Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

Aşgabat — Baku, 22-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýär. Döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we okgunly ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialog bilen häsiýetlenýär. Söwda-ykdysady, energetika hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň esasy binýady bolup çykyş edýär. Iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ulag-logistika ulgamy aýratyn geoykdysady ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Azerbaýjan halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkalary bolup çykyş edýärler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan düzümleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýükleri üstaşyr geçirmekde iň netijeli ýollary üpjün edip, Hazar sebitini kuwwatly logistika merkezine öwürýär. Soňky wagtda Azerbaýjanyň sebitara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagy esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze geosyýasy derejä çykaryldy. Ýurtlarymyz “Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe”, “Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan” formatlarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň bu giňeldilen formatdaky konsultatiw duşuşykda başlyklyk etmegi ýurdumyzyň möhüm dialog meýdançasy hökmündäki derejesini has-da berkidýär.

Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde sebitara hyzmatdaşlyga-da kuwwatly itergi berildi. Gatnaşyklaryň bu ugry Awazada geçirilen ýokary derejeli duşuşyklarda resmi taýdan berkidildi. Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk bitewi ulag-logistika ulgamyny döretmäge, üç doganlyk döwletiň üstaşyr kuwwatyny birleşdirýän senagat kooperasiýasyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Yzygiderli geçirilýän özara Medeniýet günleri, döredijilik wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar umumy mirasy gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Arkadag we Fizuli şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine iki döwletiň dostlugyny has-da berkitjek başlangyçlar, giň gerimli bilelikdäki taslamalar ruhy ýakynlygyň aýdyň nyşanydyr.

...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň wekili döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ähmiýetini belläp, olaryň netijeleriniň däp bolan dostlukly döwletara dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Zagulba” köşgüne ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.

Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Harby orkestriň saz çalmagynda Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, dostlukly ýurduň Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi hem-de şu gezekki saparynyň hem ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtap, geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana iki gezek sapar bilen gelendigini, şeýle-de Prezident Ilham Aliýewiň Türkmenistana sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Prezident Ilham Aliýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak boýunça edýän şahsy tagallalary we aýratyn ünsi üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek mübärekläp, Azerbaýjana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu sapara Azerbaýjanda örän uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. “Siziň Azerbaýjana şeýle wekilçilikli düzüm bilen gelendigiňize örän şatdyryn” diýip, dostlukly ýurduň döwlet Baştutany aýtdy we iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirjekdiklerini belledi.

Ilham Aliýew şu günki gol çekiljek resminamalaryň wajyp ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza Fizuli şäherinde sowgat hökmünde metjit gurmak baradaky çözgüdi üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäklerinde bu metjidiň düýbi tutuldy. Bu baradaky çözgüt bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň tomsunda Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edildi. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ýene bir güwäsidir.

Dostlukly ýurduň Prezidenti ikitaraplaýyn gün tertibiniň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýandygyny aýdyp, Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň döredijilik toparlaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol geçen ýyl Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini belledi we ynsanperwer ulgamdaky şeýle hyzmatdaşlygyň umumy taryhy bolan halklarymyzyň gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Ilham Aliýew ählumumy gün tertibiniň ulag, energetika howpsuzlygy ýaly möhüm meseleleri barada aýdyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki başlangyçlaryň çäklerinde sebitde, şeýle hem dünýäde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi we türkmen wekiliýetini azerbaýjan topragynda ýene-de bir gezek mübärekledi.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Ilham Aliýewe ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň esasy şerti bolup durýar. “Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iki gezek sapar amala aşyrandygyny bellemek isleýärin. Şeýle hem geçen ýyl Siziň Türkmenistana saparyňyz boldy” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasat ugruny, parahatçylygy üpjün etmäge, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

“Öz gezeginde, Türkmenistan hem Azerbaýjan Respublikasynyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýar. Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, biz 2026-njy ýylyň oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmegi teklip etdik” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ulgamda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň durnukly ösüş depginini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň bu ugurdaky uly mümkinçiliklerine ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň ýurdumyzdan Azerbaýjan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilikleriniň bardygyny, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklar biziň hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň amatly geografik ýerleşişini nazara almak bilen, olar halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga ukyplydyrlar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.

“Ýurtlarymyz Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyçlary goldaýarlar. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň baglanyşdyrylmagy ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we dokma senagatlarynda, beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, festiwallaryň, beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Geçen ýylyň oktýabrynda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri, şu ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda möhüm ruhy taslamanyň — Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň amala aşyrylýandygyny aýdyp, metjidi gurmak başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidigini, bu taslamanyň halklarymyzyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljekdigini nygtady.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra iki ýurduň Prezidentleri Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Ilki bilen, bu ýerde döwlet Baştutanlaryna “Dostluk” nebit tankeri barada giňişleýin maglumat berildi.

Soňra Azerbaýjanyň wekili döwlet Baştutanlaryndan gämini işe girizmäge ak pagta bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýörite düwmä basýarlar. Soňra monitor arkaly tankeriň ýüzüşe goýberilişi görkezildi. Prezident Ilham Aliýew dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza tankeriň degişli şahadatnamasyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz dostlugyň nyşany hökmünde Türkmenistana sowgat berlen “Dostluk” nebit tankeri üçin minnetdarlyk bildirip, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň mysaly hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.

Alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara söwdada harytlaryň geçirilmegi babatda maglumat alyşmagyň Tehniki şertleri; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdanyň gümrük statistikasy çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iýmit howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026 — 2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama bar.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belläp, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Ilham Aliýew çakylygy kabul edip, Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu gün ikiçäk we giňeldilen düzümde gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň köp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ýollarynyň kesgitlenilendigini aýtdy.

Dostlukly ýurduň Lideri azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň umumy taryha, medeni-ruhy gymmatlyklara esaslanýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň iýulynda Azerbaýjana amala aşyran saparynyň dowamynda Fizuli şäherinde metjit gurmak başlangyjyny öňe sürendigini we häzirki wagtda onuň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň we türkmen halkynyň Azerbaýjana bolan tüýs ýürekden dostlukly garaýşynyň nobatdaky beýanydyr.

Prezident Ilham Aliýew medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, iki ýurduň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň yzygiderli guralýandygyny, ýaňy-ýakynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini, geçen ýyl bolsa Türkmenistanyň medeniýet, sungat işgärleriniň Baku we Genje şäherlerinde Medeniýet günleri bilen saparda bolandyklaryny belledi. Şeýle-de ol Baku we Aşgabat şäherleriniň hut Arkadag hem-de Fizuli şäherleri ýaly doganlaşan şäherlerdigini aýdyp, olaryň ählisiniň iki halkyň jebisliginiň, iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga we çuňlaşdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Çykyşynyň dowamynda Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilmegini işjeň goldandygy üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem seredildi. Bu ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýedir. Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan döwletlerdigini aýdyp, şu nukdaýnazardan, iki ýurduň hem energetika ulgamynda tagallalary birleşdirip, hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini nygtady.

Ilham Aliýew Azerbaýjanda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň hemişe goldanylýandygyny we mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek mübärekledi hem-de Gahryman Arkadagymyza, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi we şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň, olary mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

“Gepleşiklerde iki döwletiň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklary dowam etdiriler” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny, energetika, ulag, himiýa, dokma senagaty we beýleki birnäçe ulgamlaryň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenilendigini nygtady.

“Biz ýurtlarymyzyň çäklerinden Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdyk. Gepleşikleriň barşynda ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge, her ýylda özara Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygymyzy tassykladyk. Biziň wekiliýetimiz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berýär. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriler. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine doly laýyk gelýär” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren ägirt uly şahsy hyzmatlaryny belläp, Prezident Ilham Aliýewe munuň üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz «Dostluk» nebit tankeri üçin aýratyn sagbolsun aýdyp, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edilýändigini nygtady hem-de bu tankeriň ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, abadançylygyna hyzmat etjekdigine hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasy boljakdygyna berk ynam bildirdi.

“Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlara uzap gidýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Azerbaýjanyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de doganlyk azerbaýjan halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna bardy we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgäri Geýdar Aliýewi hatyralap, onuň guburyna gül desselerini goýdy.

Geýdar Aliýewiň Türkmenistanda iki doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

23.06.2026
Syýasat

Aşgabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitleriniň goragyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli halkara talaplary berjaý etmek maksady bilen, bu düzüme elektron hyzmatlary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga, maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowa söz berildi. Onuň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek hem-de bu ugurda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd” kompaniýasynyň hem-de konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berlendigini aýtdy hem-de bu möhüm waka mynasybetli nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryna baý bolan gurluşlary senagat taýdan özleşdirmek hem-de gözleg-barlag guýularynyň gazuw işlerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesinden we tehnologik mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de oňa ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul etmek işlerini üns merkezinde saklamagyň, döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň, şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet konserni tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzuň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de döwrebap önümçilikleri ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň garamagynda hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň egriji kärhanasynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem geljek aýda amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly çäreleriň, «Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki ähmiýeti» atly taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençleriniň, arheologlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Iýul aýynyň dowamynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag, Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň we serginiň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly dabaraly çäreleriň geçirilýändigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkyň saglygyny goramak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda enäniň we çaganyň sagdyn bolmagyny gazanmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, eneleriň we çagalaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli esasda ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasyny hem bellemek gerek.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar. Döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýady häzirki günde ikitaraplaýyn gol çekilen 124 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminamalary özünde jemleýär. Iki ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede resmi we iş saparlarynyň jemi 16-synyň amala aşyrylandygy bellenildi. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.

Türkmenistan hem Azerbaýjan halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurt birek-biregiň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Iki döwlet köptaraplaýyn formatlaryň çäginde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Bu babatda «Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe», «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatlaryny hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny mysal görkezmek bolar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda aýdylanda, iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet, sungat, ylym, bilim, sport we beýleki ugurlar boýunça dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Azerbaýjan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi hem-de iki döwletiň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmek babatda wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýollarynyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak, nebit önümlerini daşamakda ösýän islegleri kanagatlandyrmak we demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek, ulag düzüm üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de demir ýollaryň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak we ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

22.06.2026
Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda 1992-nji ýyldan gözbaş alýan diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklardan ybarat bolan berk hukuk binýadyna esaslanýar. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir. Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyrýan bu sapary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda dostlukly ýurda amala aşyran taryhy resmi saparynyň netijelerini has-da pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, strategik sepgide çykarmaga gönükdirilendir.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde hem birek-birege goldaw berip, özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet hem-de resmi saparlarynyň dowamynda pugtalandyrylan döwletara gatnaşyklar häzirki wagtda ýangyç-energetika, tehnologiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär.

...Ir bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Premýer-ministr iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlar seýilbagynda bag nahalyny oturtdy.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Soňra hormatly myhmany resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berdi. Malaýziýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministrini ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Premýer-ministr Anwar Ibrahim bolsa hormatly Prezidentimizi Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Wekiliýet Baştutanlarynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu saparyň türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi, şeýle-de öz adyndan we Milli Liderimiziň adyndan Onuň Alyjenaby, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahime mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Soltan Ibrahimiň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Malaýziýanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny doly goldaýandygyny we Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýatlap, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ýoly geçendiklerine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Malaýziýa iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-birege goldaw berýärler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen nebitgaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan türkmen hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýändiklerini aýdyp, munuň üçin Malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan edip, bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-malaý gatnaşyklarynyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli hem-de netijeli ösdürilýändigini, bu döwürde ýokary derejedäki özara saparlaryň 9-synyň amala aşyrylandygyny, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumyny özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, saparyň dowamynda Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de halkara gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ruhy gymmatlyklary, döwletara gatnaşyklaryň filosofiýasy biri-birine ýakyn bolan ýurtlardygyna ünsi çekdi. Bu gymmatlyklar berk taryhy binýada, däp-dessurlara, medeniýetleri hormatlamaga esaslanýar. “Bularyň ählisi halklarymyzyň arasynda mähirli gatnaşyklary ýola goýmak üçin binýat bolup hyzmat etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hakyky dostluk hem-de doganlyk häsiýetini berdi. Şeýle-de munuň özi üstünlikli, netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy, giň ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki wagtda türkmen-malaý dialogyny mundan beýläk-de giňeltmek, hil taýdan baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýany hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, dünýä we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarda pikirdeş hökmünde görýändigini, Malaýziýanyň dünýäde ilkinjileriň biri bolup ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we onuň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletdigini minnetdarlyk bilen belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny halkara derejede ykrar etmekde Malaýziýanyň beren goldawyna ýurdumyzda ýokary baha berilýändigine ünsi çekdi. “Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmagyň, bu guramanyň Tertipnamasy, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary esasynda ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmäge işjeň, kesgitleýji derejede gatnaşmagynyň yzygiderli tarapdarlary bolup durýarlar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň dünýä giňişliginde Türkmenistany, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini üýtgewsiz goldaýandygyny aýdyp, dostlukly döwletiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalaryň taslamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamany goldandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Malaýziýa Birleşen Milletler Guramasynda energetika howpsuzlygynyň, halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalaryň awtordaşy bolup yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan Malaýziýa bilen Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk eýerýär, iş ýüzünde özara goldamagy we ýurtlarymyz üçin örän möhüm resminamalary işläp taýýarlamaga bilelikde işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişlikde bilelikde işlemegiň wajyp wezipeleriniň hatarynda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigini (ASEAN) esaslandyryjy ýurt we onuň abraýly agzasy bolan Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi hem-de ýurdumyzda Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini, ählumumy çözgütler kabul edilende olara berlen mynasyp orny we adalatly hukugy goramagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilelikdäki işlerde örän möhüm ugur hökmünde kesgitläp, ýurdumyzyň Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak, dialog medeniýetini ilerletmek boýunça Malaýziýanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň filosofiýasyna we işine, «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk», hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly düýpli garaýyşlaryna gabat gelýär.

“Biz halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary ilerletmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň maksatnamalaryny bilelikde goldamakda Malaýziýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Şeýle hem howa gün tertibi, energetika geçişi, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda sebitara dialogy ösdürmek, Aziýa yklymynda täze ulag-logistika gatnaşyklaryny emele getirmäge ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýäris. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy berkitmegi möhüm hem-de zerur diýip hasap edýäris. Ulgamlaýyn medeniýetara dialogy ýola goýmaga, köne kadalary hem-de garaýyşlary ýeňip geçmäge, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda belledi. Nebitgaz pudagy türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Şunda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynda giň möçberli we uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylandygyny, olaryň esasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň gerimli işleriň başlanjakdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, halklarymyzyň gadymy däpleri, baý taryhy mirasy bar. Bu däpler we miras birek-biregi ýakyndan tanamaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz bilim we tejribeli hünärmenleri taýýarlamak babatda türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli tejribesini aýratyn nygtap, ýurtlarymyzyň akademiki düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, ylmy alyşmalary guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamy giň mümkinçilikleri bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhmanyň şu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belläp, şu duşuşygyň iki döwletiň mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklaýandygyna ynam bildirdi hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Malaýziýanyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparynyň hem-de özüniň şu gezekki taryhy saparynyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmakda täze gözýetimleri açandygyny aýtdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bar bolan mümkinçilikleri giňeltmegiň guraly hökmünde döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän parasatly garaýyşlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Premýer-ministr geljek ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini aýdyp, geçen döwrüň dowamynda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde zerur tagallalary edendiklerini belledi.

Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda, hususan-da, «PETRONAS» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň, medeni umumylyklaryň aýratyn ähmiýetiniň nygtalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň malaý diline terjime edilmeginiň medeni dialogyň aýdyň nusgasy bolandygyny, häzirki wagta çenli şahyryň 100-e golaý goşgusynyň terjime edilendigini aýtdy.

Premýer-ministr hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň örän ýokarydygyny, Türkmenistanyň bolsa strategik taýdan möhüm hyzmatdaşdygyny belledi. Häzirki wagtda ASEAN bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin utgaşykly hereket etmek zerurdyr.

Anwar Ibrahim Malaýziýada energetika pudagynda, maglumat merkezleriniň işini guramakda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň toplan baý hem döwrebap tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini, «PETRONAS» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Ol ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydygyny aýdyp, Malaýziýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň saparynyň dowamynda Malaýziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren teklipleriniň ähmiýetini belläp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Häzirki döwürde Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýokary depginde ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar we maýa goýum işjeňligi bu gatnaşyklaryň özenini düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Anwar Ibrahim 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işläp gelýän «PETRONAS» kompaniýasynyň alyp barýan işlerine berilýän goldawlar üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hormatly Prezidentimiziň şahsy goldawyna aýratyn orun degişlidigine ünsi çekdi.

Sözüniň ahyrynda Anwar Ibrahim bilelikdäki tagallalaryň esasynda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk köprüleriniň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy. Özara alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Beýannamada şu gezekki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriň giň toplumyna seredilendigi, hormatly Prezidentimiziň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň iki ýurduň ikitaraplaýyn esasda, sebit, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanylýar hem-de Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran saparynyň netijeleri beýan edilýär.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň we Malaýziýanyň wekiliýetleriniň gepleşikleriniň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebit hem-de halkara meseleler barada pikir alşylandygyny, garaýyşlaryň beýan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen söhbetdeşligiň doly özara düşünişmek, ýokary ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini aýratyn belläp, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň syýasy özara hyzmatdaşlygyna, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çägindäki gatnaşyklaryna baha berlendigini aýtdy.

Türkmenistan we Malaýziýa halkara gatnaşyklaryň adalatly, deňhukukly, parahatçylykly, howpsuz ulgamyny emele getirmek ugrunda çykyş edýärler. Biziň ýurtlarymyz halkara hukugy, Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyndan ugur alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplygyny, öňe sürýän halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň hem, öz nobatynda, Malaýziýanyň netijeli garaýyşlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi dowam etdirerler. “Bu ugurda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk has-da ilerlediler. Şeýle hem ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, dokma senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyldy. Ýokary tehnologiýalar, tehniki, inženerçilik kooperasiýasy, bank we maliýe işi, şähergurluşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna goşular” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ulag-logistika ulgamynda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň hem işjeňleşdiriljekdigini, türkmen talyplaryny Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak babatda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, munuň üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime minnetdarlyk bildirdi. Akademiki we ylmy alyşmalary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

“Biziň duşuşygymyz iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda örän möhüm waka boldy. Onuň jemleri boýunça wajyp ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Ösüşiň ýoly bilen bilelikde öňe gitmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy. Biziň dostlugymyz, doganlygymyz we özara bähbitli hyzmatdaşlygymyz pugta syýasy, hukuk, dünýägaraýyş hem-de ruhy binýada esaslanýar. Bizi taryh, gymmatlyklar, din, parahatçylyga, adalatlylyga we ynsanperwerlige eýerýändigimiz ýakynlaşdyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna geçirilen netijeli gepleşikler, ýurdumyz bilen gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändikleri üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň gatnaşyklarynyň berkdigine, ygtybarlydygyna, onuň mundan beýläk-de şeýle boljakdygyna pugta ynam bildirdi.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn esasda we köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň orun eýeleýän Türkmenistan halkara giňişlikde uly hormata eýedir. 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşant goşdy. Malaýziýada Aziýa — Ýuwaş umman we Merkezi Aziýa sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrunda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalaryna ýokary baha berilýär. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Bu ýurt Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

“Malaýziýa Türkmenistanyň işewürligi ösdürmäge berýän ünsüne we malaýziýaly işewürlere bildirýän uly ynamyna ýokary baha berýär. Malaý tarapy tehnologiýalary, tejribeleri paýlaşmak, hünärmenleri taýýarlamak arkaly döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda tagalla eder. “PETRONAS” kompaniýasy bilen yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm binýadyny emele getirýär. Şu gezekki saparyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam eder” diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri nygtady.

“Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlaryna ibermek boýunça degişli merkeziň döredilmegi baradaky teklibini durmuşa geçirmek ugrunda işler ilerlediler. Bilelikdäki hökümetara topary döretmek arkaly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdüreris. Şeýle hem bank işi, maglumat tehnologiýalary, maglumat merkezlerini döretmek, halal senagat ýaly ugurlarda bar bolan tejribeleri özara alşarys. Ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, döredijilik we ylmy tejribeleri özara alyşmak işini has-da ösdürmek arkaly geljek üçin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirmäge hem uly ähmiýet berýäris” diýip, Premýer-ministr Anwar Ibrahim sözüni dowam etdi hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi, yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň özara dostlugy berkitmek babatda edilýän tagallalara goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Malaýziýanyň Premýer-ministri ýurdumyza saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň golaýyndaky Gypjak obasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de juma namazyny okady.

Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Malaýziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Watanyna ugrady.

Şeýlelikde, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-malaý gatnaşyklarynda möhüm tapgyr bolup, onuň dowamynda geçirilen gepleşikler hem-de gazanylan ylalaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat eder.

20.06.2026
Syýasat

Ahal welaýaty, 19-njy iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi. Gadymy Änew topragynda bina edilen täze metjitde edilen bu asylly iş halkymyzyň ýagşy dessurlara ygrarlydygynyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz Ahal ýaýlasynyň bezegine öwrülen metjidiň ýanynda mähirli garşylanyldy.

Mälim bolşy ýaly, Seýit Jemaleddin metjidi 2024-nji ýylyň martynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda açyldy. Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary mynasyp dowam etdirýändigini alamatlandyrýar.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň üstünliklere beslenmeginiň we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik maksatlaryň amal bolmagynyň hatyrasyna hem-de öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, gadymdan gelýän türkmençilik däpleriniň yslam dini bilen berk baglydygyny belledi. “Şonuň üçin türkmen halky her bir işe «Bismilla!» diýip, Allanyň ady bilen başlaýar. Haýyrly işleriň rowaç bolmagyny dileg edip, sadaka berýäris, ýagşy dilegler edýäris. Ýurdumyzdaky gonamçylyklaryň daş-töweregini arassa saklamaga hem uly üns berilýär. Şu gün hem biz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowara gatnaşyp, sogap iş etdik” diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy we merhumlaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagyny dileg etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy öten-geçenlerimizi hatyralamagyň sogap iş hasaplanýandygyny aýdyp, “Ölüsini sylan beg bolar, dirisini sylan — baý» diýýän halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara uly hormat goýulýandygyny nygtady. Öten-geçenleri hatyralap, Seýit Jemaleddin metjidinde berilýän sadaka hem munuň bir mysalydyr.

Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessura eýerip, tebärek çykandan soňra, hajy Arkadagymyzyň berýän sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir gününiň beýik zähmet üstünliklerine beslenýän pursatlarynda Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenleri hatyralap berlen sadaka gatnaşanlar milli aşhananyň dürli tagamlaryndan dadyp, ýurdumyzda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun medeniýeti, belli arheologlar tarapyndan Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan gözlegleriň netijeleri öz beýanyny tapýar. Änew medeniýetine degişli taryhy maglumatlar, awtoryň pikir-garaýyşlary kitabyň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly bölümlerde jemlenendir. Munuň özi dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýär.

...Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, öten-geçenleri hatyralap okalan doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, hajy Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.

Milli Liderimiz sadaka gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýdyp, okalan aýatlaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we “Ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun! Bagtyýar durmuşymyz dowamat-dowam bolsun!” diýip, ýagşy arzuwlaryny beýan etdi.

Sadakadan soňra, hajy Arkadagymyz asman giňişliginde Aşyr aýynyň ilkinji günlerinde lowurdap dogan Aýy ýüzüne syldy we ýurdumyza abadançylyk, parahatçylyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny dileg etdi. Munuň özi Milli Liderimiziň her bir pursatda Watanymyz, halkymyz barada alada edýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde jemagat bilen bilelikde agşam namazyny okady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň yzygiderli goldaw-hemaýatlary esasynda ýurdumyzda dini däpleri berjaý etmäge, milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişi geljege şamçyrag bolup, ýalkym saçýar.

Üç rekagat parz we iki rekagat sünnet namazlary okalandan soňra, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly hajy Serdarymyzyň tutumly işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuwlanyp, doga-dilegler edildi.

Milli Liderimiz Seýit Jemaleddin metjidiniň haýyrly işleriň bähbidine halkymyza hyzmat edýändigini belledi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

20.06.2026
Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar

Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň häzirki zaman strategiýasy uzak möhletleýin meýilleşdiriş, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, degişli infrastrukturany çuňňur döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Energetika bazarlarynyň ählumumy özgerýän döwründe uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde wagtyň synagyndan geçen ygtybarly halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň öňdebaryjy korporasiýalarynyň arasyndaky köpýyllyk netijeli dialog şu ýörelgelere laýyklykda ösdürilýär. Özara gatnaşyklaryň häzirki tapgyry taryhy waka — Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi bilen dabaralandyryldy. Bu forum diňe bir köp ýyllaryň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijelerini jemleýän waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljek onýyllyklar üçin gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirmekde strategik meýdança bolup çykyş edýär. Şeýle iri çäräniň guralmagy taraplaryň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandyklaryny aýdyň görkezýär.

Bu ýöriteleşdirilen maslahaty geçirmek baradaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen geçiren duşuşygynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Malaýziýaly hyzmatdaşlar tarapyndan bu teklibiň goldanylmagy Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň halkara abraýynyň belentdigini nobatdaky gezek subut etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmaklary forumyň aýratyn ähmiýetini we onuň ýokary halkara derejesini tassyklaýar. Munuň özi gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge güýçli itergi berip, täze taslamalara giň ýol açýar, ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini görkezýär.

Maslahatyň plenar mejlisinde çykyş etmek üçin, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, geçirilen netijeli gepleşikler, şeýle hem şu maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, munuň nebitgaz pudagyndaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini görkezýändigini belledi. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletli ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda örän möhüm şert bolup hyzmat edýär. Şu ýyl nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar.

“Bu işde «PETRONAS» kompaniýasynyň uly orny bardyr. Bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumyny goýdy. «PETRONAS» häzirki döwürde türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda abraýa we hormata eýe bolup, netijeli, sazlaşykly işleýär. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine, ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýar” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, kompaniýanyň ýolbaşçylaryna hem-de onuň ýurdumyzda işleýän işgärlerine bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýokary ussatlyklary, yhlasly, tutanýerli zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde örän köp işler amala aşyryldy. Hyzmatdaşlygyň düýpli şertnama binýady döredildi. Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda önüm çykarmagyň durnukly ösüşi gazanyldy. Şu maksat bilen, deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlanyldy. Bu ägirt uly işleriň netijesinde, häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň uly gorlary açyldy. Bu ugurda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl Deňiz» ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda «Öwez», «Maşrykow» ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär.

“Hazar deňzinde bilelikde işlenen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy «PETRONAS» kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan möhüm üstünlikleriniň biri boldy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işlemegiň esasynda gaz taýýarlaýan zawod we kenar gaz terminaly, deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desga guruldy. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Malaýziýa nebitgaz pudagynda giň gerimli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şu günki gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady has-da berkidildi” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we türkmen-malaý nebitgaz hyzmatdaşlygynyň täze giň gerimli hem-de many-mazmunly tapgyryna gadam basylandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlanjakdygyny, 11-nji, 12-nji, 13-nji, 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Malaýziýa nebitgaz pudagynda uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy has-da berkidýärler. Iki tarap hem bu işleri giňeltmek, hil taýdan ösdürmek üçin zerur bolan syýasy, hukuk, guramaçylyk we beýleki mümkinçilikleri döreder.

“Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýa şu gezekki gepleşikleriň dowamynda nebitgaz pudagynda alnyp barylýan bilelikdäki işlerde özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesini gazandylar. 30 ýyl mundan ozal nebitgaz pudagynda başlanan türkmen-malaý hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki döwürde onuň täze ösüşe, uly geljege eýe bolýandygyny, munuň Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň umumy üstünligidigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz malaý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini goldaýandygy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň we Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de hemmelere üstünlikleri, täze sepgitleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime söz berildi. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri çykyşynyň başynda Malaýziýanyň halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk halkyna hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara ynanyşmak, hormat goýmak, umumy ösüşe tarap ymtylmak gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi sapary taryhy we şanly waka boldy. Bu saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga bolan ygrarlylygymyzy tassykladyk. Nebitgaz ulgamy biziň gatnaşyklarymyzyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, biz hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýäris. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, talyp alyşmalaryny işjeňleşdirmäge, beýleki möhüm ugurlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygymyzy tassykladyk. Şu ýyl taryhy sene — «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň 30 ýyllygy bellenilýär. 1996-njy ýyldan gözbaş alýan bu strategik hyzmatdaşlyk häzirki döwürde iň ýokary derejä göterildi” diýip, Anwar Ibrahim aýtdy we hormatly Prezidentimiziň hut özüniň yzygiderli goldawynyň, aýratyn ünsüniň netijesinde şeýle üstünlikleriň gazanylandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

“30 ýylyň dowamynda «PETRONAS» Türkmenistanyň düzümlerini ösdürmäge, şol sanda nebitgaz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga saldamly goşant goşdy. Bu üstünlik iň esasy binýada — ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki günde Türkmenistan we «PETRONAS» hakyky, ygtybarly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler. Şu gün ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi özara gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam basylandygynyň güwäsi bolup durýar” diýip, Malaýziýanyň Premýer-ministri aýtdy we beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,//Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar» diýen şahyrana setirleriniň şu gezekki duşuşygyň düýp manysyny şöhlelendirýändigini nygtady.

Anwar Ibrahim bu sözleriň Malaýziýanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň ruhy jebisligini iň gowy ýagdaýda subut edýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimize we türkmen işewürliginiň wekillerine ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Plenar mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de belent mertebeli myhman ilki Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan pawilýona bardylar. Bu ýerde kompaniýanyň wekili hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin taslamalaryň barşy barada giňişleýin maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Premýer-ministr Malaýziýanyň bu iri kompaniýasynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berip, gazanylan tejribäniň senagat taýdan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin berk binýat bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

Sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Malaýziýanyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň giň möçberli ekspozisiýalary ýerleşdirilipdir. Sergide ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň pawilýonlary wekilçilik etdi. Olarda nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Gözden geçirilişde Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Aragatnaşyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň diwarlyklary-da ýerleşdirilip, olarda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanýan üstünlikleri görkezildi.

Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri telekeçi zenanyň diwarlygyny synladylar. Telekeçi zenan belent mertebeli myhmana alyp barýan işleri, türkmen halysynyň aýratynlyklary, taryhy, görnüşleri we ony dokamagyň usullary barada gürrüň berdi. Ol myhmany sarpalamagyň halkymyzyň asylly däpleriniň biridigini aýtdy hem-de Anwar Ibrahime elde dokalan ýüpek halyny sowgat berip, ony belent mertebeli myhmana gowşuryp bermegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Şeýle-de telekeçi zenan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize elde dokalan haly horjuny sowgat hökmünde gowşurdy.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.

Forumyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime maslahata gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nusgalyk häsiýete eýedigini aýdyň subut etdi. Maslahatyň dowamynda beýan edilen pikirler hem-de teklipler taraplaryň häzirki zamanyň möhüm tehnologik, ekologik wezipelerine bilelikde netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny nobatdaky gezek tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy boýunça guralan hem-de iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bilen kuwwatly itergi alan bu halkara maslahatyň netijeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge ýardam eder.

20.06.2026
Syýasat

Ahal welaýaty, 17-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek we onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga innowasiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Şu ýylyň hasyly üçin Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Häzirki wagtda welaýatyň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ruhlanyp, galla oragy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlar netijeli ulanylýar. Tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu bolsa oba hojalyk önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini tassyklaýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Muhammetsähedowa degişli bolan bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde kärendeçi döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary, gallaçy kärendeçileri üçin buýsançly wakadygyny belledi. Ol häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyna berýän yzygiderli goldawlary netijesinde gallaçy babadaýhanlaryň ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirýändiklerini aýdyp, döredilýän ajaýyp mümkinçiliklere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra kärendeçi ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça “bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda däne ýygýan kombaýnlar bugdaý hasylyny ormaga girişdiler.

Döwlet Baştutanymyz «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň geçirilişini synlady.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagy üçin satyn alyp berýän bugdaý orujy kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyşy, öndürijilik kuwwaty ýokary halkara standartlara doly laýyk gelýär. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda edilýän yzygiderli tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Ýurdumyzda ekerançylykda täze ylmy çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ekerançylygy ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda alnyp barylýan işler, hususan-da, “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň ylmyň soňky gazananlary bilen utgaşdyrylmagy pudagyň işiniň ilerledilmegini üpjün edýär. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler ekin dolanyşygyny innowasion esasda alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kärendeçi babadaýhanlary bol hasyl ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny işjeň özleşdirýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedow bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14 gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýändigini aýtdy. Daýhanyň bereketli toprakdan bol hasyl almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kämil tehnikalar, ýokary hilli tohum we dökün bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady.

Ýurdumyzda oba hojalyk toplumynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini üpjün etmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy arkaly anyk çäreler görülýär.

Sergi Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky hasylyndan alnan undan taýýarlanylandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň yhlasly zähmetiniň netijesinde, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem amala aşyrylýan özgertmelere uly goşant goşmak bilen, ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu önümler ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

Soňra bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ähli welaýatlarda galla oragy dowam edip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar.

Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, munuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedowa sowgatlary gowşurdy.

Kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, yhlasly zähmetini gaýgyrman, Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ahal welaýatyna iş sapary ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli işlemegi, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertleriň döredilýändiginiň, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

18.06.2026
Ministrligiň habarlary

Türkmenistan bilen ESKATO köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlyk durnukly, netijeli we ekologik taýdan howpsuz ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmek boýunça utgaşdyrylan hereketleri ilerletmäge gönükdirilendir.

Taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň 2019-njy we 2023-nji ýyllarda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça hödürlän Meýletin milli synlaryny üstünlikli taýýarlanylandygyny bellediler. ESCAP-yň 2027-nji ýyla meýilleşdirilen üçünji Meýletin milli syny taýýarlamak işinde maslahat beriş we seljeriş goldawyny bermegi dowam etdirjekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň durnukly ulag, energetika, sanlylaşdyrma we söwda ýaly möhüm ugurlary öz içine alýandygy bellenildi. Bu babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerinde ulag geçelgelerini ösdürmek, energetika geçişi we sebit tejribesini alyşmak boýunça taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan-yň we ESCAP sebitiniň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatda we ekologiýa gün tertibini ilerletmekdäki işjeň ornuny hem nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini ESCAP-yň ýöriteleşdirilen instituty hökmünde döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn ähmiýet berildi.

Hanym Alişahbana Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňligini, şol sanda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine ýokary baha berdi. ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretarynyň 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyran saparynyň Türkmenistan bilen ESCAP-yň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berendigi bellenildi.

27.04.2026
Ministrligiň habarlary

Türkmenistan ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda: sebit integrasiýasynyň we howa durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlary

Bangkok şäherinde dowam edýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti esasy mowzuklaýyn ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we häzirki döwrüň möhüm wehimlerine garşy göreşmek boýunça milli garaýyşlaryny beýan etdi.

Sessiýanyň çäklerinde geçirilen möhüm çäreleriň biri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy boldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça “Bilelikdäki beýannama” kabul edildi. Ministrler duşuşygynda “2030-njy ýyla çenli Maksatnamanyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek bilen SPEKA-nyň ösüş konsepsiýasynyň” institusional gurallaryna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy SPEKA-nyň 2024-2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işleriň iri möçberli infrastruktura taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçiriş tapgyryna geçmek üçin berk binýat döredendigini nygtady. Ara alyp maslahatlaşmalarda SPEKA sebitiniň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin multimodal ulag arabaglanyşygyny ösdürmegiň, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň we öňdebaryjy sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistan SPEKA-nyň Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gaznasynyň üsti bilen maliýeleşdirilýän taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Bu bolsa bar bolan ykdysady kuwwaty netijeli peýdalanmaga we gatnaşyjy ýurtlaryň inklýuziw ösüşini höweslendirmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem SPEKA gatnaşyjy ýurtlarynyň ministrler duşuşygynyň çäklerinde 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde bu ugurda uly işleriň amala aşyrylandygy bellenildi.

ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda çykyş edip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sebitiň howa üýtgemegine durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen başlangyçlaryna aýratyn üns çekdi. Çykyşyň merkezinde ugruny howanyň üýtgemegine we ýerleriň çölleşmegine garşy göreşmäge gönükdirilen ählumumy başlangyçlary ilerletmek meselesi boldy. Türkmenistanyň wekili ekologik howpsuzlygyň durnukly ösüşiň düýpli binýadydygyny nygtamak bilen, bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurlygyny esaslandyrdy.

Türkmen tarapynyň esasy teklibi hökmünde Türkmenistanyň Hökümetiniň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini ESCAP-yň ýöriteleşdirilen instituty hökmünde döretmek baradaky başlangyjy hödürlendi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi daşky gurşawy goramak meselelerinde sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge hem-de sebitiň BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşmagyna ýardam eder.

Bu ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşmak Türkmenistanyň jogapkärli hyzmatdaş hökmündäki derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine netijeli garşy durmaga, geljekki nesilleriň abadançylygyny üpjün etmäge, halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň merkezi ornuna esaslanýan inklýuziw ösüşi ilerletmäge gönükdirilen işjeň we öňdengörüjilikli ornuny ýene-de bir gezek tassyklady.

ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň netijeleri boýunça Komissiýanyň 83-nji sessiýasyny 2027-nji ýylyň 26-30-njy aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirmek barada çözgüt kabul edildi.

27.04.2026
Ministrligiň habarlary

Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň 82-nji sessiýasy öz işine başlady. 24-nji aprele çenli dowam etjek halkara forum Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilip, onuň mowzugy “Hiç kimi ünsden düşürmezlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ähli ýaşdaky adamlar üçin jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek” diýlip kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem ESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri ESCAP-yň doly hukukly agza döwleti bolup, statistika, ykdysady seljerme, energetika we ulag meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan ulag we ekologiýa ugurlarynda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ESCAP-yň kararnamalarynyň awtory hökmünde hem çykyş edýär.

ESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gün tertibine sebitara hyzmatdaşlyk, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meseleleri girizildi. Şeýle hem durmuş ösüşi, daşky gurşaw, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, energetika, ulag, makroykdysady syýasat, ösüşi maliýeleşdirmek, söwda, maýa goýumlar, telekeçilik we işewürlik innowasiýalary, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ylym, tehnika we innowasiýalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPECA) gatnaşyjy döwletleriň Ministrler duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda SPECA sebitinde durnukly, netijeli hem-de ekologiýa taýdan amatly ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmek maksady bilen utgaşdyrylan sebit hereketlerini öňe sürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine garаmak göz öňünde tutulýar.

Şunda üstaşyr ugurlarynyň sanlylaşdyrylmagyna we “ýaşyl” özgertmelere, elektron söwdanyň ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň baha dörediş zynjyrlaryna gatnaşygynyň giňeldilmegine, şeýle hem ulag, logistika we sanly söwda ugurlarynda adam maliýesiniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berler.

27.04.2026