14-nji maksat: Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini saklap galmak we rejeli ulanmak

DÖM 14 Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini saklap galmak we rejeli ulanmak


Türkmenistanyň Dünýä ummanyna çykalgasynyň ýoklugyna garamazdan, ýurtda DÖM-niň 14-nji maksadyny gazanmak daşky gurşawy goramak we ýer ýüzünde iň iri içerki deňziň, Dünýä ummanyndan aýrybaşga ýerleşen suw howdanynyň, ýagny Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Hazar deňziniň durnukly ekologiki ýagdaýyny üpjün etmek we gorap saklamak üçin ýurtda köp işler amala aşyrylýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtda Milli Hazar Hereketler Meýilnamasy (MHHM) durmuşa geçirilýär, ol Hazar deňziniň türkmen bölegini durnukly ösdürmegiň we onuň kenarýakasynyň ekologiýa meseleleriniň toplumyny çözmek boýunça çäreleri (serhetüsti çäreleri goşmak bilen) durmuşa geçirmegi üpjün etmegiň strategik ugurlaryny kesgitleýär.

Türkmenistan beýleki hazarýaka döwletler bilen bilelikde Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we onuň hapalanyşyna gözegçilik etmek boýunça utgaşdyryjy komitete girýär. Şeýle hem hazarýaka ýurtlar bilen bilelikde Türkmenistan Hazar Ekologiýa Maksatnamasyny (HEM) işjeň durmuşa geçirýärdi.

Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) gol çekildi, onda deňiz gurşawyna antropogen täsiri düzgünleşdirmek, biologik serişdelerini goramak meseleleri we Hazar deňziniň ekoulgamlaryny goramak boýunça çäreler babatynda umumy täsir etmek boýunça esasy düzgünler bellendi. Türkmenistan Tähran konwensiýasynyň çäklerinde Hazar deňziniň daşky gurşawynyň ýagdaýy hakynda maglumat, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda nebit bilen hapalanmagyna garşy göreşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygy boýunça meýilnama, Hazar deňzindäki deňiz zir-zibili boýunça hereketleriň sebitleýin meýilnamasy ýaly degişli maksatnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar.

Şeýle hem Hazaryň deňiz gurşawyny goramak üçin möhüm ähmiýeti bolan aşakdaky halkara-hukuk resminamalaryna gol çekildi: Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýanyň Nebit bilen hapalanmagyna getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda teswirnama we Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýanyň Hazar deňzini ýerüsti çeşmelerden we gury ýerde amala aşyrylýan işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak baradaky teswirnama.

Suwuň hapalanmagynyň möhüm görkezijileriniň biri hem ewtrofikasiýa indeksi bolup durýar. Ewtrofikasiýa hadysasy ilkibaşda suw gurşawynyň biologik önümliliginiň ýokarlanmagyna getirýär, ýöne soňundan ereýän kislorodyň ýetmezçiligi çalt ýokarlanýar, bu bolsa balyklaryň we beýleki janly organizmleriň heläk bolmagyna getirýär.


14.1.1 görkeziji. Kislorodyň biologik sarp edilişi, mg/l 


Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky «Hazarekogözegçilik» gullugy kislorodyň biologik sarp edilişiniň görkezijisini kesgitlemek boýunça işi yzygiderli geçirýär, bu görkeziji bellenen wagtda kislorodyň himiki hapalaýjylary turşatmak üçin harçlanan mukdaryny häsiýetlendirýär. 2015-2022-nji ýyllar aralygyndaky döwürde kislorodyň biologik sarp edilişiniň görkezijisi ýol berilýän derejäniň çäklerinde boldy (aňryçäk ýol berilýän kadasy 2 mg/l ýokary däl).

Deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Hazargözegçilik» gullugy tarapyndan Hazaryň deňiz suwunyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik geçirýär. 2015-2022-nji ýyllar aralygynda suwuň ortaça turşulygy (pH) 7,5-8,4 pН deňdir.

Şunuň bilen bir hatarda, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna, şol sanda durnukly organiki hapalaýjylar, nebit önümleri we agyr metallar bilen hapalanyşyna yzygiderli gözegçilik geçirilýär. Täze desgalary gurmak we hereket edýän desgalaryň durkuny täzelemek boýunça ähli taslamalar hökmany tertipde ekologiýa seljermesinden geçirilýär – olaryň Daşky gurşawa edýän täsirine baha berilýär (DGTB).

Bioköpdürlüligi saklap galmagyň derwaýys meseleleriniň biri bolup balyk tutmak işi çykyş edýär. Ähli görnüş biodürlüligi goramak, balyk tutmak we suwdaky biologik serişdeleri gorap saklamak ulgamynda hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň kanuny arkaly düzgünleşdirilýär.