Новости
Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: döwletara dialogyň taryhynda täze sahypa

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 10-njy oktýabr. Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugraýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Döwlet Baştutanlary köşgüň içine girip, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi “Rowaç” zalyna çagyrýar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ertir geçiriljek beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şu ýylda eýýäm bäşinji duşuşygydyr. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, ony mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça depginli, gyşarnyksyz we anyk maksada gönükdirilip alnyp barylýar. Ony ösdürmek hem-de giňeltmek bilen, biz türkmen we gazak halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak däpleriniň çuňňur taryhy köklerine daýanýarys. Häzirki döwürdäki halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakynlygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, iki ýurduň hem kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine esaslanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna berk we üýtgewsiz goldaw berýändigi, BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna, garaýyşlaryna we tekliplerine ýardam berýändigi üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmak, häzirki zaman tehnologik ösüşi üçin şertleri döretmek, medeni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ýurtlarymyzyň ykdysady we serişde mümkinçiliklerini ulanmak üçin uly tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinýändigini, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny nygtap, şu gün geçiriljek gepleşikleriň türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabada gelmäge çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan üçin Türkmenistanyň örän ýakyn ýurtdugyny we strategik hyzmatdaşdygyny nygtady. Gazagystanyň Lideri ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini belledi. Bu duşuşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Gazagystan energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary aýratyn bellenildi.

Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly sarpa goýýarys diýip, gazak Lideri ýurdumyzyň sebit hem ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekdäki saldamly goşandyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurduň özara ysnyşykly gatnaşyklara, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda, türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça-da pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Lideriniň şu resmi saparynyň ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, gatnaşyklaryň täze, geljegi uly ugurlaryna çykmaga hyzmat etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň gatnaşyklarynyň taryhy ýüzýyllyklara uzaýar. Hakyky doganlyk hyzmatdaşlygy kemala geldi. Iki döwleti we halky diňe bir geografik taýdan ýerleşiş däl, eýsem, taryhy ykballarynyň aýrylmazlygy, biri-birine zerurdygy baradaky düşünjeler hem birleşdirýär. Biz bu umumy gymmatlyklaryň gadyryny bilýäris, ata-babalarymyzdan miras galan, ýokary ahlak kadalary baradaky garaýyşlarymyzyň esasyny düzýän däplere aýawly garaýarys hem-de olary hormatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu ýyl görnükli şahsyýetleriň — türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Gazagystanyň paýtagty Astanada, gazak şahyry, filosofy hem-de magaryfçysy Abaý Kunanbaýewiň Aşgabatda ýadygärlikleriniň açylmagy türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşany boldy. Bu dabaraly çärelere türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşandygy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesi biziň ýurtlarymyza geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýär, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny düzmäge şert döredýär. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň many-mazmuny ählumumy ösüşiň ugurlaryna özara doly düşünmek bilen şertlenendir. Türkmenistan halkara işlerde Gazagystan bilen bilelikde deňhukuklylyk we adalatlylyk, BMG-niň esas goýujy resminamalaryna berk eýermek ugrunda çykyş edýär.

Halkara parahatçylygy, durnuklylygy goramak, ählumumy töwekgelçiliklere hem-de howplara garşy göreşmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, häzirki döwürde biz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Döwletara syýasy dialogda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Esasy halkara meseleler boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini göz öňünde tutup, Türkmenistan we Gazagystan dünýäde alyp barýan işlerini utgaşdyrýarlar, birek-biregi goldaýarlar. Munuň özi diňe sebitimizde däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem hakyky netijeleri gazanmaga we emele gelen ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen 25 sany Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigini belledi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň halkara tagallalaryna uly ähmiýet berip, netijeli garaýyşlaryny we tekliplerini yzygiderli goldaýar.

Sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny berkitmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meselä ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň üýtgewsizdigini hem-de yzygiderlidigini belledi. Türkmenistan bilen Gazagystan Merkezi Aziýanyň we serhetdeş sebitleriň parahatçylykly ösüşini üpjün edýän berk hem-de netijeli usullaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýärler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň aýgytly şertleriniň biridir. Onuň şu ýylyň awgustynda Astanada geçirilen nobatdaky mejlisi bäştaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. Sebitiň ýurtlarynyň birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak bilen, iň çylşyrymly meselelere-de öz garaýyşlaryny beýan etmäge we olary bilelikde çözmäge taýýardyklaryny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Owganystandaky ýagdaý biziň gepleşiklerimiziň aýratyn meselesi bolup durýar. Biz owgan meselesinde halkara bileleşigiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk dörediji mümkinçiligini has işjeň we giňden ulanylmaly diýip hasap edýäris. Türkmenistan bilen Gazagystanyň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygy Owganystanda asudalygy, durnuklylygy, bu ýurduň ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamyny dikeltmekde örän peýdaly bolmalydyr. Bu ýurt sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna giňden çekilmelidir diýip hasaplaýarys. Şu maksat bilen, syýasy dialogy, şol sanda ony owgan meselesi boýunça alyp barmak üçin daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, biz howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmak, Aral meselesini çözmek ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrarys. Şu meselede Gazagystanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda netijeli başlyklyk edýändigini aýratyn bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Gazagystan Hazar deňzi boýunça hem Türkmenistanyň goňşusydyr. Biziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşyklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň örän möhüm şerti bolup durýar. Bu ugurda soňky ýyllarda köp iş edildi. Strategik maksada ýetildi — 2018-nji ýylda Aktau şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. 2022-nji ýylyň tomsunda Hazarýaka döwletleriň Aşgabatda geçirilen VI sammitinde biz bäştaraplaýyn Hazar gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk. Olary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygymyzy beýan etdik. Şu gün bu taýýarlygymyzy tassyklap, Hazar sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, deňziň biodürlüligini gorap saklamak we suwunyň çekilmegine garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça zerur işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, Gazagystan Respublikasy bu ulgamda ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, Hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi. Umuman, bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz hil taýdan gowulanyp, yzygiderli ösýär. Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin şertleriň köpdügi aýdyldy. Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Biziň umumy işimizde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gazagystanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Iki iri energetika döwletleri bolan Türkmenistan bilen Gazagystan yklymda energetika hyzmatdaşlygyna, energetika durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge düýpli hem-de oňyn täsir edip biler. Şunuň bilen baglylykda, gaz we elektrik energiýasy pudaklarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ulag-logistika hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy yklymüsti geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hind ummanyndaky deňiz portlaryna çykmak bilen, Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça ulag geçelgesini döretmäge hem-de onuň doly işlemegine Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly boýunça daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmagyň, Hazar deňzindäki Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň üstünden multimodal ulag gatnawlarynyň mümkinçiliklerini bellemek isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Iki ýurduň awtomobil ýollarynyň, hususan-da, türkmen bölegi ýakyn geljekde döwrebaplaşdyrylyp başlanjak Türkmenbaşy — Garabogaz — Temirbaba — Aktau awtomobil ýolunyň uly mümkinçiligi bar.

Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlarynyň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyn gurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bileris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz türkmen-gazak serhetýaka söwda zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da, nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň ýurtlarymyzyň işewürler bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin düýpli mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen we gazak kompaniýalaryny iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmak üçin çekmäge döwlet ýardamyny bermäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Yzygiderli ösdürilýän we giňeldilýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Gazagystan bilen gatnaşyklarymyzyň örän möhüm ugry bolup durýar.

Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar has-da işjeňleşip, dürli bilelikdäki çäreler geçirilýär. Şu ýylyň iýunynda Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Siziň saparyňyzyň öň ýanynda bolsa Aşgabatda Türkmenistanyň ýaşaýjylarynda örän uly gyzyklanma döreden Gazagystanyň Medeniýet günleri guraldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ylym ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge has uly üns bermek, iki ýurt üçin wajyp ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýmak zerurdyr. Şoňa görä-de, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça resminamalary taýýarlamaga girişmek teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellemek bilen, häzirki wagtda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 2,5 müňe golaýynyň bilim alýandygyny aýtdy. Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda berýän kömegi üçin gazagystanly hyzmatdaşlara minnetdardyr.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar depginli ösýär. Türkmen we gazak halklaryny diňe bir taryhy taýdan doganlyk, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, gelip çykyşynyň, diliniň, dininiň we medeni-ahlak sütünleriniň umumylygy birleşdirmek bilen çäklenmeýär. Häzirki döwürde biz gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmagyň zerurdygyna anyk düşünýändigimize, dünýä syýasatynyň esasy ugurlarynda uzak möhletli bähbitlerimiziň laýyk gelýändigine, ykdysadyýetde we ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünýändigimize daýanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça umumy ylalaşyga gelýändigimiz, Gazagystan tarapynyň hyzmatdaşlyk etmäge düşünmek bilen garaýandygy we taýýardygy begendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň iki döwletiň özara gatnaşyklary giňeltmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklandygyny belledi. Muny gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň toplumy hem tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz netijeli iş alyp barandygy, strategik hyzmatdaşlyk meselelerine gyzyklanma bildirip, olary jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Belent mertebeli myhman Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyza saparyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu waka umumy maksada ýetmekde, köpugurly döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim bolup durýar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, Gazagystan bilen Türkmenistan köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, bitewi medeni we taryhy gymmatlyga daýanyp, berk hem-de sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýdular. Şol gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk esasynda yzygiderli ösdürilýär.

Ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejede işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, Hökümetleriň ugry boýunça sazlaşykly iş alnyp barylýar, pudagara gatnaşyklar berkidilýär. Köptaraplaýyn düzümleriň we mehanizmleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň köp meseleleri boýunça ýagdaýlaryň ösüşine garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýärler. Gazagystanyň Baştutany sözüni dowam edip, şu gün ikiçäk gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, geljek üçin onuň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtady. Prezidentleriň tabşyrygy boýunça iki döwletiň Hökümetleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň üstünde işleýärler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, bu babatda soňky ýyllarda uly ösüş gazanyldy diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Senagat, ulag, logistika we beýleki ulgamlarda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Hökümetara toparyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar hem-de işewürler geňeşiniň netijeli işi muňa ýardam edýär. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi geçen hepdede geçirildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär. Gazagystanyň we Türkmenistanyň özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Iki halkyň umumy ruhy-medeni gymmatlyklarynyň genji-hazynasyny has-da baýlaşdyran ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri açyldy.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, şu gün Aşgabatda gazak edebiýatynyň nusgawy şahyry Abaýyň ýadygärligi açyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize gazak halkynyň medeni mirasyny goldaýandygy, şeýle hem özüne Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gazagystanyň Baştutany ähli türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady. Nusgawy şahyryň mirasy dünýä edebiýatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Gazagystan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryndaky üstünlikler biziň halklarymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanylýar diýip, belent mertebeli myhman nygtady.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belläp, türkmen kärdeşine dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Sebitara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurdaky göni gatnaşyklaryň ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda gol çekmäge taýýarlanylan Meýilnama ünsi çekip, bu tejribäni beýleki sebitlere hem ýaýratmagyň möhümdigini belledi.

Gazagystan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga taýýardyr. Bu ugurda degişli işler amala aşyrylýar. Şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany üstaşyr ulag ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtady. Bu babatda ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Bellenilişi ýaly, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň orny häzirki wagtda birnäçe esse artdy. Hyzmatdaşlaryň bu ýoly has işjeň ulanmaga gyzyklanmasy ýokarlanýar. Şeýle hem awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamakda netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Iki ýurduň arasynda howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnawlaryny dikeltmegiň geljegi uly hasaplanýar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şular barada aýtmak bilen, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň döwletara hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi we gazak-türkmen gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini tassyklady.

Belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazak jemgyýetçiliginiň Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärliginiň açylmagyny mähirlilik bilen garşylandygyna ünsi çekdi. Şunda Gazagystanyň bu ulgamda, şol sanda bilim ugry boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýä bileleşiginde eýeleýän ornuny ep-esli güýçlendirdi we halkara abraýyny pugtalandyrdy. Gazagystanda doganlyk ýurduň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan uly üstünliklerine tüýs ýürekden begenýärler. Dostlukly ýurduň Lideri şu gezekki saparynyň hem-de geçirilen gepleşikleriň strategik döwletara hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň teleradiotoplumy» PHW-de RGP arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2025-nji ýyl üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Meýilnamasyna; «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Aktau deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Kazpoçta» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda halkara poçta ugratmalaryny eltip bermek boýunça Ylalaşyga; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «КазМунайГаз» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «QazaqGaz milli kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň arasynda arhiw işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini we ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe bazaryny dolandyrmak we ösdürmek boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Raýat awiasiýasy komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrliginiň arasynda sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýasy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ýolagçylaryň we ýükleriň halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1997-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, logistika we üstaşyr babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy we köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça hemmetaraplaýyn Maksatnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna bardylar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň ähli agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň netijeli we anyk häsiýetini aýratyn belledi. Gepleşikler özara ynanyşmak, açyklyk ýagdaýynda geçdi. Ähli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berildi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde köpugurly türkmen-gazak gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda depginli we yzygiderli ösdürilýär. Gazagystan daşary syýasatda biziň möhüm hyzmatdaşymyzdyr. Biz Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk çäklerde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň netijeli halkara usullaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmekde bilelikde işjeň iş alyp barýarys. Şeýle hem ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy saklamak we goldamak, häzirki zamanyň wehimlerine, howplaryna garşy göreşmek ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň umumydygy nygtaldy. Şu günki duşuşyk biziň döwletlerimiziň abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan we Gazagystan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde, şol sanda Hazar deňziniň gündogar kenaryndan Pars aýlagynyň we Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykmak bilen, ulag gatnawynyň doly derejede hereket etmegini ýola goýmakda ýakyn özara hyzmatdaşlygy we hereketleri utgaşdyrmagy dowam etdirerler. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Energetika, ulag, söwda, oba senagat toplumy, himiýa, dokma senagaty we beýleki pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Taraplar medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna we geljegine üns berip, olary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça gyşarnyksyz ösdüriler. Bu iki döwletiň we halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär, halkara ýagdaýlaryň oňyn ösüşiniň düýpli şerti bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň uly şahsy hyzmatyny, onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigini aýratyn belläp, gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan Gazagystan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Gazak halky biziň doganlyk halkymyzdyr, ýakyn we hoşniýetli goňşymyzdyr, ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr. Bizi hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleri, umumy taryh, medeniýet, dil, ruhy gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Biz bu gymmatlyklary aýawly saklaýarys, häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Biz Gazagystanyň gazanýan üstünliklerine guwanmak bilen, ýurduň ilerlemegiň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly barýandygyna aýdyň göz ýetirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň Liderini we dostlukly döwletiň wekiliýetini ýene-de bir gezek Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, dostlukly gazak halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gepleşikleriň netijelerini teswirläp, güneşli Aşgabada gelip görmäge çakylygy hem-de örän mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistan gadymy taryha, baý medeni mirasa hem-de asyrlardan gözbaş alýan däp-dessurlara eýe bolan ýurtdur diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we her gezek bu sahawatly topraga geleninde, türkmen halkyna mahsus bolan mähirli myhmansöýerligi duýýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmagyň ýolunda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Türkmenistan biziň üçin strategik ähmiýetli hyzmatdaş we hoşniýetli goňşy döwletdir. Bu ýurt bilen köpasyrlyk umumy taryha hem-de mizemez dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan sazlaşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Biz bu mizemez binýatda giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hakyky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy kemala getirýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany belledi.

Yzygiderli hem-de ynanyşykly syýasy dialog arkaly söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar, esasy halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary we ägirt uly şahsy goşandy bardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyna, oňa tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigine ýokary baha berýändigini belledi. Gazagystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ol doganlyk Türkmenistana resmi saparyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy baradaky bir pikire geldiler.

Şu gün möhüm resminamalaryň tutuş toplumy kabul edildi, olaryň hatarynda dostluk we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hakynda Jarnama aýratyn orun eýeleýär. Jarnamada biz doganlyk halklaryň mundan beýläk-de has-da ýakynlaşmagyna, döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanmany ýene-de bir gezek tassykladyk diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak gepleşikleriň möhüm meseleleriniň biri boldy. Bu ugurdaky gatnaşyklar biziň döwletlerimiziň arasyndaky durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ygtybarly kepilidir. Aşgabatda gazak şahyry hem-de akyldary Abaý Kunanbaýewiň, kompozitor Kurmangazynyň ýadygärlikleriniň açylmagy Gazagystan üçin aýratyn buýsançly wakadyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi hem-de munuň üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Astanada Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy. Pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa biziň halklarymyz üçin umumy medeni gymmatlyklary goldandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, şanly senäniň hormatyna ertir geçiriljek forum ägirt uly ähmiýetli waka öwrüler. Beýik akyldaryň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň milli medeni mirasy bolman, dünýä medeni mirasynyň hem aýrylmaz bölegidir. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy. Taraplar bu möhüm ugurda gatnaşyklaryň geljegine garamak barada ylalaşdylar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki döwletiň halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny aýratyn belledi. Gazagystan Bitarap Türkmenistanyň sebit we halkara howpsuzlygy üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan öz halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy, biz doganlyk Türkmenistanyň dünýä giňişliginde gazanýan üstünliklerine begenýäris diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti geçirilen gepleşikleriň jemlerine kanagatlanma bildirdi we türkmen kärdeşine mähirli myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Agşam hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi sapary dowam edýär.

11.10.2024
Türkmenistan netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

Moskwa — Aşgabat, 8-nji oktýabr. Düýn Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

...Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz GDA-nyň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Uly Kreml köşgüne ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Moskwa geldiler. Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde däp bolan surata düşmek dabarasyndan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysady, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda täze iri, özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar, şeýle hem beýleki möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmak bilen bagly meseleleri öz içine alýandygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanlaryna söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine myhmansöýerlik, mähirli kabul edendigi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden ozal, Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa berk jan saglyk, Russiýanyň halkyna hem-de döwletine hyzmat etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi. Wladimir Wladimirowiç Türkmenistanda uly hormat-sarpadan we abraýdan peýdalanýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň arhitektorlarynyň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Jogapkärli döwletler hökmünde biziň esasy wezipämiziň GDA-nyň giňişliginde berk parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmekden ybaratdygyna ynanýaryn. Muny Arkalaşygyň çäginde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ählumumy giňişlikde, halkara guramalarda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine garaýyşlary berkitmek boýunça ylalaşykly hereketler arkaly gazanyp bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Häzirki wagtda täze wehimlerdir howplara garşy durmak meselesi örboýuna galýar. Men, ilki bilen, biologik howp, kiberjenaýatçylyk, maglumat meýdançalaryny bikanun ulanmak ýaly howplary göz öňünde tutýaryn. Biziň ýurtlarymyz bu ýagdaýlar babatda has işjeň, ylalaşykly, düzümleýin çemeleşmelere geçmelidirler, radikalizmiň elementleriniň aralaşmagynyň, duşmançylygy döretmek synanyşyklarynyň öňüni almalydyrlar, olaryň döwlet institutlaryna we jemgyýetçilik durmuşyna ýaramaz täsir etmeginden goramagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Munuň üçin biziň ygtyýarymyzda bar bolan syýasy-diplomatik, guramaçylyk, ylmy-tehniki hem-de beýleki serişdelerden peýdalanmak zerurdyr. Arkalaşygyň içinde parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk mizemez bolmalydyr we ygtybarly kepillendirilmelidir.

Bellenilişi ýaly, daşary giňişlikde hem biziň öňümizde örän möhüm wezipeler durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öz işine başlan sessiýasy häzirki zaman geosyýasatynyň wajyp meseleleriniň ençemesini çözmäge çemeleşmelerde köp babatda konseptual düşünişmezlikleriň bardygyny görkezdi. Şol meseleleriň çylşyrymlydygyna garamazdan, Türkmenistan dünýädäki ýagdaýyň durnuklylaşdyrylmagynyň mümkindiginden, ony syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar. Bütindünýä howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde köpugurly kanuny güýje eýe bolan ýeke-täk gurama hökmünde BMG-niň ulanylmagy bu babatda möhüm şert bolup durýar.

Geljek ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy belleniler. Munuň özi uly tapgyr, gözýetimdir. BMG-niň hyzmatdaşy hökmünde GDA-nyň bu bütindünýä guramasyny berkitmäge, agza döwletleriň BMG-niň Tertipnamasynyň töwereginde jebisleşmegine, onuň kemsidilmeginiň synanyşyklaryna garşy göreşmäge gönükdirilen uly işleri alyp barmalydygy äşgärdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şu babatda Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geljek ýylda çäreleriň geçirilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm bölegi bolup durýar diýip hasaplaýar. Elbetde, bu teklibiň awtory hökmünde Türkmenistan öňümizdäki işlerde has işjeň orny eýelär. Biz bu işe GDA boýunça hyzmatdaşlarymyzy has giňden çekmek, siziň uly goldawyňyza bil baglamak isleýäris. Häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde saldamly işiň dünýädäki ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga uly goşant boljakdygyna, olary kadalaşdyrmak, gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialoga we söhbetdeşlige geçmek ugrunda çykyş edýän sagdyn güýçleriň ählisine syýasy itergi berjekdigine ynanýaryn. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bu işde wajyp orun eýelemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny hem-de anyk wezipeleriň öňde goýlandygyny belledi. Ulag, energetika, senagat kooperasiýasy, beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmenistan şeýle çemeleşmäni doly goldaýar. GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş etmek bilen, resminamalaryň tapgyrlaýyn we yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyndan ugur alýarys, ol ýa-da beýleki ugurda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň möhletlerine berk eýerýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady.

Umuman, GDA-nyň öz ykdysady işinde ählumumy ykdysadyýetiň uly, aýgytlaýjy ýagdaýlaryndan ugur almalydygyna ynanýarys. Häzirki wagtda bu ýagdaýlaryň many-mazmuny ykdysady ösüşiň ugurlarynyň Günorta we Günorta-Gündogara geçmeginden ybaratdyr. GDA bu dolanuwsyz hereketde tebigy giňişlikdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunda Arkalaşygyň çäklerinden Günorta we Günorta-Gündogar ugurlarda halkara hem sebit taslamalaryna GDA-nyň gatnaşmagy netijeli usullaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda munuň üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Ýakynda, sentýabr aýynyň ortalarynda Türkmenistan iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň owgan bölegi işe girizildi. Goňşy ýurduň çägi boýunça Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň şu we geljekde ýüze çykjak beýleki şular ýaly taslamalara gatnaşmagy strategik geljege çykmagyň dogry we ygtybarly ýoludyr. Biz bilelikdäki kuwwatymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi doly derejede ulanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny gowulandyrmak we ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda ulag özara baglanyşygy meselesine hem doly derejede degişlidir.

Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň energetika ulgamynda GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýtdy. GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmegini hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugry hasaplaýarys. Ýurtlarymyzda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmek zerurdyr diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz wekiliýet Baştutanlaryna ýüzlenip, dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiziň GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr. Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durmuşa geçirmäge, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda möhüm meseleleri çözmäge açykdygyny tassyklady. Çünki şeýle çemeleşme biziň bilelikdäki köpýyllyk işimize mahsus ýagdaýdyr.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi üçin Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýandygy we bu duşuşygy taýýarlamaga, üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Soňra sammit GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Mejlisiň barşynda Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri seljerildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler anyklaşdyryldy. GDA-nyň giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, medeni-ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramaçylyk we beýleki degişli meseleleriň birnäçesine-de garaldy. Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar däp bolan netijeli dialoga ygrarlydyklaryny, deňhukuklylyk, uzak möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Sammit jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi bar. Geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.

Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Wnukowo-2» Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

09.10.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 7-nji oktýabr. Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha güýçlenýär. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen döwrebap şäherde giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça halkara derejeli güwänamalara mynasyp bolan täze şähere gelip, ilki bilen, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda bu ýerde halyçylyk kärhanasyny gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt kabul edildi. Ol türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Haly kärhanasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, eli çeper zenanlaryň zähmetinden türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orun eýelär.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Aýratyn-da, täze kärhananyň daşky bezeginde häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary netijeli ulanylmalydyr. Şunda yşyklandyryş ulgamynyň täzeçil usullaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde haly kärhanasynyň daşky bezeginde türkmen halkynyň dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriniň ulanylmagy, şunda paýhasly pederlerimiziň aýratyn ähmiýet beren dagdan agajy, üzärlik ýa-da beýleki keramatly hasaplanýan serişdeleriň, milli keşdeçilik sungatynyň esasy nyşany bolan “goçak” nagşynyň peýdalanylmagy maksadalaýyk bolar diýip, Milli Liderimiz belledi we bu ugra degişli meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde haly kärhanasynyň bina edilmeginde çuňňur many bar. Haly sungatynyň ösdürilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk kärhanasynyň binagärlik aýratynlygyna, enjamlaşdyrylyşyna bolşy ýaly, onuň daşky bezegine-de hemmetaraplaýyn, milli binagärlik ýörelgeleri esasynda çemeleşilmelidir. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtlaryňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz halyçylaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary, olaryň dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan seýilgähiň taslamasy, onda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän şekiller bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aýratyn-da, seýilgähiň çäklerinde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň ýaramlylyk derejesine möhüm üns berilmelidir. Munuň özi adamlaryň amatly dynç alşynyň wajyp şerti bolup durýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, aýratyn-da, gatnaw ýollarynyň çatrygynda oturdyljak özboluşly binalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigine ünsi çekdi. Şunda halkalaýyn aýlawly ýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň ýokary derejede bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz bu ýerde goýuljak mermer we granit daşlarynyň reňkleriniň desganyň yşyklandyryş ulgamy bilen sazlaşmalydygyny belledi hem-de bu işleriň binagärlik, ekologiýa babatda halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheriniň häzirki zaman derejesine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylmalydyr. Şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr we bu meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda-da halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Arkadag şäherinde nobatdaky Wena balyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bolsa täze şäheriň dünýä ähmiýetli dabaralaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini tassyklaýar.

Iş maslahatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny tassyklaýan güwänamanyň ýakyn günlerde Arkadag şäherine gowşuryljakdygy barada habar berildi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan ýurdumyzda bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olary milli seýisçilik däpleri esasynda idetmek we atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna gatnaşmaga çagyrylandygy barada aýdyp, şeýle ýokary derejeli maslahatlara gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyny ýetirmegi Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Häzirki wagtda bu sapara ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda ekologiýa, “akylly” şäher konsepsiýasy, lukmançylyk we oba hojalyk klasterlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu iri maslahatda Arkadag şäheriniň maýa goýum maksatnamasy, maslahat beriş ulgamy we ynsanperwerlik goldawlary ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar hem bolar.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda täze şäherde alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk, Arkadag şäherindäki giň möçberli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda edilýän tagallalar barada hasabatlar berildi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde geçiriljek halkara çärelere, şol sanda Bitaraplyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bolmalydygyny belläp, meýilleşdirilen çärelerde Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, bu ýerde alnyp barylýan işleriň geriminiň we ähmiýetiniň, şäheriň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilendigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak çäresine, Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir. Bütindünýä pul gaznasynyň Arkadag şäheriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň çäklerinde tutuş dünýä ähmiýetli önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň ýokary ekologik derejesiniň, bu ýerde ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylýandygynyň ykrarnamasydyr.

Arkadag şäheriniň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy, şeýle hem ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide täze şähere ýokary derejeli baýraklaryň ýene-de üçüsiniň gowşurylmagy bu ýerde alnyp barylýan işleriň dünýä giňişliginde hemmetaraplaýyn ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Şular barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä pul gaznasynyň nobatdaky maslahatynda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň derejesiniň we ähmiýetiniň doly görnüşde beýan edilmelidiginiň, onda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine, ýokary halkara görkezijilere laýyk amala aşyrylmalydygynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde gurulýan desgalaryň gurluşygynda we olaryň timarlaýyş, bezeg işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik, bezeg ýagdaýlaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi, amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Şeýle hem Arkadag şäherinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

08.10.2024
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji oktýabr. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak babatda geçirilýän işler barada aýdyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, hasabat döwründe döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ýaş Watan goragçylaryny taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bilen üpjün edilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmeginiň hem-de goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň harby gullukdan boşadylmagynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň talabalaýyk derejede geçirilmegini üpjün etmek barada görkezme berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde serkerdeleri taýýarlamak işlerini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ähli ulgamlarda kanunylygyň berjaý edilişine berk hem takyk gözegçiligiň amala aşyrylmagy ugrunda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine sanly tehnologiýalaryň, öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanun bozulmalary, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak maksady bilen, anyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hukuk tertibini pugtalandyrmakda harby we hukuk goraýjy hem-de beýleki edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň möhümdigini belläp, Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen, şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň çäklerinde guralan çäreler hakynda aýdyldy. Mundan başga-da, Ahal, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda IIM-niň Polisiýa müdirlikleriniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalarynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we jemgyýetçilik tertibini goramak, ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek boýunça işleriň degişli derejede geçirilmelidigini aýtdy. Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy içeri işler ministrine degişli görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işler, ony ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, kazylaryň netijeli işlemegi üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Mary welaýatynyň Garagum etrap kazyýetiniň döwrebap binasynyň açylandygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmak, bu düzümiň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna ilat arasynda, edara-kärhanalarda, guramalarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde milli kanunçylygyň düzgünleri barada wagyz-nesihat işlerini alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew döwletimizde amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek maksady bilen ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döwrebap tehniki serişdeleri we usullary ulanmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işleşmegiň, işgärler mümkinçiligini berkitmegiň möhümdigini belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň serhetlerini ygtybarly goramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Serhet galalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi üçin amatly şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek hem tabşyryldy.

Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, ilata talabalaýyk hukuk kömegini bermek ugrunda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk babatda bitewi döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini wajyp ugurlaryň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, ministre hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hem-de her bir raýatyň öz hukuklaryna, borçlaryna doly düşünmegini gazanmak üçin ilat arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň serhetleriniň üstünden geçýän ýükleriň kadaly geçirilmegini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýewraziýa sebitinde üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde ýurdumyzyň geostrategik ornunyň artýandygy bilen baglylykda, bu edaranyň işiniň geriminiň giňeýändigini aýtdy. Munuň özi gümrük serhedi arkaly ýükleriň geçirilmeginiň tertibine berk gözegçilik edilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna gümrük serhedinden geçirilýän harytlary ygtybarly gözegçilikden geçirip, harytlaryň hiliniň bellenen talaplara doly laýyk gelýändigini hemişelik üns merkezinde saklamak barada görkezmeler berildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow bu düzümiň ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýylyň başyndan bäri geçirilen toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu gullugyň esasy maksadynyň döwletimiziň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmekden ybaratdygyny belledi. Bu ulgamda dünýä tejribesini işjeň özleşdirmegiň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna geçirilýän işleri kämilleşdirmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

07.10.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji oktýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen dokuz aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar, ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, Raýat, Maşgala, Býujet, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly Kanunlar, Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin deputatlaryň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri boýunça okuw sapaklary guraldy. Ýylyň başyndan bäri daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 30-dan gowragy geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça maslahatlaryň 91-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlarynyň 28-si guraldy. Şeýle-de Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşleri, täze taryhy döwürde öňde goýlan maksatlary giňden wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin deputatlaryň ençeme çärelere gatnaşýandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda gurulmagy we durky täzelenilmegi meýilleşdirilen desgalar boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň», şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamalaryny seljermegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda-da aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň dokuz aýynda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 105,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 100,3 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, dizel ýangyjyny, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny we önümçiliklerini doly güýjünde, durnukly işletmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 126,3 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 120,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 142,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 226,4 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 119,8 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,4 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 340,6 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, ýetişdirilen pagta, şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek işleri dowam edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmagyň, oba hojalyk pudagynyň kärhanalaryny doly güýjünde işletmek üçin öz wagtynda zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmegi dowam etdirmegiň, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmagyň, tohumçylyk işini ylmy taýdan guramak boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim boldy. Ýylyň başyndan bäri Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 302 million manada deň boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,7 göterime, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 125,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 137,1 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Bilelikdäki kärhanalary, önümçilikleri ýola goýup, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri ilerletmek wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 144,4 göterime, nah matalar 128,4 göterime, tikin we trikotaž önümleri 100,3 göterime, gön önümleri 124,6 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 225 birža söwdasy geçirilip, olarda 21 müň 378 şertnama hasaba alyndy. Dokuz aýda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe sergileriň 17-si, maslahatlaryň 96-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 104 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli harytlary öndürmek boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan harytlaryň eksportyny artdyrmak babatda zerur işleri geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şanly seneler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli çäreler geçirildi. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Hasabat döwründe Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar, konsertler, sergiler we beýleki medeni çäreler guraldy. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde-de dürli çäreler geçirilip, türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Ýurdumyzyň döredijilik topary Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň we kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada-da hasabat berildi. Hasabat döwründe döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Soňra wise-premýer Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, bu döredijilik çäresine Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar hem-de beýlekiler gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu medeni çäräni geçirmek bilen bagly degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde guraljak VI Wena balyna gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň bilim edaralarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly dabaraly çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 1-nji synpa okuwa kabul edilen ähli okuwçylara “Bilimli” noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Baýramçylyk mynasybetli çagalar baglary, orta mekdepler dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyryldy. Mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 15 altyn, 32 kümüş, 55 bürünç medal, halkara internet bäsleşiklerinde 94 altyn, 99 kümüş, 102 bürünç medal gazandylar. Halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda talyp ýaşlar 58 altyn, 122 kümüş, 202 bürünç, toparlaýyn bäsleşiklerde 5 altyn, 11 kümüş, 17 bürünç medala mynasyp boldular.

Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işler dowam etdirildi. Öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi. Gazna tarapyndan saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ enjamlary sowgat berildi. Şu ýylyň dokuz aýynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda 146 altyn, 134 kümüş, 193 bürünç medal gazandylar. Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri”, Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda, 9 — 12-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany, Mary şäherinde Mary welaýatynyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalaryny dabaraly açyp ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçiriler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylar.

Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, sporty ösdürmäge aýratyn üns berlip, Diýarymyzda dürli sport çärelerini, halkara ýaryşlary geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu ugurda tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň dokuz aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin degişli işler geçirildi. Halkara gatnaşyklary giňeltmekde ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy. Ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda saparlarda boldy. Şu ýylyň iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrleri ýurdumyza iş sapary bilen geldiler. Ýylyň başyndan bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary Türkmenistanda saparda boldular.

Daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, halkara derejedäki gepleşikler we duşuşyklar dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 141 resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli amala aşyrylýar. Şeýle hem ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýylyň ahyryna çenli geçiriljek çärelere, resmi we döwlet saparlaryna, halkara maslahatlara, Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, şu ýylyň 26-njy sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherine iş sapary amala aşyryldy.

Bellenilişi ýaly, 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti sessiýada çykyş edip, häzirki zamanyň ählumumy meseleleri, hususan-da, howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi, ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlardaky halkara başlangyçlary barada aýdyldy. Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny geljekde amala aşyrmak maksady bilen, halkara parahatçylygy berkitmek, dünýäde ýüze çykýan dürli ýagdaýlary çözmek üçin öňüni alyş diplomatiýasyna, Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanmak babatda teklipler öňe sürüldi. Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Durnukly ösüş babatda ýurdumyz tarapyndan çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasy; Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasy; Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigi baradaky teklipler beýan edildi. Türkmenistan Aral meselesine, Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde ekologik abadançylygy üpjün etmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Daşky gurşawy goramak maksatnamasy, Ösüş maksatnamasy, degişli halkara maliýe institutlary, şol sanda Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Ynsanperwer ulgam barada aýdylanda, türkmen tarapy ilaty, eneligi we çagalygy goramak, maýyplaryň, bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak, durmuş meseleleri boýunça işleri dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem 2025-nji ýylda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň, dünýäde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belleniljekdigi bilen baglylykda, bu ýylyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şoňa görä, bu şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri BMG-niň agza döwletleri bilen bilelikde üstünlikli geçirmegiň möhümdigi aýdyldy.

Nýu-Ýorka saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “C5+1” düzümdäki duşuşygyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky her ýylky duşuşygyna gatnaşdy. Olarda garalan meseleler boýunça Türkmenistanyň resmi garaýyşlary beýan edildi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçirilen duşuşygyň barşynda iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň Aşgabada bolan iş saparynyň hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň nusgawy häsiýete eýedigi, häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde duran dürli meseleler babatda ýurdumyzyň işjeň we oňyn orny nygtaldy.

Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri ýola goýmak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde çykyş etmegi, şeýle hem nobatdaky sessiýada ýurdumyzyň öňe süren teklipleri we başlangyçlary munuň şeýledigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyz geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,5 göterime deň boldy. Arkadag şäheriniň demir ýol menziliniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň gurluşyk işlerine girişildi, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Hasabat döwründe “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 109,5 göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 148,3 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 112,8 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 114,3 göterim ösüş gazanyldy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu ulgama degişli düzümleýin önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Hasabat döwründe halkara forumlaryň, bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmagyň, ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak babatda zerur çäreleri görmegiň, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy, iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilmeli meýilnamalar barada aýdyp, ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny nygtady. “Şoňa görä-de, 2024-nji ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmämiz yhlas bilen zähmet çekmeli” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gowy netijeleri gazanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. “Türkmenistanda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunda saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri uly hormata mynasypdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.10.2024
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

Aşgabat, 3-nji oktýabr. Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Gahryman Arkadagymyz mejlisi açmak bilen, Prezidiumyň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilip geçilendigini, halkymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylandygyny aýtdy.

Bilşiňiz ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de onuň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly soraglaryň girizilendigini belledi.

Milli Liderimiz mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandyklaryny aýdyp, gün tertibiniň birinji soragyna geçmek bilen, onuň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler hakyndadygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Permana hem gol çekendigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi hem-de bu barada we forumyň netijeleri boýunça çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

R.Meredowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň dürli ugurlary bilen bagly strategik meselelere seredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň eden taryhy çykyşynda Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek, uzak möhlete gönükdirilen maksatlar baradaky mümkinçiliklere seljerme berildi. Hususan-da, ýurdumyzyň daşary syýasaty barada durlup geçilip, 2025-nji ýylda şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň halkara derejede giňden belleniljekdigi aýdyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda wise-premýer türkmen halkynyň Milli Lideriniň: “Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr” diýip, Halk Maslahatynyň mejlisinde aýdan sözlerini mysal getirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem öz çykyşynda döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat ugruna uly üns berdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri, abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň görnüşde amala aşyrýandygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde seredilen meselelerden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisine, Ministrler Kabinetine, Daşary işler ministrligine, syýasy partiýalara we jemgyýetçilik guramalaryna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralardyr çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek hem-de bu babatda döwlet guramaçylyk toparyny döretmek tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer geçiriljek çäreleriň we dabaralaryň meýilnamasyny taýýarlamagy teklip etdi. Meýilnamada Bitaraplyk syýasaty, parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy berkitmek, dialog medeniýetini ösdürmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa meselelerine bagyşlanan dürli dabaralardyr çäreler öz beýanyny tapar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilen sepgitleriň netijeleri we dünýä syýasatynyň geljegi bilen bagly meselelere bagyşlanan halkara forumy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara parlament dialogyny, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygyny, dialogy, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny barada halkara maslahaty, parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça ýaşlaryň halkara duşuşygyny, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda parahatçylyga, ynanyşmaga we Bitaraplyga bagyşlanan halkara maslahaty, ýylyň ikinji ýarymynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Ženewa parahatçylyk hepdeliginiň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli halkara çäreleri, 2025-nji ýylyň dowamynda BMG-niň Wena şäherinde ýerleşýän halkara merkezinde dostluk dabarasyny geçirmek teklip edildi.

R.Meredow Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda uly tagallalary edýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkymyza sowgat eden ajaýyp goşgusynda parahatçylyk, ynanyşmak ideýalarynyň aýdyň beýan edilýändigini hem-de asudalygy, howpsuzlygy berkitmekde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny açyp görkezýändigini nygtady. Ol çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklary esasynda ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli zerur işleriň geçiriljekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz çykyşy diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini nygtap, munuň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini görkezýändigini belledi. Biz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralarydyr çäreleri guramaçylykly geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmelidigini nygtady. Şonuň ýaly-da, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler bilen garşylamaga düýpli taýýarlyk görmeli.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri indiki meselä geçip, ýurdumyzyň ylym-bilim, saglyk, sport ulgamlarynda, ýaşlary kämil derejede ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, öňde durýan wezipeler, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» barada çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa söz berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzy ösdürmek bilen bagly toplumlaýyn meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, örän möhüm çözgütler kabul edilýär. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen mejlisde hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň maksatnamalaýyn çykyşlarynda beýan eden taglymatlary, kesgitlän wezipeleri, onda kabul edilen çözgütlerdir gol çekilen resminamalar täze döwletli işlere badalga berdi.

Wise-premýer türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak babatda badalga beren nusgalyk işleriniň bu gün üstünlikli dowam etdirilýändigini, milli hem öňdebaryjy tejribeleriň, ylmyň, tehnologiýalaryň gazananlarynyň tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylyp, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ylym we bilim döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, dünýäniň ykdysady, ylmy-medeni giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagyň berk binýadyna öwrülip, häzirki günde bu ulgamlary döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Işlenip taýýarlanan konsepsiýalar, strategiýalar, maksatnamalar esasynda bilim işi ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirilýär, ylymly-bilimli, watansöýüji nesil kemala getirilýär, ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, ylmy barlaglar iňňän möhüm, geljegi uly ugurlara gönükdirilýär, oýlap tapyşlar, ylmy-tehniki gazanylanlar milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň bilim we ylym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleriniň täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Şeýle hem wise-premýer türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ynsan saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyny, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylyp, halkara ykrarnamalara mynasyp bolan saglygy goraýşyň milli nusgasynyň kemala getirilendigini nygtady. Şonuň ýaly-da, Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda sportuň pajarlap ösýän ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň dünýä dolýandygyna, halkara ýaryşlaryň, dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede geçirilip, bedenterbiýäniň we sportuň belent ýörelgeleriniň dabaralandyrylýandygyna üns çekilip, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmeginiň bu ugurdaky üstünliklerimiziň dünýä derejesindäki aýdyň ykrarnamasydygy aýdyldy.

B.Orazdurdyýewa çykyşynyň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bilim özgertmelerini dowam etdirmek, türkmen medeniýetini, edebiýatyny, taryhyny täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek, Arkadag şäherinde bu ugurda halkara ylmy-barlag merkezini döretmek, täze strategiýalary, konsepsiýalary, maksatnamalary taýýarlamak barada beren möhüm tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk taglymatlaryna eýerip, öňde duran wezipeleri hem-de tabşyryklary ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz çykyşy diňläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, kabul edilen milli maksatnamalara laýyklykda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, möhüm Kararlaryň, çözgütleriň kabul edilýändigini belledi. Şoňa görä-de, biz geljekde-de ylym ulgamyny ösdürmäge, onuň hukuk we maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmäge üns bermeli. Ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak işine aýratyn ähmiýet bermeli. Ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, önümçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaly. Ylym-bilim bilen meşgullanýan edaralary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibinde goýlan üçünji mesele boýunça Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler hem-de Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» barada çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa söz berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär, halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orun eýeleýär. Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisiniň çözgütleri barada durup geçip, D.Orazow türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde geçirilen umumymilli forumda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz we döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has gowulandyrmak, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ýerine ýetirilmeli işleri kesgitläp, olary amala aşyrmakda anyk wezipeleri öňde goýdular. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Permana gol çekmegi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin begençli wakalaryň biri boldy. Resminamada ýerine ýetirilen, ýerine ýetirilýän we geljekde ýerine ýetirilmeli işler giňişleýin beýan edildi, şeýle hem şäheriň ähli ulgamlaryny sazlaşykly, durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bu resminamanyň esasy maksady bolup durýar.

D.Orazow degişli Permanyň Arkadag şäherinde zähmet çekýän agzybir işgärler üçin şatlykly waka bolmak bilen, olaryň jogapkärçiligini hem has-da artdyrandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, şäheriň häzirki we geljekki meýilnamalary barada durlup geçildi. Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleriň durmuşa geçirilýändigi, täze şäherde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilip, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işleriniň muňa anyk şaýatlyk edýändigi, amala aşyrylýan bu beýik işleriň raýatlaryň, çagalaryň bagtyýar geljegine gönükdirilendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy çykyşynyň ahyrynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny onuň gözelligine görk goşup, binagärlik keşbi bilen sazlaşykly dowam etdirmek boýunça gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, häzirki döwürde Arkadag şäherinde nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyny nygtap, bu ýerde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, dolandyryş binalarynyň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň gurlup ulanmaga berilýändigine, şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň bolsa güýçli depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Biz ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa önümçilikleri döretmäge möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işe girizilmegini muňa mysal hökmünde görkezip bolar. Bu kärhananyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Arkadag şäheriniň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmagyň, şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, olary yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmegiň, şäheriň ilatynyň iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmegiň — Halk Maslahatynyň mejlisini yzygiderli geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, onuň halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmegiň, jemgyýeti dolandyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm guraly hasaplanýandygy, döwletimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça-da netijeli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, biz geljekde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün ederis. Ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý taryhy tejribesine, asylly däplerine daýanarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylaryň her biriniň öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigine, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibinde göz öňünde tutulan birnäçe soraglara seredilendigini hem-de olary ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdyp, mejlisi tamamlady we hemmelere alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi

Aşgabat, 3-nji oktýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň we onuň çäklerindäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de gazanyljak ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we soňky ýyllarda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formaty ýaly köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ilerledilýändigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ynanyşmak, özara hormat goýmak esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Söhbetdeşler täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek meselelerine degip geçip, Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişini göz öňünde tutup, bu ulgamy kämilleşdirmegiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýandygyny tassykladylar. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtap, Ýutta Urpilaýnen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň işjeň hereketlerine ýokary baha berdi.

Mälim bolşy ýaly, ekologik taýdan amatly, howpsuz, netijeli we ygtybarly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi durnukly ykdysady hem durmuş ösüşini goldamakda zerurdyr, halkara hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Biz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we türkmen tarapynyň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýnen birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

04.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ähli tagallalarymyzy Garaşsyz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirýäris

Eziz Diýarymyzda baş baýram — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy şanly wakalara we zähmet üstünliklerine beslendi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwlary bu günki günde hakykata öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýyny arşa göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny, döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna hem-de paýtagtymyzdaky Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada geçirilen dabara gatnaşdy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine gelip gowuşýan iň döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalarynyň gözden geçirilişi Watanymyzyň goranyş kuwwatyny, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga taýýarlygyny, türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny, başarjaňlygyny aýdyň şöhlelendirdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň abadançylygy, bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan Dowamly atly ajaýyp bedew sowgat berildi.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary Garaşsyzlyk baýramyna zähmet ýeňişlerini bagyşlady. Dabaraly ýörişe Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Arkadag şäheriniň, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň sebitleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Şanly sene mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde milli aýdym-saz sungatynyň, häzirki zaman eserleriniň iň gowy nusgalary ýaňlandy. Eziz Watanymyzyň gözelligini, güýç-kuwwatyny, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert tamamlanandan soňra, ak mermerli paýtagtymyzyň asuda asmanyny baýramçylyk feýerwerki gurşap aldy we ol şol günki ajaýyp çäreleriň jemini jemledi.

28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleri dowam etdi. Meşhur ahalteke atlaryna bagyşlanan giň gerimli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, artistleriň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary, pälwanlaryň milli göreş boýunça bäsleşigi bu ýerde hakyky türkmen toýuna mahsus köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi.

Göýä uçup barýan ýaly duýgyny döredýän, gadymdan bäri gözel keşbi, syraty bilen dünýäni haýrana goýýan bedewler dürli aralyga geçirilen çapyşyklaryň ýedisinde öz tizligini we çeýeligini görkezdiler. Jemleýji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy. Soňra ýeňijilere baýraklar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyny Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. Şunuň bilen birlikde, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärleriniň, önümçiligiň öňdebaryjylarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekilleriniň, döredijilik işgärleriniň, zähmet weteranlarynyň bir toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi. Olar döwletimiziň, halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin orden-medallar bilen sylaglandylar, şeýle hem hormatly atlar dakyldy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdiler. “CLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň, “Buig” we “Jоhn Deere” kompaniýalarynyň, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň wekilleri bilen ýurdumyzda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň gerimini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan bilen geçirilen duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň giň möçberli milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, tohumçylygy ösdürmäge şahsy goşandy üçin «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ýokary ada mynasyp bolan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy Iwan Kuzmin bilen duşuşdy. Oba hojalykçy akademik ýurdumyzyň oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan döredilen bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” atly täze görnüşlerine ýokary baha berdi. Obasenagat pudagyny ylmy esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň öz oňyn netijesini berýändigi bellenildi. Bu bolsa ýurtda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine, pudagyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri, uzak möhletleýin geljek üçin ýurdumyzy ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol günüň öň ýanynda taryhy maslahata gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýandygyny, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, olaryň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Adam başyna düşýän girdejiniň, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesi; ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagy; ykdysady özgertmeleriň işjeň depgini; dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk ykdysady ösüşleriň esasy aýratynlyklarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlar barada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagyň; saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagyň; ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegiň zerurdygy bellenildi. Arkadag şäheriniň halkara ylym-bilim merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrmagyň, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegiň möhümdigi barada aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýän, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler barada aýdyp, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar. Gahryman Arkadagymyz maliýe bazaryny ösdürmegiň, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň meselelerine aýratyn üns çekip, 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bu bolsa ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berer. Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň geljek ýylda geçiriljek mejlisinde 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag, medeni, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryna garamagy teklip etdi.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde çykyş edip, ýurdumyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha ýokarlandyrmaga gönükdirilen, şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi hem-de eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanmagy muňa şaýatlyk edýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Üstünlikli amala aşyrylýan sebit we milli derejedäki maýa goýum taslamalary oňyn netijesini berýär. Munuň özi Diýarymyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkidilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga gowy şert döredendigi barada aýdyldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek göz öňüne tutulýar. Bu maýa goýumlar ýurdumyzy ösdürmäge gönükdiriler hem-de täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga we döwrebaplaşdyrmaga şert döreder.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleriň gönükdirilendigini nygtady. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna goýberilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 67,8 göterime, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin bolsa 32,2 göterime deň boldy. Muňa garamazdan, ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly Döwlet býujetiniň girdeji bölegi artdyryldy. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar.

Nygtalyşy ýaly, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler geljekde-de yzygiderli dowam etdiriler. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýylda-da üstünlikli dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Mejlisde «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimizi mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda, Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda Permanlar bar.

25-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap, metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp, Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak hem-de ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň 22-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýaty we 15 milletiň wekili bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Şeýlelikde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen giň gerimli çäreler ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýetilen belent sepgitleriň, halkymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde gazanylan ajaýyp üstünlikleriň aýdyň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrylýan düýpli özgertmeler üstünliklere beslenýär.


02.10.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 30-njy sentýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar doly güýjünde işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatdaky medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş paslyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, ýygnalan pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek babatda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatdaky edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýygymyň depginini güýçlendirmek, kombaýnlary we beýleki tehnikalary doly güýjünde, netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň güýzlük gök ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şaly oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň, edara-kärhanalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklar berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, gysga wagtda ýygnalyp alynmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu ugurdaky işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek, gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda ekilen güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Ýurdumyzda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragyna başlamak boýunça taýýarlyk işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň guramaçylyk derejesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

01.10.2024
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi gözel Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenilýän milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan ajaýyp baýramçylyk çäreleriniň, göwün galkyndyryjy wakalaryň eziz Watanymyza bolan söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da berkitjekdigine berk ynanýaryn.

33 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň taryhyna bu gün şöhratly we ýeňişli sahypalar ýazylýar. Biziň her birimiziň durmuşymyzy düýpgöter özgerdýän maksatlarymyz hasyl bolýar, ýurdumyzy dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmakda täze belent sepgitlere ýetilýär. Her bir güni, her aýy, ýyly örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik wakalaryndan doly täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris. Türkmenistany dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işleri amala aşyrýarys.

Merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça oýlanyşykly, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aşgabat, Arkadag şäherlerini, welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürýäris. Diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Milli maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, mähriban halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýan üstünliklerimiz ählimizi örän buýsandyryp, ylham-joşgun berýär, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.

Ýurdumyzy özgertmekde gazanan üstünliklerimizi, iň ýokary gymmatlygymyz bolan adamyň berkarar durmuşyny üpjün etmekde ýeten belent sepgitlerimizi bu gün bütin dünýä ykrar edýär. Biz Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna gabatlap, döwrebap durmuş-medeni maksatly binalary açyp ulanmaga tabşyrdyk. Öz maýa goýum serişdelerimiziň hasabyna amala aşyrylýan uly möçberli taslamanyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berdik. Şeýle hem ulag-kommunikasiýa, logistika desgalaryny açmak we düýbüni tutmak dabaralaryny ýokary derejede geçirdik. Munuň özi biziň milletimiziň ägirt uly ruhy galkynyşynyň, döwletimiziň gurplulygynyň aýdyň nyşanydyr.

Eziz watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ygtybarly, jogapkärli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Biziň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen umumadamzat bähbitli başlangyçlarymyz halkara giňişlikde yzygiderli goldaw tapýar. Biz özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňeldip, eziz Watanymyzyň dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürýäris. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirýäris.

Hormatly adamlar!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde gülläp ösýän Watanymyz, Garaşsyzlygymyz we Bitaraplygymyz, agzybirligimiz hem-de jebisligimiz barada öňe sürlen gymmatly taglymatlar ählimizi nurana geljegimiziň bähbidine belent maksatlara ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak, abadan we bagtyýar durmuşymyz üçin alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam etdireris. Watany söýmegiň berk binýatly däplerine, parahatçylyk, dostluk ýörelgelerimize, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky milli tejribämize daýanyp, ähli tagallalarymyzy dünýädäki ornumyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de güýçlendirmäge gönükdireris.

Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, egsilmez bagtyýarlyk hem-de maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Goý, rowaçlyklaryň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, onuň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

27.09.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr. Şu gün Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni uludan toýlandy. Bu baýram halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Her bir şanly senäni ajaýyp zähmet ýeňişleri, dabaralary bolsa ýokary ruhubelentlik bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Ine, şu günki baýramçylyk çäreleri-de Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

...Ir bilen Garaşsyzlyk seýilgähinde, ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň özboluşly nyşany bolan beýik binagärlik toplumynyň öňünde ildeşlerimiz, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlar ýygnandylar. Güýzüň mylaýym şemalynda parlaýan baýdaklar, dürli reňkdäki gül desseleri bu ýere ýygnananlaryň kalbynda buýsanç we watançylyk duýgularyny döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Ýadygärlik toplumynyň ýanynda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygyndan ýöreýär. Onuň ugrunda edermen Watan goragçylary — merdana pederlerimiziň beýik şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirijiler nyzama düzüldi.

Taryhy hakyda döwletliligimiziň binýadydyr. Ata-babalarymyzyň “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýen parasatly sözlerine eýerýän halkymyz asyrlarboýy ýaş nesli öz taryhyna hormat goýmak ruhunda terbiýeläpdir. 33 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygyny gazanan ýurdumyz täze döwre gadam basdy. Munuň özi biziň häzirki üstünliklerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň berk binýadyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baş baýramyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetendigini aýtdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyza parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Garaşsyzlygyň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýýar. Bu ajaýyp güller merdana ata-babalarymyzyň halkymyzyň erkinligi hem-de Garaşsyzlygy ugrunda köpasyrlyk göreşlerde görkezen edermenligine baky hormat-sarpany alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýdular. Biraz wagtdan ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdança halkymyzyň watançylyk duýgularyny alamatlandyrýan ajaýyp güllerden boglan çemenlere beslendi.

Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

...Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.

27.09.2024
Garaşsyzlyk — biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr. Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döretmek, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolup durýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýyl uly üstünliklere beslenýär. Şol üstünlikler halkymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy netijesinde gazanylýar. Şu gün bellenilýän uly baýram biziň her birimiz üçin aýratyn mana eýedir. Sebäbi ol özünde birnäçe ajaýyp taryhy wakalary jemleýär. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynanýaryn. Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda nygtady.

Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli esasy dabaralar toý lybasyndaky köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Hökümet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler.

Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine barýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga alýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär. Döwlet Baştutanymyz gözden geçirilişe başlamaga rugsat berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady, harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň hukuk ýagdaýyndan, maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alýarlar.

...Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär. Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby gullukçylary we harby talyplary, Milli goşunymyzyň esgerleridir serkerdeleri egin-egne berip durlar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Mukaddes tugumyz asuda asmanymyzda parlap, hakyky watançylyk, ata Watanymyza çäksiz söýgi, halkymyzyň döredijilik ruhy ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyrýar. 33 ýylyň dowamynda ýurdumyz Döwlet baýdagynyň astynda öz täze taryhyny ýazýar, öňegidişligiň, gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent sepgitlere ýetýär, Garaşsyz we Bitarap döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

...Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere ýetirilen şöhratly däpleri saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar.

Däp boýunça, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler. Hormat garawulynyň aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň owazy astynda Döwlet baýdagyny, goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny meýdançadan alyp geçýärler.

Ýurdumyzyň ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi ady hemişe belentden tutulýan häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar.

Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde ykrar eden Türkmenistan goranmak we ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýär. Pederleriň asylly däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan ýaş harby hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň dabaraly açylmagy hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, bu harby mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Watan goragçylarynyň gününe gabatlanyp, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilipdi.

Zenan harby gullukçylar şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň we Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen asmanda Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edýärler. Artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada batalýony hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler.

Meýdança Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip at berlen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri çykýarlar. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de aýgytlylykdan ybaratdyr. Olar halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly beýik söweşjeň serkerdelerimiziň şöhratyna mynasyp nesillerdir.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.

Türkmen halkynyň buýsanjy hem şöhraty bolan, ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler täze taryhy döwürde döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşyň aýdyň nyşany bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan goragçylarynyň, hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga taýýardygyny görkezýär. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişini synladylar.

Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, döwrebap takyk ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» atly korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Tomaşaçylar ekranda “Galkan” kysymly serhet-gorag gämilerini synlaýarlar.

Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan gezekli-gezegine dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip gidýär. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «TITAN DS» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «ХР-1000» we «MV-850» kysymly kämil kwadrosikller hereket edýär. Soňra meýdança ýokary söweşjeň ýaraglar gurnalan «MRZR-2», «MRZR-4» kysymly harby awtoulaglar çykýar. Watan goragçylary «DAGOR» harby awtoulaglarynda öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.

Harby tehnikalaryň gözden geçirilişi «Land Rover» we «Bars» kysymly ýeňil harby awtoulaglar, «NIMR», «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglar bilen dowam edýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar bu awtoulaglar bilen sazlaşykly hereket edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. Baýramçylyk ýörişini “BTR-80A” kysymly sowutlanan tehnikalardyr pulemýotlar hem-de göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýän «TITAN-DS» we «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar dowam edýär. 2-nji mehanizirlenen kerweniň öňüni «Taýfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «T-90S» tanklary, “BMP-2D”, “BMP-3” kysymly pyýada goşunyň döwrebap harby ulaglary geçýär.

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary kuwwatly öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilip, yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly hökmünde bu goşun bölümlerinde ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalaryny görkezip bolar. Şol tehnikalar münberiň öňünden geçýär. Soňra meýdançadan «KamAZ» kysymly awtoulagyň çekijisine ýüklenen «D-30» görnüşli toplar, «BM 21A BELGRAD» hem-de «Smerç» kysymly reaktiw ulgamlar geçýär. Olar ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar.

Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «TITAN DS» kysymly harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan, «KLTV-181» kysymly köpmaksatly söweşjeň harby awtoulaglar, pesden uçýan uçarlar we dikuçarlar, «ZU-23-2» kysymly sowutlanan ulaglar geçýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýörişe «Baýraktar TB2» we «Falko» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlar hem gatnaşýar. Şeýle-de dabara gatnaşyjylara «SKY STRIKER» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «Orbiter-2B», «CW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar, «QW-12» görnüşli elde göterilýän asmana atyjy raketa toplumy, «LDC-00» kysymly radarly serkerdelik dolandyryş ulgamy görkezildi.

Harby gözden geçiriliş «Rode Şwars» kysymly aragatnaşyk toplumy oturdylan «Land Rover» we «SwellPro Spash Drone 4» uçarmansyz uçýan enjamly, «MAN» kysymly harby awtoulaglaryň geçmegi bilen dowam edýär. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň howa giňişligini ygtybarly goraýarlar. Olaryň yzy bilen «KS-1A», «FD-2000», «Peçora-2BM», «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň kerweni barýar.

Soňra meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugynyň “KIA KLTV 141” kysymly harby awtoulaglary hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýär. Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler hem-de olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan “Toyota Hilux” awtoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141» hem-de «Cobra» kysymly köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar.

Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlar, «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar geçýär. Ýörişi “IVECO” awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir.

Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «33» ýazgyny emele getirip geçýärler. Bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde «IVECO M65» kysymly ýörite enjamlaşdyrylan sowutlanan söweşjeň awtoulagy, «Storm-Rider» söweşjeň awtoulagy, «Lazar III» kysymly sowutlanan tehnikalar görkezildi. Altynjy mehanizirlenen kerweniň başyny «TITAN DS» kysymly sowutlanan täsin awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Içeri işler ministrliginiň «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglary geçýär. IIM-niň işgärleriniň garamagynda «FORD ATLAS», «Toyota Tundra», «GMC Sierra», «PMV Survivor II» we «INKAS SENTRY» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar hem bar. Olar halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny, jemgyýetçilik düzgün-tertibini goldamaga hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145» hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary hem tomaşaçylara görkezildi.

Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Bu tehnikalaryň maksady guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije-gündiz ot açyş bilen goldamakdan ybaratdyr. Olaryň yzy bilen «С-27J Spartan» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler. Bu bolsa Watanymyzyň asmanynyň asudalygyny goramagyň ygtybarly ellerdediginiň güwäsidir. Şu gün görkezilen häzirki zamanyň iň kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Harby-howa güýçleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw işlerini alyp barmaga, guryýer goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga niýetlenendir.

Dabaraly harby ýörişde görkezilen iň döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigini aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişini Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony dowam edýär. Bu düzümiň esgerleri ellerindäki ýaraglary bilen nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler. Meýdançada Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde bina edilen heýkeliniň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilleri emele getirilýär. Soňra gaýduwsyz Watan goragçylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini alamatlandyrýan “33” sany şekillendirýärler. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan we milli sungatymyzyň gaýtalanmajak eseri bolan türkmen haly gölüniň şekilini emele getiren Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy.

...Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam edýär. Döwrebap sanly tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň mümkinçilikleri watandaşlarymyzyň, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň bu dabara göni ýaýlymda tomaşa etmeklerini üpjün edýär.

Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykarýar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligini, beden gurluşyny açyp görkezýär. Dowamly atly bu ajaýyp bedew Käkilik we Mertebeli diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen naýbaşy ahalteke tohumyna degişli bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berilýär.

Türkmen halkynyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu ajaýyp gyr bedew meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Soňra elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bolan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlanýar. Gadymy döwürlerden bäri behişdi bedewler halkymyzyň ähli baýramçylyklarynyň bezegidir. Bedewler täze taryhy döwürde milli taryhymyzyň janly nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize sowgat edilip, soňra döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ýokary okuw mekdebine berlen bedewlerde dabaraly geçýärler. Meýdança çykarylan ajaýyp dor at çarpaýa galyp, münberiň öňünden geçýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramçylygy mynasybetli görkezme çykyşlary taýýarlanyldy. Çapyksuwarlaryň at üstünde ussatlarça ýerine ýetirýän tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Atlylaryň çykyşlary we baýdakly çapyksuwarlaryň ýörişi ornuny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş bilen çalyşdy. Meýdança tans toparlary, türkmen halkynyň, şeýle hem dünýäniň beýleki halklarynyň görnükli şahsyýetleriniň keşplerini janlandyrýan teatr artistleri çykdylar. Olar häzirki nesillere watançylyk mazmunyndaky goşgy setirleri we aýdymlar bilen ýüzlenýärler.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular açýarlar. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Mejlise we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Munuň özi milli medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň, öwrenmegiň hem-de ony geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu şanly senäniň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler agzybir halkymyzy täze üstünliklere, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykýar. Mälim bolşy ýaly, gurluşygynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalar giňden ulanylan bu täsin “akylly” şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Adamlaryň ýaşamaklary üçin has amatly şertler döredilen bu täze şäheriň köp sanly halkara sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri birbada üç baýraga mynasyp boldy: olar “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklardyr. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher” diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheri sylaglandy. Bu täsin şäher dünýäniň şähergurluşyk we inženerçilik-tehniki tejribesiniň ähli innowasion hem-de öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär. Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärligiň we dizaýnyň öňdebaryjy meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde bina edilen ajaýyp şähere “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly aýdym we tans kompozisiýasy bagyşlandy.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şanyna gutlaglar ýaňlanýar. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Paýtagtymyz sebitiň we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi yzygiderli özgerýär, infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, durmuşyň ähli ugurlaryna ösen sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunda ekologiýa ugruna aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üsti dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär. Baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda, tutuş ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi. 1-nji sentýabrda bolsa Aşgabatda şäher häkimliginiň toplumynyň binasy açyldy. Paýtagtymyzyň binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan birnäçe desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek.

Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde sebitleriň durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň her biri mähriban Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimizi we dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana göterilýän köpöwüşginli şarlar aýratyn baýramçylyk ruhuny döredýär.

Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy we raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etdi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda bu pudaga degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap desgalar guruldy. Şunuň bilen birlikde, şypahana-dynç alyş infrastrukturasy hem giňeldilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär we netijeli tejribe alşylýar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary astynda durmuşa geçirilýän bu köpugurly işler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagynda öz mynasyp beýanyny tapdy.

Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara standartlaryň derejesine çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýändigi aýdyň hakykatdyr. Ylmy we tehnologiýany ösdürmek, ýurdumyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ugurdaş maksatnamalary we konsepsiýalary durmuşa geçirmek, hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek täze taryhy döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde, ders olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze, döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy. Şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzda ýaş nesliň aýratyn alada we söýgi bilen gurşalandygyny aýdyňlygy bilen tassyklady. Aýdymçylaryň, çagalar döredijilik we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kompozisiýasy ählihalk baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Meýdança Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler çykýarlar. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar. Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde, häzirki wagtda milli sport ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy. Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmek, tälimçileriň we beýleki hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, türkmen türgenleri dürli abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we medallara mynasyp bolýarlar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy we Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bularyň ählisi dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň yzygiderli artmagyna ýardam berýär.

Meýdançadan Türkmenistanyň ykdysadyýet ulgamynyň gazananlaryny we üstünliklerini şöhlelendirýän bezegler bilen bezelen awtoulag platformasy hereket edýär. Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň wekilleri geçýärler. Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Däp bolşy ýaly, bu şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirildi. Köpugurly sergi ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça döwlet strategiýasynyň, milli maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň, innowasion taslamalaryň netijelerini aýdyň görkezdi. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýerine ýetirilen işler, gazanylan üstünlikler barada özboluşly “hasabaty” hödürlediler. Baýramçylyk ýörişi ykdysadyýetiň pudaklarynyň her biriniň ýeten sepgitleri baradaky teswir bilen utgaşýar.

Meýdançadan gurluşyk-senagat toplumynyň işgärleri geçýärler. Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş şygarydyr. Muňa täzeçil şähergurluşyk strategiýasy hem şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi düýpli döwlet goldawyna eýedir. Ýurdumyzda bar bolan awtomobil ýollaryň durky täzelenilýär hem-de täzeleri gurulýar. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň awtoulag platformasynyň bezeginde öz beýanyny tapdy.

Soňra Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işgärleri ýeten sepgitlerini görkezýärler. Olaryň kärhanalary ýerli çig mal esasynda ýokary hilli, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri, şol sanda gurluşyk, timarlaýyş serişdeleriniň, mineral dökünleriň, beýleki himiki önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde senagat infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Muňa şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Lebap, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň ulanmaga berilmegi-de anyk mysaldyr. Bu kärhanalaryň hersiniň kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenendir.

Soňra meýdançadan Energetika ministrliginiň awtoulag platformasy geçýär. Täze taryhy döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başy başlandy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji iýunynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Munuň özi bu taslamanyň üçünji — ahyrky tapgyrynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy. Netijede, Türkmenistanyň energiýa zynjyrlaryny bir halka birleşdirýän elektroenergetika ulgamy emele geldi.

Elektrik energiýasynyň eksporty we onuň iberilýän ugurlarynyň giňeldilmegi barada aýdylanda, bu ugurda ýurdumyz sebit hem halkara ähmiýetli taslamalaryň başyny başlap, olary durmuşa geçirýär. 11-nji sentýabrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedi işe girizildi. Ýurdumyzda ekologik taýdan arassa energiýany we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak ulgamynda-da yzygiderli işler alnyp barylýar.

Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezilýär. Döwletimiz tarapyndan pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli önüm öndürýän täze kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler şöhlelendirilýär. Olaryň arasynda gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde meşhur bolan ajaýyp türkmen halylary-da bar. “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň ýerine ýetiren “Alkyşnama” atly aýdymy we tans kompozisiýasy dabaraly ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy.

Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp barýan işi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini dünýä bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekdir. Şoňa görä, hususy pudagy höweslendirmäge we goldamaga, pudagyň wekilleriniň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli ugurlarda öndürijilikli zähmet çekýärler, sarp ediş harytlaryny öndürmekde, gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda ösen tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýärler. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekde, bäsdeşlige ukyply, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun degişlidir.

Häzirki wagtda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň, sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşiniň — deňiz, demir ýol, awtomobil, howa ulaglarynyň we aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýolagçy, ýük daşamalaryny kämilleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa torlaryny ösdürmek, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagyň infrastrukturasyny täzelemek boýunça maksatnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet münberiniň öňünden «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», “Türkmenaragatnaşyk» agentliklerine wekilçilik edýän bezelen awtoulag platformalary hem-de bu toplumyň wekilleri geçýärler.

Türkmenistanyň Ýewraziýa we transkontinental aragatnaşyk ýollarynyň strategik çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstaşyr ulag, logistika mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şu aýda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi, şeýle hem Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbi tutuldy.

Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri geçýärler. Meýdançadan “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň awtoulag platformalary hereket edýär.

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany emele getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ýurdumyz giň gerimli taslamalaryň başyny başlaýar we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem bar. 11-nji sentýabrda Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň, TOPH taslamasynyň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu giň gerimli taslama ykdysady ugur bilen bir hatarda, wajyp durmuş wezipelerini çözmekde-de uly ähmiýete eýedir. Aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Nebit-gazly jan Watanym” atly kompozisiýasy hem şanly toýa bagyşlandy.

Soňra meýdançadan Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, bank pudagyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi. Watanymyzy yzygiderli ösdürmekde, maýa goýum işjeňliginiň artmagynda olara möhüm orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Bank hyzmatlary ulgamyna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi giňeldilýär, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar. Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, olaryň çäklerinde guralan ugurdaş sergiler şu ýylyň möhüm wakalary boldy. Bu iri çäreler Türkmenistan bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda oňat mümkinçilikleri döretdi.

Oba hojalyk ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we pudagyň işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk bolçulygyny pugtalandyrýan Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn alynýar. Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz oba hojalyk işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýär. Şu ýyl türkmen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň hem “ak altynyň” bereketli hasylyny ýygnamagyna garaşylýar.

Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň öz ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaklary üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklary tutuş dünýäde giňden wagyz edilýär we halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýär. Türkmen halkynyň sungatynyň we senetçiliginiň birnäçe görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy we şahyryň beýikligi 60 metre ýetýän ýadygärligi açyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Änew şäherini bolsa “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etdi. Bu şanly wakalar mynasybetli ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda dürli çäreler geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy beýik söz ussadynyň eserleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň, şeýle hem “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çap edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Arkadag şäherinde üstünlikli geçirilen Medeniýet hepdeligi hakyky döredijilik baýramçylygy bolup, oňa gatnaşyjylara we myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.

Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramy!” atly kompozisiýasy Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Artistler çykyşynda mähriban Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy wasp etdiler.

Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary tutuş ýurdumyzda dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny şatlyk hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen jemlendi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary çykyş etdiler. Konsert tamamlanandan soňra, baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň gijeki görnüşlerini bezedi.

27.09.2024