18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.
Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.
Mälikguly Berdimuhamedow 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda doguldy.
Ol şu obadaky mekdebiň soňky ýyllarynda okaýan döwründe kakasynyň hünärini dowam edip, 1950-nji ýyldan başlap, mekdepde ilki kitaphanaçy, soňra başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.
Urşuň gazaply ýyllarynda kakasyny fronta ugradan Mälikguly şol döwürde halkyň ruhuny götermek maksady bilen goşgy ýazýar. Ol on iki ýaşyndaka «Ýeňiş biziňki bolar» atly goşgyny döredýär. Soňra ol «Uruş bolmasyn!», «Ýaşasyn», «Köp ekeliň dänäni!» ýaly goşgulary ýazýar. “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusy 1944-nji ýylda şol wagtky Kirow etrabynyň «Ýagty ýol» gazetinde çap edilýär. Şeýle hem Mälikguly Berdimuhamedow «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» ýaly goşgulary döredýär.
Adamyň başyna düşen kynçylyklar ony gahrymana öwürýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň mähriban kakasynyň başyna düşen şol agyr ýyllardaky kynçylyklar, onuň uly hyzmatlary, gaýduwsyzlygy belent gahrymançylykdyr. «Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn» diýip, milli Liderimiz belleýär.
Mälikguly Berdimuhamedow öz obasyndaky mekdebi tamamlandan soň, etrapdaky 7-nji mekdepde türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça sapak berýär.
Ol 1952-nji ýylda harby gulluga çagyrylýar. Gulluk döwründe Mälikguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Çyrçyk şäherindäki kiçi serkerdeleri taýýarlaýan mekdepde okap, 1954-nji ýylda kiçi leýtenant çini bilen Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ýerleşýän Dag atyjylyk harby bölüminde wzwod serkerdesi bolup gulluk edýär.
Bu harby bölüm ýapylandan soň, ol Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky 13-nji mekdepde ýaşlara bedenterbiýe we harby taýýarlyk boýunça sapak berýär.
Şondan bir ýyl geçenden soň, Mälikguly Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap geňeşinde mekdep okuwçylary bilen iş alyp barýan bölümiň müdiri wezipesinde işleýär.
1956-njy ýylda Mälikguly Berdimuhamedow Babarap obasynda mekdepde işleýär.
1958-nji ýylyň iýun aýyndan Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşynyň täze tapgyry başlanýar. Şu döwürden 1982-nji ýyla çenli ol Içeri işler ministrliginiň goşunlarynda we edaralarynda dürli wezipelerde gulluk edýär.
1959-njy ýylda Mälikguly Berdimuhamedow Russiýanyň Rýazan şäherinde harby kämilleşdiriş okuwyny geçýär.
1966-njy ýylda bolsa Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk bölümini tamamlaýar.
1968-nji ýylda Orjonikidze şäherindäki harby uçilişşäniň doly kursuny tamamlap, motoatyjylyk goşunlarynyň serkerdesi hünärine eýe bolýar. Şeýle hem 1969-njy ýylda paýtagtymyzdaky Serkerdeler öýüniň Aşgabat garnizonynyň ýanyndaky ýörite okuw mekdebiniň umumy bölüminiň okuwyny geçýär. Alnan bilimler oňa öz işini dürs guramaga, Içeri işler ministrliginiň bölümleriniň şahsy düzümleriniň arasynda syýasy-terbiýeçilik, wagyz-nesihat işlerini geçirmäge, işgärleriň tertibini we jogapkärçiligini pugtalandyrmak işine goldaw bermäge ýardam edýär. Ol bu işleri gulluk borjy hökmünde däl-de, eýsem, jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda ýerine ýetirýär.
1976-njy ýylda syýasy edaralaryň başlygy maksatnamasy boýunça Kiýewdäki ýokary mekdepde okap, hünärini ýokarlandyrdy.
Mälikguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Daşoguz, Mary we Aşgabat şäher bölümlerinde toparyň serkerdesi, otrýadyň başlygy, nobatçylyk bölüminiň we işgärler bölüminiň ýolbaşçysy, ştabyň başlygy wezipelerinde işleýär. Mälikguly Berdimuhamedow işlän döwründe özüni işine ussat, tertip-düzgünli, ýokary ahlakly, özüne we golastyndakylara örän talapediji serkerde hökmünde tanadýar. Ol özüne ynanylan bölümde jenaýatçylygyň öňüni almak, onuň üstüni açmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegine aýratyn üns berýär.
Mälikguly Berdimuhamedow gulluk döwründe jenaýatçylygyň öňüni almak, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek ugrunda birkemsiz işleri bitirendigi üçin, Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçy düzüminiň birnäçe Hormat hatlaryna, pul baýraklaryna, döşe dakylýan nyşanlara we köp sanly medallara mynasyp bolýar. Bu sylaglar Mälikguly Berdimuhamedowyň Içeri işler ministrliginiň düzüminde birkemsiz gullugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Ol öz gullugyny halal, harby kasama wepaly alyp bardy we maksadyna ýetmek üçin örän yhlasly çemeleşdi. Bu bolsa ýaş harby gullukçylar üçin uly görelde mekdebidir.
1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen hormatly dynç alşa çykandan soň, Mälikguly Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe bermek işinde zähmet çekýär. Häzirki Milli bilim institutynda, Pedagogik ylymlarynyň ylmy-barlag institutynda, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginde we beýleki ugurlarda zähmet çekip, örän döredijilikli we kesgitlenen wezipäni birkemsiz ýerine ýetirýän işgär hökmünde ykrar edildi. Ol jemgyýetçilik durmuşyna we terbiýeçilik ugruna degişli çärelere işjeň gatnaşyp, belent abraýa mynasyp boldy. Mälikguly Berdimuhamedowyň işdeşleri onuň belent adamkärçilikli häsiýetine, adalatlylygyna we sowatlylygyna uly hormat goýýarlar.
Arkadag Prezidentimiz özüniň «Döwlet guşy» atly kitabynyň girişinde şeýle ýazýar: «Eliňizdäki «Döwlet guşy» atly romanyň wakalary, ondaky gahrymanlaryň bitirýän nusgalyk işleri, olaryň ajaýyp ahlak sypatlary — çagalyk ýyllaryndan bäri Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nusgasy bolup, kalbymy heýjana salyp gelýän simfoniýadyr».
2012-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen paýtagtymyzdaky 1001-nji harby bölüme bu ugurda nusgalyk işleri bitiren we görelde mekdebine öwrülen Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
2020-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen ilhalar ynsan, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýolunyň diňe bir harby gullukçylar üçin däl, eýsem, bütin türkmen halky üçin görelde mekdebi bolup durýandygy, il-halka wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezendigi hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylarynyň, içeri işler edaralarynyň şahsy düzümleriniň ýüztutmalaryny we Içeri işler ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumyna Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Munuň özi manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden beýik ynsana bildirilen hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Ömür salyny tutuş yslam dünýäsi üçin mukaddes saýylýan mübärek Oraza aýynda tamamlan Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlama ýazgyny Arkadag Prezidentimiziň ganatly jümlesi bilen tamamlamak maksadalaýyk bolar: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly, beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim».
Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar. Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26187