ÜNS BERIŇ!
MAÝA GOÝUM BÄSLEŞIGI!
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça maýa goýum bäsleşiginiň geçirilýändigini habar berýär.
Maýa goýum bäsleşigi 2024-nji ýylyň 25-nji dekabry sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil saýolunyň 156-njy jaýy
Maýa goýum bäsleşigine “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň desgasy satuwa çykarylýar.
t/b |
Desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri |
Işiniň görnüşi |
Binalaryň meýdany (inedördül metr) |
Satylýan bahasy, manat |
Hususylaşdyrmagyň şertleri |
||
|
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň desgasy |
||||||
|
Balkan welaýaty |
||||||
1. |
Esenguly çeper halyçylyk kärhanasy, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Esenguly şäheriniň 1-nji kiçi etrapçasynyň 43-nji köçesiniň 184-nji jaýy |
Haly önümlerini öndürmek, 2009 ý. |
2139,6 |
1 202 202,00 |
Esasy iş görnüşini we bar bolan iş orunlaryny saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak |
||
|
|
|
|
|
|
|
|
Maýa goýum bäsleşigine bellenen görnüşde ýüz tutma beren, girew goýan, ýörite ýygym tölän we maýa goýum bäsleşigine gatnaşmak üçin bellenen möhletde bellige almakdan geçen Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt döwletleriniň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplary we daşary ýurt edara görnüşli taraplary gatnaşmaga hukuklydyr.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalar, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Ýüz tutmalary kabul etmek we bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan şu bildirişiň metbugatda çap edilen pursatyndan başlap geçirilýär we söwda başlanmazdan 2 (iki) senenama güni galanynda tamamlanýar.
Maýa goýum bäsleşigine gatnaşmagyň tertibi boýunça maslahatlar bermek we obýektler boýunça goşmaça maglumatlary bermek Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar. Ähli maýa goýum bäsleşigine gatnaşyjylara desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.
Döwlet eýeçiligindäki desgalar onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar telefon belgileri: |
|
Aşgabat şäherinde |
(+993 12) 39-46-63/69,72,73,75, 92-12-97, 92-11-34 |
Änew şäherinde |
(+993 137) 33-0-21, 33-1-80. |
Balkanabat şäherinde |
(+993 222) 7-89-34, 7-89-17; 7-89-53. |
Daşoguz şäherinde |
(+993 322) 9-10-19, 9-15-10. |
Türkmenabat şäherinde |
(+993 422) 6-11-52, 6-11-59. |
Mary şäherinde |
(+993 522) 6-06-87, 6-05-41. |