17-nji maksat: Durnukly ösüşiň hatyrasyna global hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyryjy serişdeleri pugtalandyrmak we işleri tizleşdirmek

DÖM 17 Durnukly ösüşiň hatyrasyna global hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyryjy serişdeleri pugtalandyrmak we işleri tizleşdirmek


Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmegi gazanmak hyzmatdaşlygy üpjün etmezden mümkin däldir. Türkmenistan, beýleki ýurtlar ýaly, ähli derejelerde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Türkmenistan, oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barmak bilen, halkara proseslerine işjeň gatnaşyjy bolup durýar we ähli ýurtlar bilen deň hukuklylyk, «açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda özara gatnaşyklary ýola goýýar we sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşe ýardam etmäge we ilerletmäge möhüm ähmiýet berýär.

Türkmenistan ikitaraplaýyn derejede hem, BMG, ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA ýaly iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem gatnaşyklary giňeldýär. Şu günki günde Türkmenistan dünýäniň 153 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we 54 halkara guramasyna gatnaşyjy bolup durýar, BMG-niň 11 Geňeşini, Komitetiniň we Komissiýasynyň düzümine girýär, şeýle hem 182 sany halkara konwensiýalaryna we şertnamalaryna gatnaşyjy bolup durýar.

Türkmenistan BMG we beýleki sebit we halkara guramalarynyň howandarlygynda alnyp barylýan işe, şeýle hem forumlara we dürli derejedäki formatlara işjeň gatnaşýar. Ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk – bu Türkmenistanyň tutýan ornunyň möhüm düzüm bölekleridir. Ýurt öňüni alyş diplomatiýasyny peýdalanmak we pugtalandyrmak arkaly bu daşary syýasat ugruny işjeň goldaýar we ösdürýär.

Türkmenistan transkontinental taslamalar boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek, hususan-da, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini, şol ugur boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugrunda elektrik geçiriji ulgamy gurmak babatynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şu taslama DÖM-i diňe bir milli derejede däl, eýsem sebitleýin derejede üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň çemeleşme hökmünde, şeýle hem biziň döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hakyky goşandy hökmünde seredip bolar.

Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini doly möçberde amala aşyrmak üçin maliýeleşdiriş ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem dürli çeşmelerden maliýe serişdelerini jemlemek talap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, DÖM-i amala aşyrmaga gönükdirilen çäreleriň durnukly maliýeleşdirilmegini üpjün etmek boýunça meseleler soňky ýyllarda ileri tutulýan ähmiýete eýe bolar. Türkmenistan maliýeleşdirmek boýunça hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasyny doly goldap, DÖM-i gazanmak üçin talap edilýän serişdeleri jemlemek we netijeli peýdalanmak üçin onuň çözgütleriniň tiz ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Daşary söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk ösdürmek, eksportyň geografiýasyny giňeltmek, türkmen eksportçylarynyň dünýä bazarlaryndaky orunlaryny pugtalandyrmak ýurduň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan haryt ýerlenýän täze bazarlary özleşdirmegi dowam etdirýär, ýurduň gaz geçirijiler mümkinçiligini artdyrýar, giň gerimli amatlyklar taslamalaryny durmuşa geçirýär, ulag geçelgelerini ösdürýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 100-dan gowrak ýurdy bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary saklaýar, şonuň netijesinde ýurtda kuwwatly eksport mümkinçiligi emele getirildi.

Uglewodorod toparynyň önümleri (gaz, nebit önümleri), şeýle hem uglewodorod däl pudaklaryň önümleri (elektrik energiýasy, mineral dökünler, dokma we azyk senagatynyň, oba hojalygynyň önümleri) ozalkylary ýaly, ýurduň eksportynda düzüm emele getiriji harytlar bolup galýar. Soňky ýyllarda ýurduň daşary söwda dolanyşygynda ýokary goşulan gymmaty bolan önümleriň eksport möçberleriniň görnüşleri ep-esli giňeldi. Ýurdumyzyň senagatynyň döredilen önümçilik kuwwatlyklary senagatyň we agrosenagat toplumynyň pudaklarynyň köpüsiniň önümlerini uly möçberlerde eksport etmäge mümkinçilik berýär.

17.11.1 görkeziji. Eksportyň ösüş depgini, %

Söwdany we maýa goýumlary höweslendirmek, türkmen öndürijileriniň daşarky bazarlardaky orunlaryny pugtalandyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan BSG-de synçy derejesini, 2022-nji ýylda bolsa, BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») hukugyny aldy. Türkmenistanyň BSG-e girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümetara topar döredildi, ol BSG-e bilen özara hereket etmegiň ähli jähtlerine ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýändigi babatynda seredýär.