«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary

Töleg ulgamlarynyň ýüze çykmagy we ösüşi çylşyrymly, üznüksiz proses hökmünde öz içine diňe bir tehnologik gurluşlary alman, eýsem hukuk, usulyýet we guramaçylyk meselelerini birikdirýär. Töleg ulgamynyň üstünlikli hereket etmegi gönüden-göni umumy ykdysady şertlere, kanunçylygyň durnuklylygyna, ösen infrastrukturalaryň, kommunikasiýa ulgamlarynyň bolmagyna we ş.m. baglydyr. Töleg ulgamynyň gurluşy öz içine institusional we infrastruktura elementlerini alýar 

Pul we töleg ulgamy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, çünki häzirki wagtda töleg ulgamy arkaly geçirilýän hasaplaşyklar puly ulanylmagyň esasynda amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly pul bäş wezipäni ýerine ýetirýär:

1) gymmat ölçegi;

2) dolanyşyk serişdesi;

3) toplaýyş serişdesi;

4) töleg serişdesi;

5) dünýä puly.

Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösmeginiň alty tapgyry tapawutlandyrylýar.

I tapgyr. Döremegi: biziň eýýamymyzdan öň VII asyra çenli döwür. Başlangyç tapgyrda tölegler harydy haryda göni çalyşmak arkaly ýa-da harytlaryň gymmatynyň sarp edijilik häsiýetlerini deňeşdirmek esasynda haryt pullary bilen amala aşyrylypdyr.Alyş-çalyş gymmaty onuň gönüden-göni göterijileri bolan we özünde içerki gymmatlylygy saklaýan mal, bugdaý we gymmat bahaly metallardan ýasalan bezegler hökmünde töleg gurallary görnüşlerinde bolupdyr.Haryt pullarynyň goşa wezipeleri (töleg we sarp edijilik) ýerine ýetirmegi geleşikleri baglaşmakda kontragentleriň özüni alyp barşyny belli bir derejede çäklendiripdir. Şeýle hadysanyň esasy sebäpleri şol döwürde alyş-çalşyga gatnaşýanlaryň arasynda üzňeligiň bolandygy we töleg guraly bolan harytlaryň-ekwiwalentleriniň kepili hökmünde diňe olaryň öz gymmatynyň çykyş edendigi bilen düşündirilýär.

Haryt pullary öz gezeginde pullaryň hiç bir wezipesini doly ýerine ýetirip bilmändirler, gymmat ölçegi wezipesi bolsa az-kem ýerine ýetirilipdir. Bu tapgyryň çäklerinde töleg ulgamynyň institusional elementleri bolup bazar ylalaşyklary, ekwiwalent görnüşinde ol ýa-da beýleki harydy kabul etmegiň düzgünleri we mehanizmleri çykyş edipdirler. «Haryt pullary» diýlip atlandyrylýan töleg gurallary öz gezeginde infrastruktura elementleri bolup hyzmat edipdirler.

II tapgyr. Emele gelmegi: biziň eýýamymyzdan öň VII asyr – XVI asyr. Haryt pullarynyň uzak hereket etmeginden soňra töleg gurallary hökmünde dolanyşykda metaldan ýasalan predmetler (peýkamyň we naýzanyň uçlary, çüýler, gap-gaçlar, goş-golamlar) peýda bolýar, ondan soňra bolsa dürli görnüşli guýmalar ýüze çykýar. Wagtyň geçmegi bilen dolanyşyga zikgelenen altyn we kümüş şaýylar girýär. Altyn we kümüş şaýylaryň çalt ýaýramagy olary saklamak, böleklemek, tölegi we hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin döredilen amatlyklar bilen baglanyşyklydyr. Şunuň özi töleg ulgamlarynyň indiki tapgyrynyň ösüşine başlangyç bolup hyzmat edýär. Ilkinji altyn şaýylar biziň eýýamymyzdan öň VII asyrda Lidiýa şalygynda (biziň eýýamymyzdan öň 560 – 546 ýý. şa Krezanyň döwründe), soňra Müsürde, Wawilonda, Gresiýada we Rimde çykarylýar. Altyn özüniň uly bolmadyk agramynda we göwrüminde ýokary gymmaty bilen tapawutlanýar. Bu bolsa ýurtlaryň arasynda söwda etmekde köp ýeňillikleri döredýär.

Biziň eýýamymyzdan öň VII asyrda banklaryň ilkinji alamatlary (Wawilonda pullary göterimli karzyna berýänler (süýthorlar), Gadymy Gresiýada goýumçylaryň hasabyna tölegleri geçirmek maksady bilen goýumlary saklaýan (stol) trapezaçylar) ýüze çykýar. Bu bolsa töleg ulgamlarynyň düzüminde ilkinji institutlaryň peýda bolmagyna ýardam edýär.

Altyn we kümüş şaýylar gymmat ölçeginiň wezipesini doly ýagdaýda ýerine ýetirip başlaýarlar, çünki bahanyň esasynda dürli harytlar deňeşdirilýär we çalşylýar. Şu tapgyrdan pullara dolanyşyk serişdesi wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde seredilip başlanýar. Bu pullaryň hakykatda gymmaty ölçemeklige ukyplydygy we onuň harytlaryň satyjydan satyn alyja geçmek hereketinde araçy bolup çykyş etmeklige ýaramlydygy bilen düşündirilýär. Puluň şu wezipesi bazara gatnaşyjylara deň derejedäki gymmatlyklary bada-bat çalyşmaga mümkinçilik berýär. Altyn we kümüş şaýylar hakyky pullar hökmünde çykyş etmek bilen, altyn şaýylaryň dolanyşygy şertlerinde olar toplaýyş serişdesi we dünýä puly wezipelerini ýerine ýetiripdirler, ýagny ähli ýurtlarda şaýy pullar töleg serişdesi hökmünde ulanylyp başlanýar.

XII asyrdan başlap töleg ulgamynyň düzümine weksel goşulýar. Wekseli dolanyşyga italýan serraplary tarapyndan altyn we kümüş şaýy pullaryny saklamak üçin kabul edilendigini tassyklaýan resminama hökmünde girizilýär. Soňra bu wekseller söwdada ulanyp boljak töleg serişdesine öwrülýär. XII asyrdan başlap söwdanyň giňemegi bilen baglanyşykda Ýewropanyň çäklerinde uly şäherleriň ýerleşýän ýerlerinde lomaý ýarmarkalar peýda bolýar. Şol ýarmarkalarda tölegler nagt ýa-da köplenç, weksel üpjünçiliginiň esasynda karzyna amala aşyrylypdyr. Weksel bilen hasaplaşyklar umumy tejribe hasaplanylypdyr. Wekseliň möhleti, adatça, gysga bolupdyr, ýagny olar indiki ýarmarkada tölenipdir. Bu bolsa karz töwekgelçiligini çäklendirmeklige mümkinçilik beripdir. Şeýle hem XIV asyrda altyn we kümüş şaýy pullaryny saklamak üçin kabul edýän pulhanaçylaryň kwitansiýasy görnüşinde ilkinji çekler ýüze çykyp başlaýar. Çek öz gezeginde kwitansiýa ýaly sertifikat hökmünde, ýagny puluň bardygyna şaýatlyk edýän şahadatnama bolup çykyş edipdir.

Weksel amallarynyň göwrüminiň artmagy bilen baglylykda paýly dolanyşygyň emele gelen däplerini kanunçylyk taýdan berkitmek zerurlygy döreýär. Şonuň üçin 1569-njy ýylda Bolonýede ilkinji weksel tertipnamasy kabul edilýär. Ol wekselleriň dolanyşygynyň esasy kadalaryny we düzgünlerini berkidýär.

Bu tapgyr gymmatyň hereketiniň ýönekeý görnüşden has çylşyrymly görnüşe geçmegi bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle ýagdaý tölegleriň möhletini yza süýşürmek bilen alyş-çalyş amallarynyň ösmegini kesgitleýär. Şunda weksel esasy gurala öwrülýär. Weksel indossament arkaly elden-ele geçirilende kliring tölegleri amala aşyrylýar, onuň dolanyşyk möhleti tamamlananda bolsa weksel karzy öçürilýär. Şeýlelikde, bu tapgyryň çäklerinde töleg ulgamy hakyky nagt pullaryň ýüze çykmak, ilkinji banklaryň peýda bolmak hem-de wekselleri we çekleri ulanmak bilen tölegleri amala aşyrmak döwürlerini geçýär.

Wekseliň indossamenti – wekseldäki geçiriji ýazgy bolup, onuň esasynda weksele bolan ähli hukuklar başga şahsa geçirilýär. Adatça, indossament wekseliň arka tarapynda ýa-da weksele berkidilýän goşmaça sahypada (allonžda) ýerleşdirilýär. Indossamente gol çeken şahs indossant diýlip atlandyrylýar.

II tapgyryň çäklerinde töleg ulgamynyň institusional elementleri bolup bazar ylalaşyklary, dürli maliýe institutlary (pullary göterimli karzyna berýänler (süýthorlar), alyş-çalyş nokatlary (býurolary), goýumçylaryň hasabyna tölegleri geçirmek maksady bilen goýumlary saklaýan (stol) trapezaçylar, döwlet edaralary), ol ýa-da beýleki töleg gurallary ulanylanda hasaplaşyklary geçirmegiň düzgünleri, ilkinji weksel tertipnamasy we ş.m. çykyş edipdirler. Infrastruktura elementlerine dürli metallardan ýasalan şaýy pullar, wekseller we çekler görnüşindäki töleg gurallary, şeýle hem kliring mehanizmleri degişli bolupdyr.

III tapgyr. Kadalaşdyrýan edara bilen hakyky ulgamyň resmileşdirilmegi: XVI asyryň ortasy – XIX asyryň birinji ýarymy. XV–XVI asyrlaryň beýik geografik açyşlarynyň netijesinde täze söwda hyzmatdaşlygy we gymmat bahaly metallaryň çeşmelerini gözlemek maksady bilen Amerika, Afrika, Aziýa we Okeaniýa deňiz ýollary arkaly gatnawlar ýola goýulýar. Şeýle açyşlaryň esasynda dünýä haryt bazary emele gelýär. Şol döwürde metal pul dolanyşygynyň häsiýeti bilen şertlendirilen töleg ulgamynyň netijeliligi şaýy pullaryň ätiýaçlygynyň öwezini doldurmak üçin gymmat bahaly metallaryň yzygiderli gelip gowuşmak zerurlygy sebäpli altyny we kümüşi gazyp almaklyga edilýän uly harajatlar bilen baglanyşykly çäklendirmelere garaşly bolupdyr. Şunuň bilen bilelikde banklar we döwlet edaralary dürli usullary ulanmak arkaly emele gelen çäklendirmeleri aradan aýyrmaklyga synanyşyk edipdirler. Bu öz gezeginde dolanyşykdaky metal pullary mejbury hümmetli döwlet kagyz pullary bilen çalyşmaklyga getirýär. Ilkinji kagyz pullary orta asyrlarda Hytaýda ýüze çykýar. Söwdanyň we senagatyň ösmegi bilen XVII asyrda Demirgazyk Amerikada, soňra bolsa Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlarynda kagyz pullar dolanyşyga çykarylypdyr. XVI asyrdan başlap has çylşyrymly gurluş bolan banklar peýda bolýar.Olar wagtyň geçmegi bilen öz kagyz pullaryny (banknotlary) dolanyşyga çykaryp başlaýarlar. Banknotlar altyna we beýleki gymmat bahaly metallara çalşylypdyr. Hususy banklaryň emissiýa (pullary dolanyşyga çykarmak) işi uzak wagtlap dowam edýär. Bu ýagdaý käbir döwletlerde şol işleriň döwlet tarapyndan belli bir banka berkidilendigine garamazdan saklanypdyr.

XVI–XVII asyrlarda demirgazyk italýan we birnäçe nemes şäherleriniň täjirleriniň (söwdagärleriniň) gildiýasy ýörite žirobanklary (“giro” italýan sözi bolup, terjimesi «aýlaw»,«dolanyşyk» diýmekligi aňladýar) döredýär. Mysal üçin, “Banco del Giro” (Wenesiýada 1584-nji ýylda esaslandyrylýar, bu ada 1619-njy ýylda eýe bolýar), “Wechsel-Banco” (Gamburg, 1619-njy ýylda döredilýär) we beýlekiler. Şol banklar öz müşderileriniň arasynda metal şaýy pullar we olary çalyşýan kagyz pullar bilen nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrypdyrlar. «Žiro» ady bilen aýratyn bank amallary ýüze çykýar. Bu amalyň manysy şundan ybarat, ýagny eger iki şahsyň biri beýlekisine töleg tölemeli bolsa we olaryň ikisiniň hem şol bir bankda goýumlary bar bolan ýagdaýynda, onda nagt pullary geçirmekligiň ýerine bank puluň eýesiniň buýrugy (žiro buýrugy) boýunça talap edilýän möçberi onuň hasabyndan aýryp we beýleki biriniň hasabyna goşup ýazmagy göz öňünde tutýar. Žiro amallary täjirlere (söwdagärlere) giňden ýaýran şaýy pullaryň zaýalanmasyndan döreýän ýitgilerden goranmaga mümkinçilik beripdir.

Söwda gatnaşyklarynyň ösmegi bilen şeýle amatly nagt däl žiro hasaplaşyklary diňe şol bir bankyň goýumçylarynyň arasynda geçirilmän, eýsem, dürli şäherleriň we hatda ýurtlaryň banklarynyň goýumçylarynyň arasynda geçirilip başlanýar. Häzirki döwürdäki hasaplaşyk-kliring merkezleriniň nusgalarynyň biri bolan weksel ýarmarkalary XVI–XVII asyrlaryň dowamynda (ýagny ýörite žiro banklarynyň döremeginden öň) her ýylda 4 gezek belli bir şäherde bankirler duşuşypdyrlar we olar Ýewropanyň söwda dolanyşygynyň uly bölegine hyzmat etmek bilen garşylykly borçnamalary özara hasaba almagy amala aşyrypdyrlar. Žiro amallary belli bir derejede kliring amallarynyň nusgalary bolupdyr. Kliring banklarynyň aýratynlygy olara ýokary karz ukyplylygynyň mahsus bolmagyndan ybaratdyr. Bankirleriň kitaplarynda tölegleri bir hasapdan aýryp, beýleki hasaba geçirmek arkaly ýazgy etmeklik şol döwrüň iň amatly usuly bolupdyr. Bu usul dürli şaýy pullary hasaba almakda, bahalandyrmakda, daşamakda ýüze çykýan ähli kemçilikleri aradan aýyrmaklyga ýardam edipdir.

XVII asyryň ahyryndan başlap, banknotlary emissiýa etmegiň ýeke-täk hukugyna eýe bolan ilkinji Merkezi banklar peýda bolýar (Şotlandiýanyň Sveriges Riksbank, 1668-nji ýyl; Angliýanyň banky, 1694-nji ýyl; Fransiýanyň Merkezi banky, 1800-nji ýyl; Awstriýanyň banky, 1806-njy ýyl; Rus Döwlet banky, 1860-njy ýyl). Merkezi banklaryň emele gelmegi kem-kemden iki derejeli bank ulgamynyň döremegine getiripdir. Bu tapgyryň çäklerinde kadalaşdyryjy edaranyň döremegi bilen töleg ulgamynyň emele gelmegi bolup geçýär. Merkezi banklaryň adyndan pul-karz syýasatyny, pul belgileriniň emissiýasyny we karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmegi amala aşyrýan ýeke-täk edara döreýär.

Karz gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy bilen puluň töleg serişdesi wezipesi peýda bolýar. Bu şunuň bilen baglanyşyklydyr, ýagny karz serişdeleriniň dolanyşygynyň emele gelmegi netijesinde puluň massasynyň has-da doly ulanylmagy bolup geçýär, wagta baglylykda harytlaryň hereketiniň we pul bilen olaryň bahasynyň tölenilmeginiň arasyndaky bölünme gysgalýar. Şoňa garamazdan bu tapgyrda pul özüniň töleg serişdesi wezipesini doly ýerine ýetirip bilmeýär, çünki onuň ähli tölegleri çalt amala aşyrmak mümkinçiligi bolmaýar. Nagt pullar dolanyşyk serişdesi, toplaýyş serişdesi we gymmat ölçegi wezipelerini ýerine ýetirýär.

III tapgyryň çäklerinde töleg ulgamynyň institusional elementleri bolup şu görkezilenler çykyş edipdir: bazar ylalaşyklary; karz edaralary (žiro banklar, emission banklar); Merkezi banklar; kanunçylyk we kadalaşdyryş gurluşlary (žiro hasaplaşyklary geçirmekligiň düzgünleri, dürli töleg serişdeleri üçin buýruklary düzmegiň, tassyklamagyň we geçirmegiň düzgünleri – Fransiýanyň, Germaniýanyň we beýlekileriň weksel tertipnamalary). Infrastruktura elementlerine kliring hasaplaşyklarynyň iş tertibi (proseduralary) we töleg gurallary hökmünde çykyş eden pul belgileri (banknotlar we şaýy pullar, wekseller, žiro buýruklar, çekler we ş.m.), şeýle hem kliring mehanizmleri degişli bolupdyr.

IV tapgyr. Töleg ulgamynyň işjeň ösdürilmegi: XIX asyryň birinji ýarymy – XX asyryň ikinji ýarymy. Bu tapgyr gönüden-göni hasaplaşyk we kliring palatalarynyň ýüze çykmagy hem-de güýçli ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Müşderiler banklarda pullaryny saklamaklyk bilen bilelikde olara bergidarlardan algylary almaklygy hem tabşyryp başlaýarlar. Şol tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegi Londonyň hasaplaşyk palatasyny (1750-nji we 1770-nji ýyllaryň arasynda) esaslandyrmaga itergi beripdir. Angliýanyň banklary Londonyň hasaplaşyk palatasynyň agzalary bolupdyrlar. Hasaplaşyk palatasy gatnaşyjylara gutarnykly hasaplaşyklary metal nagt pul töleginiň kömegi bilen däl-de, eýsem, geçirilýän çeklere esaslanýan hasaplaryň ýönekeý ýazgysy arkaly amala aşyrmaklyga mümkinçilik beripdir. 1872-nji ýylda Wena we Budapeşt hasaplaşyk palatalary döredilýär. Olar özara hasaplaşyklaryň talaplaryny kanagatlandyrypdyrlar. Hasaplaşyk amallaryny ýeňilleşdirmek we ösdürmek üçin awstro-wenger bankynyň ýolbaşçylygynda birnäçe söwda we karz edaralary Wena hasaplaşyk bileleşigini (Wiener Saldirungsverein) emele getiripdirler. Hasaplaşyk palatalary diňe bir pul bazarlarynda hereket etmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki bazarlarda hem hereket edip başlaýar. Germaniýada ilkinji gazna hasaplaşyk palatalary ýüze çykyp başlaýar. Birinji palata 1867-nji ýylda Maýn boýundaky Frankfurtda, soňra 1869-njy ýylda Berlinde we 1870-nji ýylda Gamburgda açylýar.

ABŞ-da kliring banklarynyň we hasaplaşyk palatalarynyň töwereginde töleg ulgamlarynyň jemlenmegi köp derejede Ýewropanyň ýörelgelerinden ugur alnandygy bilen düşündirilýär. 1913-nji ýylda 12 bankdan ybarat bolan we hususy banklara gatnaşykda Merkezi bankyň wezipesini ýerine ýetirýän ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy döredilýär. Birnäçe ýyldan soňra ABŞ-nyň Fedwire töleg ulgamy emele gelýär. Fedwire iňlis dilinde söz gysgaltmasynyň doly ýazylyşy «Federal Reserve Wire Network» bolup, onuň terjimesi «Federal awtomatlaşdyrylan pul geçirmeleri ulgamy» diýmekligi aňladýar. Fedwire telegraf esasynda tölegleri geçiren ilkinji ulgam bolupdyr.

Çekleriň şekil üýtgemesi hökmünde ilkinji plastik kartlary 1914-nji ýyldan ýüze çykyp başlaýar. 1946-njy ýylda kredit kartlary çykarylyp başlanýar. Olar «Charge-it» atly karzyň düzgüni boýunça ýerli dükanlaryň müşderilerden ownuk söwdalar üçin dil hatlary almaklygyny göz öňünde tutupdyr. Satyn almalar tamamlandan soň, dükan şol dil hatlary banka tabşyrypdyr. Bank öz gezeginde dil hatlarynyň esasynda satyn alyjylaryň (müşderileriň) hasaplaryndan görkezilen tölegleri dükanyň hasabyna geçiripdir.

1930-njy ýylda Halkara hasaplaşyklar bankynyň esaslandyrylmagy bilen, töleg ulgamlarynda kadalaşdyryjy edara ýüze çykýar. Onuň işiniň maksady Merkezi banklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige ýardam bermekden, halkara maliýe amallary üçin täze mümkinçilikleri döretmekden we beýlekilerden ybarat bolupdyr.

Şeýlelikde, bu tapgyryň çäklerinde töleg ulgamlary işjeň ösdürilýär, täze töleg gurallary dolanyşyga girizilýär (töleg tabşyrygy, töleg talapnamasy, akkreditiwler, çekler we plastik kartlar), şeýle hem nagt däl pul dolanyşygynyň göwrümi artýar.

Bu tapgyrda institusional elementleriň düzümi şu görkezilenlerden ybarat bolupdyr: bazar ylalaşyklary, karz institutlary (banklar, hasaplaşyk we kliring palatalary we ş.m.); Merkezi banklar we halkara guramalary; kanunçylyk we kadalaşdyryş gurluşlary (halkara derejesinde berkidilen dürli töleg serişdeleri üçin buýruklary düzmegiň, tassyklamagyň we geçirmegiň düzgünleri – «Geçirilýän we ýönekeý wekseller barasynda birmeňzeş kanun hakynda» (1930ý.) we «Çekler barasynda birmeňzeş kanun hakynda» (1931ý. Ženewa konwensiýalary). Infrastruktura elementleri hökmünde kliring hasaplaşyklarynyň iş tertibi (prosedurasy), telekommunikasiýa ulgamlary, ýöriteleşdirilen töleg ulgamlary, töleg bazarynyň hyzmatlary we töleg gurallary (banknotlar, şaýy pullar, wekseller, žiro buýruklar, çekler, kredit kartlar we ş.m.) çykyş edipdir.

V tapgyr. Tölegleriň elektronlaşmagy: 1960 – 1990-njy ýyllar. 1960-njy ýyllarda ABŞ-da satuwlary awtomatlaşdyrýan tehnologiýalaryň we korporatiw serişdeleri dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen töleg ulgamlarynyň ösüşinde täze tapgyr başlanýar. Amerikanyň banklary tölegleri we pul serişdeleri geçirmegiň elektron usullaryny işjeň girizýärler. EFT (iňlis dilinde söz gysgaltmasynyň doly ýazylyşy «Electronic fund transfer» bolup, onuň terjimesi «Serişdeleriň elektron geçirmesi» diýmekligi aňladýar) ýaly elektron geçirmeleriniň tehnologiýalary ýüze çykýar. 1968-nji ýylda maglumatlary elektron alyşmagyň tehnologiýasy ornaşdyrylýar. Ol soňra elektron geçirmeleriniň esasy bolup hyzmat edýär. Elektron tölegler gitdigiçe işjeň ösdürilýär, kredit kartlar wagtyň geçmegi bilen adaty ýagdaýa öwrülýär.

Bu tapgyryň çäklerinde möhüm wakalaryň biri hökmünde 1973-nji ýylda döredilen SWIFT ulgamy çykyş edýär. Bu bileleşik tutuş dünýä boýunça maliýe maglumatlaryny (habar bermeleri) ygtybarly geçirmek, şeýle hem maliýe maglumatlaryny (habar bermelerini) alyşmagyň usullaryny we görnüşlerini standartlaşdyrmak üçin emele getirilýär. SWIFT barada giňişleýin maglumatlar aýratyn soragda getirilýär.

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy tarapyndan dolandyrylýan Fedwire töleg ulgamy 1970-nji ýylda bütinleý kompýuterleşdirilen elektron kommunikasiýalarynyň we amallar merkeziniň (prosessingiň) ýokary tizlikli ulgamyna özgerdilýär. Fedwire töleg ulgamynyň tehniki we kommunikasiýa mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmeginden başga-da töwekgelçiliklere gözegçilik etmekligi güýçlendirmek boýunça birnäçe çäreler amala aşyrylýar. Bu prosesleriň ählisi tölegleriň elektronlaşmagyna, olaryň has çalt we howpsuz geçirilmegine, töleg ulgamynyň hakyky gurluş düzümine eýe bolmagyna ýardam edýär.

1980-nji ýyllarda beýleki senagat taýdan ösen ýurtlarda hem töleg ulgamlarynyň täzelerini döretmek we könelerini üýtgedip gurmak bilen baglanyşykly işler güýçli depginde alnyp barlypdyr. Başda şeýle ulgamlaryň aglabasy kliringe esaslanypdyr, ýagny hasaplaşyk döwrüniň dowamynda gatnaşyjylaryň maliýe talaplary toplanypdyr, günüň ahrynda kliring geçirilipdir we her bir gatnaşyjynyň netto (arassa,sap) ýagdaýy kesgitlenip, şonuň esasynda gutarnykly hasaplaşyklar ýerine ýetirilipdir. ХХasyryň ahyrynda birnäçe iri döwletleriň töleg ulgamlary hakyky wagt tertibindäki umumy (jemi) hasaplaşyklara esaslanýan ulgamlara geçip başlaýarlar.

Maglumat tehnologiýalarynyň we mikroelektronikanyň güýçli ösmegi bilen baglanyşykda 1980-nji ýyllaryň başlaryna ilkinji elektron terminallary ýüze çykýar, mikroprosessorlar oturdylan plastik kredit kartlary goýberilip başlanýar, şeýle hem ilkinji bankomatlar peýda bolýar. Bu täze girizilenler peýdalanyjylara karz edaralarynda açylan öz hasaplaryny has netijeli ulanmaklyga, geçirmeler bilen baglanyşykly çykdajylary peseltmäge, hasaplaşyklaryň amatlylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaklyga mümkinçilik beripdir. 1984-nji ýylda maliýe sektorynyň edaralary müşderiler bilen habarlaşmakda elektron poçtany işjeň peýdalanyp başlaýarlar. Bu öz gezeginde elektron banking we internet-banking hyzmatlaryny ornaşdyrmakda başlangyç nokat bolup çykyş edýär.

Plastik kartlaryň ýüze çykmagy bilen pullaryň wezipeleriniň araçägi ýitip başlaýar. Töleg serişdesi hökmünde pullaryň wezipesi agalyk edip ugraýar. Puluň bu wezipesi öz içine karz gatnaşyklaryny we nagt däl pul dolanyşygyny alýan haryt-pul gatnaşyklarynyň has ýokary derejesine laýyk gelýär. Şol bir wagtda nagt pullar gymmat ölçegi, dolanyşyk serişdesi, toplaýyş serişdesi wezipelerini ýerine ýetirmekligi dowam edýär. Töleg ulgamy tölegleri dolandyrmaklygy kämilleşdirmek, hasaplaşyk we karz töwekgelçiliklerini peseltmek bilen bilelikde ösdürilýär. Globallaşma prosesi döwletara hasaplaşyklarynyň mukdarynyň we göwrüminiň artmagyna itergi berýär.

V tapgyrda institusional elementleriniň düzümine bazar ylalaşyklary, karz institutlary, Merkezi banklar, hasaplaşyk we kliring palatalary, töleg buýruklaryny düzmegiň, tassyklamagyň we geçirmegiň düzgünleri, kadalaşdyryş-hukuk üpjünçiligi degişli bolupdyr. Infrastruktura elementleri hökmünde töleg gurallary (nagt pullar, wekseller, çekler, töleg kartlary, töleg tabşyryklary, töleg talapnamalary, akkreditiwler we ş.m.), tölegleri çalt geçirmeklige ýardam edýän kompýuter we telekommunikasiýalar ulgamlary, ýöriteleşdirilen töleg ulgamlary çykyş edipdir.

VI tapgyr. Tölegleriň wirtuallaşmagy: 1990-njy ýyllaryň ahyryndan – häzirki döwre çenli. Töleg ulgamlarynyň ösüşiniň häzirki zaman tapgyry gönüden-göni hasaplardan peýdalanmaklyga elektron rugsatlarynyň binýadynda töleg hyzmatlarynyň we elektron pullaryň ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Munuň başlangyjy bolup, 1993-nji ýylda Gollandiýanyň milli barlag merkezinde işlenip düzülen programma üpjünçiligi – sanly nagt bilen işlemek üçin e-Cash (iňlis dilinde «electronic cash» bolup, onuň terjimesi «elektron pullar» diýmekligi aňladýar) tehnologiýasy hyzmat etdi. E-Cash konsepsiýasy kompýuter torlary arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyny tölemek üçin adaty elektron pul düşünjesi hökmünde şol wagtlarda belli bir ýaýrawa eýe bolupdyr. 1995-nji ýylda dünýäde ilkinjiler bolup, Belgiýanyň Proton kompaniýasy dolanyşyga ownuk söwdalar üçin monowalýuta mikroprosessor kartoçkasyny girizýär we Angliýanyň Mondex kompaniýasy «elektron gapjyk» işläp düzýär. Bu innowasiýalaryň has ähmiýetlisi bolsa täze töleg serişdesi hökmünde elektron pullaryň ýüze çykmagydyr. Şol töleg serişdesiniň täzeçilligi diňe bir «elektronlaşmakda» bolman, eýsem elektron pullaryň «wirtuallaşmagyndan» ybarat bolupdyr. Köp ýagdaýlarda elektron pullar gymmat ölçegi wezipesini wirtual ýerine ýetiripdir.

Şeýle innowasion prosesler bilen bilelikde mikroprosessor kartlaryny ýasamagyň birmeňzeş talaplaryny işläp taýýarlamaklyga girişilýär (EMV-Europay, MasterCard, VISA tehnologiýalary). Internetiň çalt ösmegi elektron işewürliginiň hakyky doly ýüze çykmagyna ýardam edýär we ilkinji gezek bütindünýä kerebinde elektron tölegleriniň maglumat howpsuzlygy meseleleri goýulýar. Onuň netijesinde Internetde howpsuz tranzaksiýalary amala aşyrmak üçin ýörite protokol işlenip düzülýär.

Elektron işewürliginiň ýüze çykmagy we onuň işjeň ösdürilmegi bilen baglanyşykda şol amallary kanunçylyk taýdan kadalaşdyrmak zerurlygy döreýär. 1998-nji ýylda Singapurda «Elektron geleşikleri hakynda» kanun we 2000-nji ýylda Ýewropa parlamentiniň we Ýewropa Bileleşiginiň geňeşiniň 2000/31/ÝB «Içerki bazarda maglumat hyzmatlarynyň käbir hukuk jähetleri hakynda, hususan hem, elektron işewürligi hakynda» Direktiwasy we beýlekiler kabul edilýär. Bu resminamalarda elektron işewürligini ösdürmek üçin esasy düzgünler beýan edilýär. Elektron işewürliginiň ösmegi geçirilýän maglumatlaryň gorag enjam-programma serişdelerini kämilleşdirmeklige ýardam edýär. Ondan başga-da Internet arkaly hasaplaşyklary geçirmegiň täze töleg usullary (wirtual hasaplar, ykjam aragatnaşyk serişdelerini ulanmak bilen tölegleri geçirmegiň usullary, mikrobilling we ş.m.) ýüze çykýar. Tölegleriň wirtuallaşýan tapgyrynda puluň töleg serişdesi wezipesi agalyk edýär. Şoňa garamazdan pul galan beýleki wezipeleri hem ýerine ýetirmegi dowam edýär. Elektron pullar, bir tarapdan, puluň ähli wezipelerini, beýleki tarapdan, diňe aýratyn wezipelerini ýerine ýetirýär.

VI tapgyrda institusional elementleriň düzümine şu görkezilenler degişlidir: bazar ylalaşyklary, karz institutlary, Merkezi banklar, hasaplaşyk we kliring palatalary, töleg buýruklaryny düzmegiň, tassyklamagyň we geçirmegiň düzgünleri, kadalaşdyryş-hukuk üpjünçiligi. Infrastruktura elementleri hökmünde ähli töleg gurallary, kompýuter we telekommunikasiýa ulgamlary, kliringiň dürli iş tertipleri (proseduralary), ýöriteleşdirilen töleg ulgamlary çykyş edipdir.

Ýokarda beýan edilenlere esaslanyp, töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň esasy tapgyrlaryny gysgaça şeýle häsiýetlendirmek bolar (1-nji tablisa).


1-nji tablisa


Töleg ulgamlarynyň esasy tapgyrlarynyň ösüşi


Tapgyrlar 

Şertler 

Institusional elementler

Infrastruktura elementleri

I tapgyr. Döremegi: biziň eýýamymyzdan öň VII asyra çenli döwür

Nagt pullaryň bolmazlygy, harytlaryň ýa-da «haryt pullaryň» ulanylmagy bilen tölegleriň amala aşyrylmagy

Bazar ylalaşyklary, ekwiwalent hökmünde ol ýa-da beýleki harydy kabul etmegiň düzgünleri we mehanizmleri

«Haryt pullary» hökmünde çykyş eden töleg gurallary

II tapgyr. Emele gelmegi: biziň eýýamymyzdan öň VII – XVI asyr

Şaýy pullaryň ýüze çykmagy, ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklarynyň giňemegi we ösmegi

Bazar ylalaşyklary, dürli guramalar (pullary göterimde karzyna berýän süýthorlar, alyş-çalyş nokatlary (býurolary), banklar), hasaplaşyklary geçirmekligiň düzgünleri

Dürli metallardan ýasalan şaýy pullar, wekseller, çekler hökmünde töleg gurallary, kliring mehanizmleri

III tapgyr. Kadalaşdyrýan edara bilen hakyky ulgamyň resmileşdirilmegi: XVI asyryň ortasy – XIX asyryň birinji ýarymy

Söwda gatnaşyklarynyň giňemegi, emission, kliring we Merkezi banklarynyň ýüze çykmagy, banknotlaryň emissiýasynyň başlanmagy

Bazar ylalaşyklary, karz edaralary (žiro banklar, emission banklar), Merkezi banklar, hukuk gurluşlary (weksel tertipnamalary), žiro hasaplaşyklary geçirmegiň düzgünleri

Töleg gurallary (banknotlar we şaýy pullar), wekseller, žiro buýruklar, çekler; kliring mehanizmleri

IV tapgyr. Töleg ulgamynyň işjeň ösdürilmegi: XIX asyryň birinji ýarymy – XX asyryň ikinji ýarymy

Integrasion prosesler, hasaplaşyk palatalarynyň ýüze çykmagy, telegrafyň ösmegi, bankara korrespondent gatnaşyklarynyň ösmegi

Bazar ylalaşyklary, karz edaralary, hasaplaşyk palatalary, Merkezi bankyň ýa-da Federal ätiýaçlyk ulgamynyň adyndan kadalaşdyryjy edaralar

Töleg gurallary (banknotlar we şaýy pullar, wekseller, hasaplaşyk çekler), telekommunikasiýa ulgamlary (telegraf), kliring mehanizmleri, töleg ulgamlary, kartly ulgamlar

V tapgyr. Tölegleriň elektronlaşmagy: 1960 – 1990-njy ýyllar

Satuwlary we dolandyryşy awtomatlaşdyrmak boýunça tehnologiýalaryň ýüze çykmagy, maglumatlary alyşmagyň elektron tehnologiýalary, SWIFT-iň döredilmegi

Bazar ylalaşyklary, karz edaralary, Merkezi banklar, hasaplaşyk we kliring palatalary, töleg buýruklaryny düzmegiň, tassyklamagyň we geçirmegiň düzgünleri, kadalaşdyryjy-hukuk üpjünçiligi

Töleg gurallary (nagt pullar, wekseller, çekler, töleg kartlary, töleg tabşyryklary, töleg talapnamalary, akkreditiwler we beýlekiler), kompýuter we telekommunikasiýa ulgamlary, ýöriteleşdirilen töleg ulgamlary

VI tapgyr. Tölegleriň wirtuallaşmagy: 1990-njy ýyllaryň ahyryndan – häzirki döwre çenli

Hasaplardan peýdalanmaklyga elektron rugsatlarynyň we elektron pullaryň binýadynda töleg hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy, Internetiň işjeň ösdürilmegi

Bazar ylalaşyklary, karz edaralary, Merkezi banklar, hasaplaşyk we kliring palatalary, töleg buýruklaryny düzmegiň, tassyklamagyň we geçirmegiň düzgünleri, kadalaşdyryş-hukuk üpjünçiligi

Töleg gurallary (nagt pullar, wekseller, çekler, töleg kartlary, töleg tabşyryklary, talapnamalary, akkreditiwler, elektron pullar, wirtual hasaplar), töleg hyzmatlary bazarynyň önümleri, kompýuter we telekommunikasiýa ulgamlary, ýöriteleşdirilen töleg ulgamlary


Şeýlelikde, töleg ulgamy taryhy nukdaýnazaryndan töleg ulgamynyň gurluşynyň ewolýusiýasynyň we töleg gurallarynyň ösdürilmeginiň berk arabaglanyşygy netijesinde emele gelýär. Häzirki zaman töleg ulgamynyň döremegi üçin ähli tapgyrlar zerur bolup, olaryň uly ähmiýeti bardyr. Töleg ulgamlarynyň netijeli hereket etmeklerini ýokarlandyrmaga we pul dolanyşygynyň harajatlaryny peseltmäge çalyşmaklyk köp sanly töleg gurallarynyň ýüze çykmagyna getirýär. Töleg gurallarynyň has çylşyrymly görnüşleriniň ulanylmagy bilen gatnaşyjylaryň sany artýar, degişlilikde, has çylşyrymly töleg gatnaşyklary peýda bolýar. Şunda her tapgyrda ewolýusiýanyň tizligi ýokarlanýar. Töleg ulgamlarynyň ewolýusiýa prosesi netijesinde puluň töleg serişdesi wezipesi esas düzüji häsiýete eýe bolýar. Bu wezipe öz içine gymmat ölçegi, toplaýyş serişdesi, dolanyşyk serişdesi, dünýä puly wezipelerini almak bilen integral wezipe hökmünde çykyş edýär. Töleg serişdesi hökmünde puluň wezipesiniň tapawutlandyrylmagy häzirki zaman töleg ulgamynyň ösdürilmegi üçin ykdysady esasyň emele getirilmegini şertlendirýär. Bankara korrespondent gatnaşyklarynyň binýadynda nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi netijesinde hakyky töleg ulgamlary emele gelýär. Häzirki tapgyrda töleg ulgamlarynyň düýpli ösdürilmegini üpjün etmekde täze töleg serişdesi bolan elektron pullaryň ýüze çykmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerurdyr.


Babaýew G. we başg. Halkara töleg ulgamlary. 

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.