DÖM 10 Ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligi azaltmak
Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek wezipesi ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýşyň hilini gowulandyrmak, raýatlary deň mümkinçilikler olar üçin elýeterligini üpjün etmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişine göni baglydyr.
Ýurtda ählumumy ykdysady ösüş syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär, bu syýasat nygmatlaryň we mümkinçilikleriň jemgyýetiň ähli agzalary üçin adalatly paýlanmagyna gönükdirilýär. Bu bolsa mümkinçilikleriň deňligini, raýatlaryň ýurduň ykdysady we sosial durmuşyna gatnaşmaklaryny, şeýle hem durmuş taýdan goraglylygy we adalatlylygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ýurtda her ýyl zähmet haklarynyň we durmuş tölegleriniň möçberiniň köpeldilmeginiň hasabyna girdejileriň derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Meselem, 2015–2022-nji ýyllarda bir öý hojalygyna düşýän pul girdejileri 2 esse.
Zähmetkeşleriň girdejileriniň ulgamlaýyn köpeldilmegi ýurduň jemi içerki önüminde zähmete hak tölemegi ýeterlik ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär.
10.4.1 görkeziji JIÖ-de zähmetkeşleriň girdejileriniň paýy, şol sanda zähmet haky we durmuş taýdan goramak ugry boýunça tölegler, %
ebitleriň ösüşinde disproporsiýalary azaltmak we olaryň deňeçer ösüşini gazanmak meseleleriniň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ilatyň ýaşaýyş derejesini deňleşdirmek boýunça wezipeleri çözmek maksady bilen, ýurduň ähli sebitlerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Eýýäm häzirki wagtda ýaşaýyş derejesi we onuň hili boýunça oba ýerleriniň şäherlere ýakynlaşýandygy bellenýär.
Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm wezipesi ýurduň raýatlarynyň ählisi üçin maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterligini üpjün etmek bolup durýar.
Türkmenistanyň bank ulgamynyň baş wezipesi karz işi bolup durýar, ýurtda karzlaşdyrmagyň esasy ugurlary şulardan ybaratdyr: sarp ediş karzlaryny bermek, oba hojalygyny ösdürmek üçin, hususy bölegi goldamak üçin karzlar.
Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ugruna ähli ilata, şol sanda uzakda ýerleşen etraplarda ýaşaýan adamlara döwlet we bank hyzmatlaryny etmek mümkinçiligi hökmünde seredilýär. Diňe 2017–2022-nji ýyllar aralygyndaky döwürde, plastik kartlaryň eýeleriniň we internet-bankingden peýdalanyjylaryň sany iki esseden gowrak köpeldi. Şunda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna plastik kartlaryň eýeleriniň 5,1 milliondan gowragy we internet bankingiň müşderileriniň 900 müňden gowragy bellige alyndy.
Türkmenistanyň migrasiýa syýasaty «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna we migrasiýa meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda, şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlary bilen arabaglanyşykda Migrasiýany dolandyryş ulgamyna (MiGOF) hem-de Migrasiýa hakynda global şertnama laýyklykda amala aşyrylýar, we migrasiýa ýagdaýyna garamazdan, migrantlaryň hukuklaryny goramaga, döwlet edaralarynyň arasynda utgaşykly çemeleşmeklige, migrasiýa gözegçilik etmek maksady bilen halkara guramalary we jemgyýetçilik bileleşikleri bilen hyzmatdaşlyga, migrasiýanyň durmuş-ykdysady jähtlerini dolandyrmaga, çökgünlik we adatdan daşary ýagdaýlarda migrasiýa proseslerini düzgünleşdirmäge, tertipleşdirilen, howpsuz, kanuny we jogapkär migrasiýany gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen.
«Raýatsyzlyk ýagdaýyny ýok etmek boýunça hereketleriň 2019-2024-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça çäreler amala aşyrylýar, bu Meýilnama halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Sebitdäki wekilhanasy we raýat jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde işlenip taýýarlandy.