Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
Kuala-Lumpur — Putrajaýa, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.
Şu gün ir bilen döwlet Baştutanymyz motosikletçiler kerweniniň ugratmagynda Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi.
Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri birek-biregi mübärekläp, haly ýodajygynyň ugry bilen resmi garşylamak dabarasynyň geçirilýän ýerine barýarlar. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi hormatly Prezidentimize dabaraly hasabat berýär. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýär hem-de Malaýziýanyň goşun baýdagyny sarpalaýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda, Premýer-ministr Anwar Ibrahim hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyrylýar.
Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Malaýziýanyň Hökümetiniň binasyna barýarlar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda çäkli düzümdäki gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan we öz adyndan Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Sultan Ibrahime salamyny hem-de çuňňur hormatyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa şu resmi saparynyň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly üns berýändigini belledi.
Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan Malaýziýa bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin malaý tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny tassyklap, Malaýziýanyň myhmansöýer topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi.
Söhbetdeşler netijeli syýasy dialogy mundan beýläk-de giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky pikirlerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim belent mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, Malaýziýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza öz adyndan hem-de Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Sultan Ibrahimiň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Premýer-ministr Milli Liderimiziň 2016-njy ýylda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleriniň uly ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.
Premýer-ministr nebitgaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine ünsi çekip, Türkmenistanda “PETRONAS” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we munuň üçin kompaniýanyň hem-de öz wekilçilik edýän ýurdunyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Premýer-ministriň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmenistanyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti bar. Şu ýyl ýurtda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi. Söz ussady öz şygyrlarynda ynsanperwerlige, agzybirlige, adalatlylyga çagyrypdyr. Malaýziýanyň ylmy işgärleridir alymlary Magtymguly Pyragynyň eserlerini malaý diline terjime etmek bilen meşgullanýarlar. Şahyryň şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz Malaýziýa sapar bilen gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini, şu ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny we ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet derejesinde birnäçe özara saparlaryň guralandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemişe özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn bähbitlere esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda alnyp barylýan ýakyn gatnaşyklaryň hem-de şu gezekki saparyň hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ugurlary kesgitlemegi teklip edip, biz iri halkara guramalaryň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris hem-de birek-birege goldaw berýäris. Malaýziýanyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugruna hormat bilen garaýandygyna ýokary baha berýäris diýip belledi we Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, Malaýziýanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamagy dowam etdirjekdigini tassyklady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde parlament diplomatiýasynyň uly orun eýeleýändigini we şunuň bilen baglylykda, türkmen-malaý parlament hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidigini nygtap, parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeň alyp barmagy, kanun çykaryjylaryň iki ýurtda geçirilýän iri halkara forumlara gatnaşmagynyň meýilnamasyny düzmegi teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, yzygiderli syýasy geňeşmeleri ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy, dokma senagaty, energetika we ulag pudaklary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerine jikme-jik seretmek teklip edildi.
Bu meselede ýurtlarymyzyň işewür toparlaryna aýratyn orun degişlidir. Biz 2015-nji ýylda Kuala-Lumpurda bilelikdäki Türkmen-malaý işewürlik maslahatyny geçirdik diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we nobatdaky forumy Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni iş gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu edaralaryň iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň birek-biregiňkide geçirilýän sergilere, ýarmarkalara, forumlara gatnaşmagyny üpjün etmelidiklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary ulgamlaýyn ösdürmek üçin Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-malaý hökümetara toparyny döretmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berýändigini, iki döwletiň hem-de olaryň halklarynyň arasynda, medeniýet, sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleriniň, halkara festiwallaryň, sergileriň geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylda Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini belläp, indiki ýyl Aşgabatda Malaýziýanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi.
Türkmen raýatlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga gyzyklanmasy artýar. Häzirki wagtda Malaýziýada Türkmenistandan 300-e golaý talyp okaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň paýtagtlaryny birleşdirýän howa gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulmagynyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz 2028-nji ýylda Sarawak ştatynda Bütindünýä suw kongresini hem-de sergisini geçirmek baradaky çözgüdiň Malaýziýanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýokary derejede geçiriljek şu forumyň işine ýakyndan gatnaşjakdygyny nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, malaý tarapyna bu iri çäreleri geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz geçirilen netijeli gepleşikler, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim çuň manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, syýasy-diplomatik, maliýe, oba hojalygy, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini belledi we bu babatda beýan eden başlangyçlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigini aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Malaýziýa Türkmenistan bilen söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, azyk önümleriniň söwdasy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de tejribelerimizi paýlaşmaga taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, Premýer-ministr aýtdy. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belläp, bu babatda berilýän goldaw üçin kompaniýanyň adyndan hoşallygyny beýan etdi. Anwar Ibrahim bilim ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigini aýdyp, hünärmenleri taýýarlamak boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini nygtady.
Biz Kuala-Lumpur bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýäris. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Siz Türkmenistanda “ýaşyl” we “akylly” şäheri gurmak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýärsiňiz, bu ugurda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrýarsyňyz diýip, Anwar Ibrahim belledi we bu babatda gazanylýan üstünlikler bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.
Premýer-ministr Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesiniň Malaýziýa üçin hem wajypdygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy netijesinde syýahatçylyk pudagynda uly ösüşler gazanylýar. Iki ýurduň syýahatçylarynyň sanynyň artýandygy hem muňa şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylyk üçin dürli ýeňillikleri girizmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edildi. Munuň özi raýatlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşar.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň energetika, ulag, tehnologiýalar ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezendigini aýdyp, Malaýziýanyň bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjyny goldaýandygyny we bu formatyň çäklerinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Anwar Ibrahim Türkmenistanyň daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýändigini we Malaýziýanyň bu syýasaty goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara giňişlikde gazanan üstünlikleri bilen gutlady.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda wiza talaplaryny kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyk hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany; Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-I» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany alyşdylar.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany metbugat wekillerine ýüzlendiler.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim gepleşikleriň netijelerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we geçirilýän geňeşmeler, hyzmatdaşlyk boýunça indi dörediljek toparlar hem bu gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orny eýelär.
Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideriniň dürli ýyllarda Malaýziýa amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge itergi berendigini belledi we “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň Türkmenistanda netijeli işlemegine döredilýän şertler üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallygyny bildirdi. Şeýle-de ol Malaýziýanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Anwar Ibrahim söwda, maliýe ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, şular bilen bir hatarda, oba hojalygy we durnukly ösüşe gönükdirilen täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygyň has-da giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.
Ol türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilen çäreleriň ähmiýetini belläp, Malaýziýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň türkmen alymlary we dilçileri bilen bilelikde şahyryň goşgularyny malaý diline terjime etmek boýunça iş alyp barýandyklaryny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy tutuş dünýäde giňden meşhurdyr. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň döredijiligine Malaýziýada hem uly hormat goýulýar. Onuň şygyrlarynyň malaý diline terjime edilmegi malaýziýaly okyjylaryň şahyryň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, özara düşünişmek, agzybirlik taglymlaryna ýugrulan eserleri bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döreder diýip, Anwar Ibrahim aýtdy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky bilelikdäki tagallalaryň özara hormat goýmagy, düşünişmegi, açyklygy, ählumumy ösüşi esasy ugur edinýän ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz metbugat wekillerine ýüzlenip, çakylygy we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi.
“Şu gün biz halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen, ykdysady ösüşlerimiziň geljekki ugurlaryny kesgitleýän örän netijeli gepleşikleri geçirdik. Sebit we halkara syýasatyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýokary derejedäki gepleşikler üçin Malaýziýanyň wekiliýetine öz hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz halkara bileleşigiň gün tertibindäki möhüm meselelerde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, iki ýurduň hem parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk kadalaryna esaslanýandygyny, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmek ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmak hem-de ösüp barýan ýurtlaryň dünýä syýasatyndaky ornuny pugtalandyrmak esasynda adalatly we sazlaşykly halkara gatnaşyklar ulgamyny gurmagyň berk tarapdary bolup çykyş edýärler. Şu günki geçirilen duşuşyklardyr gepleşikler iki tarapyň hem bu maksatlara ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda dünýä giňişliginde iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Malaýziýa bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi.
Şu günki geçirilen gepleşikler hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýar. Hususan-da, olar söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, gurluşyk, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk ýaly birnäçe ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň uly geljeginiň bardygyny belläp, Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyk babatda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
“Gepleşikleriň dowamynda biz özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygyna, maýa goýumlary artdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere ünsi çekdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda köp ýyllardan bäri üstünlikli işläp gelýän Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň işi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. “Medeni-ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary berkitmek wajyp ugurlaryň biridir. Dostlukly halklarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy üpjün etmäge, bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa amala aşyrýan saparynyň netijelerine ýokary baha berip, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
...Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “PETRONAS” binasyna bardy hem-de bu ýerde Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Kompaniýa 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýar. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýar. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary Gahryman Arkadagymyzyň ozal Malaýziýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilen amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz “PETRONAS” binasynyň “Skybridge” syn ediş köprüsine bardy. Bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi binanyň taryhy hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.
Bu meşhur bina 88 gatdan ybarat bolup, beýikligi 451,9 metre deňdir. Bina 6 ýylyň dowamynda gurlupdyr. Onuň taslamasy argentinaly arhitektor Sesar Pelli tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Täsin desga diňe bir ägirt uly ölçegleri däl, eýsem, gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen hem tapawutlanýar. Onuň ähli otaglarynyň tutýan meýdany 213 müň 750 inedördül metre deňdir. “PETRONAS” binasynda sergi we maslahat zallary, çeperçilik galereýasy, iş otaglary ýerleşýär. Binanyň gurluşygy üçin diňe Malaýziýada öndürilýän gurluşyk serişdeleri ulanylypdyr. Onuň üçin berk, şol bir wagtyň özünde çeýe beton işlenip taýýarlanylypdyr. Şoňa görä-de, ol şol ölçegdäki polat gurnama binalardan iki esse agyr gelýär. “Skybridge” syn ediş köprüsi binanyň 41-nji we 42-nji gatlarynda ýerleşýär. Köpriniň uzynlygy 58,4 metre, agramy bolsa 750 tonna barabardyr. 170 metr belentlikde gurlan “Skybridge” dünýäde iň beýik iki gatly köprüdir. “PETRONAS” binasynyň bu aýratynlyklary onuň syýahatçylyk taýdan ähmiýetini artdyrýar.
Şunda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň hem-de öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň, gurluşyk, binagärlik, dizaýn, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça täze işläp taýýarlamalaryň giňden ulanylmagynyň Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň hem ileri tutulýan ugurlarydygyny bellemek gerek. Bu maksatnamanyň aýdyň nyşanlary bolan Aşgabat we Arkadag şäherleri sebitiň iri işewürlik we medeni merkezlerine öwrülýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menziline bardy.
Howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Malaýziýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Wekil pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň ýokary derejedäki özara saparlaryna bagyşlanan ýörite neşiri sowgat berdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler hem-de sowgat üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Malaýziýa resmi saparynyň we onuň çäklerinde guralan ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri iki ýurduň hem deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.
* * *
Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary düýn Kuala-Lumpurda malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem duşuşyklarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.