Saglygy goraýyş ulgamynda ýurduň esasy resminamasy bolup durýan «Saglyk» Milli maksatnamasy ilatyň saglygyny goramagy durmuş-ykdysady ösüşiň, abadançylygy gazanmagyň, ömrüň ortaça uzaklygyny we ýurduň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň esasy maksady hökmünde kesgitleýär. Şunuň bilen birlikde, bu wezipäniň amala aşyrylmagy durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmäge, durmuş ösüşine we durmuş adalatlylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, şeýle hem reproduktiw saglygy goramak Türkmenistanyň milli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda eneleriň ölüminiň pes derejesi saklanyp galýar, bu elýeter, gowy hilli we ýokary hünärli lukmançylyk hyzmatynyň, şeýle hem çaga dogrulmazyndan öňki gözegçiligiň netijesinde mümkin boldy. Her ýyl ýurduň çäginde saglyk merkezler we saglyk öýleriniň sany artýar. 2019-njy ýylda 3 sany saglyk öýi açyldy.
Soňky ýyllarda töwekgelçilik toparyndaky aýallary kontrasepsiýa bilen gurşap almagyň derejesi 21% (2013 ý.) bolanlygyndan 71,4%-e (2018 ý.) çenli ýokarlandy.
Kontrasepsiýa bolan kanagatlandyrylan islegiň görkezijisi ýokary bolup, ol 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň arasynda 81%-e deňdir, bu bolsa reproduktiw saglygy goramak boýunça otaglaryň işjeň iş alyp barýandygyny tassyklaýar.
Hökümet ene süýdi bilen iýmitlendirmegi öňe sürmek we oňa goldaw bermek boýunça çäreleri maliýeleşdirýär, bu bolsa çagalaryň arasynda ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň derejesini 2006-njy ýylda 10,9% bolanlygyndan 2016-njy ýylda 58,9%-e çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Tutuş ýurt boýunça derman serişdelerine durnukly inçekeseli çalt ýüze çykarmak üçin molekulýar anyklaýyş testini geçirmek tehnologiýasy ornaşdyryldy.
Inçekesele garşy gulluk ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegi ulgamyna goşuldy. Türkmenistan 2010-njy ýylda gyzzyrma keselini ýok eden ýurtlaryň sanawyna girdi.
Wirusly gepatit bilen kesellemegiň görkezijisi birsyhly pes derejede saklanýar – 2018-nji ýylda her 100 000 adama 0,5 ýagdaý. B gepatitiň garşysyna waksiýanyň üç dozasy bilen gurşalyp alnan 1 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler, degişlilikde 98%-e we 94%-e deň boldy. Waksinalary satyn almak we sanjym geçirmek işleri doly derejede döwletiň hasabyna amala aşyrylýar we maşgalanyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesine garamazdan berilýär.
Ýokanç däl keselleriň (ÝDK) netijeli öňüni almak üçin hökümet derejesinde köpugurly çäreler görülýär, Ýokanç däl keselleriň öňüni almak olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasy we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy durmuşa geçirilýär.
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek ulgamynda döwlet syýasatynyň möhüm bölegi ýaramaz endikleriň öňüni almak, sagdyn ýaşaýşy we sagdyn iýmitlenmegi wagyz etmek bolup durýar.
Çilim çekmekligiň ýaýrawy we ýygylygy hem-de alkogolly içgileri içmegiň derejesi boýunça hem oňyn öňegidişlik bar.
2019-njy ýylda «Saglyk» döwlet maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde ýurtda çaga doguşynyň derejesi ösýär, ölüm derejesi pes derejede saklanyp galýar we ilaty pozitiw görkezijiler bilen ýokary hilli medisina hyzmatlary üpjün edilýär.
2019-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde BSG ýokary derejeli neinfeksion keseli boýunça Ewropa konferensiýasy geçirildi. Konferensiýada geçirilen tema boýunça neinfeksion keseliň öňüni almak boýunça we Ýewropada Durnukly ösüş maksadynyň durmuşa ornaşdyrylmakda öňde goýulan meseleleri çözmäge gönükdirilen. Şunuň bilen birlikde, temmäki çekmege we alkogol içgilere garşy, sagdyndäl iýmetlenmege, fiziki işjeňliginiň ýetmezçiligi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
2019-njy ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde iş geçirilmeginiň netijesinde «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy» tassyklandy.
MILLI WEZIPELER
3.1. 2030-njy ýyla çenli eneleriň ölüminiň global koeffisientini täze doglan her 100 000 çagadan 70 halata çenli peseltmek
3.2. 2030-njy ýyla çenli täze doglan çagalaryň we 5 ýaşa çenli ýaşdaky çagalaryň öňüni alyp bolýan ölüminiň soňuna çykmak, şunda ähli ýurtlar neonatal ölümi täze doglan her 1000 çagadan 12 halata çenli, 5 ýaşa çenli ýaşdaky ýaşdaky çagalaryň ölümini bolsa täze doglan her 1000 çagadan 25 halata çenli azaltmalydyrlar.
3.3. 2030-njy ýyla çenli SPID-iň, inçekeseliň, gyzzyrmanyň we ýeterlik üns berilmeýän tropiki keselleriň ýaýramagynyň soňuna çykmak we sary getirmä, suwuň üstünden geçýän kesellere we beýleki ýokanç kesellere garşy göreşmegi üpjün etmek
3.4. 2030-njy ýyla çenli öňüni alyş çäreleri we bejeriş arkaly ýokanç kesellerden wagtyndan ir ölümi üçden bir derejede azaltmak we psihiki saglygy we abadançylygy saklamak
3.5. Psihoaktiw maddalara garaşlylygyň, şol sanda neşe serişdelerini we alkagolly içgileri aşa ulanmagyň öňüni almak we bejermek
3.6. 2020-nji ýyla çenli bütin dünýäde ýol-ulag hadysalarynyň netijesinde ölümleriň we şikes almalaryň sanyny iki esse azaltmak
3.7. 2030-njy ýyla çenli maşgalany meýilleşdirmek boýunça hyzmatlary, maglumat bermegi we aň-bilim işlerini goşmak bilen, jyns duýgurlygy (seksual) we reproduktiw saglygy goramak boýunça hyzmatlaryň ählumumy elýeterligini üpjün etmek we milli strategiýalarda we maksatnamalarda reproduktiw saglygy goramak meselelerini göz öňünde tutmak
3.8. Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşap almagy, şol sanda maliýe töwekgelçiliklerinden goramagy, gowy hilli esasy lukmançylyk-sanitar hyzmatlarynyň elýeterligini we howpsuz, netijeli, gowy hilli we arzan esasy derman serişdeleriniň we waksinalaryň hemmeler üçin elýeterligini üpjün etmek
3.а. Ähli ýurtlarda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny işjeňleşdirmek, zerur bolanda amala aşyrmak
3.b. Ilki bilen ösýän ýurtlara täsir edýän ýokanç we ýokanç däl keselleri bejermek üçin sanjymlaryň we dermanlaryň gözlegini we işlenip düzülmegini goldamak, “TRIPS şertnamasy we jemgyýetçilik saglygy baradaky" Doha jarnamasyna laýyklykda elýeterli möhüm dermanlaryň we sanjymlaryň elýeterliligini üpjün etmek; ösýän ýurtlar Ylalaşygyň intellektual eýeçilik hukuklarynyň söwda bilen baglanyşykly taraplary baradaky düzgünlerinden doly peýdalanýarlar ilatyň saglygyny goramak we esasanam hemmeler üçin dermanlara elýeterliligi üpjün etmek üçin çeýeligi.
3.с. Saglygy goraýşy maliýeleşdirmegi düýpli artdyrmak we ösüp barýan ýurtlarda, aýratyn hem gowşak ösen ýurtlarda we adalardaky ösüp barýan kiçi döwletlerde saglygy goraýyş işgärlerini işe kabul etmek, ösdürmek, hünär taýdan taýýarlamak we saklamak
3.d. Töwekgelçilikleriň ir öňüni almak, peseltmek we milli we global töwekgelçilikleri düzgünleşdirmek babatynda ähli ýurtlaryň, aýratyn hem ösüp barýan ýurtlaryň kuwwatyny artdyrmak