2-nji maksat: Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitlenmegi gowulandyrmak hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek

                                                                                                    MILLI WEZIPELER


2.2. 2030-njy ýyla çenli kem iýmitlenmegiň ähli görnüşlerini ýok etmek, şol sanda 2025-nji ýyla çenli bäş ýaşa çenli çagalarda ösüşiň gijä galmagyna we hor düşmäge garşy göreşe degişli halkara derejede ylalaşylan maksatlaýyn görkezijilere ýetmek we ýetginjek ýaşdaky gyzlaryň, göwreli we emdirýän aýallaryň we gartaşan adamlaryň iýmite bolan zerurlygyny kanagatlandyrmak.


2.3. 2030-njy ýyla çenli oba hojalygynyň önümçiligini we uly bolmadyk (ownuk) azyk önümlerini öndürijileriň, hususan-da aýallaryň, fermerçilik maşgala hojalyklarynyň, maldarlaryň we balykçylaryň girdejilerini iki esse ýokarlandyrmak, şol sanda bu wezipäni ýeriň, beýleki önümçilik serişdeleriniň we oba hojalyk önümçiliginiň faktorlarynyň, bilimleriň, maliýe hyzmatlarynyň, bazarlaryň we oba hojalygynda goşulan gymmaty we iş bilen üpjünçiligi artdyrmak üçin mümkinçilikleriň kepillendirilen we deň elýeterligini üpjün etmek arkaly amala aşyrmak.


2.4. 2030-njy ýyla çenli azyk önümleriniň önümçiliginiň durnukly ulgamlaryny döretmegi üpjün etmek we oba hojalygyny alyp barmagyň ýaşaýşa durnuklylygy we önümliligi ýokarlandyrmaga we önümçilik möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän, ekoulgamlaryň saklanmagyna ýardam edýän, howanyň üýtgemegine, adatdan daşary howa ýagdaýlaryna, gurakçylyga, suw basmagyna we beýleki howplara uýgunlaşmaga ukyplylygy pugtalandyrýan we ýeriň we topragyň hilini kem-kemden gowulandyrýan usullaryny ornaşdyrmak.


2.5. 2020-nji ýyla çenli tohumlaryň we ekilýän ösümlikleriň, şeýle hem oba hojalyk mallarynyň we öý haýwanlarynyň we olaryň degişli ýabany görnüşleriniň genetik özboluşlylygyny saklap galmagy üpjün etmek, şol sanda bu işi milli, sebit we halkara derejelerde tohumlaryň we ösümlikleriň dürli görnüşdäki banklaryny degişli derejede saklamak we genetik serişdeleriň we olar bilen baglanyşykly däp bolan bilimleriň elýeterligini giňeltmäge we halkara derejede ylalaşylan şertlerde olary ulanmakdan alynýan peýdany adalatly we deň esaslarda bilelikde peýdalanmaga ýardam etmek arkaly amala aşyrmak.


2.а. Ösüp barýan ýurtlarda, aýratyn hem gowşak ösen ýurtlarda oba hojalyk önümçiliginiň kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen, oba etraplarynyň amatlyklaryna, oba hojalyk ylmy barlaglara we oba hojalyk bilimlerini wagyz etmäge, tehnologiýalary işläp taýýarlamaga, ekinleriň we mallaryň genetiki banklaryny döretmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, şol sanda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň netijesinde artdyrmak.


2.с. Azyk harytlarynyň we olary gaýtadan işlemekden alnan önümleriň bazarlarynyň degişli görnüşde hereket etmegini üpjün etmek üçin çäreleri görmek we bazar maglumatlarynyň we, şol sanda azyk önümleriniň bahalarynyň çendanaşa üýtgäp durmagyny çäklendirmek maksady bilen, azyk ätiýaçlyklary baradaky maglumatlaryň öz wagtynda elýeter bolmagyna ýardam etmek.