1-nji maksat: Garyplygyň ähli görnüşlerini hemme ýerde ýok etmek

DÖM 1 Garyplygyň ähli görnüşlerini hemme ýerde ýok etmek


Türkmenistan «Döwlet adam üçindir!» ýörelgesi boýunça ilatyň ýaşaýyş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär.

Ilatyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda däp bolan institusional çäreler ulanylýar – her ýyl iň pes zähmet hakynyň möçberi, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň (hususan-da, saglygy, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi we beýleki edaralaryň), hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet hakynyň möçberleri, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyplaryň we diňleýjileriň talyp haklary 10% ýokarlandyrylýar, şeýle-de ilatyň kategoriýalaryna baglylykda durmuş kömeginiň özboluşly çäreleri ulanylýar, ýagny köp çagaly maşgalalara, ene-atasyndan mahrum bolan çagalara, weteranlara, maýyplygy bolan adamlara ýeňillikler berilýär. Bu ilatyň girdejileriniň her ýyl ýokarlanmagyna ýardam edýär. Meselem, 2015–2022-nji ýyllarda bir öý hojalygyna düşýän pul girdejileri 2 esse, 2019–2022-nji ýyllarda 32,7%.

Türkmenistanda geçirilýän durmuş özgertmeleriniň esasy maksatlarynyň biri hem ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny her taraplaýyn ösdürmek we pensiýa üpjünçiliginiň ykdysady taýdan netijeli ulgamyny döretmek bolup durýar.

Ýurtda döwlet kömek pullarynyň şu görnüşleri bellenendir:

– wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça;

– göwrelilik we çaga dogurmak boýunça;

– çaga doglanda berilýän;

– çaga seretmek boýunça (çaganyň üç ýaşy dolýança işleýän ýa-da işlemeýän ene-ata tölenýär);

– maýyplyk boýunça (zähmete ukyplylyk kem-käsleýin ýa-da doly ýitirilende);

– Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän;

– döwlet durmuş kömek pullary.

2015–2022-nji ýyllarda pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň ortaça aýlyk möçberi 2,2 esse köpeldi. Iri we orta kärhanalarda işleýänleriň ortaça aýlyk zähmet haky 2015–2022-nji ýyllar aralygyndaky döwürde 1,9 esse köpeldi.

2019-njy ýyldan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG Durmuş taýdan goramak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýärler. Bilelikdäki maksatnamanyň çäklerinde ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň täze modelini synagdan geçirmek amala aşyryldy. Bu model adam hukuklaryna we berilýän durmuş hyzmatlaryna hemmelere degişli (inklýuziw) çemeleşmä esaslanýar we ilatyň goldawa mätäç gatlaklarynyň aýratyn zerurlyklaryna gönükdirilendir. Durmuş işi boýunça 45 hünärmen zerurlyklara baha bermegi geçirdi we ýurduň 20 etrabynda durmuş hyzmatlaryna salgylaýyn elýeterlik almak üçin ilatyň goldawa mätäç gatlaklaryna goldaw bermek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlady. Maksatnamanyň çäklerinde durmuş hyzmatlaryna mätäçlik çekýän 1 350 töweregi adama (çagalar, maşgalalar) durmuş işi boýunça hünärmenler tarapyndan baha berildi, olardan 770 adama jemgyýetiň durmuşyna doly derejede gatnaşmak babatda şahsy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek berildi.

Bilelikdäki maksatnama «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegine ýardam etdi (2021-nji ýyl), ol adamlaryň aýry-aýry toparlaryna durmuş hyzmatlaryny etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

Döwlet býujetiniň hasabyna durmuş ulgamyny (bilimi, Saglygy goraýşy, durmuş goraglylygyny we ş.m.) maliýeleşdirmegiň paýy ulgamlaýyn artdyrylýar. 2015–2021-nji ýyllarda bilim, Saglygy goraýyş, durmuş taýdan goramak ulgamynyň hyzmatlaryny maliýeleşdirmegiň paýy döwlet býujetiniň umumy möçberinde 49,0% bolanlygyndan 67,7%-e çenli ýokarlandy.

 

1.а.2. görkeziji Döwlet çykdajylarynyň umumy möçberinde durmuş ulgamynyň çykdajylarynyň paýy, %