DÖM 15 Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň degradasiýasyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologiki köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek
Özüniň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan tokaýlaryň saklanyp galmagyna we dikeldilmegine, gymmatly landşaftlary, ýaşalýan ýerleri we biodürlüligiň beýleki möhüm elementlerini goramaga, ýaramazlaşan ekoulgamlary goramaga we dikeltmäge, howanyň täsirlerini ýeňilleşdirmek üçin ýerden peýdalanmagy gowulandyrmaga ygrarly bolup galýar. Döwletiň maksatnamalaýyn resminamalaryny we halkara ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurtda gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär.
Türkmenistan az tokaýly döwlet bolup galýar we ýurduň tokaý gaznasy tebigy dag, dag etegindäki tokaýlardan we çöllükdäki tokaýlardan durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň düzümini üpjün etmekde möhüm faktor hökmünde abadanlaşdyryş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Her ýyl tokaý maksatnamasynyň çäginde dürli agaç görnüşlerini oturtmak dowam edýär.
Biologik we landşaft köpdürlüligi saklap galmaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen işiň hukuk esasy «Türkmenistanyň tokaý kodeksi» bolup durýar, ol tokaýlary durnukly dolandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ýurtda «Ösümlik dünýäsi hakynda» we «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň kanunlary hereket edýär, olar hem degişli ugurlarda tebigaty goramaga gönükdirilendir.
Ýer serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak boýunça çäreler hökmünde ýaramazlaşan we zaýalanan ýerleri dikeltmek we gaýtadan bejermek boýunça işler geçirilýär, ýerleriň we tebigy öri meýdanlarynyň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmegiň usullary boýunça iň gowy amalyýet çäreleri işlenip taýýarlandy, ýaramazlaşan ekoulgamlary gowulandyrmagyň netijeli usullary kabul edildi. Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we gorap saklamak maksatlarynda «Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň kanuny hereket edýär.
Emeli Altyn Asyr kölüniň döredilmegi çölleşme proseslerini saklamak boýunça iri tebigaty goraýyş desgalarynyň biri we öri meýdanlaryny dolanyşyga gaýtarmagyň netijeli mehanizmi bolup durýar.
Tebigy mümkinçiligi (potensial), biologik we landşaft köpdürlüligi saklap galmak we rejeli peýdalanmak ulgamynda ileri tutulýan maksat tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmakdan, ýabany ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşleriniň sanynyň azalmagynyň öňüni almakdan, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň serişdeleriniň, ýerüsti we ýerasty suwlaryň, ýerleriň gaýtadan emele gelmeginden we rejeli peýdalanylmagyndan, tebigy ekologik ulgamlaryň durnukly hereket etmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Türkmenistan 1996-njy ýylda Biologik dürlülik hakynda konwensiýany tassyklamak bilen, özüniň milli we bütindünýä biodürlüligi saklap galmak meselelerini çözmäge gyzyklanýandygyny we bu barada alada edýändigini görkezdi. Şu Konwensiýany ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri aýratyn goralýan tebigy çäkleriň ulgamyny döretmek bolup durýar, olara döwlet goraghanalary, tebigy ýadygärlikler, şeýle hem Gyzyl kitaba giren ösümlikler we haýwanlar degişlidir.
Türkmenistanda 9 sany döwlet goraghanasy, 16 sany goraghana we 2 sany tebigy ýadygärlik bar. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Hazar döwlet goraghanasy özboluşly tebigy toplum bolup durýar. Goraghananyň çäginde ösümlikleriň we haýwanlaryň 900 görnüşe golaýy bar, olaryň 47-si Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna goşulandyr.
Genetiki serişdeleri saklap galmak we ösdürmek hem DÖM 15 maksadynyň derwaýys wezipesi bolup durýar. Biodürliligiň komponentleri genetiki materialy almagyň çeşmesi bolup durýar. Türkmenistan Orta Aziýanyň Genetika merkeziniň ösümlikleriň medeni görnüşleriniň köp sanly ýabany kowumdaşlarynyň gelip çykan ýurdydyr. Oba hojalyk ylmy merkeziň Däneli, kösükli ösümlikleriň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň genetik bankynda ýerli we ösdürilip ýetişdirilýän sortlaryň genetiki materiallary saklanýar: bugdaýyň 560 sorty, arpanyň 7, greçkanyň 3, şalynyň 4, mekgejöweniň 14, jöweniň 19, soýanyň 17, nohudyň 6 sorty saklanýar. Ösümlikleriň sortlarynyň we gibrid görnüşleriniň jemi 630-niň genetiki materialy saklanýar.