Bilim syýasaty: talaplar, zerurlyklar, netijeler

Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenip, belent sepgitleri nazarlaýar. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, Diýarymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde-de milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmagyň dowam etdirilmelidigini belläp, bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. 

                                                                   

Aslynda, islendik okuwyň hili oýlanyşykly we kämil işlenip taýýarlanylan, usuly taýdan ähmiýetli okuw meýilnamalaryna bagly bolup durýar. Şunda ýaşlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň we amala aşyrylýan taslamalaryň wajyplygyny, türkmen jemgyýetinde döwletiň halk bilen sazlaşykly gatnaşygyny öwretmek möhüm bolup durýar. Şeýle hem býujet-salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça banklaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrmagyň usullaryny, erkin ykdysady zolaklary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri, döwrebap kärhanalary döretmegi, daşary ykdysady aragatnaşygyň häzirki zaman gurluşyny, makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegini, söwda toplumynyň önümçilik kuwwatynyň doly peýdalanylmagyny, Watanymyzyň içeri we daşary syýasat ugruny, hukuk nazaryýetini we kanun çykaryjylyk işini, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy düýpli öwretmek bilen baglanyşykly derwaýys mowzuklar taýýarlygyň degişli ugurlary boýunça bilim meýilnamalarynyň esasyny düzýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň ýyllyk statistiki neşirinden alnan maglumatlardan görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, bu ugurda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýäniň abraýly bilim ojaklaryna okuwa iberilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy olaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da bilim almaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesliň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär, olaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Zehinli ýaşlarymyzyň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň hem-de tejribeleriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli önümçilik pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr. 

  Ýokary bilim ulgamy kämilleşdirilip, döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, ýylyň-ýylyna täze ugurlar girizilýär. Şunlukda, ýokary hünär biliminiň ylmy binýady hem pugtalandyrylýar. Ýokary hünär bilimi edaralarynyň ylmy merkezlerinde bilim maksatnamalary kämilleşdirilýär, ylym bilen bilimiň arabaglanyşygy berkidilýär. Ýaşlaryň tebigy zehinini we bilime höwesini ösdürmek, olara täze, döwrebap hünärleri düýpli öwretmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy işleriň we bilim bermegiň utgaşykly alnyp barylmagynyň netijesinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de Döwlet energetika instituty Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 

                                                                   

Häzirki döwürde bütin dünýäde bilimiň üznüksiz amala aşyrylmagyna bildirilýän talaplar barha ýokarlanýar. Üznüksiz bilim, ösen döwletleriň, halkara jemgyýetçiligiň gurşawyna aralaşyşy ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin hem häsiýetlidir. «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji maddasynda: «Türkmenistanyň döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň tälim almagy, özbaşdak bilim almagy üçin degişli derejede şertler döredilýär» diýlip bellenilýär. 2008-nji ýylda döwlet gullukçylary üçin ýokary bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilimi berýän ilkinji okuw edarasynyň — Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. 

                                                                   

Okuw möwsüminiň dowamynda döwlet gullukçylary hukuk we ykdysady-ynsanperwer bilimler boýunça dersler toplumyny özleşdirýärler. Şeýle-de diňleýjiler Türkmenistanyň Mejlisinde, Adalat, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinde önümçilik tejribeligini geçip, nazary bilimlerini berkidýärler, ylmy barlaglaryň görnüşi bolan ýyllyk işini ýazýarlar we goraýarlar. Okuwyň dowamynda geçilen sapaklar diňleýjileriň nazary bilimleriniň kämilleşdirilmeginde, döwrebap ylmy taglymatlary, tehnologik tilsimleri hem-de öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini özleşdirmeklerinde, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda ähmiýetlidir. 

                                                                   

Ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny taýýarlaýan iri bilim merkezi hökmünde abraýyny barha ýokarlandyrýan bu okuw edarasynyň uçurymlary, şol sanda ýaş hünärmenler döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda, aýratyn-da, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, iri senagat kärhanalarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçilik guramalarynda jogapkärli wezipelerde zähmet çekip, Watana hyzmat etmegiň, milli bähbitleri goramagyň göreldesini görkezýärler. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin zerur şertleri döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, röwşen geljegi nazarlaýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.