallaryny ýöretmäge, okuwçylaryň gatnaşygy we ýetişigi baradaky maglumatlary ene-atalara ýetirmäge, habarlaşmak üçin hyzmatlary hödürlemäge, mugallymlara hem-de dolandyryş işgärlerine hasabatlary döretmäge, sapaklaryň meýilnamasyny görmäge, mugallymlar üçin okuwçylara öý işlerini tabşyrmaga, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Mekdep okuwçylarynyň sanly başarnyklaryny emele getirmek we ösdürmek maksady bilen, umumybilim edaralarynyň ähli synplarynda informatika dersi, şeýle hem tebigy we takyk ylymlary çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda modelirleme we grafika, maglumat-aragatnaşyk we innowasiýa tehnologiýalary dersleri boýunça bilim berilýär. Mekdep okuwçylary programmirleme dillerini hem ürç edip özleşdirmäge ýykgyn edýärler. Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde esaslandyrylan Koreýanyň Maglumat elýeterlilik merkezinde alty ýaşdan ýokary diňleýjilere «SCRATCH», «Python» we «Java» programmirlemeleriniň esaslary, emeli aň barada zerur bilimler berilýär, web saýtlary we söhbetdeşlik botlaryny döretmegiň usullary öwredilýär.

Ýurdumyzyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatoryna laýyklykda, aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr, magistr hem-de hünärmen maksatnamalary esasynda kompýuter we maglumat ylymlary; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat howpsuzlygy; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary ulaldylan toparlaryň düzümine girýän köp sanly ýöriteleşmeler boýunça talyp ýaşlara düýpli bilim berilýär. Talyplaryň döwrebap programmalar bilen işlemek başarnyklary ösdürilýär, şeýle hem olar programmirlemegiň dillerini özleşdirýärler. IT ugurlar boýunça ýokary bilimli bakalawrlaryň, magistrleriň we hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzda güýçli depginde ösdürilýän sanly ykdysadyýetiň işgärler üpjünçiligini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär.

Okuw ýyllary döwründe talyplar tarapyndan işlenip taýýarlanylan dürli maksatly programma üpjünçilikleri üçin alynýan patentleriň sany ýyl geçdigiçe artýar. Her ýylda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň guramagynda geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde seçilip alnan talyplaryň programma önümleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işlerini awtomatlaşdyrmak üçin ornaşdyrylýar.

Bilim edaralarynyň mugallymlarynyň sanly başarnyklaryny kämilleşdirmek işine aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ulgam arkaly mugallymlar üçin onlaýn bilim bermek, emeli aň, wirtual we goşulan hakykat, uly göwrümli maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, sanly ykdysadyýet, elektron resminama dolanyşygy, talyp maglumat dolanyşygy ulgamy, innowasion tehnologiýalar, Moodle platformasynyň esaslary, kiberhowpsuzlygyň esaslary boýunça okuw maslahatlary yzygiderli guralýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň zerurlyklary üçin ussat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu çäreler mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.