Täzelikler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Arkadag şäheri, 21-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilen günlerinde guralan asylly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň çar künjeginde giň möçberli tokaý zolaklary, döwrebap seýilgähler döredilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy sogap işe gatnaşýanlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Munuň özi giň möçberli çäreleriň medeni maksatnamasyna aýratyn üns berilýändiginiň beýanydyr. Sungat ussatlary hoş owazly aýdymlary bilen milli sungatymyzy ösdürmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerine aýawly çemeleşmek, ýakymly howa gurşawyny döretmek meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.

Dabara gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzdan ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Milli Liderimiz bag nahalyny oturdyp, sogap işe badalga berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň asylly işe körpe nesliň wekili bilen bilelikde badalga bermegi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz sogap işe gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa sowgat gowşurdy.

Oglanjyk Milli Liderimizden özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi. Hormatly Arkadagymyz oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi we körpe nesilleriň alýan bilimi, oglanjygyň höwes edýän hünäri bilen gyzyklandy. Oglanjyk okuwyndan daşary, çeper döredijilik bilen meşgullanmaga, sanly ulgamyň täzeçil usullaryny özleşdirmäge höwes edýändigi barada gürrüň berdi.

Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, agzybirlikde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtdylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň ekologik ýagdaýy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi bu asylly işiň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, şäheriň çäklerinde degişli ekologik derejäni saklamak, onuň çäklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça edilýän giň möçberli tagallalar barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz ekologiýa babatda köp sanly halkara güwänamalara mynasyp bolan “akylly” şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, bu ýerde ýokary ekologik derejäni üpjün etmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda maslahatlaryny berdi. Şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti esasynda hem bu ýerde bag nahallary oturdyldy.

Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça geçirilýän çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, ilatyň saglygynyň, abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Milli Liderimiz dabara gatnaşýanlaryň bilelikdäki yhlasy netijesinde täze şäheriň ekologik ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýän sogap işleriň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Şunda medeniýet we sungat ussatlarynyň milli gymmatlyklarymyzy, türkmen topragyny mynasyp derejede wasp etmekleriniň ähmiýetine üns berildi. Asyrlaryň dowamynda sungat ussatlary, bagşy-sazandalar halkymyzyň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan şanly wakalara özboluşly bezeg beripdirler. Bu ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap dowam etdirilmegi asylly işlere özboluşly öwüşgin çaýýar.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasynda sungat ussatlarynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Meşhur estrada aýdymçylary joşgunly aýdym-sazlary bilen bagtyýar zamanamyzy we asylly işleri amala aşyrýan halkymyzyň döredijilikli zähmetini wasp etdiler. Olaryň çykyşlary ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly işleriniň senasy bolup ýaňlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sungat ussatlarynyň çykyşlaryna minnetdarlygyň nyşany hökmünde olara toý serpaýlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dabaraly çykyşlara gatnaşyjylaryň ählisine, şol sanda körpe nesillere toý serpaýlarynyň gowşurylmagy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Bagşy-sazandalar, tansçylar, beýleki dabara gatnaşyjylar gowşurylan toý serpaýlary hem-de süýjülikli sowgatlar üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

23.03.2026
Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 21-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu giň gerimli ekologiýa çäresi Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky maksatlary ilerletmäge, jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmäge, durnukly tebigy gurşawy kemala getirmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şunda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine, tebigatyň biologik dürlüliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan ekologiýa syýasaty şu asylly ýörelgelere esaslanýar. Şu gezekki çäre hem pederlerimiziň däp-dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

...Ir bilen dabaranyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar.

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine — paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş edip ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de halkymyzyň milli däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyň görkezdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dagyň sergin howasy bu ýere ýygnananlaryň göwnüni göterip, ruhubelentligini artdyrdy.

Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmekde ylmy çemeleşmä aýratyn üns berilýär. Nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde agaçlaryň birkemsiz ösmegini üpjün edýär. Şäherlerde, obalarda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy ýaşamak üçin amatly ekologik gurşawy döredýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde-de tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňeldilmegi bu asylly işe wajyp ähmiýet berilýändiginiň mysalydyr.

Köpçülikleýin bag ekmek çäresi ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bir hatarda, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamakda-da möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň bu asylly işe jebislikde gatnaşmagy watansöýüjiligiň, ýurdumyzyň özboluşly tebigy gözelligine hormat goýmagyň, ata-babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Dabara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanda şeýle ekologiýa çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň sebitde daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmekde nusgalykdygyny we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge uly goşant goşýandygyny bellediler. Dünýä medeniýetiniň gadymy ojaklarynyň biri bolan türkmen topragynyň tebigy şertleri, dag çeşmeleri, bereketli topragy, amatly howa gurşawy ýurduň ösümlik dünýäsini baýlaşdyryp, daýhançylyk däpleriniň ösüşiň täze derejesine çykmagyny üpjün edýär. Sahawatly türkmen topragy dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň kemala gelen ýeri hasaplanýar. Taryhy maglumatlar ýurdumyzyň giň ýaýlalarynda gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň ösdürilip ýetişdirilendigini tassyklaýar. Munuň özi milli daýhançylyk we bagbançylyk däpleriniň taryhynyň asyrlara uzap gidýändigini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täsirleri peseltmäge gönükdirilen giň möçberli ekologiýa başlangyçlaryna uly orun berilýär. Bu ugurda BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

...Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary bilen söhbetdeş boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň oturdylmagynyň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, öňden oturdylan baglaryň idegini ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän çäreler, paýtagtymyzdaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we paýtagtymyzda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça Konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlar bar.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagyny saklaýar hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle-de arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap, ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň töwereginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär. Dag derelerinde, baýyrlyklarda, ýapgytlarda arça agaçlarynyň tokaýlyklary döredilip, olaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda hem ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Şäherde sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy, desgalaryň gurluşygynda bolsa ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen ekologiýa ýaly wajyp ugurdaky gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.

...Çäräniň dowamynda bag nahallarynyň ekilmegi bilen bir hatarda, ozaldan bar bolan tokaý zolaklaryna ideg işleri hem geçirildi. Dabara gatnaşyjylar öňki ýyllarda ekilen agaçlaryň düýbüni ýumşatmak we suwarmak işlerini ýerine ýetirdiler. Döredijilik toparlarynyň Watanymyzy, täze taryhy döwürde amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Umuman, şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Şeýlelikde, ählihalk bag ekmek dabarasy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy.

23.03.2026