Gahryman Arkadagymyzyň eserleri halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar
...Ady Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen Akhan Gurply we Ruhubelent atly bedewleriň nesli. Akhan Gyrsakaryň nesil ugruna degişli bolup, bu ugurda Kerwen, Garader, Gökleň ýaly ýyndamlykda aýlawlary baglan atlaryň bolandygyny aýratyn bellemelidir. Gyrsakar hem Boýnowyň nesil ugrundan gaýdýar. Gyrsakar 1936-njy ýylda doglan, onuň kaddy-kamaty boýunça-da saýlantgy derejededigi ykrar edilendir.
Çeper döredijilik — bu öz-özüňdäki açyş, ylmy döredijilik — töwerek bilen gönüden-göni gatnaşykda döreýär. Adam öz-özüni, öz duýgularyny, durmuş hakyndaky düýpli pikirlerini, duýup hem görüp bileninde, düýpli eser döredýär. Bedewlere söýgi türkmen medeniýetiniň buýsançly sahypalarynyň biridir. Dünýäniň iň iri habar beriş çeşmesi bolan Internet saýtlarynda ahalteke bedewleri baradaky ýazylanlar köpler üçin täzelikdir. Dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen bedewlerini köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan atşynaslaryň bardygy guwanmaly ýagdaýdyr. Ýöne öz Watanyndan uzakda ýaşaýan ahalteke bedewleriniň asylky tebigatyny saklamak ukybyny ýitirýändigini olaryň eýeleri hem inkär etmezler diýip pikir edýärin. Ahalteke bedewleri öz eýesini unutmaýar. Şuňa ykbalyň emri bilen ýat ülkä düşen Meleguşuň ykbaly bilen bagly döredilen goşgy hem şaýatlyk edýär. Goşguda şeýle setirler bardy:
Gözleň Babarabyň çaýryn küýsedi,
Gözleň Aşgabadyň baýryn küýsedi.
Gözleň diýdi: «Häzir türkmen asmany
Gümmürdäp üstümden çabga guýsady.
Garagumda ösýän gyzgyn şemala
Kükrek gerip, alyslara çapsadym.
Aryp gelip, maňlaýymy sypaýan
Goja seýsiň ýyly mährin tapsadym».
Bu gün, häzirki döwrümiz il-halkymyzyň rahat hem-de erkana ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýän döwri. Ahalteke bedewi, türkmen halysy, saryja goýny, alabaý iti, türkmen gawuny ýaly gymmatlyklarymyz halkymyzyň adyny ebedi ýaşadýarlar. Şulary döreden halk taryhyň çylşyrymly pursatlarynda hem öz adynyň ykrar edilmegini gazanýar. Sebäbi ol sungaty özleşdirýär, adamlary haýran edýän jadyly täsinlikleri döredýär. Sungat bolsa, päkligiň asylky nusgasydyr. Men sungaty arassalygyň sözüň doly manysyndaky nusgasy diýip häsiýetlendirýärin. Şonda hem ony hakyky bolşy ýaly göz öňüme getirip bilýärin. Onuň barlygyny we çaksyz ýakymlylygyny duýýaryn. Ata-babalarymyzyň isleg-arzuwy Magtymguly akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýen setirinde ýaşaýar. Halkyň ykbalynda ahmyra öwrülen ýyllar hem türkmenler özüni dünýä taýsyz üýtgeşik bedewi beren halk hökmünde tanatdy. Hawa, şol ýyllarda hem şalardyr begzadalar üçin iň arzyly sowgat ahalteke bedewleridi. Olaryň düşbüligi, üşükliligi, akyllylygy görenleri bedewleriň hakyky muşdagyna öwürýärdi. Türkmen halylary kaşaň köşklere laýyk hasap edilýän bolsa, bedewler hem asylly begzadalaryň göwnüni göterýän ajaýyp dostlarydy. Ýöne şeýle bedewi, jan-dilden ýüregiňe düşünýän bedewi edinmek her kişä başardybam durmaýardy. Hawa, türkmeniň dabarasy dag aşýardy, illeri aşyp ýaşaýardy. Sebäbi ol özüne müdimi bahasyna ýetip bolmajak baýlygy, aýdyşlary ýaly, asyrlaryň tümlüginden gelip, Zeminde Gün bolup lowurdan ahalteke bedewini seýisläp ýetişdiripdi.