Sement önümçiligi hem-de ekologik howpsuzlyk

Ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi hereket edýän önümçilikleriň daşky gurşawa bölüp çykarýan zyýanly galyndylary bilen hem baglydyr. Şonuň üçin-de ýurdumyzda hereket edýän zawod-fabrikleriň ekologik taýdan oňaýly bolmagyna aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Hereket edýän önümçilikler köpugurlylygy bilen tapawutlanyp, olaryň agramly bölegi senagat pudagyna degişlidir. Senagat pudagyndaky önümçiliklerde öndürilýän önümleriň bir bölegi gurluşyk materiallarydyr. Şolaryň arasynda sement önümçiligine aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi bilen, semente bolan talaplar hem artdy. Ylmy maglumatlara görä, köp mukdarda, ýagny 1 tonna sement öndürilende, takmynan, 0,7 tonna kömürturşy gazy bölünip çykýar. Diýmek, bu önümçiligiň ekologiýasyny gowulandyrmak has-da derwaýys meseleleriň biridir. Şeýle ýagdaý nazara alnyp, TYA-nyň Himiýa institutynda bu ugurdan degişli ylmy-amaly barlaglar geçirilip, oňyn netijeler alyndy. Bu işde, ilki bilen, sement önümçiliginde daşky gurşawa bölünip çykýan kömürturşy gazynyň iki çeşmesi ýüze çykaryldy. Birinjisi, klinker almak üçin çig mal garyndysy 900 — 950°C gyzdyrylyp, kalsinasiýa prosesi geçirilende emele gelýär. Has takygy, şeýle ýagdaý çig mal garyndysynyň, takmynan, 80 göterimini düzýän hek daşynyň, ýagny kalsiý karbonatynyň 900 — 950 dereje gyzgynlykda dargamagy bilen bolup geçýär. Kalsiý karbonatynyň 44 göterimi kömürturşy gazydyr. Çig mal garyndysynyň bolsa, takmynan, 80 göterimi hek daşydyr. 

  Sement önümçiligindäki kömürturşy gazynyň emele gelmeginiň ikinji çeşmesi klinker pejini 1400 — 1500°C temperaturada gyzdyrmak üçin ulanylýan ýangyjyň ýakylmagydyr. Ýurdumyzdaky sement zawodlarynda ýangyç hökmünde tebigy gaz ulanylýar. Tebigy gazyň himiki düzümi, esasan, metandan ybarat bolup, ol ýananda emele gelýän önümiň biri kömürturşy gazydyr. Has anygy, şunda kömürturşy gazy sarp edilýän tebigy gazyň göwrüm mukdaryna barabar bolan göwrümde emele gelýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, çeşmeleriň ikisiniň hem klinker taýýarlananda ulanylýan çig mallardan we tebigy gazdan emele gelýändigi kesgitlenildi. Diýmek, önümçiligiň ekologik oňaýlylygyny üpjün etmek üçin öndürilýän önümiň bir birligine sarp edilýän çig mallary we ýangyjy azaltmagyň üstünde degişli işleri geçirmek maksadalaýykdyr. Elbetde, bu ugurda sarp edilýän maddy we energiýa serişdelerini tygşytlamagyň netijeli ugurlarynyň biri-de mineral goşundyly sement önümçiligini ýola goýmakdyr. Şunda sement klinkerine pussolan magdanlary görnüşindäki mineral goşundylar bilelikde owradylyp goşulsa, has uly netijeleri gazanyp bolýandygy ylmy çeşmelerde aýratyn bellenilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda hereket edýän sement zawodlarynda mineral goşundyly sementi öndürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça geçirilen ylmy-amaly barlaglaryň netijesinde döwlet standartyna laýyklykda, ýerli çig mallaryň esasynda 20 göterim goşundyly sementi öndürip boljakdygy ýüze çykarylyp, bu eýýäm önümçilige ornaşdyryldy. Şeýle hem adaty portland sementiniň maddy balansyndan ugur alyp, 1 tonna 20 göterim mineral goşundyly sement öndürmek üçin sarp edilýän maddy we energiýa serişdeleri boýunça hasaplamalar geçirilip, şunda 20 göterim mineral goşundyly sement öndürilende, maddy we ýangyç-energetika serişdeleriniň tygşytlanylyşy aýratyn bellemäge degişlidir. Netijede, 20 göterim mineral goşundyly sement öndürilende, sementiň her tonnasynda 142,4 kg kömürturşy gazynyň daşky gurşawa bölünip çykmagynyň öňüni alyp boljakdygy anyklanyldy. Ylmy barlaglaryň önümçilige ornaşdyrylmagy ekologik abadançylygy üpjün etmekdäki köpugurly tagallalara mynasyp goşant bolar. 

                                                                                                           

Rejepnur NURBERDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň senagat himiýasy barlaghanasynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty.