Mähriban Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemledi. Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmedi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli, köp ýurtlaryň çäklendirme çärelerini girizen şertlerinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz dürli senagat pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ýokary hilli işläp düzüp hem-de amala aşyryp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlarynyň kesgitlenilendigini nygtady. Döwlet dolandyryşy, içerki hem-de daşarky maliýe, söwda ulgamlary, zähmet we haryt bazarlary ugurlarynda özgertmeleri geçirmegiň depgini güýçlendirildi. Bu bolsa önümçiligiň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda wekilçilikli hem-de kanun çykaryjylyk häkimiýet edaralaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak alnyp barylýar. Milli Liderimiz geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigini hem belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de 10 göterim artdyryldy.
Bu gün ýurdumyzda bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Jemi bahasy 7 milliard manada golaý bolan iri desgalaryň 45-si işe girizildi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de beýleki halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Umuman, 2020-nji ýyl hemmeler üçin örän kynçylykly boldy, syýasy we ykdysady babatda dürli ýaramaz wakalar köp bolup geçdi. Ýöne, muňa garamazdan, biz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň şu ýyl hem gowy, ýagny 5,9 göterim derejede bolmagyna garaşýarys. Hormatly Prezidentimiz täze ýylyň belent sepgitleriň eýeleniljek ýyly boljakdygyny aýtdy.
2021-nji ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläris. Milli Liderimiz halkymyz üçin örän möhüm bolan bu senäni anyk işler we täze taslamalary amala aşyrmak bilen belläp geçjekdigimizi nygtady. Ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işini hem yzygiderli dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistanyň Milli Geňeşine geljek ýyl geçiriljek saýlawlar ýene-de bir möhüm waka bolar. Ykdysadyýetde, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda giň möçberli işleri durmuşa geçirmek, saglygy goraýşyň milli ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak dowam etdiriler.
Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň agzybirliginiň, her bir raýatyň Garaşsyzlyk gymmatlyklarymyzy gözüniň göreji ýaly goramagynyň örän möhümdigini aýratyn nygtady. Milli bähbitlerimizi berk gorap, häzirki köp ugurly dünýäde özüniň netijelidigini görkezen sazlaşykly we oýlanyşykly daşary syýasatymyzy yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň maglumatyna görä, deputatlar we halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde teklip edilýän geljek, 2021-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi we nyşanyny makullady. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygaryň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýär.