Ylym-bilim — täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslary we miweleri, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň wezipe borçlary hakynda giňişleýin gürrüň etmegi ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde-de möhüm wezipeleri kesgitledi. Şular dogrusynda gürrüň etmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy SUWHANOWYŇ, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Hezretguly DURDYÝEWIŇ, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Janabaý ŞYHYÝEWIŇ, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Kömek KULYÝEWIŇ, Aşgabat şäherindäki 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri Hemra ARAMEDOWYŇ gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik taýýarladyk.

— Hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagynda öňe süren garaýyşlary täze eýýamyň paýhas esasyny düzýär. Olar döwrebap nesli kemala getirmegiň binýadydyr.

Nurýagdy Suwhanow:

— Şanly toýuň öňüsyrasynda milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuwynyň many-mazmunynda beýik Garaşsyzlygymyzyň esaslary, miweleri, täze eýýamyň ýol-ýörelgeleri açylyp görkezilýär. Bu eýýamyň mazmundyr maksadynyň adam gymmatlygy bilen baglydygy sebäpli, onuň täzeçilligi hem adam gymmatlygyna esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş sütünlerini düzýän saglyk, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, agzybirlik ýaly gymmatlyklar giňden derňelýär. Şol gymmatlyklar, ozaly bilen, ylymly-bilimli adamlaryň döredijiliginiň miwesidir. «Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir» diýýän döwlet Baştutanymyzyň öwüt-ündewleri halkymyzyň medeni-durmuş tejribesi arkaly şol taglymatyň paýhas esaslaryny kesgitleýär. Şunda ylym-bilim wajyp orna eýedir.

Döwletlilik ýörelgesi ylma, paýhasa esaslanýar. Muny biz halkymyzyň aňyna ornaşan «Ylymly ozar» diýen ýörelgede görýäris. Ata-babalarymyzyň şu ýörelgeden ugur alyp, ylymly-bilimli nesilleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly tagallalary hormatly Prezidentimiziň ýurt Baştutanlygyna saýlanyp, işe girişmeginiň yzysüre yglan eden bilim syýasatynda hil taýdan täze derejede öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda berk maddy-tehniki binýatly kämil bilim ulgamy döredildi, hünärmenleriň täze neslini terbiýelemek ünsden düşürilmeýän ugurlaryň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň «Akyl ýaşda däl, başda», «Akyl Allanyň gözüdir, ynsap halk gözüdir», «Akyl aňlanylýan we aňlanylmaýan dertleriň baryndan halas edýändir», «Akyl kämilligi Watanyň nämedigine düşünmekdir», «Akylyň iň ýokary derejesi parasatdyr» ýaly pähimli pikirleri döredendigini, akyl-paýhasyň könelmeýändigini, wagt geçdigiçe, onuň manysynyň dür bolup öwşün atýandygyny belleýär. Şu ýerden bolsa gün-günden özgerýän ýurdumyzda ylym bilen paýhasyň sazlaşykly baglanyşygyny gazanmagyň ähmiýeti aýdyň görünýär. Milli Liderimiz ýaşlara sargytlarynda türkmen döwletinde ýaşap, adamzadyň paýhas hazynasyna saldamly goşant goşan akyldarlaryň köpüsiniň eden işlerini ýatlady. Şu gün şol danalaryň işini dowam etdiriji — gurujy, dörediji, täze nesli kemala getirmek iň derwaýys meseledir. Şolaryň hatarynda çaganyň ukybyny açmagyň wajypdygyna üns çekilýär. Çünki çagalaryň häsiýetleriniň dürli-dürlüdigine garamazdan, olaryň her birinde şeýle ukybyň bardygy gümansyzdyr. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň haýsy ugurda ukybynyň bardygyny açmagyň zerurdygyny nygtap, şu wezipäni mekdep mugallymlarynyň amal etmelidigini yzygiderli belleýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasaty türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk, oýlap tapyjylyk ukyplaryny açmagy göz öňünde tutýar. Bu meseläniň ylym-bilim ulgamynyň durnukly kämilleşmegi, onuň bäsdeşlige ukyply hünärmenleri ýetişdirmegi esasynda çözülýändigini görýäris. Bu gün jemgyýetiň islegleri bazar ykdysadyýetiniň täsiri bilen kemala gelýär, bilime bilermen garaýyşly çemeleşme giňden ýaýraýar. Döwrüň talaplaryny amal etmäge ukyply täze nesli ýetişdirmek köp taraply işdir. Şunda halkyň toplan durmuş tejribesinden, medeni mirasyndan ugur almak gerek. Şoňa görä-de, milli Liderimiz öz ylmy-filosofik eserlerinde halkyň medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň ýurtda bolup geçýän tehnologik özgerişler bilen baglanyşygyny derňeýär.

Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda hem halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenilip, olaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Şonuň üçin onda öňe sürlen belent maksatlary, ilki bilen, ýaşlarymyz çuňňur özleşdirmelidirler.

— Ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Milli Liderimiz ýaşlara türkmen alymlarynyň nusgalyk ýoluny dowam etdirmegi ündeýär.

Hezretguly Durdyýew:

— 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabry türkmen biliminiň, ylmynyň taryhyna täze sahypa ýazdy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagyny geçmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şonda alym Arkadagymyz ylymdyr bilimiň jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny nygtap: «Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris» diýip belledi. Munuň özi ylym-bilimiň arabaglanyşygynyň has-da pugtalanýandygyny ýene bir gezek tassyklap, şu ulgamlary dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Bu gün döwlet Baştutanymyzyň ylym ulgamynda geçirýän düýpli özgertmeleri günsaýyn çuňlaşýar, türkmen ylmy täze belentliklere çykýar. Bu ynsanperwer ylymlar babatda-da şeýledir. Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde ene dilimizi, edebiýatymyzy we milli golýazma mirasymyzy öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz: «Ýaşlara berjek öwüdim — hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň!» diýmek bilen, ýaşlarymyza kämilligiň gözbaşlaryny salgy berýär. «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn» diýmek bilen, olara uly ynam bildirýär.

Alym Arkadagymyzyň oýlanyşykly ylym syýasaty esasynda geçirilýän özgertmeler ene dilimiziň, edebiýatymyzyň, milli golýazma mirasymyzy öwrenmegiň möhüm meselelerini çözmäge giň ýol açýar. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny düýpli kämilleşdirip, döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt, dünýä ähmiýetli başlangyçlarynda hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

— Sapakda döwrebap sanly tehnologiýalary peýdalanmak mugallymyň ussatlygyny talap edýär. Söhbedimizi ýaşlaryň terbiýesinde göreldäniň orny barada dowam edäýsek!

Janabaý Şyhyýew:

— Gahryman Arkadagymyz sanly bilim ulgamyna geçilýän döwürde sapaga döwrebap tehnologiýalar esasynda taýýarlanmagyň, okuw işinde olary netijeli peýdalanmagyň, uzak aralykdan bilim bermek ýaly häzirki zaman mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ussatlygyny görkezdi.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň biri-de ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bilen birlikde, olary milli ruhda terbiýelemekden ybaratdyr. Bu babatda göreldäniň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiz Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamak, ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak, milli däp-dessurlary, edep-kadalarymyzy sarpalamak meselelerine aýratyn üns berýär hem-de bu babatda hemmelere görelde görkezýär. Ajaýyp eserlerinde salamlaşmak edebinden başlap, türkmen maşgalasyna mahsus ähli aýratynlyklary giňişleýin beýan edýär. Edebiň başy salamdyr. Salam edepliligiň esasy alamatydyr. Salamlaşylýan pursat özboluşly, gyzykly pursatdyr. Salam şahsyýetara gatnaşyklaryň başlangyjy hasaplanýar. Milli Liderimiz şeýle hem ata-babalarymyzyň guýyny, akar ýaby, çörekdir tamdyry mukaddes hasaplandyklaryna aýratyn ünsi çekýär.

Sözüň güýjüne şahyrana döredijiligiň iň ilkinji nusgalary hasaplanýan türkmen nakyllarydyr atalar sözleri güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda söz bilen baglanyşykly şeýle nakyllar getirilýär: «Sözüň bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez», «Egri sözüň güýji ýok», «Edep başy — dil», «Göz bilen gör, dil bilen bil», «Az söz bilen köp many aljak bol», «Ajy hem bolsa, çyn söz ýagşy», «Akylla bir söz besdir, akmaga müň söz hebesdir», «Aýdylmadyk gep ýok, eşidilmedik gep bar», «Gözüňi bek sakla, diliňi bekle», «Dil — bela, diş — gala», «Köp bil, az sözle», «Utanç — gözde, görk — agyzda», «Seresap gürleseň, dildir başyň galasy, biseresap gürleseň, dildir başyň belasy».

Halkymyzda ulynyň sözi kiçi üçin hökmany hasap edilýär. Şonuň ýaly-da, kiçä sarpa goýmak ulular üçin belent adamkärçilik sypaty hökmünde görülýär. Nesil terbiýesi babatda öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek biziň çagalara salyhatly, medeniýetli, mylaýym häsiýetleri öwretmegimize köp derejede baglydyr. Ýagşy gylyk-häsiýet, hoş söz, edeplilik her bir adamda hoşniýetliligi döredýär. Terbiýeçilik işinde mugallymyň sözi esasy serişde bolup hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow «Mugallymyň sözi» atly goşgusynda:

Mugallymyň sözi — Watanyň sözi!
Ol sözde ýerleşýär dünýä dek mazmun.
Mugallymyň sözi kanun mekdepde,
Mugallymyň sözi öýde-de kanun —

diýmek bilen, mugallymyň sözleýiş edebiniň ýokary bolmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagynda sözleýiş medeniýetiniň ussatlygyny görkezmegi biz — mugallymlar üçin nusgalykdyr.

— Döwlet Baştutanymyz ýaşlygyndan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary depderlerine belläp almagy endik edinendigini nygtaýar. Şundan ugur alyp, «Paýhas çeşmesiniň» dürdänelerini ýaşlaryň terbiýesinde ýolgörkeziji hasaplamak bolar...

Kömek Kulyýew:

— Gahryman Arkadagymyzyň talyplar we okuwçylar bilen duşuşygyndaky eden çykyşyny «Zamanamyzyň Beýik Mugallymynyň taryhy sapagy» diýip atlandyrasym gelýär. Bu çuň manyly çykyşdan diňe ýaşlar däl, halypa mugallymlaram, alymlaram, döredijilik işgärlerem gaty kän zat öwrenen bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň sadadan düşnükli, parasatly sözleri göz öňümizde ata Watanymyzyň şan-şöhrata beslenen geçmişini, bagtyýar şu gününi, eşretli geljegini aýdyň suratlandyrdy.

Şu ýerde milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ylmy esasda ösdürilmelidigi baradaky pentlerini ýene-de bir gezek ýatlamagymyz zerur. Bu parasatly ýörelgä eýermek milli medeniýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Aslynda, medeniýet bilen ylym-bilim ulgamyny biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Ylym-bilimden ýüki ýetik, dana Magtymguly aýtmyşlaýyn, «manydan dok» kişiniň işdäki, durmuşdaky, döredijilikdäki medeniýetem başgaça bolýar. Berkarar döwletimizde medeniýet ulgamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi-de şonuň üçindir. Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda bu ulgamy «medeni diplomatiýa» diýip atlandyrmagy hem-de onuň döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegidigini aýratyn nygtamagy medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň şatlykdyr buýsanjyny, güýç-gaýratyny, jogapkärçilik duýgusyny ýokarlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen parasatly sözleri bu gün her birimiz üçin beýik şygara, aýdyma öwrüldi. Şol kalpdan çykan, ata-babalarymyzdan miras galan ruhy, medeni gymmatlyklaryň hemmesine biz gadymy hem beýik medeniýetiň ajaýyp nusgalary hökmünde guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Atalar sözleridir nakyllar-da, ilkinji nobatda, şol dürdäne gymmatlyklaryň hataryna girýär. Alym Arkadagymyzyň şol nakyllary toplap, tertipleşdirip, bir ulgama salmagy we şol esasynda «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitabyň elimize gowuşmagy hem şol ägirt buýsançdan nyşandyr. Çeper sözüň gadyryny bilýän dörediji Liderimiziň şol nakyllary öz eserlerinde, çykyşlarynda jaýdar ulanmagy-da alymlarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz üçin nusgalyk göreldedir.

Hormatly Prezidentimiziň örän möhüm döwlet işleriniň arasynda wagt tapyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününde talyplardyr okuwçylar bilen umumy okuw sapagyny geçmegi biziň üçin taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Şol duşuşyga Türkmen döwlet medeniýet institutyndan hem talyplardyr mugallymlaryň birnäçesi gatnaşdy. Duşuşyk tamamlanyp, okuwa dolanyp gelenlerinde, olaryň ählisiniň ýüzünden nur ýagýardy. Gahryman Arkadagymyzyň nurana keşbini görüp, göwünleri galkyndyrýan parasatly sözlerini ýakyndan diňlän ýaş ýigitlerdir gyzlaryň kalby joşmazmy, ýüzi ýagtylmazmy, eýsem!

«Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz!.. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz!» diýip, öz raýatlarynyň uludan-kiçä hemmesine şeýle zerur sözleri jaý wagtynda aýdyp, olaryň göwünlerini baýdak deý belende göterip bilýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, mertebesi hemişe belent bolsun!

— Hormatly Prezidentimiz çykyşynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň many-mazmunyna aýratyn üns berdi. Bu gün bilim özgertmeleri döwrüň ösüşleri bilen deň gadam urup, barha giň gerim alýar.

Hemra Aramedow:

— Gündogaryň meşhur alymy Jelaleddin Rumynyň: «Bilimdedir haýyr işleň toplumy» diýşi ýaly, bilim adamlary diňe gowulyga tarap özgerdýär. Bilim haýyr işleri, ýagşylyklary hem-de gözellikleri döredýär.

Aýdylyşy ýaly, wagt iň beýik täzelikçidir. Wagt adamyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda bilim ulgamyna-da öz täsirini ýetirýär, şoňa görä-de, oňa täzelikleri, oňyn tejribeleri yzygiderli ornaşdyrmak zerurdyr. Ylym-bilim döwletiň we jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýady hasaplanýar. Ýaşlara döwrebap bilim berip, ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmäge goşant goşmak bolsa mugallymlaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir.

Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen batly gadam urýan hem-de bu ýolda ajaýyp üstünlikleri gazanýan döwletimiziň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleri baradaky maksatnamalaýyn çykyşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksadaokgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, kämil şahsyýetleri kemala getirmek wezipelerini goýdy. Şunda okuwçynyň şahsyýet bolup ýetişmegi, onuň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly wezipeleri durmuşa geçirmekde umumy orta bilimiň ornuny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy taýdan uzak bolmadyk döwründe bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy, ony kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň bilim ojaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmak işi göwnejaý ýola goýuldy. Döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredildi.

Ilatyň umumy bilim derejesiniň ösüşi, adamyň medeniýetine we hünär taýýarlygyna talaplaryň ösmegi, üznüksiz bilim ulgamynyň döremegi, umumy orta bilim almagyň möhletiniň uzalmagy, jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalar, maglumatlar jemgyýetine geçilmegi, medeni gatnaşyklaryň göwrüminiň giňelmegi, jemgyýetiň demokratiýalaşmagy, bazar ykdysadyýetiniň ösmegi, adam mümkinçilikleriniň ornunyň ýokarlanmagy bilim ulgamynda düýpli özgerişleri alamatlandyrýan dünýä ösüşiniň esasy ýörelgeleridir. Şoňa laýyklykda, ösen ýurtlaryň bilim ulgamyndaky bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ugurlaryny içgin öwrenip, bilimiň mazmunynyň has kämilleşen görnüşlerini işläp taýýarlamak meselesi ýüze çykdy. Ýurdumyzyň häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy umumy orta bilimiň has-da kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa mekdep biliminiň maksadynyň, gurluşynyň hem-de mazmunynyň, okatmagyň möhletiniň uzaldylmagynyň zerurdygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap özgertmeler ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklarynda, beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde aýratyn orun tutýar we bu ugurda alnyp barylýan işler mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriler.

Söhbetdeş bolan Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39687