Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak ugrunda hususy pudagyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak ugrunda hususy pudagyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda, ýurdumyzda halk köpçüliginiň arasynda, hususan-da, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň hem-de hususy pudagyň Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) barada, BSG-na agza bolmagyň artykmaçlyklary we netijeleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm işleri alyp barýar. Halkara söwda merkezi (ITC) “Türkmenistan: Söwda durnuklylygy we integrasiýa” atly taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen degişli işleri geçirýär.

Bu taslamanyň çäginde, hususy pudagyň wekillerini BSG-y we bu guramanyň dünýä söwdasyndaky möhüm orny barada habardar etmek üçin wajyp işler amala aşyrýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň başlangyjy bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde ýazmaça işewürlik gollanmalary taýýarlanyldy. Bu işewürlik gollanmalary, hususy pudagyň wekillerini gyzyklandyryp biljek esasy meseleleri öwrenmek üçin peýdaly bolar. Bu gollanmalarda BSG-y barada gysgaça maglumatlar, guramanyň esasy ylalaşyklary, agza bolmak ýoly we agza bolmagyň önüm öndürjilere, oba-hojalyk harytlaryny öndürüjilere we hyzmat berijilere ýetirjek täsiri barada şeýle hem, BSG-na agza bolmagyň harytlary eksport edýänlere nähili kömek edip biljekdigi we söwdada intellektual eýeçiligiň orny barada maglumatlary jemleýär. Gollanmanyň elektron görnüşini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi web sahypasynda ýükläp alyp bilersiňiz (https://fineconomic.gov.tm/).

BSG-yň hukuk ulgamynyň esasy düzgünlerini we ýörelgelerini, olaryň ýurduň milli söwda syýasatyna ýetirjek täsiri bilen baglanyşykly meseleleri hemme taraplaýyn öwrenmek häzirki gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, sebäbi häzirki döwürde Türkmenistan BSG-na agza bolmak ugrunda işjeň işleýär. Bu işiň 2022-nji ýylyň fewralynda, ýagny Türkmenistanyň BSG-dan “goşulýan ýurt” atly resmi statusyny alandan soň başlandygyny belläp geçmeli. Bu işde jogapkär edara hökmünde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, ýurdumyz üçin şeýle möhüm ugurda başarnykly çemeleşmegi üpjün etmek üçin köp sanly halkara guramalar bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.