Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmenistan bilen Ermenistany deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar hem-de soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, diplomat döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen ýürekden gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni dialogyny mundan beýläk-de berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili giň ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan hem-de Ermenistan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Söwda ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek, eksport-import amallarynyň görnüşlerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Ermenistan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen-ermeni gatnaşyklary baradaky meselelere uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan özara gatnaşyklaryň geljekde-de işjeň ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

14.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek bilen bagly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. “Biz wagtyň synagyndan geçen iň ýakyn goňşymyz bilen gatnaşyklara ýokary baha berýäris, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik taýdan ileri tutulýan ugrudyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat ikitaraplaýyn görnüşde, iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Munuň özi yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň we özara saparlaryň netijesinde uzak bolmadyk döwrüň dowamynda biziň ýurtlarymyza syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hil taýdan täze derejä çykmaga mümkinçilik berdi. Köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy okgunly ösüş häsiýetine eýe bolup, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda özara gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Munuň özi türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen medeni kökleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň, köpasyrlyk ýörelgeleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

14.12.2024
Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň milli nusgasy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hemişelik Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri esasynda ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri — Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda-da zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýar.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda “Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna oňyn baha berildi. Bu çäräniň ýokary wekilçilikli düzümi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna, Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaly möhüm senelere beslenjek geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelmegini ileri tutýar. Tagallalary birleşdirmek, yzygiderli bilelikdäki işe daýanmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň kesgitleýji şerti, filosofiýasy bolup durýar.

Ýurdumyz döwletara gatnaşyklarda we diplomatiýada “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesini ilerledýär. Çünki dialog medeniýeti, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky gatnaşyklara ukyply we taýýar bolmak häzirki günde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan gelýän kadalara eýerip gelýändigi bellenilýär. Geçen ýyllar Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işlemegi hem ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän hakykatdyr.

Biz bütin dünýäde parahatçylyga esaslanýan, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek bilen birlikde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýäris. Eziz Diýarymyzda täze obalary, şäherleri, şäherçeleri we döwrebap senagat toplumlaryny gurýarys. Ähli ugurlarda alyp barýan tutumly işlerimiz beýik maksada — ata Watanymyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

...Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza doly laýyk gelýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara giňişlikde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

13.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigini, sebit boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde anyk işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, ony Finlýandiýanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýörite wekili hökmünde bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýedir. Ýurdumyz bu gurama bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

12.12.2024
Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Ahal welaýaty, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Awtoulagda Gökdepe metjidiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sadaka gatnaşyjylar tarapyndan mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde berilýän sadakanyň kabul bolmagyny dileg edip, hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde metjide bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okady. Onda hajy Arkadagymyzyň zyýaratynyň kabul bolmagy, öten-geçenlerimiziň jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.

Soňra Gahryman hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sadaka gatnaşmak üçin metjidiň sadaka jaýyna bardylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri Garaşsyz, Bitarap döwletimizde örän köp işleriň edilendigini, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlary esasynda Watanymyzyň uly ösüşlere eýe bolandygyny belledi.

Biz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna sapary amala aşyrdyk. Halkymyzda “Ýagşy işler asylly däp-dessurlardan başlanýar” diýlişi ýaly, doganlyk ýurda saparymyzyň ilkinji pursatlarynda bize Mekgä baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmek, iki rekagat namaz okamak miýesser etdi diýip, hajy Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Ol ýerde halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşynyň elmydama rowaçlanmagy, ýurdumyzyň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegi, geljek ýylyň rysgal-bereketli, döwletli döwranymyzyň dowamat-dowam bolmagy barada ýagşy doga-dilegler edendigini aýdyp, hajy Arkadagymyz şu gün hemmeler bilen bilelikde sadaka berilýändigini, halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerip, ýörite dessurlaryň berjaý edilýändigini nygtady.

Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk baglydyr. Bu doganlyk ýurtda ata-babalarymyzyň yslam dininiň ýaýramagyna goşan gymmatly goşandy ykrar edilýär, halkymyza örän uly hormat goýulýar diýip, hajy Arkadagymyz belledi we Watanymyzyň abadançylygynyň, parahatçylygynyň biziň ähli ösüşlerimiziň esasydygyny aýdyp, türkmeniň dost-doganlyk, parahatçylyk ýolunyň dowamat-dowam bolmagyny dileg etdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Edilen doga-dileglerde ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.

Soňra sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda täze belentliklere tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir gününiň ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamata atarylmagy, hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly hajy Serdarymyzyň asylly işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi.

Soňra Milli Liderimiz hemmelere, şol sanda sadaka gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara sagbolsun aýtdy. “Öten-geçenlerimizi ýatlap, halkymyzyň hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegler, okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz mundan beýläk hem gülläp össün!” diýip, hajy Arkadagymyz sözüni jemledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Arkadagly hajy Serdarymyz berlen sadakalaryň kabul bolmagyny dileg edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Şu gün hajy Arkadagymyzyň Käbä eden zyýaratynyň hormatyna berlen sadaka gatnaşyjylar Gökdepe metjidinde agzybirlikde öýle namazyny okadylar.

12.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi.

Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Hanym Natalýa German mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göteren, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşan parahatçylyk söýüji syýasatyň başyny başlan we ösdüren türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda barha üstünlikli ilerledilýän Bitaraplyk konsepsiýasy hem-de ýörelgeleri Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasy hökmünde özüni görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Natalýa Germanyň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň ikisi bilen resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk, özygtyýarlylyk ýörelgelerine eýerip, halkara syýasatda wajyp orny eýeleýär. Halkara hukuk tertibini berkitmäge çalyşmak bilen, biz BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris hem-de ählumumy dolandyryşyň köppolýarly ulgamyny ösdürmek we bu guramanyň maksatlaryny, Tertipnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda çykyş edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň daşary syýasaty sebit we halkara derejede durnuklylygyň, ösüşiň bähbitlerine dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoraty bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, durnukly parahatçylyk we halkara howpsuzlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan terrorçylygyň ählumumy derejedäki wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň bu düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň halkara howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri öz wagtynda işläp taýýarlamak üçin uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz terrorçylyga garşy göreşmek babatda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk derejesini ýokarlandyrmagy, maglumatlary, tejribeleri alyşmagy, parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine hukuk we beýleki degişli gurallary berkitmegi maksat edinýän başlangyçlarynyň goldanylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Myhman köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän hem-de täze ugurlary öz içine alýan Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy üçin hoşallyk bildirip, geljekde-de bütin dünýäde pugta parahatçylygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara goşant goşmaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Natalýa Germana berk jan saglyk, rowaçlyk we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

11.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda duşuşmaga şatdygyny belledi. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini halkara giňişlikde yzygiderli goldaýar. Binali Ýyldyrym Türkmenistandaky dabaralara gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkiýäniň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa hökümetara derejede hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara dialog deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, goldaw bermek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Türkmenistan goňşy hem doganlyk ýurtlar, hususan-da, türki döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we doganlyk halklary taryhyň, medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň düzüm birlikleri, hususan-da, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň gerimini giňeltmek maksadalaýykdyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň ähmiýeti hem bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklap, myhmana asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

11.12.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we ähli halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara gatnaşyklaryna bagyşlanan Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşygyň hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki alyp barýan işleriniň netijelerine berýän bahasyna, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmegiň ýollary, häzirki we ýakyn döwürde milli diplomatiýamyzyň işiniň ugurlary baradaky garaýyşlaryna düşünmek babatda gowy mümkinçilikdigi nygtaldy. Munuň özi milli diplomatik gullugyň işgärleri üçin ýolgörkeziji we esas goýujy ýörelgeler bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm ýyllaryň biri bolar. Şunda uly şanly seneleri — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredilen guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara çäreleri hyzmatdaşlar bilen bilelikde mynasyp derejede geçirmek üçin ähli zerur işleriň alnyp baryljakdygyna üns çekildi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň halkara ugrunyň yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda uzak ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça möhüm başlangyçlar, pikirler we teklipler öňe sürüldi. Olar ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy, ösüşi berkitmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag diplomatiýasyny ösdürmek, ekologiýany goramak, ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek bilen bagly mowzuklary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ähmiýete eýe bolan bu syýasatyň we tutumly işleriň mynasyp derejede dowam etdirilýändigi bellenildi. Bütin adamzadyň bähbitlerini göz öňünde tutýan şeýle syýasatyň netijeleri halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda giň goldawa eýe bolýar, Milletler Bileleşiginiň anyk Kararnamalarynda we halkara ähmiýetli işlerde aýdyň beýanyny tapýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça 4 sany Kararnamanyň — “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigi aýdyldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama bolsa ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr. Bu resminama dürli halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir. Çünki häzirki wagtda ynsanperwer häsiýetli işler umumadamzat ösüşi nukdaýnazaryndan parahatçylygy döretmegiň, onuň durnuklylgyny üpjün etmegiň binýady bolup durýar. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegine berýän aýratyn ünsi hem-de yzygiderli goldawlary, hususan-da, gullugyň işgärler düzümini taýýarlamak, guramaçylyk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, diplomatlaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol şu günki mejlisde beriljek tabşyryklardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, daşary ýurtlardaky ilçihanalar, konsullyklar, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalar tarapyndan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” esaslanyp, 2025-nji ýylda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen syýasy, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmek, medeniýet, ylym, bilim, durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin maksatnamalaýyn işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi. Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy. Forum Magtymgulynyň filosofik mirasyna daýanmak bilen, halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde, ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem möhüm waka bolup durýandygyny, gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy goldamagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny nygtady we hemmeleri taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar, ýetilen sepgitler bilen tüýs ýürekden gutlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu wakalaryň Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da dabaralandyrýandygyny belledi we bu ugurda halkara guramalar bilen bilelikdäki işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminamanyň taýýarlanylmagyna ünsi çekip, şol resminamada Bitaraplygyň kadalarynyň aýdyň beýan edilmelidigini belledi we Daşary işler ministrligine bu ugurda ýurdumyzyň ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary üçin degişli gözükdirijileri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, 11-nji dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisiniň geçiriljekdigini belledi.

Biziň işimiz esasy iki ugur, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry boýunça alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de geljekde Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny amala aşyrmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy saklamak boýunça tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjyny goldaýan döwletleriň sanyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek baradaky başlangyjymyzy goldaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn derejede alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.

Ýakynda Daşary işler ministrliginiň düzüminde täze Daşary syýasy maglumatlar we sanly diplomatiýa departamenti döredildi. Şeýle hem ilçihanalarymyzyň birnäçesinde metbugat attaşesi wezipesini girizmek hakynda karar kabul edildi. Bu işleriň ählisi bir maksada gönükdirilen ulgamlaýyn ädimlerdir. Ýagny ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga, daşary syýasatymyzyň many-mazmunyny düşündirmäge niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara giňişlikde özüni aýdyň görkezmelidigini, maglumat beriş işlerinde öňde goýlan wezipeleriň has giň gerimli bolmalydygyny, Bitarap döwletimiziň baý taryhynyň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, gadymy ýadygärlikleriniň, özboluşly, ajaýyp tebigatynyň, häzirki zaman «akylly» şäherleriniň, ähli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleriniň beýan edilmelidigini aýtdy. Munuň üçin Türkmenistanyň ähli ilçihanalaryna bolýan ýurtlarynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi, abraýly gündogarşynas alymlar, taryh, arheologiýa, medeniýet ulgamlarynda işleýän hünärmenler we habarçylar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz geljek, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy we BMG-ä agza ýurtlardan başga-da, guramanyň Sekretariaty bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýandygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy bar. Şeýle-de şu ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň jemleri boýunça «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň örän giň gerimlidigini we köp sanly meseleleri öz içine alýandygyny belläp, geljek ýylda-da Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirjekdigini, Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde şol sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşleriň gazanylýandygyny, bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge, daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen hem gatnaşyklara aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky ähli wekillerine ýüzlenip, geljek ýyl köptaraplaýyn diplomatiýanyň örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi we Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýan, ýurdumyza bu ugurda netijeli goldaw berýän döwletleriň sanyny artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, şu ýylyň sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň döredilendigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geljek ýylyň ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi, onuň gün tertibi boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy we komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanyljakdygyny aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly işlemelidigini aýtdy we ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda uly işleri alyp barjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda örän möhüm meselelere seredilendigini we ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini, milli diplomatik gullugyň öňünde täze wezipeleriň goýlandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda gol çeken Kararynyň möhüm ähmiýetini nygtap, gullugyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi we öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geljek ýylda birnäçe möhüm çäreleriň meýilleşdirilýändigine ünsi çekip, milli diplomatik gullugyň işgärleriniň Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda netijeli işlejekdiklerine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Ženewada ýerleşýän ýöriteleşdirilen edaralar bilen hem yzygiderli esasda degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bu edaralaryň arasynda iň irileriniň biri bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen işjeň aragatnaşyk saklanýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2025-nji ýylda işleri Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan utgaşdyrylýan BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu ugurda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Halkara Migrasiýa Guramasynyň çäklerinde alyp barýan işleri, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrundaky tagallalary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Ol sözüniň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan ähli zerur işleriň durmuşa geçiriljekdigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow çykyş edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Däp bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana we onuň halkyna yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini berýär. Munuň üçin Owganystanyň ýolbaşçylary hem-de owgan halky hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirýärler.

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, dost-doganlyga esaslanyp, bütin sebit üçin örän möhüm taslamalary amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana we bu ýurduň üsti bilen sebitiň beýleki ýurtlaryna geçýän demir ýollaryň taslamalary bar. Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen iki goňşy ýurduň arasynda barha ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ilçihananyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, mejlise gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda geljekde-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, Watan goragçylarynyň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Bu ýubileý medalynyň gowşurylmagy ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlap, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

10.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Prezident Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanlaryň şu gezekki saparynyň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag, medeni-ynsanperwer ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek, ony iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ekologik howpsuzlygy nazara almak bilen amala aşyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

09.12.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şol döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 22-si kabul edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen nobatdaky maslahatda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny tassyklamak, olara goşulmak baradaky daşary syýasat başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, Zähmet kodeksine, ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek, diplomatik gulluk, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen baglanyşykly we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça taýýarlanylan kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylyp, kabul edildi.

Garalýan döwürde ýurdumyzyň Mejlisi hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahat geçirildi. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 15-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 42-si geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlary kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 110-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak üçin Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 37-si guraldy. Şeýle hem deputatlaryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen geçirilýän maslahatlara, duşuşyklara işjeň gatnaşýandyklary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegiň, bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek babatda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,2 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 9,5 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,7 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň on bir aýynda jemi öndürilen önümiň möçberi 12,1 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,8 göterim ýokarlandy. Daşary söwda dolanyşygynda hem durnukly ösüş gazanyldy. Wise-premýer Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 102,6 göterim, çykdajy böleginiň 97,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29,2 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi. Hususan-da, ýylyň başyndan bäri ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 49-synyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 725,1 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň, Döwlet býujetiniň girdejileriniň möçberini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, energiýa serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak we olaryň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnama 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegiň, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi hem-de nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 127,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 120,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 151,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 230,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 134,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,1 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime deň boldy. “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 270,5 göterim boldy.

Oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini belläp, geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk görmegi berk gözegçilikde saklamagy, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzda dürli görnüşli azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek babatda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,6 göterim boldy. Geçen on bir aýda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 107,4 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 562 million manada deň boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 105,2 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 115,9 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 117,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 143,7 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletde ulanmaga berilmegi üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz senagat önümleriniň öndürilişini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, ýollaryň gurluşygyna we olaryň saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, gurluşyk, energetika, senagat pudaklaryna öňdebaryjy usullary hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,5 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 104,9 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 148,2 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 129,5 göterim, gön önümleriniň önümçiliginde 123,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 277 birža söwdasy geçirilip, olarda 26 müň 968 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 25 sergi we 118 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň önümçiligine we önümleriň köpdürlüligine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda merkezlerini halkymyzyň isleg bildirýän harytlary bilen üpjün etmegi, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli harytlaryň bol we elýeterli bahalardan bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli dabaralar guraldy, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde dürli çäreler geçirilip, türkmen hünärmenleri bu çärelere gatnaşmak üçin birnäçe ýurtlarda iş saparlarynda boldular.

«Gorkut ata» halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi, Özbegistan Respublikasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri, Türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guralan çäre, Berlin döwlet orkestr toparynyň çykyşy, Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de koreý sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti hasabat döwrüniň esasy wakalarynyň hatarynda görkezildi. Hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri, halkara hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teatrlaryň we beýleki medeniýet edaralarynyň işine gözegçiligi güýçlendirmegi, Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, jemi 821 medal gazandylar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň we bäsleşikleriň 17-si, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 9-sy geçirildi. Hasabat döwründe ylmyň, tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça golýazmalar we oýlap tapyşlar seljerilip, şolaryň 2221-si makullanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy guramaçylykly geçirildi. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şeýle hem hasabat döwründe amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen, 2024 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzda fiziologiýa ylmyny ösdürmek, lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş işi hem-de immuno-öňüni alyş boýunça möhüm resminamalar tassyklanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde açylyp ulanmaga berlen halkara derejeli ylmy-kliniki merkezler ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatda nusgalyk işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. 2024-nji ýylyň 8 — 17-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça “Ashgabat Open 2024” halkara ýaryşy ýokary derejede geçirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlaryň 174-sine gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 616-syny gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan ählumumy parahatçylygy hem-de ynanyşmagy üpjün etmek, dürli ulgamlarda halkara tagallalary işjeňleşdirmek boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär. Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen degişli Kararnamalary kabul etmegi bu teklipleriň möhümdiginiň we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu daşary syýasy ýeňiş bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, öňde goýlan wezipeleriň, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen degişli işler geçirildi.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynda we Gazagystan Respublikasynda iş saparlarynda boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Wengriýa saparlary amala aşyrdy. Koreýa Respublikasynyň, Mongoliýanyň Prezidentleri döwlet saparlary, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar bilen ýurdumyzda boldular.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma Eýranyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň Prezidentleri gatnaşdylar. 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrleri ýurdumyza iş saparlaryny amala aşyrdylar. Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary Türkmenistanda saparda boldular.

Daşary ýurtlaryň wekilleriniň Türkmenistana yzygiderli saparlary amala aşyrmagy, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlarda saparlarda bolmagy hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň dowamynda dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň üsti 207 resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir. Ýanwar — noýabr aýlarynyň dowamynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birnäçe geňeşmeler geçirildi.

Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Garalýan döwürde daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze wezipä bellenilen ilçileriniň 21-si ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky täze bellenilen ilçileriniň 8-si we konsullaryň 2-si, degişli halkara guramanyň ýanyndaky resmi wekili işe girişdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bellenen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 103,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,6 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 151,1 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 117,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 115,4 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we milli ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagy, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Medeni-durmuş, senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny aýdyp, bu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagynyň, dünýä döwletleriniň bu Kararnamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etmeginiň Bitarap ýurdumyz üçin örän uly abraýdygyny nygtady. Täze Kararnamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy derejede parahatçylygy goramak, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we geljekde-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, hemmeleri «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

07.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Doganlyk döwletiň Baştutany hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine guwanylýandygyny, dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar açyklygy, özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigine üns çekildi. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazy iberýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz we doganlyk döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçiliklerine üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew suw hojalygy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada suw meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, sebitde suw meselelerine, birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, suw serişdelerine erkin we adalatly elýeterliligiň halkara ýörelgelerine görä, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir, üçünjiden, bu meselä halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny giňden çekmek arkaly seredilmelidir. Dostlukly döwletiň Lideri şeýle çemeleşmäni berk goldady we suw meselelerinde Türkmenistanyň hem Özbegistanyň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini tassyklady we bu babatda Özbegistanyň türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa özbek-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda öňe sürülýän teklipleri goldaýandygy üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

06.12.2024
Türkmenistan suw meselesinde ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy

3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Milli Liderimiz bu ýerde iki rekagat namaz okap, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin doga-dileg etdi. Tutuş yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan toprakda Käbä zyýarat edip, okan doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun, hajy Arkadagymyz!

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinden sammitiň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Gahryman Arkadagymyzyň uçary Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäheriniň Patyşa Halid adyndaky Halkara howa menziline gondy. Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde düşelen haly ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.

Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Milli Liderimiz “Bitewi suw” sammitiniň ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçirilýän “Bitewi suw” sammiti barada aýdylanda, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan hemişe suwuň dünýä halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýandygyny hem-de her bir adamyň arassa agyz suwuna elýeterliliginiň üpjün edilmegini, bu meseläniň ýurtlaryň her biriniň bähbitlerini nazarda tutup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda çözülmelidigini belleýär. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman suw sammitinde eden çykyşynda: “Biz suw serişdelerine deň we adalatly elýeterliligiň üpjün edilmegi hem-de onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi ýörelgesine gyşarnyksyz ygrarlylygyň bu ugurda bilelikdäki işiň baş şerti bolmalydygyna berk ynanýarys. Biziň pikirimizçe, hut suwa elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmegi we munuň üçin jogapkärçilik ähli döwletleriň borjy bolmalydyr” diýip bellemegi munuň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyz suw meselelerinde dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň tebigaty goramak bilen baglanyşykly ençeme resminamalaryna, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalara yzygiderli eýerýändigini bellemek gerek. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň suw meselesi babatda öňe sürýän başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, sebit ösüşiniň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunda ýurdumyz öz toplan baý tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologik meselelere sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda beýan edýän teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzyň milli derejede durmuşa geçiren iri taslamalarynyň biridir. Bu täsin gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik, ykdysady, durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanda, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär.

...Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitiň geçirilýän ýerine — “The Ritz-Carlton” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Bütindünýä bankynyň başlygy Ajaý Banga garşylady.

Döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemlän sammitiň gün tertibine bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze çözgütleri kabul etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de şu gezekki duşuşygyň suw serişdeleriniň ählumumy dolandyrylmagyny kämilleşdirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleri çözmäge ýardam etjek bu foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär.

Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidir diýip hasap edýäris. Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär. Bu kadany geljekde-de Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys. Sebitde suw serişdeleri birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn gymmatlyga hem ähmiýete eýedir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýandygyny belledi. Şolaryň birinjisi — halkara hukugyň berjaý edilmegi. Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir. Ikinjisi — özara bähbitleriň hasaba alynmagy. Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr. Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler. Üçünjisi bolsa bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegidir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we suw bilen bagly başlangyçlara Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynyň olaryň kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynam bildirdi.

Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usulyny ýola goýmak zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Şeýle hem Amyderýa we Syrderýa boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryny kabul etmegi çaltlandyrmagy öňe sürdi. Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar. Sebitiň pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň hukuk esaslaryny işläp taýýarlar. Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Gahryman Arkadagymyz howanyň üýtgemeginiň suw bilen bagly ýagdaýlara ýetirýän täsirine ünsi çekip, howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagynyň, buzluklaryň azalmagynyň we ygalyň düzgüniniň üýtgemeginiň diňe bir bu ýagdaýlara uýgunlaşmagy däl-de, eýsem, bilelikde gyssagly çäreleri görmegi hem talap edýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, olaryň ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, buzluklaryň sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygyny, ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz diňe häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň mümkindigine ynanýandygyny belläp, Türkmenistanyň buzluklara gözegçilik etmek, olary barlamak we goramak, şol sanda howanyň durnuklylygyny saklamak boýunça çözgütleri amala aşyrmak baradaky halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzda bu maksady durmuşa geçirmek üçin täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleriniň yzygiderli esasda alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin birnäçe ýörite maksatnamalaryň kabul edilendigine üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Amyderýanyň suwuny rejeli peýdalanmak meselesine Türkmenistanyň milli we sebit ösüşi üçin örän möhüm wezipe hökmünde garaýandygyny aýratyn belläp, ýurdumyzda suw ýitgilerini azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny hem-de beýleki zerur çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmek barada Türkmenistanyň başlangyjyna ünsi çekip, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly iki sany Kararnamasynyň bu babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu guramanyň Aziýa — Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasy barada aýdyp, Türkmenistanyň bu örän möhüm resminamalaryň kanunlaşdyrylmagyna Aral meseleleri boýunça ähli halkara işleriň kesgitleýji ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy. Bu soragda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň işine örän aýratyn orun degişlidir. Bu düzümler möhüm ähmiýeti bolan wezipeleri çözmegiň üstünde işleýär. Şoňa görä-de, olaryň işi diňe bir gazna gatnaşyjy döwletleriň ýardam bermegine däl-de, eýsem, giň we yzygiderli halkara goldawa hem daýanmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli we durnukly ulgamyny döretmek üçin dünýä bileleşiginiň öz tagallalaryny birleşdirmäge ukyplydygyna ynanýandygyny belläp, munuň üçin sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň, ylmy barlaglary işjeň alyp barmagyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz ýakyn wagtda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmak üçin doly ýardam berjekdigini hem-de iň amatly şertleri döretjekdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň suw meselesi boýunça Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, goňşy ýurtlar hem-de hyzmatdaşlar bilen aýdyňlyk we adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba almak esasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda häzirki döwürde örän möhüm ähmiýete eýe bolan meselelerde başlangyçly çykyş edýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur alynmalydyr diýip, bu möhüm meselede beýan eden garaýyşlary BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň hem-de sammite gatnaşyjylaryň uly goldawyna eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Türkmenistanyň alyp barýan suw diplomatiýasyna ýokary baha bermek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň nusgalykdygyny belledi.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň “Bitewi suw” sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna öz goşandyny goşmaga ygrarlydygyny we bu ugurda başlangyçly çykyş edýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.

(TDH)


05.12.2024