Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak ýokary diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwlet bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýar. Ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklar, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagynyň ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine täze itergi berendigini nygtady.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu babatda halkara syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça, hususan-da, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkiýäniň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topara we işewürlik geňeşine uly orun degişlidir.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda medeniýet, ylym, sungat, döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz diplomatyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.

Şener Jebeji bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, diplomatik wezipesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkiýe bilen Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi, şeýle hem meniň adymdan we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, dostluk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

29.08.2026
Täze lukmançylyk merkezi — milli saglygy goraýşyň kuwwatyny berkitmäge goşant

Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu merkez diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň tehnologiýalaryny özünde jemläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge goşant goşar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän Stomatologiýa merkezine geldi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryndan ugur alyp, Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde merkeziň gurluşy, onuň gurluşygynda ulanylan dürli serişdeler, şol sanda bezeg işleri, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary barada giňişleýin maglumat berdi.

Mälim bolşy ýaly, merkeziň gurluşyk işlerine Milli Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyklar tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Täze Stomatologiýa merkezi islendik ýaşdaky raýatlara stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda lukmançylyk işlerini dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Şeýle hem merkezde işlejek ökde hünärmenleri seçip-saýlap almak işleri alnyp barylýar. Merkez maddy-tehniki binýady, häzirki zaman anyklaýyş mümkinçilikleri bilen tapawutlanyp, stomatologik, bedeniň äň-ýüz böleginiň kesellerini, şikeslerini anyklamak, öňüni almak we döwrebap bejermek üçin niýetlenendir. Merkez dolandyryş ulgamyndan, ýatymlaýyn we gatnawly kliniki bölümlerden, hojalyk-tehniki, elektron barlaghana toplumlaryndan ybarat bolup, ýüz tutýan raýatlaryň elektron resminama dolanyşygy arkaly sanly maglumatlary ýöredilip, ol ýöriteleşdirilen monitoring maksatnamalary arkaly dolandyrylar.

Hasabatyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň bölümleri barada durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde kabul ediş otaglary, şol sanda gaýragoýulmasyz kabul ediş bölümi bolup, operasiýa, gije-gündiz işleýän stomatologiýa bejeriş otaglary bilen üpjün edilendir. Şeýle-de şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, kliniki barlaghana, funksional anyklaýyş, birnäçe operasiýa otagly operasiýa we sterilizasiýa, anesteziologiýa, reanimasiýa, fizioterapiýa bölümleri, dermanhana otaglary bar. Döwrebap enjamlar toplumy emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan seljerme geçirip, äň-ýüz böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow şeýle döwrebap tehnologiýaly täze Stomatologiýa merkezini gurduryp berendigi hem-de merkezde sanly ulgama esaslanýan innowasion mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýakynlaşyp gelýändigini aýdyp, Stomatologiýa merkezini olaryň hünär baýramçylygy mynasybetli açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz desganyň daş-töwereginiň gök zolaklar bilen gurşalyp alynmagynyň zerurdygyny nygtady. Munuň özi ekologik nukdaýnazardan örän wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz täze desgada oturdylan döwrebap enjamlaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmat etmegini gazanmak üçin enjamlar ulanylanda, olardan ussatlyk bilen baş alyp çykýan hünärmenleriň bolmalydygyny tabşyrdy. “Hünärmenler her bir enjamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmalydyrlar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz merkezi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen utgaşykly işlemelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz her bir enjamyň emeli aňyň mümkinçiliklerini halka hödürlemelidigini aýdyp, sanly ulgam arkaly keseli dessin anyklamak mümkinçiliginden peýdalanmagy tabşyrdy. “Merkeziň bir wagtyň özünde birnäçe adamy kabul edip bilýändiginden ugur alyp, ýüz tutjak raýatlaryň tiz kabul edilmegini gazanmak zerurdyr. Şunda lukmanlaryň maslahat beriş ukyby hem ýokary derejede bolmalydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerine aýlanyp, anyklaýyş bölüminiň mümkinçilikleri, bu ýerde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy. Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri tarapyndan öndürilen häzirki zaman tehnologik enjamlary arkaly bu ýerde keselleri tiz we takyk anyklap bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz enjamlaryň her biriniň aýratynlyklaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bejeriş bölümine bardy. Bu ýerde ähli işler multimedialaşdyrylan kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Döredilen şertler operasiýa wagty monitorlaryň üsti bilen beýleki degişli bölümler bilen onlaýn usulda habarlaşyp iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Ýüz tutan raýatyň keseli baradaky maglumatlar dessin göni alşylýar. Başga bir monitor bolsa otagyň howasynyň kadaly derejede saklanmagyny awtomatik usulda sazlaýar. Şeýle hem monitorlar arkaly näsag baradaky ähli maglumatlar elýeterli bolýar. Sanly ulgamda işleýän stomatologik mikroskoplar we ulgamlar dişleriň tebigy durkunyň, kökleriniň bozulmalaryny häzirki zaman usullarynda bejermekde hem-de gaýraüzülmeleriň öňüni almakda giňden ulanylýar. Ulgamyň döwrebap stomatologik gurnamalar bilen arabaglanyşykda bolmagy bejerginiň netijeliliginiň ýokary bolmagyny üpjün eder.

Stomatologiýa merkezinde ornaşdyrylan, özünde innowasion sanly ulgamlary we emeli aň tehnologiýalaryny jemleýän lukmançylyk enjamlary arkaly çagalarda, uly ýaşly näsaglarda agyrylary howpsuz aýyrmak, dişleri sogurmak, petiklemek, agyz boşlugynyň, kentlewügiň kesellerini irki döwürde anyklamak, öz wagtynda netijeli bejermek, emeli diş goýmak, implantlary ornaşdyrmak, diş hatarlaryny göneltmek, bedeniň äň-ýüz böleginde ýüze çykyp biljek dürli agyrylary irki döwürde takyk anyklamak we dikeldiş hirurgiki bejergileri amala aşyrmak, diş protezleriniň reňklerini näsagyň öz dişlerine mahsus bolan tebigy reňkine gabatlap, gysga wagtda taýýarlamak hem-de oturtmak boýunça lukmançylyk amallaryny gysga wagtyň dowamynda, ýokary hil derejesinde amala aşyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen tehnologik mümkinçilikleri emeli aňyň üsti bilen oýlanyşykly, dogry we dürs ulanmagy tabşyrdy. Şunda ýörite monitorlar arkaly ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş edaralaryndaky maglumatlar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygyň üpjün edilmegi möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýatymlaýyn otagda döredilen mümkinçilikler bilen hem tanyşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz näsagyň bejergi almagy bilen baglylykda, operasiýadan öň we soň özüni örän oňaýly hem-de rahat duýmagynyň wajypdygy barada aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz implantologiýa bölümine-de baryp gördi. Bölümdäki bejeriş otaglarynda ornaşdyrylan häzirki zaman sanly tehnologiýalary, 3D skanerli ulgamlardaky emeli aňyň esasy aýratynlyklary uly göwrümli maglumatlara gysga wagtda seljerme geçirip, näsagyň äňinde goýuljak implantlaryň ýerleşişi, burçlary, biri-birine bolan aralygy ýokary derejede takyk ölçemäge mümkinçilik berip, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar. 3D skaner enjamlary sanly ulgamda işleýän ýokary çözgütli we takyk şekilleri almaga niýetlenendir.

Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan diş tehnikleriniň barlaghanasy 45 tehnige niýetlenip, intellektual dolandyrylýan döwrebap kompýuter goldawly taslama we önümçilik (CAD/CAM) toplumlary, awtomatik 3D nusgalary çap ediş hem-de arassalama enjamlary bilen üpjün edilendir. Onuň esasy aýratynlygy toplumlarda “akylly” emeli aň ulgamynyň bolmagy bilen, garaşylmaýan ýalňyşlyklary aradan aýyrmakdan we takyklygy üpjün etmekden, taslamalary sanly, awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrmakdan, ýokary hilli serişdeleri giňden ulanmakdan; implantyň üstüne berkidilýän çylşyrymly protezleri gysga möhletde taýýarlamakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz bölümiň aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ýerde oturdylan kämil enjamlaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyny tamamlap, bu desgany Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berdi. “Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda şeýle döwrebap lukmançylyk desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge uly goşant bolar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz desgany öz wagtynda hem-de ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek üçin öňde durýan işlere örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy we bu ýerden ugrady.

27.08.2026
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi. «Bu saýlawlaryň netijelerine Gazagystanyň halkynyň paýhasly çözgüdi we erk-islegi, Siziň şahsy syýasy ýeňşiňiz hem-de Siziň ýolbaşçylygyňyzda döwletiň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik durmuşynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesi hökmünde garaýarys» diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de gazak halkynyň gadymy, baý taryhy mirasyna, medeni-ruhy gymmatlyklaryna esaslanyp, doganlyk ýurduň mundan beýläk-de döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň goldawyna hem-de Milli Liderimiziň Gazagystan üçin taryhy waka — parlament saýlawlaryna şahsy ünsüne ýokary baha berýändigini belledi. Gazagystanyň döwlet Baştutany hormatly Arkadagymyzyň gutlaglarynyň iki doganlyk halkyň arasyndaky hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasydygyny nygtap, saýlawlara gatnaşan türkmenistanly synçylara aýratyn hoşallyk bildirdi. Hususan-da, türkmen synçylarynyň Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň saýlawlaryna taýýarlyk döwründe we saýlawlar geçirilende netijeli işländikleri, saýlawlaryň netijelerine milli kanunçylygyň ähli kadalaryna we halkara standartlara laýyklykda dürs baha berendikleri bellenildi.

Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň mundan beýläk-de ýakyn özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdiklerine, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp asyrlaryň dowamynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi. Bu ýörelgeler häzirki döwürde we uzak möhletleýin geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda giň özara gatnaşyklary öz içine alýar. Bu ugurlaryň her biri boýunça hyzmatdaşlyk gurallary — hökümetara topar, degişli iş toparlary, gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün edýän beýleki utgaşdyryjy düzümler üstünlikli hereket edýär. Gahryman Arkadagymyz ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan, özara ynanyşmaga, dostluga esaslanýan açyk we netijeli dialogyň hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýratyn belledi. Şeýle hem iki ýurduň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berip, özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga, strategik çözgütleri işläp taýýarlamaga we bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýändigi aýdyldy.

Türkmenistan bilen Gazagystan halkara syýasy giňişlikde-de ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Ählumumy we sebit derejesinde giň gerimli we uzak möhletleýin strategiýalary, maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýtmak bilen, olaryň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň netijeleriniň bu gatnaşyklara uly itergi berendigine üns çekildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Gazagystanda we Türkmenistanda geçirilýän köptaraplaýyn forumlara gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça uly işleri alyp barýandygyny aýdyp, bu ugurda Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belledi. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç möhüm sammiti, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň tekliplerini goldandygy hem-de bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyrjak saparyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Gazagystanyň döwlet Baştutany oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç möhüm sammitiň işine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama goşulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gazak we türkmen halklarynyň umumy medeni-ruhy gymmatlyklara eýedigini belläp, ahalteke atlarynyň özboluşly gözelligini hem-de olaryň Türkmenistanyň beýik milli mirasydygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen dostlugy we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk hem-de ösüş arzuw etdiler.

26.08.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda yzygiderli giňeldýär.

Türkmenistan hem-de Germaniýa halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldaýarlar. Ýurdumyz GFR bilen halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselelerinde-de hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan bu formata sebit ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag arabaglanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm gural hökmünde garaýar.

Iki ýurt söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň wajyp guraly hökmünde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň alyp barýan işiniň orny nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamynda köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygy netijeli gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly bolup durýar. Onuň çäklerinde türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, iň gowy Ýewropa lukmançylyk tejribesini öwrenmek üçin germaniýaly bilermenler bilen yzygiderli gatnaşyk alnyp barylýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup, dostlukly halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga hyzmat edýär. Şunda bilim ulgamyndaky gatnaşyklara, hususan-da, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, döwrebap bilimleridir tejribäni alyşmak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän german-türkmen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Men hanym Petra Dahtleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

25.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Aşgabat, 22-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap ylmy-kliniki merkezi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.

Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär.

...Ir bilen lukman Arkadagymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hem-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň binalar toplumynyň daşky görnüşini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesini synlap, bu ýerde gök zolaklary döretmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde Halkara ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşýan germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak we bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.

Milli Liderimiz myhmanlar bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy goraýyş we onkologiýa boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolsa saglygy goraýyş, aýratyn-da, howply keselleriň öňüni almak we bejermek bilen baglydyr. Lukman Arkadagymyz bu gurama bilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamanyň taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dürli pudaklarda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Germaniýaly lukmanlar Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümlerinde oturdylan enjamlaryň örän kämildigini aýratyn nygtadylar. Umuman, merkeziň enjamlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna we ýokary görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi Türkmenistanda adamlaryň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, seljeriş-intellektual, bitewi sanly ulgam modullary, endoskopiýa, ulular üçin ambulator gematologiýa, umumy şöhle bilen bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, dermatologiýa ylmy-kliniki, çagalar üçin ambulator gematologiýa, radiofarmasewtika önümçilik bölümleriniň we beýleki ugurdaş otaglaryň, olarda oturdylan enjamlaryň şekil taslamalary, ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döwrebap saglyk merkezleriniň yzygiderli gurulýandygyny, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Şeýle-de anyklaýyş enjamlary maglumatlaryň takyk we dürs bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi bejerişiň hiline oňyn täsirini ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň dowamynda Watanymyza we halkymyza yhlasly hyzmat etmegiň nusgasyny görkezdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe bolýar. Şunda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik hem wajyp orny eýeleýär. Bu guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň dowamynda Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Diýarymyzda ýokanç däl we onkologiýa keselleriniň öňüniň alynmagyna hem-de bejerilmegine gönükdirilen köp sanly taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň ösüşiň täze derejesine çykmagyny şertlendirdi.

Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy lukman Arkadagymyzyň onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm tapgyrlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda lukmançylykda ýadro we izotop tehnologiýalaryny howpsuz esasda ulanmak boýunça bu agentlik bilen pugta aragatnaşygy ýola goýdy. Bu babatda Türkmenistanda degişli halkara kadalaryň we talaplaryň berjaý edilmegi gazanyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda R.Grossi halkara agentlikde Türkmenistanyň atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ýörelgelerine ygrarlylygyna ýokary baha berilýändigini belläp, ýurdumyzyň energetika we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak ulgamynda öňdengörüjilikli syýasatynyň, halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygyny nygtady. Milli saglygy goraýyş ulgamy hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu düzümiň goldaw bermeginde ýurdumyzda keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar. Hususan-da, halkara bilermenleriň maslahatlary Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynda howply kesellere garşy göreşmek ulgamyny kämilleşdirmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

Lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna, bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu işe şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garalmalydygyna ünsi çekdi. “Merkezde işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, onuň işine ýaş lukmanlaryň çekilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda, örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Merkeziň ähli bölümlerine sanly tehnologiýalar, dünýäniň ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu ýerde milli lukmançylyk ulgamynda netijeli ulanylýan döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly maglumatlar gorunyň döredilmegine zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrmak, onkolog lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, oňa ýaşlary işjeň çekmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady. Şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary bilen bilelikde iş alyp barmagy wajypdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, merkeziň bölümlerinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlaryny netijeli ulanmak, olaryň işini emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda dünýäniň, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ösdürilmelidir. Munuň özi lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmeklerine şert döreder.

Germaniýaly lukmanlar bu ýerde radioaktiw galyndylary zyýansyzlandyrmak ulgamynyň işine ýokary baha berdiler. Merkeziň çäklerinde radioaktiw suwuk galyndylar üçin ýörite gaplar döredilip, olarda saklanyljak suwuk galyndylar ösen tehnologiýalar arkaly zyýansyzlandyrylar. Munuň özi bu ýerde onkologiýa kesellerini bejeriş ulgamynyň möhüm şertleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

Soňra lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümleri bilen tanyşdy. Merkeziň anyklaýyş, bejeriş, operasiýa, şöhle bilen bejeriş bölümleri, barlaghanalary we beýleki otaglary häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrylypdyr. Germaniýaly lukmanlar merkezdäki enjamlaryň köpüsiniň ilkinji gezek şu ýerde ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň häzirki zaman talaplaryna we lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna doly laýyk gelýändiginiň, adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda uly orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Enjamlaryň emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar arkaly işleýändigi nazara alnanda, merkezde internetiň tizliginiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz ähli bölümlerde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internetiň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagy babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz merkeziň bölümlerinde arassaçylygyň we kadaly howa çalşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesine oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş babatda baý tejribe toplan germaniýaly lukmanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Merkeziň enjamlaşdyrylyş derejesi, bu ýerde keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullarynyň ýola goýulmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda soňky ýyllarda gurlan döwrebap saglyk edaralarynda bolşy ýaly, bu merkezde oturdylan enjamlaryň hem iň täze nusgalardygyny nygtamak gerek.

Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň bölümleri bilen tanyşlygyň dowamynda olaryň arasynda bir bitewi aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem bu ýerde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. Adamlar öýünde oturan ýerinden gerek bolan maglumatlary alyp biler ýaly mümkinçilikler döredilmelidir. Mundan başga-da, näsaglaryň yzyndan geljekler üçin olaryň saglyk ýagdaýy baradaky we beýleki ugurlar boýunça maglumatlar elýeterli bolmalydyr. Bu bolsa keselleri anyklamak, bejermek işlerinde bolşy ýaly, lukmançylyk hyzmatlary, merkeziň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly ähli maglumatlaryň sanly ulgam arkaly alnyp barylmagynda ähmiýetlidir. Umuman, ýurdumyzda adamlaryň saglygy hakyndaky alada hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýörelge saglygy goraýyş merkezlerinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynda öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen, onuň bölümleriniň talabalaýyk işiniň ýola goýulmalydygyny, bu işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň daşyna çykyp, merkeziň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiz bu künjekde häzirki zaman saglyk merkezleriniň emele gelendigini aýdyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyny dowam etdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde döwrebap saglyk merkezlerinden ybarat bolan özboluşly şäherçe döredildi. Lukman Arkadagymyz bu ýerde hem häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän saglyk şäherçesiniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylara bu ýerde täze saglyk şäherçesini döretmek bilen bagly meseleleri degişli düzümler bilen bilelikde maslahatlaşyp, içgin öwrenmek we bu barada hormatly Prezidentimize teklipleri hödürlemek boýunça maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň teklibi makullan halatynda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň bu künjeginde kämil merkezleri özünde jemleýän saglyk şäherçesini döretmek bilen baglanyşykly işlere hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň belleniljek günlerinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek we onuň yzysüre saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman meselelerini öz içine alýan halkara ylmy-amaly maslahaty guramak babatda maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

24.08.2026
Ýaş nesilleriň sagdynlygy — geljekki ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Aşgabat, 21-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi, aýratyn-da, çagalaryň saglygy we olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagy we hiliniň ýokarlandyrylmagy, şunda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdynlygynyň üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu bolsa lukman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyran giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

...Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, merkeziň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerini synlap, bu ýerde görkezilen taslamalar, binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Taslamalaryň hatarynda pediatriýa merkeziniň baş meýilnamasy, umumy görnüşi, merkeziň otaglarynda oturdylan enjamlaryň görnüşleri, kliniki barlaghanalar, operasiýa we ýatymlaýyn otaglaryň görnüşleri, mejlisler zaly, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançasy, ugurdaş desgalar bar. Aýratyn-da, bölümlerde oturdylýan enjamlaryň görnüşleri şekil taslamalarynda möhüm orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Häzirki döwürde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna we olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz bu işlerde halkara tejribä, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, merkeziň otaglarynyň sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Merkez 5 gatdan ybarat bolup, ol 3 ýaşdan ýokary bolan çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda ýola goýuljak lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda uly üstünlikler gazanylýar.

Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz täze gurulýan merkeziň işiniň maslahat beriş, anyklaýyş-bejeriş derejesiniň ýokary bolmalydygyny belläp, bu ýerde işlejek lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynda emeli aňyň mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulandygyny nygtap, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň şekil taslamalary we çyzgylary bilen tanyşlykdan soňra, onuň maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglary bilen içgin tanyşdy. Merkeziň maslahat beriş otagynda çagalaryň dünýäsini baýlaşdyrjak dürli bezegler bolup, olaryň körpelerde uly gyzyklanma döretjekdigi bellenildi. Anyklaýyş bölüminde birnäçe ugurlar bolup, olar funksional hem-de şöhle bilen anyklaýyş ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de bu ýerde endoskopiýa barlaglaryny geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi emeli aňyň üsti bilen maglumatlary tiz we anyk kabul etmäge şert döreder. Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda çagalaryň saglygyny dikeltmekde emeli aňyň mümkinçiliklerinden we sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyna ünsi çekip, merkeziň otaglarynda gurnalan enjamlaryň netijeli, uzak möhletleýin esasda ulanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bejeriş bölüminiň özboluşly aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek, degişli bejeriş işlerini ýerine ýetirmek, operasiýalary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bölümde sanly rentgen, intensiw bejeriş otaglary bolup, olar häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde sanly ulgamyň kömegi bilen dürli şekiller görkezilýär. Bu bolsa çagalaryň saglygyny dikeldýän pursatlarynda olaryň ünsüni sowmaga, bejergi işlerini rahat hem-de amatly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bölümde ulanyljak enjamlar emeli aň tehnologiýasy arkaly maglumatlary takyk we tiz almaga, anyk çözgüdi dessin kabul etmäge şert döredýär. Şeýle-de bu enjamlaryň bejerijilik häsiýetiniň ýokarydygyny aýratyn bellemeli. Sebitde iň täze hasaplanýan enjamlaryň netijeli ulanylmagy üçin bölümde işlejek öz işine ussat lukmanlaryň seçilip alynmagy möhümdir. Bejeriş bölüminde oturdylan monitorlarda otagyň howa derejesiniň kadaly saklanmagyny üpjün edýän maglumatlar görkezilip, ol otaglarda islendik wagtda kada laýyk howanyň saklanmagynda wajyp ähmiýete eýedir.

Operasiýa bölüminde gurnalan monitorda ähli bölümler bilen onlaýn aragatnaşyk ýola goýulýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu bölümde wideoaragatnaşyk arkaly beýleki degişli bölümlerden zerur maglumatlary almak mümkinçiliginiň döredilendigini belläp, onlaýn aragatnaşygyň zerur maglumatlary dessin we ýokary hilli almaga mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa operasiýalary şowly geçirmekde ähmiýetlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz merkeziň bölümlerinde ýerine ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi geçirilen bejergileriň taryhy bilen islendik döwürde sanly ulgam arkaly tanyşmak mümkinçiligini üpjün eder. Bu bolsa lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça tejribe toplamaklarynda ähmiýetlidir.

Merkeziň operasiýadan soňky dikeldiş işlerini geçirmäge niýetlenen bölüminde-de ähli zerur şertler döredilipdir. Onda aýratynlykda gözegçilik etmek hem-de ýokanç keselleriň ýaýramazlygy üçin talabalaýyk şertler göz öňünde tutulan.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde we anyk netijäni nazarlaýan görnüşde geçirilmegi bilen bir hatarda, arassaçylyk ýagdaýyna-da möhüm üns bermegi tabşyrdy. Bölümleriň arassaçylygy, olarda howa çalşygynyň üpjün edilmegi saglygy goraýyş işgärlerine bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň ýatymlaýyn otaglary bilen tanyşdy. Bölümiň otaglarynda ýatymlaýyn bejergi alýan çagalar üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilipdir. Otaglaryň arassalygy, olarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy çagalar üçin ähli amatlyklaryň elýeterli bolmagyny şertlendirýär. Mundan başga-da, çagalara niýetlenen oýun meýdançasy bolup, ol ýerde körpeleriň dürli oýunlary oýnap bilmekleri babatda degişli şertler bar.

Hormatly Prezidentimiz Halkara pediatriýa merkeziniň bölümleriniň enjamlaryny uzak möhletleýin esasda ulanmak maksady bilen, olary rejeli peýdalanmak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini ýene-de bir gezek belledi. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň özleşdirmekleri ugrunda ähli zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Bu barada anyk tabşyryklary berip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň daşyna çykdy we gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz merkeziň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmekde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

22.08.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň daşary işler ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga, özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňeltmäge hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy babatda pikir alşyldy. Şunda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň guralyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekdiler. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

21.08.2026
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi

Ahal welaýaty, 19-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — melhemler mekany” atly kitabynda ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň esasynda şypahana ulgamyny ösdürmek we ýurdumyzyň halkara derejeli şypahana merkezi hökmündäki ägirt uly kuwwaty beýan edilýär. Türkmen topragy bejeriş häsiýetli mineral çeşmelere baýdyr. Olaryň ählisi halkymyzyň hyzmatyna gönükdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ir bilen türkmen tebigatynyň gözel künjeginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi.

Halkymyzyň saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda şypahana düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemeli.

Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan we lukman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp, şypahanada täze gurulýan binalar toplumynyň we has-da döwrebaplaşdyrylýan binalaryň häzirki ýagdaýyna, olaryň üpjünçilik hem-de enjamlaşdyrylyş derejesine degişli taslamalar, ugurdaş desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda 400 orunlyk täze şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan “A” hem-de “B” binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň we çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, dört gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar we binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de toplumyň otaglarynda döredilýän mümkinçilikler bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde tamamlaýjy tapgyrda ýaýbaňlandyrylan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, meýilleşdirilen gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli berjaý edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary depginde alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri üns merkezinde saklanmalydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň taslamalary taýýarlanylanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şunda şypahananyň ähli çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk hem ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, bejeriş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Binanyň anyklaýyş otaglarynyň hemmesi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde lukmanlaryň netijeli işlemegi, şeýle hem saglygyny berkidýän raýatlar üçin hem ähli amatlyklar döredilýär. Bölümlerde ornaşdyrylan enjamlaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarydygyny we olaryň sebitde iň täzeleridigini bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hiline zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky aladanyň, şypahana düzümlerinde saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýetlidiginiň aýdyň beýanydyr.

Şypahana düzümine degişli täze binalary gurmak we desgalary düýpli döwrebaplaşdyrmak işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Şunda lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmagy, ynsan saglygyny goramakda ýokary derejeli anyklaýyş usullarynyň ulanylmagy möhümdir.

Binanyň SPA bölümine degişli otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu bölümde mineral suwlar bilen bejeriş, gidro, gala we aromaterapiýa ýaly otaglara bardy we ilata hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini synlady. Şeýle hem bu bölümde dürli görnüşli hammamlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu binada degişli sanly hyzmatlaryň mümkinçilikleriniň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, munuň üçin otaglarda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan ugur alnyp, ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Bu ýerdäki sanlylaşdyrylan enjamlar boýun we bil-oňurga synalarynyň saglygyny berkitmekde ähmiýetli hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz täze bina bilen tanyşlygyň dowamynda onuň ýatymlaýyn otaglarynyň üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Otaglarda raýatlarymyz üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, otaglaryň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, içki bezeg aýratynlyklaryna ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Hususan-da, ýatymlaýyn otaglarda döredilýän şertler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu ýerde saglygyny berkidýän raýatlarymyzyň wagtyny peýdaly geçirmekleri, dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikler üpjün edilmelidir.

Bölümiň türgenleşik zalynyň enjamlaşdyrylyşy ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Onda gurnalan enjamlaryň her biri adam synalaryna oňyn täsirini ýetirýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli berjaý etmek adamlaryň ýürek urşuny, gan basyşyny kadalaşdyrýar we ruhuny göterýär. Şeýle hem binada çagalar üçin niýetlenen oýun otagynyň enjamlaşdyrylandygyny bellemek ýakymly. Şypahanada maşgala bolup dynç alýanlaryň çagalarynyň oýun otagynda dürli güýmenjeleriň kömegi arkaly wagtyny şadyýan hem-de gyzykly geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler bar.

Soňra hormatly Prezidentimiz şypahananyň mineral suw içilýän bölümine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde mineral suwuň ýokumlylyk derejesi, olaryň ýylylygy we mineral suwlary içmegiň kadasy barada lukmanlaryň maslahatlarynyň yzygiderli guralmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi mineral suwlary içmegiň saglygy goraýyş we şypahana ulgamynyň kesgitlenen kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmegini üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we şypahanalarda bolup, dynç alşyň hözirini görýändiklerini we saglyklaryny berkidýändiklerini nazara alanyňda, bu ýere gelýänleriň sanynyň artýandygyny belledi we olara edilýän hyzmatlaryň derejesine üns bermegi tabşyrdy.

Şypahananyň çäklerinde degişli ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertleriň derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Dynç alýanlar şypahananyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydyrlar, olar ulaglaryny awtoulag duralgalarynda goýup, arkaýyn dynç alyp bilmelidirler.

Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan işleri we kesgitlenen wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

20.08.2026
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden halk wekillerini bir ýere jemlejek umumymilli foruma diňe bir şu ýylyň dowamynda Watanymyzyň durmuşynda gazanylan sepgitlere däl, eýsem, Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri geçilen 35 ýyllyk ýola nazar aýlamak, uzak möhletleýin geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemek üçin hem taryhy ähmiýetli waka hökmünde garalýar.

Şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge düýpli taýýarlyk görüp başlamalydygyny nygtap, bu babatda degişli tabşyryklary beripdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, 15-nji iýulda umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň möhüm syýasy çärä taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk topary bilen bilelikde ýerine ýetirmeli işleri barada durlup geçildi.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, degişli dolandyryş we halk wekilçilikli edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde onuň ýerine ýetirýän işiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň, çykyşlaryň, duşuşyklaryň guralmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite makalalar, teleradiogepleşikler yzygiderli esasda taýýarlanylyp, giň jemgyýetçilige ýetirilýär. Bu bolsa halka we ýurda dahylly wajyp çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Munuň özi dünýewi, demokratik döwletleriň ählisine mahsus ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýär.

“Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bellenilişi ýaly, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzdaky özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Ýokary halk wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň kanunyň öňündäki deňligi, adam hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine möhüm ähmiýetli çözgütler kabul edilýän syýasy meýdança bolup durýar.

Halk üçin, halkyň bähbidine hem-de halk köpçüligi tarapyndan amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçda ýurduň hiç bir raýaty çetde durman, oňa işjeň gatnaşmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady. Şeýle hem Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamagyň we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan esaslandyrylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünliklere beslenýän täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymdan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygardan gözbaş alýar. Bu işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy.

Şu ýylyň şygary Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende götermäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl Diýarymyzyň sebitlerinde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň köp sanlysy ulanmaga berildi we olaryň gurluşygyna girişildi. Şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýynyň, köp sanly söwda we hyzmat öýleriniň, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziniň açylmagy meýilleşdirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak boýunça başyny başlan toplumlaýyn işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş merkezleri yzygiderli gurulýar. Şu ýyl paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň, “Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy şu ýylda meýilleşdirilen açylyş dabaralarynyň üstüni ýetirer. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, umumybilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň gurulmagy ylym-bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek boýunça işleriň ünsden düşürilmeýändigini görkezýär.

Şanly ýylyň ýyl ýazgysyna giren möhüm wakalar öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyryny, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde gurluşygyna ak pata berlen täze, döwrebap şäherçäni aýratyn bellemek gerek. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan bäri dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy. Deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda 161 döwlet hem-de halkara guramalaryň 55-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwürdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň birnäçe gezek Baş Assambleýanyň wise-başlyklygyna hem-de guramanyň komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna saýlanylmagy döwletimiziň bu iri guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak Kararnama dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» hem-de «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi şanly ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda hem uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Watanymyzyň ösüşlerine, ykdysadyýetine, medeniýetine we jemgyýetçilik durmuşyna mynasyp goşant goşýan raýatlaryň sarpasy hemişe belent tutulýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylag-hormatdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak boýunça işleriň guramaçylykly geçirilmelidigine aýratyn üns çekildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygaryna bagyşlanyp, ýurdumyzda we daşary döwletlerde köp sanly çäreler geçirilýär. Güýz paslynyň ilkinji günlerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionaty hem-de ahalteke bedewleriniň аrаsynda gözellik bäsleşigi şol çäreleriň esasylarynyň biri hökmünde milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny wagyz etmekde, Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesini açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Şeýlelikde, gazanylan üstünlikler we geljek aýda meýilleşdirilen giň gerimli çäreler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny şu ýylyň şygaryna mahsus baýramçylyk ruhy bilen garşylaýandygyny görkezýär. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi täze taryhy döwürde halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň beýany bolar.

19.08.2026
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen

Geçen hepde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nobatdaky tapgyry bilen tapawutlandy. Parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary, ýurdumyzy ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleri, ekologiýa diplomatiýasyny we sporty işjeň ilerletmegi özünde jemlän geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ugruny aýdyň görkezdi.

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazaryň özboluşly ekoulgamyny goramak üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýän Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi bilen, her ýyl bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreler geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda deňiz gurşawyny aýawly saklamaga hem-de dikeltmäge gönükdirilen bu möhüm halkara resminamanyň güýje girmegine 20 ýyl doldy.

«Berkarar» myhmanhanasynda guralan «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, gojaman Hazar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde giňden tanalýar. Ol özüniň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary, baý biologik dürlüligi, ykdysady, geosyýasy ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Taryhyň dowamynda Hazar halklary birleşdirip, olaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňaýly şertleri döredip geldi.

Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Hazar sebitinde ýaşaýan seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümliklerdir haýwanlaryň, şol sanda Hazar düwlenleriniň, balyklaryň, guşlaryň dürli görnüşleriniň, beýleki haýwanlaryň goragyny üpjün etmekde “Hazar” döwlet goraghanasynyň ähmiýetine we Hazar ylmy hyzmatdaşlygyny döretmek baradaky tekliplere ünsi çekdiler. Şeýle-de çykyşlarda Hazar sebitinde söwda-ykdysady, ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wajyplygy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde, ekologik abadançylygy üpjün etmekde ýaşlaryň orny aýratyn bellenildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňziniň güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary, hususan-da, Hazar sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan maslahata gatnaşyjylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady. Soňra Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň belleýşi ýaly, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygy bellenildi. Mundan başga-da, Abdul Gani Baradar Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle-de ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Abdul Gani Baradar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli garaýyşlary üçin Türkmenistana hoşallygyny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen myhmansöýerlik üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag infrastrukturasy, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi.

Türkmenistan hem-de Owganystan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarlar. Halkara ähmiýetli düýpli infrastruktura taslamalary amala aşyrylýan gaz pudagy özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň ähmiýeti bellenildi. Bu taslama sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektron maglumat aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Owganystanyň Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik energiýasyny Owganystana ibermegi bilen, bu welaýatda uly senagat zolagyny özleşdirmek işleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmeginde, goňşy ýurtda abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orna eýedir.

Duşuşykda yklymara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi. 2017-nji ýylda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bu geçelgäni işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele getirmek hem-de bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik merkezi döretmegi, ýükleriň ugradylýan, kabul edilýän ýerlerini, şol sanda deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini ösdürmäge aýratyn üns bermegi, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça hem-de yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň ýöredilmegini, “Bir penjire” ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi, bu ugruň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamagy teklip edipdi.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine seredildi. Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Şeýle hem Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi boýunça ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Soňra «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Ähtnama esasynda taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Dabara tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary taryhy waka mynasybetli bilelikde toý sadakasyna gatnaşdylar.

13-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa umumybilim berýän orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň hem-de sport toplumynyň taslamalaryny, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdiler.

Orta mekdebiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ilki bilen, D.Orazow “Arkadag” futbol toparynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, AFK-nyň “Çempionlar ligasy — 2” bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň ösdürilmegi we türkmen sportunyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Milli Liderimiz täze şäheriň futbol toparynyň mundan beýläk-de uly ýeňişleri gazanyp, türkmen tuguny belentde parlatjakdygyna ynam bildirip, D.Orazowa futbol toparynyň türgenleriniň arasyna baryp, olaryň armasyny ýetirmegi maslahat berdi. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Arkadag” toparynyň häzirki wagtda öňde boljak jogapkärli duşuşyklara taýýarlyk görýändigini nygtamak gerek.

Soňra D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, desgalarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi. Hormatly Arkadagymyz gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini we desgalaryň kesgitlenen möhletinde ulanmaga berilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilen mekdebiň hojalyk we dolandyryş işleri boýunça degişli maksatnamany taýýarlamak, bilim ojagynyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagynda ähmiýetli bolan Düzgünnamany tassyklamak ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz täze mekdebiň ýaşlaryň dil öwrenmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginde möhüm orna mynasyp bolmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, mekdebiň maliýe serişdelerini dolandyrmak, okuwçylary kabul etmegiň düzgünlerini, mekdebiň okuw maksatnamasyny, sapaklaryň görnüşlerini tassyklamak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz okuwçylaryň zähmete bolan yhlasyny artdyrmak, olaryň watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek meselelerine zerur üns berilmelidigini aýdyp, okuwçylaryň tertip-düzgüni, ýetişigi, sapaklarynyň özleşdirilişi baradaky maglumatlaryň sanly ulgam arkaly olaryň ene-atalaryna ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi Arkadag şäheriniň “akylly” şäher derejesine kybap gelmeginde ähmiýetlidir.

Iş maslahatyna din wekili Ý.Hojagulyýew hem çagyryldy. Ol Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen metjidi tutuş halkymyzdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi we onuň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli derejede resmileşdirilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Hajy Arkadagymyz hoş habar üçin minnetdarlyk bildirip, özüne bildirilen uly ynam üçin tutuş halkymyza sagbolsun aýtdy we “Allanyň öýi” hasaplanýan nurana metjitde amal boljak haýyr işleriň, ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Ý.Hojagulyýew täze metjidiň ýanynda gurulýan medresäniň ýokary okuw mekdebiniň derejesine kybap gelýändigi barada aýdyp, bu babatda degişli teklibi beýan etdi. Milli Liderimiz teklibi oňlap, dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriň hereket edýändigini belledi we Arkadag şäherinde gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almak babatda maslahatlaryny berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi şäheriň täze metjidini “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy mynasybetli anna güni “Märkaw” medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasyny bermek baradaky teklibi öňe sürdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu teklibi oňlady.

14-nji awgustda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryndan binýat bolan Arkadag şäherinde bu waka bagyşlanan toý sadakasynyň berlendigini bellemek gerek. Sadaka gatnaşan ýaşulular bu ýerden Gökdepe metjidine hem baryp, mukaddes ýerde juma namazyny okadylar. Toý sadakasyndaky arzuw-dilegler juma namazynyň ýagşy dessurlary bilen utgaşyp, ýurdumyzda haýyr işleriň amal edilmegi ugrundaky tagallalaryň giň gerimli häsiýete eýedigini görkezdi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna daýanýan içeri we daşary syýasatynyň giň gerimli maksatlaryny durmuşa geçirmekdäki ugrunyň yzygiderli häsiýete eýedigini aýdyň görkezdi.

(TDH

17.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 13-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan “akylly” şäherde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen şäherde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýan halkara güwänamalaryň ençemesine mynasyp bolan Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde alnyp barylýan işleriň, gurluşyklaryň depgini häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çägini synlap, ýerine ýetirilýän işleriň hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işler döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ikinji tapgyrda gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de sport toplumynyň taslamalary we alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada maglumat berdiler. Bu ýerde gurulmagy teklip edilýän täze mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de döwrebap sport toplumynyň şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Arkadag şäherinde durmuş we önümçilik maksatly binalardyr toplumlaryň yzygiderli gurulmagy ugurdaş desgalaryň bina edilmegine giň ýol açýar. Şu maksat bilen, bilim ojaklarynyň, sport toplumlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär.

Hormatly Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ikinji tapgyrda bina edilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň binagärlik çözgüdi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmelidir. Olaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Milli Liderimiz täze mekdebiň şekil taslamalarynyň görnüşleriniň birini kesgitläp, bu binalar toplumynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon we beýleki okuw otaglarynyň halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda maslahatlaryny berdi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk özleşdirilmegi möhüm wezipe bolup durýar.

Şeýle-de bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny nazara alyp, olary kabul etmegiň düzgünlerini, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny kesgitlemek, mekdebiň okuw maksatnamasyny talabalaýyk düzmek babatda degerli maslahatlar berildi. Mekdepde ýaşlaryň zehinini ösdürmek maksady bilen, dürli dersleriň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa okuwçylaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda, isleýän hünäriniň eýesi bolmagynda-da ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz mekdep binasynyň daşynyň haýatynyň göze gelüwli bolmagynyň, onuň reňk sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Bu ýerde täze mekdebiň daşky haýatynyň ozal berlen tabşyryk esasynda döwrebaplaşdyrylandygy barada habar berildi.

“Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy bu bilim ojagyny okuw-usulyýet toplumyna öwrer we onda terbiýelenjek çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde bilim-terbiýe alyp, geljekde ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik döreder. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna giň ýol açar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow sözüniň başynda “Arkadag” futbol toparynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, AFK-nyň “Çempionlar ligasy — 2” bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanandygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň ösdürilmegi we türkmen sportunyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Milli Liderimiz täze şäheriň futbol toparynyň mundan beýläk-de uly ýeňişleri gazanyp, türkmen tuguny belentde parlatjakdygyna ynam bildirip, D.Orazowa futbol toparynyň türgenleriniň arasyna baryp, olaryň armasyny ýetirmegi maslahat berdi.

Ýeri gelende, “Arkadag” toparynyň ozal AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda milli sportuň, şol sanda futbolyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň aýdyň netijesidir.

Iş maslahatynyň dowamynda D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, desgalarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi.

Hormatly Arkadagymyz gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini we desgalaryň kesgitlenen möhletinde ulanmaga berilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, öz gezeginde, bu ýere gelip, şäherde alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşýandygy we gymmatly maslahatlaryny berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilen mekdebiň hojalyk we dolandyryş işleri boýunça degişli maksatnamany taýýarlamak, bilim ojagynyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagynda ähmiýeti bolan Düzgünnamany tassyklamak ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz täze mekdebiň ýaşlaryň dil öwrenmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginde möhüm orna mynasyp bolmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, mekdebiň maliýe serişdelerini dolandyrmak, okuwçylary kabul etmegiň düzgünlerini, mekdebiň okuw maksatnamasyny we ders sapaklarynyň görnüşlerini tassyklamak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, okuwçylaryň zähmete bolan yhlasyny artdyrmak, olaryň watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek meselelerine zerur üns berilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz okuwçylaryň tertip-düzgüni, ýetişigi, sapaklarynyň özleşdirilişi baradaky maglumatlaryň sanly ulgam arkaly olaryň ene-atalaryna ýetirilmelidigini nygtady. Munuň özi Arkadag şäheriniň “akylly” şäher derejesine kybap gelmeginde ähmiýetlidir.

Iş maslahatyna din wekili Ý.Hojagulyýew hem çagyryldy. Ol Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen metjidi tutuş halkymyzdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi we onuň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli derejede resmileşdirilendigi baradaky hoş habary ýetirdi.

Hajy Arkadagymyz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, özüne bildirilen beýik ynam üçin tutuş halkymyza sagbolsun aýtdy we “Allanyň öýi” hasaplanýan nurana metjitde amal boljak haýyr işleriň, ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Ý.Hojagulyýew täze metjidiň ýanynda gurulýan medresäniň ýokary okuw mekdebiniň derejesine kybap gelýändigi barada aýdyp, bu babatda degişli teklibi beýan etdi. Munuň özi bu ýerde öwrediljek ylmyň yslam dünýäsine kybap gelmeginde, ýaşlaryň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmeklerinde ähmiýetli bolar.

Milli Liderimiz teklibi oňlap, dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriň hereket edýändigini belledi we Arkadag şäherinde gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almak babatda maslahatlaryny berdi. Hajy Arkadagymyz bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek, ony halkara görkezijilere laýyk derejede alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalary bilen maslahatlaşmagyň, olar bilen sazlaşykly tagalla edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda okadyljak dersleriň ugruny kesgitlemek, olaryň maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi şäheriň täze metjidini “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli anna güni “Märkaw” medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasyny bermek baradaky teklibi öňe sürdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy teklibi oňlap, toý sadakasynyň anna günde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Onda ediljek hoşniýetli arzuwlar juma namazynyň ýagşy dessurlary bilen utgaşyp, ýurdumyzda haýyr işleriň amal edilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň giň gerimli häsiýete eýedigini görkezer.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, bu ýerden Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgüne geldi.

Soňky ýyllarda Arkadag şäheri iri halkara forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Munuň özi şäheriň çäklerinde halkara ähmiýetli forumlary, duşuşyklary we sergileri geçirmäge niýetlenen kaşaň binalaryň derejesiniň dünýä görkezijilerine laýyk gelýändigini äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman desgalarynda, şol sanda Ruhyýet köşgünde ýokary derejeli maslahatlary geçirmek, duşuşyklary guramak üçin ähli zerur şertler döredildi. Şunda häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň, sanly tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylýandygyny bellemeli. Bu bolsa halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Bitaraplyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde kaşaň binalaryň döwrebaplygyna, olaryň daşky we içki bezeg işlerine, maslahat merkezlerindäki mümkinçiliklere zerur üns berilýär. Bu bolsa iri çäreleriň talabalaýyk guralmagynyň möhüm şertini emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda geçiriljek taryhy ähmiýetli çärelere taýýarlyk işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

14.08.2026
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

Awaza, 12-nji awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni giňden bellenildi.

Ekologik abadançylygy üpjün etmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Hazaryň deňiz gurşawyny gorap saklamaga gönükdirilen meseleler boýunça ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazaryň ähmiýeti onuň örän uly serişde mümkinçilikleri bilen kesgitlenilýär. Onuň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, sebitiň biodürlüliginiň gymmatly goruny düzýär. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, şol sanda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän hem-de diňe şu ýere mahsus bolan köp sanly görnüşleriň ýaşaýan künjegidir.

Hazar deňziniň güni Hazaryň özboluşly ekoulgamyny goramak üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýän Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) güýje girmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Tähran konwensiýasy diňe bir Hazaryň ekologiýasyny goramak bilen çäklenmän, eýsem, onuň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge hem gönükdirilendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu möhüm halkara resminamanyň güýje girmegine 20 ýyl dolýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda guralan «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, Diýarymyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy.

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, gojaman Hazar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde giňden tanalýar. Ol özüniň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary, baý biologik köpdürlüligi, ykdysady, geosyýasy ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Taryhyň dowamynda Hazar halklary birleşdirip, olaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňaýly şertleri döredip geldi. Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny, biologik köpdürlüligini, seýrek duş gelýän ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda halkara guramalar, Hazarýaka döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, ýurdumyzyň öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjynyň deňziň ekoulgamyny goramakda, tagallalary birleşdirmekde we geljek nesiller üçin bu täsin tebigy baýlygy aýawly saklamakda möhüm ädimleriň biridigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy foruma gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryna orun berildi.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, biodürlüligi goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Hazar sebitinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu başlangyçlar Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ekologik taýdan abadançylygyň mekanyna öwürmäge gönükdirilip, Hazarýaka döwletleriň we iri halkara guramalaryň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda birinji Hazar sammitiniň, birinji Hazar ekologiýa forumynyň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde ýurdumyzyň uly orun eýeleýändigini görkezýär. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi Hazaryň ekoulgamyny goramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekde nobatdaky ädim boldy.

Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilýär. Şunda 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe süren Hazar ekologik başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu başlangyç Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, ekologik meseleleri çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk üçin halkara meýdançany döretmäge gönükdirilendir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek barada öňe süren teklibiniň ähmiýetine üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamaga aýratyn üns berýändiginiň aýdyň beýany bolmak bilen, Hazarýaka döwletleriň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde wajyp gural bolup hyzmat eder.

Soňky ýyllarda Hazar deňziniň türkmen kenary iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş zolagy bolman, eýsem, daşky gurşawa oňyn täsir etmekde hem uly ähmiýete eýedir. Ol sebitiň mineral-çig mal, biologik, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçiliklerini peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup durýar. Hazaryň kenarýakasynda gurulýan şypahanalaryň, myhmanhanalaryň esasy aýratynlyklarynyň biri olaryň ekologik howpsuzlygyň halkara ölçeglerine laýyk gelýändigidir.

Çykyşlarda Hazarýaka döwletleriň bäşisi tarapyndan tassyklanylan döwletara we hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň degişli edaralarynyň alyp barýan işleri barada-da maglumat berildi. Nygtalyşy ýaly, Hazaryň biologik serişdeleriniň, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Bu ugurda “Hazar” döwlet goraghanasy deňziň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamakda we öwrenmekde uly orny eýeleýär. Goraghana Hazar sebitinde ýaşaýan seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümliklerdir haýwanlaryň, şol sanda Hazar düwlenleriniň, balyklaryň, guşlaryň dürli görnüşleriniň, beýleki haýwanlaryň goragyny üpjün edýär. Şeýle-de bu ýerde Hazar deňziniň ösümlik, haýwanat dünýäsini öwrenmek, ekoulgamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek, olary goramak boýunça çäreleri işläp düzmek üçin ylmy barlaglar geçirilýär.

Soňra daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekillerine söz berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Hazar deňzi dostlugyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň, ylalaşygyň deňzi bolmak bilen, sebit ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerini, taryhy gatnaşyklaryny baglanyşdyrýar. Hazarýaka döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylmagy sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berk binýadyny emele getirýär. Kenarýaka ýurtlar Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň giňişligi hökmünde saklamak ugrunda edilýän ähli tagallalary doly goldaýarlar. Bäş ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän Hazar sammitleri, Hazar ykdysady forumlary hem-de daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklar, beýleki çäreler köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge ýardam edýär.

Hazarýaka döwletleriň arasynda ykdysady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem barha giňeldilýär. Hususan-da, Ýewropa bilen Merkezi Aziýany baglanyşdyrýan esasy ugur bolan Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi sebit ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary ilerletmäge, ýük daşamalaryň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, Hazar deňzi hem ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu mesele ylmy taýdan esaslandyrylan, bilelikdäki çemeleşmäni talap edýär. Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan duşuşyklarda deňziň derejesiniň peselmeginiň öňüni almak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna we bilelikde iş alyp barmak üçin döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berdiler.

Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, sebitleýin integrasiýa, üstaşyr gatnawlar hem-de ulag arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly beýan edilen düzümleýin özgertmelerdir çäreler Hazar sebiti hem-de Merkezi Aziýa üçin aýratyn möhümdir.

Çykyşlarda ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlarynyň ähmiýeti barada-da durlup geçildi. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar we çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Mundan başga-da, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň çäklerinde 20 ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere syn berildi. Bu konwensiýanyň özboluşlylygy onuň ekologiýa we tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak çygrynda Hazar sebitiniň döwletleriniň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ilkinji halkara hukuk namasy bolmagydyr. Konwensiýa onuň binýadynda kabul edilen ýörite Teswirnamalar arkaly taraplaryň borçlaryny has takyk kesgitlemäge, ekologik wehimlere çalt seslenmäge mümkinçilik berýär.

Tähran konwensiýasy uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda we daşalanda hapalanmagyň öňüni almak, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek ýaly möhüm ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk üçin esasy meýdança bolup hyzmat edýär. Çykyş edenler konwensiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin köpugurly çemeleşmäniň zerurdygyna ünsi çekip, öňde durýan meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmegiň, ugurdaş edaralaryň hem-de hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin ylmy ulgamlary berkitmek, maglumat alyşmalary giňeltmek, tutuş sebit boýunça ylmy-barlag institutlaryny birleşdirýän Hazar ylym hyzmatdaşlygyny döretmek barada teklipler beýan edildi. Şunda innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary, gözegçiligiň hem-de monitoringiň täze usullaryny ornaşdyrmagyň, emeli aň, maglumat platformalary ýaly çözgütleri peýdalanmagyň möhümdigine üns çekildi.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Ol syýasaty, ylmy, maliýe serişdelerini we innowasiýalary birleşdirýän platforma öwrülip biler. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, ekoulgamlary dikeltmek babatda alnyp barylýan işleri tizleşdirip biler.

Şeýle-de çykyşlarda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we ekologik abadançylygy üpjün etmekde ýaşlaryň orny aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýaşlar bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri durmuşa geçirýärler hem-de ekologik başlangyçlary öňe sürýärler. Hazar sebitinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek diňe bir geljege goýulýan maýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki çözgütleriň durmuşa geçirilmeginiň hem baş şertidir.

Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär edýän senedigini nygtadylar hem-de Hazaryň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilişini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda amala aşyrylýan başlangyçlar, Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ekologik taýdan abadançylygyň mekanyna öwürmek, Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işler üçin hoşallyk beýan edildi.

Şeýlelikde, «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa diplomatiýasynyň nobatdaky beýany bolup, sebitde ekologik durnuklylygy üpjün etmekde, Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny, biodürlüligini we tebigy baýlyklaryny gorap saklamak üçin kenarýaka döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

* * *

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňziniň güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary, hususan-da, Hazar sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamakda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegiň, energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, halkara guramalaryň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Halkara we sebit guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň halkara ekologiýa başlangyçlaryna ýokary baha berip, ählumumy durnuklylygy we abadançylygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň durmuşa geçirýän taslamalaryna doly goldaw bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

* * *

Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan maslahata gatnaşyjylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

13.08.2026