6-njy maksat: Hemmeler üçin suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek

DÖM 6 Hemmeler üçin suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek

 

Türkmenistanyň suw serişdeleriniň umumy möçberi Amyderýanyň, Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň suwlaryndan, Köpetdagyň demirgazyk-gündogar eňňitlerindäki ownuk suw akabalaryndan, ýerasty we kollektor-drenaž suwlaryndan emele gelýär. Türkmenistanyň ähli derýalarynyň serhetüsti häsiýeti bardyr we suw serişdeleri ýurduň çäkleriniň daşynda emele gelýär.

Suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy daşky gurşawy goramak ulgamyndaky beýleki wezipeler, biodürlüligi saklap galmak, ekoulgamlar we olary durnukly peýdalanmak bilen bir hatarda, milli syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, Türkmenistan suw serişdelerini gorap saklamak üçin ähli tagallalary edýär.

Häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetiniň köp pudaklary suw serişdeleriniň ýeterlik bolmagyna baglydyr. Ekerançylyk, senagat, şäher, oba we jemagat hojalygy suwdan esasy peýdalanyjylar bolup durýar. Senagat, oba hojalyk we durmuş ulgamlarynda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hereket edýän Türkmenistanyň Suw kodeksi arkaly üpjün edilýär.

Suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen we goşmaça suw ätiýaçlyklaryny döretmek üçin ýurtda täze suw howdanlaryny döretmek we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, ýerleriň durkuny toplumlaýyn täzelemek we melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwarmagyň däp bolan usullaryny kämilleşdirmek hem-de häzirkizaman tehnikasyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär.

MICS-6 maglumatlary boýunça howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek bilen guralan suw üpjünçiliginiň hyzmatlaryndan peýdalanýan ilatyň paýy ep-esli köpeldi, ol 2019-njy ýylda 99,9%-e deň boldy, 2015–2016-njy ýyllarda 82,8% bolupdy.


6.1.1. görkeziji. Howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek bilen guralan suw üpjünçiliginiň hyzmatlaryndan peýdalanýan ilatyň paýy, %

Türkmenistanda iş ýüzünde ýurduň ähli ilaty binýatlyk sanitariýa hyzmatlary bilen gurşalyp alnandyr. MICS-6 maglumatlary boýunça howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmek bilen guralan sanitariýa hyzmatlaryndan, şol sanda eliňi sabyn we suw bilen ýuwmak üçin enjamlardan peýdalanýan ilatyň paýy 2019-njy ýylda 98,7%-e deň boldy.

Ýurtda Oba Milli Maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş Maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. 2008–2022-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýokarda agzalan maksatnamanyň çäklerinde ýurtda 9,2 müň km suw geçiriji ulgamlar, 1,6 müň km lagym ulgamlary, 587 dik guýy, 8 sany suw arassalaýjy we 5 sany lagym-arassalaýyş desgalary ulanmaga berildi.

Gowy hilli agyz suwy bilen üpjün etmek iş ýüzünde ýurduň ähli sebitleri üçin derwaýys bolup durýar. Suw desgalarynyň hapalanmagynyň esasy çeşmeleri senagatyň dürli pudaklarynyň kärhanalary, energetika, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň kärhanalary, oba hojalyk kärhanalarynyň akdyrylýan suwlary we beýlekiler bolup durýar.

Akdyrylýan suwlary arassalamak maksady bilen, toplumlaýyn çäreler geçirilýär, drenaž-kommunikasiýa ulgamy ösdürilýär, täze arassalaýjy desgalar gurulýar. Bu çäreler ýurtda howpsuz arassalanan akdyrylýan suwlaryň paýyny ep-esli, ýagny 2022-nji ýylda 57,4%-e çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi

Suw serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly global meseleleri çözmäge saldamly goşandyň aýdyň mysallarynyň biri hem iri innowasion taslamanyň amala aşyrylmagy – «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy bolup durýar. Şu taslamanyň durmuşa geçirilmegi drenaž-zeý suwlaryny olary soňundan gaýtadan peýdalanmak üçin ýygnamagy amala aşyrmaga, zeý suwlary basan örüleri gaýtadan peýdalanmaga, suwarymly ýerleriň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem hapalanma derejesini peseltmek bilen, topragyň şorlaşmagy, batgalaşma we gurakçylyk bilen bagly köp meseleleri çözmäge ýardam eder.

Sebit derejesinde beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm jähti Aral meselesi bolup durýar. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy kabul edildi. Maksatnama Türkmenistanyň çäginde Aral deňzi babatynda netijeli ekologiýa şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, şeýle hem BMG-niň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Aral deňzini halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» kararnamasyna goşulan wezipeleri amala aşyrmaga ýardam berýär.