9-njy maksat: Durnukly infrastrukturany döretmek, hemme zady öz içine alýan we durnukly senagatlaşma we innowasiýalara ýardam bermek

                                                                                                       MILLI WEZIPELER


9.1. Ykdysady ösüşi saklamak we arzan we hemmeler üçin deň hukukly elýeterligi üpjün etmäge aýratyn üns berip, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, gowy hilli, ygtybarly, durnukly we berk amatlyklary ösdürmek


9.2. Hemme zady öz içine alýan we durnukly senagatlaşmaga ýardam etmek we 2030-njy ýyla çenli senagatda iş bilen üpjünçiligiň derejesini we milli şertlere laýyklykda jemi içerki önümde senagat önümçiliginiň paýyny düýpli artdyrmak.


9.3. Kiçi we orta senagat kärhanalary we beýleki kärhanalar üçin maliýe hyzmatlarynyň elýeterligini giňeltmek we olaryň önümçilik-ýerleýiş hatarlaryna we bazarlaryna goşulyşmaklaryny güýçlendirmek


9.4. 2030-njy ýyla çenli amatlyklary döwrebaplaşdyrmak we senagat kärhanalaryny gaýtadan enjamlaşdyrmak, olaryň aýratyn mümkinçiliklerine laýyklykda serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň we arassa hem-de ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we senagat proseslerini giňden ulanmagyň hasabyna olaryň durnuklylygyny gazanmak


9.5. Senagat sektorlarynda ylmy barlaglary işjeňleşdirmek, tehnologik kuwwatyny güýçlendirmek, şol sanda ony 2030-njy ýyla çenli innowasion işi höweslendirmek we ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleri (YBTKI) ulgamynda işgärleriň sanyny ep-esli artdyrmak ýoly bilen amala aşyrmak


9.а. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara maliýe, tehnologik we tehniki goldawy artmagyň hasabyna ösüp barýan ýurtlarda ekologiýa taýdan durnukly we berk amatlyklary ösdürmäge ýardam etmek


9.с. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň elýeterligini düýpli giňeltmek we 2020-nji ýyla çenli Internetiň ählumumy we arzan elýeterligini üpjün etmäge çalyşmak