4-nji maksat: Hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin bütin ömrüň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek

DÖM 4 Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeleriň bütin ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek

 

Bilim durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm faktory hökmünde, Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişlidir.

Irki ösüş boýunça milli syýasatyň ugurlarynyň biri hem mekdebe çenli ýaşdaky çagalary mekdepde okamaga taýýarlamak bolup durýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň hereket edýän Kanunyna laýyklykda mekdebe çenli ýaşdaky çagalary mekdebe taýýarlamak hökmany bolup durýar we azyndan bir okuw ýylynyň dowamynda mekdebe çenli, umumy bilim ýa-da beýleki bilim edaralarynda, şeýle hem, kadadan çykma hökmünde, maşgalada amala aşyrylýar.

Ýurduň mekdebe çenli bilim ulgamynda bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy we Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygy ösdürmek babatda 2020–2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy kabul edildi.

Çaganyň kadaly ösüşiniň baş görkezijisi Irki çagalykda ösüş indeksi bolup durýar. Türkmenistanda Irki çagalykda ösüş indeksi ýokary derejede saklanýar, bu 2019-njy ýylda 95,0%-e (oglanlar 94,7%, gyzlar 95,3%) deň boldy we MICS-5 (2015–2016 ý.) gözegçiliginiň netijelerinden ýokary boldy – 90,9% (oglanlar 91%, gyzlar 90,7%).

Türkmenistanda ähli çagalaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, «Bilim hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda «hiç kimi çetde goýmaly däl» ýörelgesi boýunça hökmany mugt, deň hukukly we gowy hilli umumy orta bilim almagy kepillendirilýär.

Mekdepler bitewi döwlet bilim maksatnamalary we standartlary boýunça işleýär. Dürli derejedäki döwlet bilim edaralary bilim edaralaryny dolandyrmagy we olaryň işine gözegçilik etmegi amala aşyrýarlar. Sowatlylygyň we hasaplama endikleriniň iň pes derejesini özleşdirmedik bir okuwçy hem indiki synpa geçirilmeýär ýa-da mekdepden çykarylmaýar.

MICS-6 maglumatlary boýunça umumy bilim edaralarynyň okuwçylarynyň gatnaşygynyň ýeterlik ýokary derejesini görkezdi. Gatnaşyk görkezijisi başlangyç bilim derejesinde 99,6%-e, umumy orta bilim derejesinde 98%-e deň boldy.

Türkmenistanda bilim ulgamy okuw mekdepleriniň üç tipini öz içine alýar – başlangyç, orta we ýokary hünär bilim mekdepleri.

Dünýä meýillerine laýyklykda, ýokary hünär biliminiň bakalawrlary, magistrleri taýýarlamak boýunça iki basgançakly gurluşy hem, hünärmenleri taýýarlamak boýunça däp bolan bir basgançakly gurluşy hem bardyr. Türkmenistanda ýokary bilim mekdepleri şulardan durýar: akademiýa, uniwersitet, institut, konserwatoriýa we beýlekiler.

Ýurtda ýokary we orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamagy 25 sany ýokary bilim döwlet edaralary we 42 sany hünär okuw mekdepleri üpjün edýär, 2020–2021-nji okuw ýylynda olarda 80,1 müň talyp, 2022–2023-nji okuw ýylynda bolsa 96,3 müň talyp okady.

 

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany, müň adam

Türkmenistan «Bilim hemmeler üçin» esas goýujy ýörelgeler özüniň meýilliligini hemişe tassyklap gelýär. 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýany tassyklady. Ýurtda bilim ulgamynda gender deňligi berjaý edilýär, aýallaryň we gyzlaryň hünäri erkin saýlap almaga hukuklary bar, okuw mekdeplerine kabul etmegiň deň şertleri üpjün edilýär. Hünärment-bilim mekdeplerinde okaýan talyplaryň üçden iki bölegi gyzlar bolup durýar.

Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlary bilen ugurdaş ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnamalaryň bolmagynda, okuwyň halkara goşulyşmagynyň işjeň tarapdary bolup çykyş edýär. 2022-nji ýylda Türkmenistan ýewropa sebitinde ýokary bilime degişli kwalifikasiýalary ykrar etmek hakynda konwensiýa goşuldy.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň bilim ulgamynda özgertmelere meýilliligi barada Milli jemleýji hasabaty işläp taýýarlandy, onda bar bolan meýilnamalara, maksatnamalara we başlangyçlara esaslanýan ileri tutulýan ugurlar babatynda milli borçnamalar we ylalyşyk (konsensus) beýan edildi. Şu hasabat Bilim özgertmek boýunça Ýokary derejedäki duşuşyga taýýarlyk boýunça milli geňeşmeleriň netijesinde taýýarlandy.