Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Nury Jumaşow, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, şeýle hem maliýe we ykdysady syýasaty çygryndaky hünärmenler girdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (EEAS) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewin ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Ýewropa Bileleşiginiň dürli düzüm birlikleriniň, şol sanda Söwda (DG TRADE), Halkara hyzmatdaşlyk (DG INTPA), Ulag (DG MOVE), Energetika (DG ENER), Bilim we medeniýet (DG EAC), Ylmy gözlegler we innowasiýalar (DG RTD) Baş direktoratlarynyň wekilleri girdiler. Şeýle-hem, mejlise söwda, durnukly ösüş, ulag arabaglanyşygy we ynsanperwer meseleleri boýunça hünärmenler gatnaşdylar.

Mejlisiň işi Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň wekilleriniň giriş sözleri bilen başlandy, soňra mejlisiň gün tertibi tassyklanyldy. Çäräniň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda gatnaşyklary, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegini goldamak, Türkmenistanda we Ýewropa Bileleşiginde makroykdysady ýagdaýlary, şeýl hem ulag arabaglanyşygy we sanlylaşdyrma mowzuklary bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlise wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Pälwanow gysgaça çykyş edip, öz çykyşynda, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga syn berdi we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Energetika, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmalar suwy dolandyrmak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak, sebitdäki daşky gurşaw meseleleri we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak mümkinçilikleri öz içine aldy. Türkmen tarapy bu ugurda mundan beýläkki ädimler barada öz garaýyşlaryny beýan etdi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar ynsanperwer meseleleri, bilim we medeni alyş-çalyş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti halkara akademiki özara gatnaşyklary çygryndaky öz başlangyçlaryny giňişleýin beýan etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, öz gezeginde, Ýewropa Bileleşiginiň dürli maksatnamalarynda we taslamalarynda hödürlenýän mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Bilim başlangyçlaryna, şeýle hem BOMCA we CADAP ýaly pudagara maksatnamalara aýratyn üns berildi.

Bu başlangyçlar özara gyzyklanma döretdi we geljekdäki özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açdy.

Şeýle-de, Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady görkezijilerine we ykdysady ösüşiniň mümkinçiliklerine bagyşlanan maglumatlary bilen tanyşdyrdy. Häzirki ykdysady ösüşiň, senagatyň sanlylaşdyrmasy we Ýewropa bazarlaryna ählumumy faktorlaryň täsiri barada möhüm maglumatlar beýan edildi.

Mejlis Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmak bilen tamamlandy. Taraplaryň soňky çykyşlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin şeýle mejlisleriň geçirmegiň möhümligi nygtaldy.