Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri

Beýik Ýüpek ýoly bilen ilkinji kerwenleriň gatnap başlan döwürlerinde türkmen topragynyň çäklerinde goňşy sebitleri hem öz düzümine alan kuwwatly Parfiýa imperiýasy höküm sürüpdir. Günorta Türkmenistanyň çägi Parfiýa döwletiniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Girkaniýa, Parfiýena, Apawarktikena, Margiana welaýatlaryny kem-käs ýa-da doly suratda öz içine alypdyr. Şol welaýatlaryň üstünden uly gatnawly ýollar geçip, halkara ähmiýete eýe bolupdyr. “Beýik Ýüpek ýoly” adyna eýe bolan şol ýollar Hytaýyň, Hindistanyň, Ýewropanyň arasyndaky halkara söwda bilen baglanyşykly bolan haryt ýükli kerwenleriň gatnawlaryny amala aşyrmakda möhüm orny eýeläpdir. Munuň özi halkara söwda harytlarynyň bir böleginiň Parfiýanyň esasy welaýatlaryna ýaýramagyna şert döredipdir. Onuň şeýledigini gazuw-agtaryş işleri geçirilende, dürli ýurtlardan getirilen zatlaryň: pil süňkünden ýasalan önümleriň, ak daşdan ýasalan Müsür gap-çanaklarynyň, Siriýada, Rimde öndürilen aýnalaryň, dürli ýurtlarda zikgelenen teňňeleriň tapylmagy-da tassyklaýar. Parfiýa täjirleri hem gymmat bahaly metallardan, pil süňkünden, reňkli daşlardan ýasalan çeperçilik önümlerini daşary ýurtlara çykarypdyrlar.

Parfiýa öz döwrüniň syýasy we ykdysady taýdan ösen iri döwletleriniň biri bolup, bu ýerde sungatyň dürli görnüşleri, söwda, ekerançylyk, maldarçylyk uly ösüşlere eýe bolupdyr. Olar üzümçiligi, ak bugdaýy, senetçiligi, nusaý bedewleri bilen tanalypdyr. Senetçiligiň dürli önümlerine, meselem, halylara, matalara, margiana demir önümlerine (esasan-da, söweş esbaplary), küýzegärçilik önümlerine goňşy ýurtlarda uly isleg bildirilipdir.

Parfiýa döwleti özüniň gülläp ösen döwründe ekerançylykda, maldarçylykda, küýzegärçilikde, söwdada uly ykdysady ösüşlere eýe bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoly aýratyn ähmiýete eýe bolup, şol ýol arkaly Uzak Gündogardan grek-rim dünýäsiniň ýurtlaryna harytlar getirilipdir. Parfiýan täjirleri siriýa, grek, rim we beýleki Ýewropa täjirlerini gön, ýüpek, wawilon matasy, margiana we hindi demrinden ýasalan önümler bilen üpjün edipdirler.

Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň orta asyr şäherleri ylymda, medeniýetde we sungatda ýeten derejesi bilen taryhda uly yz galdyrypdyr. Gür gatnawly halkara ýollarynyň ugrunda ýerleşmek söwdanyň gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Söwdanyň ösmegi, harytlara bolan islegiň artmagy bolsa senetçiligiň ösüşine getiripdir. Türkmen gelin-gyzlarynyň dokan nepis halylary, ussalaryň öndüren dürli ölçegdäki küýze önümleri, zergärleriň ýasan zynatlyk önümleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bazarlaryň geçginli harytlary bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitabynda bu barada: “Ata-babalarymyz iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussady bolmak bilen birlikde, uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýupdyrlar” diýip belleýär. Zemm, Amul, Farap, Merw, Sarahs, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç ýaly şäherlerde senetçilik önümleriniň başga-da dürli görnüşleriniň öndürilendigi taryhçylara mälimdir. Nusaýly ussalaryň ellerinden çykan aýna önümleri, olaryň görnüşleri we ýasalyş usullary welin, heniz taryh ylmynda içgin öwrenilmelidir.

Türkmenistan aýna öndürmek üçin zerur bolan çig mal serişdelerine baýdyr. Aýna öndürmek Watanymyzyň çäginde irki döwürlerden başlanypdyr. Aýna önümçiliginiň taryhy bilen gyzyklanýan alymlar, aýratyn hem, arheologlar Müsüriň, Siriýanyň, Eýranyň we Merkezi Aziýanyň aýnalaryny bir-birinden tapawutlandyrypdyrlar. Orta asyrlarda Müsüriň we Siriýanyň aýna önümleri gymmat bahalylygy bilen tanalypdyr. Nusaýyň aýna önümleri bolsa, ýokary hilliligi bilen alamatlanypdyr.

XX asyryň ortalarynda “Günorta Türkmenistan kompleksleýin arheologik ekspedisiýa” döredilipdir. Ekspedisiýanyň ýygyndysynyň I jildinde alym Ý.A.Dawidowyň Nusaýyň aýna önümçiligine bagyşlanan uly göwrümli makalasy ýerleşdirilipdir. Alymyň bellemegine görä, Nusaý galasynda we onuň töwereginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde aýna önümleriniň dürli görnüşleri tapylypdyr. Onuň düzüminde işlän alymlaryň toplan maglumatlary Nusaýyň aýna önümçiliginiň taryhyna degişli gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Nusaý aýnalary daşary ýurtly alymlarda hem uly gyzyklanma döredipdir.

Nusaýda öndürilen aýna önümleri özüniň öndüriliş we ulanylyş maksatlary boýunça birnäçe görnüşlere bölünipdir. Dürli içgileri guýmaga niýetlenen bulgurlar, ululy-kiçili küýzeler we başga-da hojalykda dürli maksatlar üçin ulanylýan gap-gaçlar bolupdyr.

Aýaksyz, düýbi tekiz görnüşdäki bulgurlar mongol basybalyşlaryndan soňky döwür üçin häsiýetli bolupdyr. Nusaýdan tapylan gaplar bolsa, esasan, aýakly görnüşde bolupdyr. Nusaýda ownuk gap-gaçlar bilen bir hatarda, aýnadan dürli ululykdaky küýze hem öndürilipdir. Küýzelerden başga-da Nusaýda müşk, anbar ýaly hoşboý ysly önümleri, däridir dermanlary saklamaga niýetlenen dürli görnüşdäki aýna çüýşejikler hem öndürilipdir.

Nusaýda öndürilip, IX-X asyrlara degişli diýlip çaklanylýan ak reňkli çüýşejik has hem ünsüňi özüne çekýär. Onuň kiçi şar şekilli göwresi bolup, ol üflemek usuly bilen ýasalypdyr. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda bu ýerden ululy-kiçili çüýşejikleriň başga-da birnäçe galyndylary tapylypdyr. Bu tapyndylar orta asyrlarda ylmyň, medeniýetiň, söwdanyň we senetçiligiň gülläp ösen şäherleriniň biri bolan Nusaýda aýna önümçiliginiň näderejede ösendigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň orta asyr şäherlerine syýahat eden jahankeşdeleriň işlerinde bu ýerde müşk, anbar ýaly hoşboý ysly önümleriň we däri-dermanlaryň öndürilendigi hakynda maglumat berilýär. XIII asyrda ýaşap geçen alym Ferideddin Şyh Attar (onuň “Attar” lakamy hem derman satýan adam diýmegi aňladypdyr) derman satmak bilen meşgullanypdyr. Müşkdür däri-dermanlary guýmak üçin, ilkinji nobatda, kiçijik çüýşeler zerur bolupdyr. Şonuň üçin hem, Türkmenistanda aýnadan ýasalan çüýşejikler köpçülikleýin öndürilipdir.

çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/5483

Arzygül MISEKOWA,

Ahal welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak bölüminiň müdiri.