Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hormatly Prezidentimizi ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nasser bin Ahmed Al Taherini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Katar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda pugtalandyrmagy hem-de täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki özara saparlar bolsa ony has-da ilerletmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny ilkinjileriň biri bolup goldaýandygy üçin katar tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda, türkmen we katar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, men jenap Nasser bin Ahmed Al Taherini Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň tutanýerliligi, jogapkärçiligi, şahsy başarnyklary özüne ynanylan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Nasser bin Ahmed Al Taheriniň Siziň ynamyňyzy hem-de hormatyňyzy gazanmak ugrunda tagallalaryny göz öňünde tutup, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, türkmen halkyna gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Beýik Biribardan Sizi öz penasynda aman saklamagyny dileýärin.

Siziň dostuňyz,

Şeýh Tamim bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiri.

19.11.2025
Türkmen-özbek gatnaşyklary: dostluk we strategik hyzmatdaşlyk köprüsi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Daşkent — Aşgabat, 17-nji noýabr (TDH). Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň netijeleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary türkmen we özbek halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy.

Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli açylan bu medeni-dynç alyş seýilgähi ýurtdaky iň iri seýilgähleriň biridir. Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň şekili ýerleşdirilipdir. “Garaşsyzlyk” ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň eteginde: “Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň mizemez hakydasyna” diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Özbegistany ösdürmek boýunça hereketleriň strategiýasynyň bäş ileri tutulýan ugruny alamatlandyrýar. Toplumda doganlyk özbek halkynyň baý medeni mirasy, beýik serkerdelerdir esgerleriň, alymlardyr akyldarlaryň şekilleri şöhlelendirilipdir. Ýadygärligiň barelýeflerinde Özbegistanyň taryhynyň esasy tapgyrlary, şol sanda ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk bilen şekillendirilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri belent mertebeli myhmany özbek topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew däp bolan özbek-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan hem-de Özbegistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň baý many-mazmunly gün tertibini kemala getirdiler. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara hyzmatdaşlyk depginli ösüşi bilen tapawutlanýar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany bolup durýandygyny nygtady.

Dostlukly ýurduň Baştutany söwda, ulag, energetika, suw hojalygy ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki işe ýokary baha berip, şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bitiren ägirt uly hyzmatyny aýratyn nygtady. Prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky ýylda iki esse artdyrylandygyny aýdyp, harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň we erkin söwda tertibini netijeli ulanmagyň hasabyna bu görkezijini ýene-de köpeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de senagat kooperasiýasyny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk serişdelerini, derman serişdelerini, azyk önümlerini we beýleki isleg bildirilýän harytlary öndürmek boýunça täze taslamalara işewür toparlary işjeň çekmegiň möhümdigi bellenildi. Energetika ulgamynda netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ulag ulgamy iki ýurduň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy, gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp, halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýtdy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklar barada aýdyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi we biziň sebitimiziň taryhyň dowamynda Gündogaryň we Günbataryň arasynda medeniýet köprüsi, dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin giňişlik bolup hyzmat edendigine ünsi çekdi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň netijeli ugry bolmagynda galýar. Söwda-ykdysady ulgam barada aýdylanda, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we häzirki wagtda söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary öz içine alýar. Özara haryt dolanyşygy ösüş depgini bilen tapawutlanýar.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyna degişli alty sany Kararnamany kabul etdi. Türkmenistan bu ugurdaky syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam etdirmek bilen, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe sürýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň esasy ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini aýratyn nygtap, Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny utgaşdyrmaga ýardam berýän zerur infrastrukturany hem-de şertleri döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan we ondan aňryk Hazar deňzine, Pars aýlagyna çykýan ulag ugrunyň ähmiýetine üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri bilen ozal geçirilen ýokary derejeli duşuşykda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan türkmen-özbek serhedinde dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny we halkara maliýe institutlaryny çekmek arkaly Farap — Olot ulag-logistika merkezini döretmek baradaky meselä seretmegiň teklip edilendigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki işe taýýardygyny tassyklady.

Energetika ulgamy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy Özbegistana eksport edilýär. Gaz pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy özara kabul ederlikli şertlerde çuňlaşdyrmaga taýýardygyny, gaz ulgamynda strategik hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem oba hojalygy, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak wajypdyr.

Suw meselesi ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw-energetika meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda garalmalydygyndan, çözgütleriň özara hormat goýmak we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda kabul edilmelidiginden, suw meseleleriniň halkara guramalaryň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylmalydygyndan ugur alýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taryhyň, diliň, däp-dessurlaryň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet ulgamynyň wekilleri iki ýurtda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şol sanda lukmançylyk bilimi babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde ylmy-barlag, bejeriş we önümçilik kuwwatlyklaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport ulgamlarynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna-da ünsi çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüniň ahyrynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Ilki bilen, özbek tarapyndan Horezm welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berilýär. Ol şeýle desganyň gurlup berlendigi üçin Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini açmaga ak pata bermeklerini haýyş etdi.

Soňra türkmen tarapyndan Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerine hoşallyk sözlerini aýtdy we Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyşyna ak pata bermeklerini haýyş etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu günki taryhy wakanyň ähmiýetini belläp, gadymdan gelýän dostlukly özbek-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze derejä çykarylýandygyny, ony has-da pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryny nygtady we söwda merkezini açmaga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem dabara gatnaşyjylary bu taryhy waka bilen gutlap, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegine ak pata berdi. Şol pursatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesýärler. Soňra serhetýaka söwda merkezi barada taýýarlanan wideoşekil görkezildi.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa goýulýan hormatyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlarynyň Özbegistanyň halky tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr.

Özbegistanyň Prezidenti şu günki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýoly mynasyp dowam etdirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek gutlady.

“Siz görnükli döwlet işgäri hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly doganym Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Ozal hem belleýşim ýaly, ýurduňyzda adamlaryň abadan durmuşynyň ygtybarly binýadyny döredýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Men her gezek doganlyk Türkmenistana baranymda, Siziň baştutanlygyňyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň şaýady bolýaryn” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady. Dostlukly ýurduň Lideri şu gün geçirilen gepleşikleriň dowamynda Arkadag şäheriniň hemmeler üçin nusgalyk bolup durýandygyny belläp geçendigini aýtdy we Özbegistanyň degişli ýolbaşçylarynyň bu şäherde saparda bolanlarynda, şäheriň infrastrukturasynyň olarda ýakymly täsirleri galdyrandygyny we innowasion şäheri gurmakda doganlyk Türkmenistandan köp zatlary öwrenip boljakdygyna üns çekendigini aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew iki döwletiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş edýändiklerini, halkara gatnaşyklarda ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini we bu gatnaşyklaryň beýleki döwletler üçin görelde bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimizi Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de bu sylagyň iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrülmegini arzuw etdi.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak baradaky kabul edilen çözgüt üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bu sylagy Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, köpasyrlyk türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, biziň umumy taryhymyz, medeniýetimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň nusgalyk derejesini görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyz köpýyllyk bilelikdäki işiň dowamynda syýasat, ykdysadyýet we beýleki möhüm ugurlarda ýokary netijeleriň gazanylmagynyň guwandyryjydygyny aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, döwlet hem-de halkara işlerinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Garagalpak Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Kaşkaderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda Türkmen-özbek bilermenler geňeşini döretmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kanunçylyk we hukuk syýasaty institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; halkara awtomobil ýolagçy we ýük gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Ylalaşyga goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda nebit önümlerini we himiki suwuk ýükleri daşamak üçin demir ýol wagonlaryny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň arasynda 2026 — 2030-njy ýyllarda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy”; 2013-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaçalar girizmek hakynda Teswirnama; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Şertnama bar.

Soňra hemmeleriň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Resminamalary alyşmak dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, bu taryhy saparyň doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryny köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Türkmenistan Özbegistanyň iň ýakyn goňşusy, wepaly dosty we ygtybarly strategik hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz bilen gepleşikleriň mazmuna baý bolup, açyk we dostlukly ýagdaýda geçendigini nygtady. “Biz hyzmatdaşlygymyzyň netijeleri barada düýpli pikir alyşdyk, gepleşiklerimiziň ähli ugurlary öz içine alýan gatnaşyklarymyzy ösdürmekde, iki doganlyk ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde we ony täze belentliklere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýarys. Şu gün biz syýasy, söwda-ykdysady, ulag, suw-energetika, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik” diýip, özbek Lideri belledi.

“Soňky ýyllarda özara söwda dolanyşygy ep-esli artdy. Şunda «Şabat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyna aýratyn orun degişlidir. Şu gün biz hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ony işe girizmek dabarasyna gatnaşdyk. Biz bu tejribäni beýleki serhetýaka sebitlerde, ilkinji nobatda, Olot — Farap sebitinde durmuşa geçirmegi maksat edinýäris” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle-de ol gepleşiklerde energetika meselesine aýratyn üns berlendigini, taraplaryň elektrik energiýasyny ibermekde we üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, iki ýurduň çäginde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklandyklaryny belledi.

Özbegistanyň Prezidenti sebitara hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugurlaryň biridigini, onuň uly gyzyklanma bildirilýän we geljegi uly formatdygyny belläp, muňa bilelikdäki tagallalar arkaly göz ýetirilendigini, Buharada we Türkmenabatda Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň sebitleriniň forumynyň üstünlikli geçirilendigini, ýakyn wagtda Hywada iki ýurduň ähli sebitleriniň gatnaşmagynda üçünji forumyň geçiriljekdigini aýtdy hem-de Hökümetlere bu ugurda ulgamlaýyn iş alyp barmak üçin bilelikdäki “Ýol kartasyny” kabul etmegiň tabşyrylandygyna ünsi çekdi.

“Biz düýn Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşygyň netijeleriniň integrasiýa proseslerine we ýurtlarymyzyň jebisligini pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdik. Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara goldaw bermegiň tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadyk. Sebit hem-de halkara gün tertibiniň ähli möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň doly gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň netijeleriniň köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini, taraplaryň ýurtlarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi hem-de belent sepgitlere ýetmegi maksat edinýändigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli, many-mazmunly gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygynyň tassyklanandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ugurlaryň kesgitlenendigini hem-de birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Özbegistan Respublikasyna bu döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge uly ýardam berjekdigine ynam bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň wajyp ugurlary boýunça pikir alşylandygyny nygtady.

“Biz berk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygymyzy tassykladyk. Hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyryna has okgunly häsiýeti bermek barada ylalaşyk gazanyldy” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de şunda halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berlendigini belläp, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, energetika we ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, gepleşiklerde umumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn orun berildi, ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklary tassyklanyldy. “Daşoguz — Şabat” söwda merkeziniň açylmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şu gün iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda onuň dabaraly açylyşy boldy. Şeýle-de energetika, ulag-kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag ulgamynda taraplar Merkezi Aziýanyň ulag ulgamlaryny birleşdirýän we ýurtlarymyza iri halkara ugurlara çykmagy üpjün edýän döwrebap ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirerler. Hususan-da, Türkmenistan Pars aýlagyna we Hazar deňzine çykýan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini ulanmak baradaky teklibiň ýene-de bir gezek beýan edilendigini, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag ugrunyň taslamasyny tiz durmuşa geçirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdiginiň bellenilendigini aýtdy. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa meselelerine-de aýratyn üns berildi. Şunda Aral sebitinde ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen esasy sebit düzümi bolan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, taraplar medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Liderine we özbek wekiliýetiniň agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline bardylar.

Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine we gazanylan ylalaşyklara kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini tassykladylar we birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Hökümet agzalary hormatly Prezidentimizi Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanylmagy hem-de dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sebitiň ýurtlary, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi we hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet sapary Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolup, onuň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik häsiýete eýedigini tassyklady. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda gazanylan ylalaşyklar, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir. Bu döwlet sapary diňe bir Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmäge hem uly goşant goşup, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.

***

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary özbek kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

18.11.2025
Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy

Aşgabat — Daşkent, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasaty sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderli, sazlaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede hem ornunyň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen, aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki wagtda köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halky has-da ýakynlaşdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki bilen türkmen-özbek gatnaşyklary soňky ýyllarda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ýokary derejedäki özara döwlet we resmi saparlary döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň hem-de açyklygyň aýdyň beýanydyr. Bu işjeň dialog dürli meseleleri, şol sanda halkara giňişlikdäki strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan hem-de Özbegistan halkara guramalaryň çäklerinde möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryny utgaşdyryp, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, bilelikdäki kärhanalary döretmäge, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini döretmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu taslama söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, serhetýaka söwdanyň möçberini artdyrmaga, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ulag-logistika pudagy-da hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurtlarymyz sebiti dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hazar deňzinde döwrebap port infrastrukturasy bolan Türkmenistan goňşy ýurtlara, şol sanda Özbegistana ulag geçelgelerini döretmek üçin bähbitli ugurlary teklip edýär. Mundan başga-da, ýurtlarymyz strategik taýdan ähmiýetli energetika ulgamynda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Halk diplomatiýasyny, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Taryhy we ruhy umumylyklar medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýady döredýär. Iki ýurtda özara Medeniýet günleri, festiwallar we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa baý medeni mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, köpasyrlyk dostlugyň mizemez binýadyna esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklary häzirki günde strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezip, Merkezi Aziýada durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň, abadançylygyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Howa menzilinde iki ýurduň Prezidentleriniň söhbetdeşligi boldy. Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, Prezident Şawkat Mirziýoýew bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýdular.

Soňra Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitiň bäş ýurdunyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy we integrasion prosesleri pugtalandyrmak maksady bilen döredilen möhüm sebit meýdançasydyr. Sammitlerde özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça dialogy ösdürmäge üns berilýär. Ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, bitewi energetika ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek bilelikdäki işiň wajyp ugurlarynyň biridir. Her duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamalar we konseptual maksatnamalar kabul edilýär.

Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu dialogda umumy meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýa Ýewropany we Aziýany, Demirgazygy hem-de Günortany baglanyşdyrýan möhüm merkez hökmünde garaýar we üstaşyr ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge gönükdirilen gün tertibini öňe sürýär. Hususan-da, ýurdumyz sebit üçin täze bazarlara we deňiz portlaryna ýol açýan multimodal ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Konsultatiw duşuşyklarda ýurdumyz sebitde hem-de onuň çäkleriniň daşynda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalary öňe sürýär. Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň täze ugurlaryny döretmek bilen, sebitde durnuklylygyň, integrasiýanyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

Saglygy goraýyş ulgamy öňe sürülýän başlangyçlarda aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny bellemek gerek. Bu başlangyç Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin uzak möhletli institusional mehanizmleri döretmäge çalyşýandygyny görkezýär. Şeýle-de ýurdumyz bilelikdäki festiwallary, Medeniýet günlerini, ylmy maslahatlary yzygiderli geçirmegi teklip edip, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly üns berýär. Türkmenistanyň bu başlangyçlary üstünlikli syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk binýadyny döredip, sebitiň halklarynyň taryhy-medeni umumylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň konsultatiw duşuşyklaryň çäklerindäki başlangyçlary hemişe toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmegi maksat edinýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk formatynda eýeleýän netijeli ornuny tassyklaýar.

...Ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Kongres merkeziniň foýesinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de şu gezekki sammitiň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmegi bilen gutlady. Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik hem-de şu sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň şu formata doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Ykdysady, maýa goýum işjeňliginiň Gündogar we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara geçýändigini nazara almak bilen, sebitimiziň bu ornunyň barha artjakdygy mälimdir. Biziň ýurtlarymyza ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Munuň üçin Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar barada barmaýar. Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini nygtaýarys. Şeýlelikde, bolup biläýjek daşarky oňaýsyz şertleriň täsirine durnukly elektrik üpjünçilik ulgamy üçin ygtybarly serişde binýady dörediler.

Senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görýäris. Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Umuman, sebitde ekologik meselelerde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris. Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitiň ýurtlary üçin möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, ýurtlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidenti çuň manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, sebit ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek, serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, “ýaşyl” energetika boýunça taslamalary ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we onuň täsirlerini peseltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

17.11.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Mejlisde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba işleri boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşyklar barada-da aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň wekilleri BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti tarapyndan guralan maslahatlara gatnaşdylar, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 151-nji Assambleýasyna we BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde guralan çärä gatnaşmak üçin iş saparlary amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, kuwwatly tehnikalaryň hem-de seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen türkmen geologlary tarapyndan tebigy baýlyklaryň ýerasty gorlaryny ýüze çykarmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlaryň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri has-da netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Lebap welaýatynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyş paslynda dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli taýýarlyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, ýygnalan hasylyň talabalaýyk saklanylmagyna, gaýtadan işlenilmegine berk gözegçilik etmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işlerini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, olaryň daş-töwereginde dürli görnüşli agaç nahallaryny, bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, şanly senä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabadyň şaýollaryny, köçelerini bezemek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, maliýe we bank ulgamlarynda, energetika, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynda, bilim, medeniýet, ýaşlar, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Katar Döwleti bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşige Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolaryň arasyndan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda gazanan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, durnukly esasda ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Nygtalyşy ýaly, Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Özbegistan hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly dialogy ösdürmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. “Özbegistan Respublikasy biziň ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine konsultatiw duşuşyga hem-de Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler awtomobil ulag serişdelerinde işleriň guralyşyny kämilleşdirmäge, ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ulaglary pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady hem-de awtomobil ulagynda ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak işini kämilleşdirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.11.2025
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, goňşy hem-de dünýäniň beýleki sebitlerindäki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Ýewropa ugrudyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ýewropa ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berlip, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

7-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 24-nji mejlisinde taraplar birnäçe geljegi uly ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ulag, sanlylaşdyrma, energetika, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar bilelikdäki taslamalary we teklipleri ilerletmäge taýýardyklaryny, geljek ýyllar üçin ikitaraplaýyn “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy, Türkmenistanda pudaklaýyn forumlary geçirmegi meýilleşdirýändiklerini beýan etdiler.

Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň meselelerine başlangyçly çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz sammitde eden çykyşynda ýurdumyzyň bu formatda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we ony yzygiderli esasda ýola goýmaga berk ygrarlydygyny belläp, anyk ylalaşyklardyr netijelere ýetmäge gönükdirilen ygtybarly hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň işlenip düzülmegini goldaýandygyny nygtady. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Samarkantda geçirilen halkara klimat forumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Türkmenistanyň bu ugurda tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklady hem-de Ýewropa Bileleşigini «ýaşyl» gün tertibi boýunça düýpli we uzak möhletleýin bilelikdäki işe gatnaşmaga çagyryp, ony «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň aýratyn iş ugry hökmünde görkezmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň 24-25-nji oktýabrda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň netijelerini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Ýokary derejedäki, şeýle hem Hökümetleriň, daşary syýasat edaralarynyň we parlamentleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üstünlikli döwletara hyzmatdaşlyk üçin berk binýady goýdy.

Döwlet Baştutanymyz bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda Rimde geçirilen gepleşiklerde taraplaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy. Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ähli Kararnamalary goldady we olaryň köpüsiniň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Resmi saparyň çäklerinde Rimde Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi we onuň gün tertibine söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Italiýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen forumyň wekilçilikli düzümi dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk etdi. Işewürlik maslahatyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bu duşuşygyň ähmiýetini belläp, onuň göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermäge, dünýä geoykdysadyýetindäki häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçilikleri göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar, iki ýurt hem hyzmatdaşlygyň baý tejribesine eýedir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň mümkinçilikleri has giňdir, bilelikdäki tagallalar beýleki ugurlary, şol sanda strategik ulgamlary gurşap almalydyr we şunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen-italýan işewürlik geňeşini döretmegiň, işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmeginiň, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň iki ýurduň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagynyň möhümdigini nygtady. Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bank-maliýe pudagynda, karzlaşdyryş, ätiýaçlandyryş we birža ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýokary tehnologiýalar, sanlylaşdyrma, “akylly” şäherleri döretmek ugurlary boýunça özara gatnaşyklar üçin hem giň şertler bar.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-italýan gatnaşyklarynda aýratyn orny eýeleýär. Baý taryhy-medeni mirasy bolan ýurtlarymyz bu ugurda uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. 30 ýyldan gowrak wagt bäri italýan arheologlary türkmen kärdeşleri bilen Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde bilelikdäki gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Rimdäki Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasynyň geçirilmegi möhüm waka boldy. Sergide bilelikdäki arheologik ekspedisiýalaryň dowamynda tapylan özboluşly tapyndylaryň bir bölegi görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz serginiň açylyş dabarasynda çykyş edip, onuň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan aýdyň maksatlaryň dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly ýardam berýändigini nygtady. Munuň özi iki ýurduň medeniýetleriniň biri-birini baýlaşdyrmagy we özara tejribe alşylmagy üçin uly mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ýurtlarda, şol sanda Ýewropada muzeý gymmatlyklarynyň giň gerimli sergilerini guramakda baý tejribe toplandygyny bellemek gerek. 2018-2019-njy ýyllarda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň birnäçe iri muzeýlerinde guralan «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly sergi muňa aýdyň mysaldyr. Ondan öň 2016-njy ýylda ABŞ-nyň iň iri sungat galereýasy bolan Nýu-Ýorkdaky «Metropoliten» sungat muzeýinde «Köşk dünýäsi we älem: Seljuklaryň beýik eýýamy» atly sergi geçirilipdi. Häzirki wagtda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy ählumumy ykrarnama eýe bolýar we ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki abraýynyň has-da artmagyna goşant goşýar. Halkymyzyň özboluşly milli mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Italiýa resmi saparynyň netijeleri gazanylan ylalaşyklarda we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapdy. Olar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Ýurdumyzyň Italiýa Respublikasy bilen köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki gatnaşyklary hem işjeň häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 30-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň geljegi uly bu formatyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary sammite gatnaşyjylaryň goldawyna mynasyp boldy. Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça tagallalar barada aýdylanda, şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirendigini bellemek gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary hem Ýewropa ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna hem täze itergi berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň maýynda Fransiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň dowamynda taraplaryň dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň we Fransiýanyň Prezidentiniň arasynda Parižde geçirilen gepleşiklerde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady ulgamda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2027-2028-nji ýyllarda Parižde türkmen topragyndan tapylan, bürünç asyryna degişli arheologik tapyndylaryň sergisini guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Şunda arheologiýa ulgamynda 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Saparyň çäklerinde Milli Liderimiz iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-fransuz ykdysady forumyna hem gatnaşdy. Gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar Türkmenistanyň we Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.

Ýewropanyň öňdebaryjy maliýe institutlary bilen ýola goýlan gatnaşyklar hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýuselde geçirilen ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygy boýunça «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» ýokary derejeli dialogyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň bu ugurda ÝB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky garaýşy beýan edildi we köpugurly hyzmatdaşlyk mehanizmlerini pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Sentýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýa Respublikasynyň Bled şäherinde geçirilen Bled strategik forumyna we onuň çäklerindäki «The Centrality of Central Asia» atly «tegelek stol» söhbetdeşligine gatnaşdy. Onda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň ynanyşmak hem-de açyk dialog üçin gural hökmünde ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag, energetika arabaglanyşygyny ösdürmäge, «ýaşyl» başlangyçlary ilerletmäge we hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň ekologiýa, howa gün tertibi bilen utgaşdyrylmagyna goşýan goşandy bellenildi.

Oktýabrda ýurdumyzyň wekiliýeti Lýuksemburgda geçirilen sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ynanyşmak, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.

30-31-nji oktýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri türkmen-german söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy. Çärä öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň, banklarynyň, senagat we pudaklaýyn birleşikleriniň, türkmen işewür toparlarynyň we döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ykdysadyýet günleriniň maksatnamasyna plenar mejlisler, duşuşyklar, gepleşikler girizildi we onuň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky dialogyň hem netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ÝHHG tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň sentýabrynda Wenada geçirilen ÝHHG-niň hemişelik geňeşiniň mejlisinde bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklardaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýändigi nygtaldy. Şeýle hem ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň guramagynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin dialogy berkitmäge, bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen çäreler geçirildi.

11-nji sentýabrda ÝHHG-niň meýdançasynda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda Hereketleriň Awaza maksatnamasy bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gün tertibiniň, şol sanda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işiniň arasyndaky arabaglanyşyk barada durlup geçildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan netijeli daşary we içeri syýasatynyň, dürli ugurlardaky üstünlikleriniň, baý medeni mirasynyň, gözel tebigy künjekleriniň, syýahatçylyk mümkinçilikleriniň dünýäniň, şol sanda Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýändigi hem bellärliklidir. Ýurdumyz dünýäniň maglumat giňişliginde-de netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini görkezmek bolar. Şu ýylyň fewralynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen geçiren duşuşyklarynda Ýewropanyň bu öňdebaryjy media guramasy bilen gatnaşyklary giňeltmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebit, sebitara we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy, gülläp ösüşi üpjün etmek üçin ýewropaly we ähli gyzyklanma bildirýän beýleki hyzmatdaşlar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

(TDH)


Beýleki habarlar
14.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de saparynyň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, geçen 25 ýylyň içinde Aziýanyň ösüş banky ýurdumyzda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Şol taslamalar dürli ugurlary, hususan-da, elektroenergetika, üpjünçilik we demir ýol ulgamlaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýurdumyz boýunça kabul edilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar Watanymyzyň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistanda ilata hödürlenilýän saglyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak we lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi. Şunda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlary işjeňleşdirilmelidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde energetika, suwy we energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýol açýar. Ýangyç-energetika pudagynda özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kanda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi.

12.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak babatda zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim sebitde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, topraga aýawly we jogapkärçilikli çemeleşmegiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we häkime möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň talaplarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň babadaýhanlary pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny bökdençsiz işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň babadaýhanlaryny gazanan zähmet üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaýa ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimize welaýatyň babadaýhanlarynyň şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň şalyçy babadaýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlap, olara işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine, ýygnalan hasylyň kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Sebitde bugdaý ekişi doly geçirilip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. 2026-njy ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän senagat üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Möwsümde ulanylýan kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmek barada tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Lebap welaýatynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, önümçilikde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme doly taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmegi, Lebap welaýatynda şaly hasylynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Sebitlerde pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iýmiň taýýarlanylmagyny üpjün etmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky binalarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.11.2025
Türkmenistan netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.

Ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda başlangyçly çykyş edip, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hemme taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerinden ugur alýar. Şeýle çemeleşme döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, “C5+1” formaty Merkezi Aziýanyň 5 döwletini — Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Özbegistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän diplomatik platformadyr. 2015-nji ýylda ýola goýlan bu başlangyç sebitiň ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça dialogy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu mehanizmiň çäklerinde daşary işler ministrleriniň, döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilýän duşuşyklar umumy meseleleri bilelikde çözmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

...Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Ak tama geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy. Hormatly Prezidentimiz Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşmak üçin Ak tama gelmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu formatyň ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi we bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýdyp, Birleşen Ştatlaryň ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygyny, Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Sammitiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Prezident Donald Tramp sammite gatnaşyjylary mübärekläp, çakylygy kabul edip Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz agzalan formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Prezident Donald Tramp döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama, medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz A.Ataýewa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gül dessesini gowşuryp, Milli Liderimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa gutlaglar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu platforma milli hem-de sebit bähbitlerini ilerletmek üçin möhüm mehanizm hökmünde garaýandygyny tassyklady. Ýurdumyz ulag özara baglanyşygy, energetika howpsuzlygy, ekologik durnuklylyk ýaly meselelere halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekip, ählumumy gün tertibine goşant goşýar we üstaşyr geçiriji, energetika merkezi hökmünde sebitdäki ornuny barha pugtalandyrýar.

* * *

Hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy.

(TDH)



08.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “C5+1” formatyndaky hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigini nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň gazanylan netijelere ýokary baha berýändigini hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Bu hyzmatdaşlyk kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir. “Soňky ýyllarda Kongresiň wekilleriniň Türkmenistana saparlary amala aşyryldy hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berýän çäreler geçirildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň özara düşünişmegi, syýasy dialogy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ABŞ-a saparynyň çäklerinde geçirilýän Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

(TDH)

08.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.

Işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz işewüri mähirli mübärekläp, saparyň çäklerinde geçiriljek Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň kompaniýanyň ýolbaşçysyna türkmen wekilleri bilen geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sporty we syýahatçylygy ösdürmäge durnukly ösüşiň möhüm ugurlary hökmünde garaýar. Ýurdumyz halkara hil, ekologiýa standartlaryna, innowasiýalara üns bermek bilen, döwrebap sport hem-de syýahatçylyk infrastrukturasyny işjeň ösdürýär.

Işewür Türkmenistanda döredilen ösen sport infrastrukturasynyň ýurtda bu ugra uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýändigini, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty işjeň ilerledýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Nicklaus Сompanies” kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamalaşdyrmak we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasynda agzalan ulgamda bilelikdäki hereketler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap golf klubunyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi. Bu taslama Türkmenistanda golfy ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz “Nicklaus Сompanies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzda golf infrastrukturasyny ösdürmäge, sportuň bu görnüşini wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH)

08.11.2025
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanda nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Ýangyç-energetika toplumynda ösüşleriň gazanylmagy ykdysadyýetiň senagat-innowasion taýdan ösüşini çaltlandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Şoňa görä, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda nebit senagatyna aýratyn orun degişlidir.

Nebit diňe bir ýangyç serişdesi bolmak bilen çäklenmän, himiýa senagatynyň hem binýatlaýyn esasyny emele getirýär. Bu ugurda ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanalary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda dürli senagat önümleri — ýokary oktanly awtoulag benzini, uçar, yşyklandyryş kerosini we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, çalgy ýaglary, polipropilen, elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy, dürli galyňlykdaky gaplama plýonkasy öndürilýär.

Häzirki wagtda gaz pudagy ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirip, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Bu pudakda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlaglary geçirmek we ulanmaga bermek işi uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlarynda ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýar. Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi bilen yzygiderli ösdürilýär. Şunda gaz çig malyny düýpli gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şundan ugur alyp, soňky ýyllarda Türkmenistan energetika howpsuzlygy meselesine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip, öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerledýär.

Her ýyl geçirilýän duşuşyklardyr maslahatlar ýurdumyza bildirilýän uly gyzyklanma şaýatlyk edip, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu ýylyň oktýabrynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi munuň aýdyň güwäsidir. Energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek, geljegi uly nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrmak, energetika merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny seljermek arkaly sebitde energetika özara baglanyşygyny ösdürmek bu çäräniň esasy maksady boldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur işewürlik düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, bu forum 1 müň 400-den gowrak wekili, 100-den hem köp kompaniýany bir meýdança jemledi. Foruma gatnaşanlaryň wekilçilikli düzümi ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artýandygyny görkezýär. Dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmaklary ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty, deňhukukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklary, energetika ulgamyndaky netijeli başlangyçlary bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigi bellenilýär. Maslahatyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk», «Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek», «Energetika geçişi üçin çig mal serişdeleri: maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikler» ýaly mowzuklar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny belläp, ýurdumyzyň ägirt uly möçberdäki uglewodorod baýlyklarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Maslahatyň dowamynda resmi däl söhbetdeşlikler hem geçirildi. Türkmenistanda işleýän öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary dünýäniň strategik taýdan iň ähmiýetli energetika bazarlarynyň birinde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar türkmen kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we taslamalary durmuşa geçirmek babatda tejribe paýlaşdylar.

Amatly maýa goýum ýagdaýy, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertler döredilen Türkmenistan nebitgaz pudagynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Bu babatda ýurdumyz dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri, halkara guramalar bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyz Halkara energetika hartiýasynyň doly hukukly agzasydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi bilen bagly Kararnamalar kabul edildi. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine goşýan uly goşandynyň aýdyň güwäsidir.

Türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermek Garaşsyz Watanymyzyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistan energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geoykdysady ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, sebit döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen bu energetika taslamasy diňe bir türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň iri döwletlerine uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin hem kuwwatly binýat bolar. TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagy, aýratyn-da, Owganystanda parahatçylygyň berkarar edilmegi, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň TOPH gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly mejlisde eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler we onuň doly durmuşa geçirilmegi bilen, owgan halky üçin täze iş orunlary dörediler. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, tutuş sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer. Geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bolan TOPH taslamasy diňe bir gaz geçiriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlygyň, özara ykdysady gatnaşyklaryň, umumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen tagallalaryň hem nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, ol sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin köpri bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen ýylyň sentýabrynda uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şeýle giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Olar diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine-de oňyn täsirini ýetirer.

Hazar deňziniň türkmen kenaryny we «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasynyň örän möhüm we geljegi uly ugrudyr. Bu babatda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Önümi paýlaşmak baradaky şertnamalar esasynda dünýäniň öňdebaryjy nebit kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen energetika hyzmatdaşlygynyň çägini giňeldýär, ägirt uly tebigy serişdelere, uglewodorodlaryň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, olary bütin adamzadyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Geosyýasy we ykdysady ýagdaýyň amatly bolmagy, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyz deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Energetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde bu hyzmatdaşlyga uly üns berilýär.

Ýurdumyzda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiýa bilen bagly ugurlaryna, ekologik taýdan arassa harytlardyr hyzmatlar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Kömürturşy gazynyň daşky gurşawa goýberilýän möçberini azaltmak we tebigy gaza bolan islegiň artmagy dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çuňňur gyzyklanma bildirýän döwründe dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr. Häzirki wagtda ekologiýa meselesi Durnukly ösüş maksatlarynyň ilkinji wezipeleriniň hatarynda esasy orna çykarylýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek bu maksatlary durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlardyr. Durnukly ösüş maksatlary ekoulgama aýawly çemeleşmek we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak arkaly innowasion ösüşi işjeňleşdirmegi, geljek nesiller üçin daşky gurşawy goramagy maksat edinýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar.

Ekologik ýagdaýa bildirilýän talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olaryň rejeli ulanylýandygyny, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýändigini, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça wajyp halkara başlangyçlaryň öňe sürülýändigini bellemek gerek. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalary ornaşdyrylanda ekologik töwekgelçilikleri azaltmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak boýunça degişli işler geçirilýär. Netijede, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň bu babatda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, energiýa serişdeleriniň öndürilmegi bilen birlikde, olaryň üstaşyr iberilmegi, ulanylmagy ýaly ulgamlary gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça BMG-niň Kararnamalary bilen berkidildi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirjekdigini belledi. Ählumumy metan borçnamasyna goşulyp, Türkmenistan energetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we beýleki degişli çäreleri durmuşa geçirmek arkaly 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy, uzak möhletleýin döwürde her ýyl öz hasabyna zyňyndylary ep-esli azaltmagy, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň goldawy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna goşant goşmagy meýilleşdirýär.

Häzirki döwürde nebitgaz toplumynda innowasion, ylmy-tehniki çözgütleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Önümçilik işiniň ähli tapgyrlaryny — gözlegden, çykarmakdan we eksportdan başlap, dolandyryş, gözegçilik merkezleriniň üsti bilen awtomatlaşdyrmak esasy wezipedir. Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde geljegiň ýangyjyna — wodoroda aýratyn orun degişlidir. Energetika tehnologiýalarynyň düzümine innowasiýalaryň girizilmegi bilen, wodorod energetikasy täze bazarlary «özleşdirmäge» girişýär. Ol senagat önümçiliginde ulanylanda, parnik gazlaryny emele getirmezden, ýylylyk bilen üpjün edip bilýär. Çünki onuň ýylylyk döretmek kuwwaty ýangyjyň beýleki görnüşlerinden üç esse ýokarydyr. Gaz zyňyndylary bolmazdan arassa ýangyç hökmünde ulanylmagy, howpsuzlygy, tygşytlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy bu energiýa serişdesiniň artykmaçlyklarydyr. Mundan başga-da, ony energiýany toplaýjy hökmünde peýdalanyp bolýar.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder. Umuman, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy oýlanyşykly strategik diwersifikasiýa syýasaty we döwlet goldawy esasynda yzygiderli ösdürilýär. Bu pudakda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary diňe bir milli ykdysadyýetiň ýokary girdejililigini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň energetika durnuklylygyna-da mynasyp goşant goşýar.

(TDH)


07.11.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki işler talabalaýyk dowam edýär. Şunda şäheriň ähli düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde eýeleýän derejesini pugtalandyrýar.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine garaljakdygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çäresi bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görülýändigini, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň ýokary derejede, giňden belleniljekdigini nygtady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda bu gün uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köp sanly çäreleriň guralandygyny belläp, ýokary derejede geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigine ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzda çagalaryň we ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu ýyl gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli halkara maslahat hem ýokary derejede geçirildi. Gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürildi. Bularyň ählisi biziň maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, bilim bermek bilen bagly işlerde halkara hyzmatdaşlygy giň gerimde ilerledýändigimizi tassyklaýar. Munuň özi berkarar döwletimizde her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir diýip, Milli Liderimiz nygtady. Mätäje ýardam we goldaw bermek halkymyzyň häsiýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Şeýle ynsanperwer işler geçmiş taryhymyzdan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden ugur alýar.

Gahryman Arkadagymyz gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar, amala aşyrylan bejeriş işleri, bu düzümiň halkara hyzmatdaşlygy, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary, onuň serişdeleriniň sarp edilişi ýaly meseleleriň mejlisiň gün tertibiniň esasynda durýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar barada çykyş etmek üçin gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi.

R.Bazarow täze taryhy döwürde ýurdumyzda ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde çagalaryň sagdyn, sazlaşykly ösmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini aýtdy. Ol gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alnyp barylýan işleriň ýyl-ýyldan giň gerime eýe bolýandygyny, hasabat döwründe-de köp sanly sahawatly işleriň amala aşyrylandygyny nygtady. Bu bolsa saglygyny dikeltmäge mätäç çagalaryň doly derejeli sagdyn bolmaklary ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

R.Bazarow gaznanyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, Milli Liderimiziň maslahatlaryndan ugur alyp, gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Hususan-da, Tertipnamanyň täze taýýarlanan görnüşinde gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek meselesi hem-de Esaslandyryjynyň ygtyýarlyklary beýan edildi. “Gaznanyň esaslandyryjylary bilen bagly Tertipnama girizilen goşmaçalar haýyr-sahawat işini has-da özgertmekde, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli bolar” diýip, R.Bazarow sözüni jemledi.

Hormatly Arkadagymyz gazna tarapyndan alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini, şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm üns berilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Soňra Milli Liderimiz haýyr-sahawat düzümi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilişi barada çykyş etmek üçin gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi.

O.Atabaýewa gazna tarapyndan amala aşyrylan köp sanly haýyr-sahawat işleriniň, onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe operasiýalaryň, çagalara bejeriş-dikeldiş, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigini we bu ugurdaky çäreleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Olar kämil hünärli çaga lukmanlarynyň ýörite gözegçiliginde saklanýar. Mundan başga-da, gaznanyň howandarlygynda dürli bäsleşikleriň geçirilendigi aýdyldy. Şunda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşikde mümkinçiligi çäkli çagalaryň hem baýrakly orunlary eýeländiklerini, Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzümine girýän çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň bardygyny bellemek gerek.

Hasabatyň dowamynda şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň geçirilendigi, oňa dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan we halkara guramalardan wekilleriň gatnaşandygy barada aýdyldy. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, degişli ugurlar boýunça özara ylalaşyklaryň gazanylýandygyny we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilýändigini aýtdy. Dünýä ýurtlaryndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge teklipler yzygiderli gelip gowuşýar. Şeýle hem gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly maglumatlaryň internet saýtlarynda ýerleşdirilýändigine ünsi çekip, O.Atabaýewa bu düzümiň işine döwlet tarapyndan ýakyndan ýardam berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän işini has-da kämilleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek meselelerine ähmiýet bermelidigini belläp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Mejlisde gaznanyň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary barada çykyş etmek üçin gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berildi.

M.Hojamberdiýewa häzirki döwürde Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyna” we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, çaganyň ýaşamaga, ösmäge, saglygyny goramaga we bilim almaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek, olar üçin ýola goýulýan hyzmatlary, berilýän goldawy halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, gaznanyň işini düzgünleşdirýän kadany has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyna täzeden seredilip, onuň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Onda gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi, berk dolandyryş binýadyny pugtalandyrmak bilen, oňa täze Esaslandyryjylaryň girizilmeginiň tertibi hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň kesgitlenilmegi bilen bagly kadalar goşuldy. M.Hojamberdiýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda hem-de gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalaryny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz Tertipnamanyň taslamasyna laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysynyň gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň — wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp bilýändigini aýdyp, gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýändigini, şeýle-de Esaslandyryjynyň öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip bilýändigini belledi. “Ýokarda beýan edilenler gaznanyň Esaslandyryjysynyň Karary bilen resmileşdirilýär” diýlip taslamada nygtalýar. Tertipnamanyň taslamasynda gaznany esaslandyran Esaslandyryjynyň bitiren aýratyn işlerini göz öňünde tutup, onuň gaznanyň Hormatly Esaslandyryjysy hökmünde müdiriýetiň mejlislerine gatnaşmaga, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hukugy saklanýar diýlip bellenilendigini hem aýtmak gerek.

Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat bermek üçin gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa söz berdi.

Ý.Çernowa şu ýylyň başyndan bäri gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy we serişdeleriň anyk hasabyny ýöretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gelen ýüztutmalar esasynda ýurdumyzyň kömege mätäç çagalaryna ynsanperwerlik goldawy berilýär. Şol bir wagtyň özünde bu düzüm tarapyndan daşary ýurtlaryň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna degişli kömekler ugradylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy baradaky anyk maglumatlaryň bolmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ugurdaş düzümler bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi onuň serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Hormatly Arkadagymyz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde ynsanperwer däplere eýerilip, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler hakynda aýratyn alada edilýändigini, döwletimiziň bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň bilimli, Watana wepaly bolup ýetişmegi, özlerini agzybir maşgalanyň — jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, sahawatlylyk däplerini dowam etdirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýäris diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda çagalaryň hiç biriniň hossarsyz däldigini, olaryň arkasynda dag ýaly döwletiň durandygyny aýdyp, mundan beýläk-de çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin ähli oňaýly şertleriň dörediljekdigini, geljek nesillere hemişe goldaw we hemaýat beriljekdigini tassyklady. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda taryhy işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan parz, ynsanperwer, asylly işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Türkmen halky goňşusy bilen hemişe agzybir ýaşap, şatlygyny hem, gynanjyny hem onuň bilen paýlaşypdyr. Halkymyz kyn pursatda goňşusyna ýardam bermek üçin oňa hemişe dostluk goluny uzadypdyr. Bu bolsa türkmen halkynyň goňşusyna goýýan sylag-hormatyndan, ynsanperwer däplerinden nyşandyr. Ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni goňşudan» diýen dana sözlerinden ugur alyp, goňşularymyza mätäç gününde doganlyk kömegi berler. Şoňa görä, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa hem-de hasapçysy Ý.Çernowa degişli tabşyryklary berdi.

Ynsanperwerlik kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ibermeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa ähli meseleler boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. “Biz mundan beýläk-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýaly mukaddes däp-dessurlaryny dowam etdireris” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini jemledi. Milli Liderimiz hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda gaznanyň işiniň häzirki ýagdaýy we onuň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gaznanyň wise-prezidentleri häzirki döwürde alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hususan-da, bu düzümiň halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda giňişleýin maglumatlar berildi.

Milli Liderimiz haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek bilen bagly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Aýratyn-da, halkymyzyň asylly däplerine eýerip, goňşy ýurtlara doganlyk golunyň uzadylmalydygyna üns çekildi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz Owganystanyň pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna, çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ibermek meselelerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Munuň özi gaýragoýulmasyz kömek bolmak bilen, ejir çeken ilata berilýän goldawyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden täze şäheriň “Arkadag” seýilgähine tarap ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, “Arkadag” seýilgähinde behişdi bedewleriň, söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada Gahryman Arkadagymyza hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekiller türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, taryhy döwürlerini alamatlandyrar. Şekilleriň seýilgähiň beýleki desgalary we suw çüwdürimleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu ugurda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde tagalla edilýär.

Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän şekilleri synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Seýilgähiň çäklerinde oturdyljak söwda kerweniniň şekilleri halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan ählihalk söýgüsini aňlatmalydyr. Gahryman Arkadagymyz ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna, olaryň görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini belledi. “Halkymyzyň dünýä nusgalyk gymmatlyklary bolan ahalteke bedewleri, adamlaryň hemişelik hemrasy bolan alabaýlar, türkmen halkynyň taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ynsan gylykly arwana düýeleri milli buýsanjymyzdyr. Şeýlelikde, bu babatda ýerine ýetirilen işler häzirki zaman talaplaryna we milli ýörelgelerimize doly laýyk gelmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

06.11.2025