11-nji maksat: Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologiki durnuklylygyny üpjün etmek

DÖM 11 Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologiki durnuklylygyny üpjün etmek


Raýatlary häzirki zaman, amatly we elýeter ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek ýurduň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda ýurtda şäherleri, şäherçeleri we obalary özgertmek boýunça çäreler geçirilýär, şäher ýaşaýjylarynyň ählisine howpsuz we zerur bolan ýaşaýyş jaýynyň elýeter bolmagyny üpjün etmek üçin giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalary durmuşa geçirilýär, olaryň çäklerinde ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlary, kottej tipli öýler gurulýar.

Durmuş we başga maksatly desgalaryň toplumyny öz içine alýan şäher amatlyklaryna aýratyn üns berilýär. Olaryň arasynda çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamynyň edaralary, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-kommunikasiýa we inženerçilik-tehniki ulgamlar bar.

Şeýle hem ýurtda sebitleri toplumlaýyn we deňeçer meýilleşdirmek boýunça iş alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamada ýurduň ähli şäherlerini we ilatly ýerlerini ösdürmäge, şeýle hem elýeter ýaşaýyş jaýlarynyň ilat üçin ählumumy elýeter bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Öý girdejileriniň artmagy we ipoteka karzlaryň berilmegi, ýurduň ýaşaýyş jaý ulgamyndaky özgertmeler özleriniň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. 2015-2022-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ipoteka karzlaşdyrmasy 2,5 esse ýokarlandy.


 Ipoteka karzlaşdyrmasynyň möçberi, mlrd manat

Ýurduň ähli sebitlerinde tapgyrlaýyn jaý gurluşygy amala aşyrylýar, onuň çäklerinde täze belent ýaşaýyş jaýlary, ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan kottej tipli öýler bina edilýär.

Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatynyň innowasion ugurlarynyň biri hem «akylly şäher» tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy bolup durýar, adamyň zerurlyklaryna gözükdirilendigi, ýaşaýyş derejesiniň ýokary hili we öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we inženerçilik çözgütlerini ornaşdyrmagyň hasabyna dolandyrmak onuň esasy häsiýetnamalary bolup durýar.

2023-nji ýylyň iýunynda döwrebap Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy şanly waka boldy, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu şäheriň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi.

Türkmenistanda ortaça bir ýaşaýja düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanynyň 2015–2022-nji ýyllar aralygyndaky döwürde bir derejede (23,2 m2) saklanýandygyny belläp geçmek gerek, bu ilat sanynyň öňegidişlikli depginde köpelýändigi bilen baglydyr.

Türkmenistanda şäherleşmegiň ösmegi bilen bir hatarda, milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we dikeltmek, bar bolan taryhy we medeni ýadygärlikleriň döwlet tarapyndan goralmagyny üpjün etmek, olary öwrenmek we dikeldiş-saklaýyş işlerini geçirmek meselelerine uly üns berilýär.

ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak boýunça konwensiýasynyň» çäklerinde şu wagta çenli Türkmenistanyň çäginde 1000-den gowrak taryhy we medeni ýadygärlikler ýüze çykaryldy we bellige alyndy. Şunda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Köne we Täze Nusaý galalary» ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizildi.

Şäherleşme prosesleriniň ösmegi bilen baglylykda daşky gurşawa we ekologiýa ýaramaz täsirler güýçlenýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň iri şäherlerinde ulgamlaýyn esasda atmosfera howasynyň ýagdaýyna gözegçilik geçirilýär.

Soňky ýyllarda ekologiýa taýdan amatly ýagdaýy saklamaga ýardam etmäge niýetlenen seýilgäh zolaklary, baglary we jemgyýetçilik tarapyndan peýdalanylýan beýleki ýerleri giňeltmek işjeň alnyp barylýar. Meselem, 2022-nji ýylda gök agaçlaryň umumy meýdany 30,6 müň gektara deň boldy, 2015-nji ýylda bu görkeziji 29,2 müň gektar (ösüş 4,8%) we 2019-njy ýylda 29,9 müň gektar (ösüş 2,3%) bolupdy. 2022-nji ýylda şäher ýerleriniň umumy meýdanyna garanyňda gök agaçlaryň tutýan meýdany 16,1%-e, 2019-njy ýylda 15,8%-e deň boldy.

Durnukly şäherleşmegiň möhüm jähtleriniň biri hem gaty durmuş galyndylaryny ýok etmek bolup durýar. Türkmenistanda ýurt boýunça şäherleriň gaty galyndylarynyň umumy toplumynda iş ýüzünde gaty durmuş galyndylarynyň ählisi yzygiderli ýygnalýar we degişli görnüşde ýok edilýär.