«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri

Merkantilistleriň tankytçylary bolsa alyş-çalyş wagtynda hiç hili baýlygyň döredilmeýändigini, bu ýerde diňe puluň haryda, harydyň bolsa pula alşylyp-çalşylýandygyny adalatly belläpdirler. Söwda sferasynda diňe nyrhlaryň aratapawudynyň hasabyna baýlyk, dogrudanam, taraplaryň haýsam bolsa biriniň haýryna täzeden paýlanylýar. Emma alyş-çalyş deň bahada amala aşyrylýan ýagdaýynda bolsa taraplaryň hiç birem baýlaşyp bilmezler.

  Merkantilizm – kapitalizmiň ösüşinde söwda kapitalynyň agdyklyk edýän, senagat kapitalynyň bolsa ýaňy ösüp başlan döwrüne laýyk gelýän buržuaz ykdysady taglymatdyr. Basgaça aýdylanda merkantilizm – klassyk buržuaz syýasy ykdysadyýetiň ýüze çykmagynyň öňüsyrasydyr.

  XVII asyryň başynda ykdysady nazaryýet ylmyna ilkinji bolup Fransiýaly Antuan Monkretýen (1575–1621-nji ýýllar) tarapyndan «Syýasy ykdysat» ady berildi. Ol jemgyýetde höküm sürýän synpyň ideýa ýaragy hökmünde çykyş edip, onuň bähbitlerini gorady we hemme zada synpy many bermäge çalyşdy.Ykdysady nazaryýet ylym hökmünde li synplaryň ykdysady bähbitleriniň göreşini aňlatmak bilen özüniň syýasy ylymdygyny hem gutarnykly subut etdi. Ykdysady taglymatlaryň taryhynyň ikinji döwri XX asyryň 30‑njy ýyllaryna çenli ykdysadyýetiň erkin bäsleşik diýilýän döwrüni öz içine alýar. Bu döwürde bolup geçen senagat öwrülişigi we önümçiligiň intensifikasiýalaşmagy, kärhana eýeleriniň işiniň özakymlylygy ykdysady çökgünlik bilen utgaşýar. Agzalan döwür XVIII asyrda Fransiýada fiziokratlaryň nazary taglymatynyň ýüze çykmagy bilen başlanýar. Fiziokratlaryň mekdebini esaslandyryjy Fransua Kene bolupdyr. Olar jemgyýetiň baýlygynyň esasy çeşmesi dolanyşyk sferasynda däl-de, önümçilikdedir diýip, dogry belläpdirler. Dogrudanam, her dürli maddy nygmatlar önümçilikde döredilýär. Ýöne olar önüm öndürilýän sfera hökmünde diňe oba hojalygyny hasap edipdirler.

  Fiziokratlar jemgyýetiň baýlygynyň çeşmesi diňe ýeriň mesligine, hasyllylygyna bagly diýip düşünipdirler. Şoňa esaslanyp, önümçiligi diňe oba hojalyk pudagy bilen çäklendiripdirler. Şonuň üçinem bu akymyň wekilleri fiziokratlar ady bilen bellidir. «Fiziokratiýa» iki sözden emele gelip, «physis»-tebigat we «kratos»-häkimiýet diýmegi aňladýar we greçeden türkmen diline geçirilende tebigatyň häkimligi diýmekdir.

  Garalýan meselä ylmy taýdan has esaslandyrylan jogap klassyk buržuaz mekdebiniň wekilleri tarapyndan berildi. Uilýam Petti, özüniň «Salgytlar we ýygymlar hakynda traktat» (1662 ý) diýen işinde ykdysady taglymatlaryň taryhynda ilkinji bolup gymmatyň zähmet nazaryýetini beýan etdi. Zähmet – baýlygyň atasy, ýer bolsa onuň enesidir diýip, ol belleýär. U.Petti klassyk buržuaz ykdysady taglymaty esaslandyryjydyr diýip aýtmak bolar. Ol ykdysady ylmyň atasy we statistikany oýlap tapyjy hasaplanylýar. Iňlis klassyk ykdysatçylary U.Petti, Adam Smit we Dawid Rikardo bu mekdebiň görnükli wekilleridirler. Olar jemgyýetiň baýlygynyň maddy önümçiligiň hemme pudaklarynda döredilýändigini subut etdiler. Fiziokratlardan tapawutlylykda, gymmatyň zähmet nazaryýetiniň wekilleri bolan bu akyldarlar tutuş önümçilik sferasyny baýlygyň çeşmesi hasaplapdyrlar. Olaryň pikirine görä, jemgyýetiň baýlygynyň ählumumy görnüşi hökmünde maddy önümçilik pudaklarynda döredilen gymmat çykyş edýär.

  Klassyk buržuaz ykdysatçylary diňe bir zat gatnaşyklaryna seretmek bilen çäklenmän, eýsem paýlamak prosesinde adamlaryň arasynda emele gelýän önümçilik gatnaşyklaryny hem öwrenipdirler. Bu bolsa A.Smite we D.Rikardo kapitalistik jemgyýetiň baýlygynyň emele gelşiniň we onuň möçberiniň artmagynyň gizlin syrlaryna aralaşmaga mümkinçilik beripdir. Olar kapitalistik peýda bilen hakyna tutma işçileriň zähmetiniň tölenmedik böleginiň arasyndaky baglanyşyk bar diýip hasap edipdirler. Başgaça aýdylanda, peýdanyň möçberi işçileriň zähmetiniň tölenen we tölenmedik bölekleriniň arasyndaky mydama gaýtalanyp durýan gatnaşyga bagly diýip düşünipdirler. Bu gatnaşyga görä iş haky (zähmetiň tölenen bölegi) näçe azalsa ýa-da köpelse, şonça-da peýda (zähmetiň tölenmedik bölegi) tersine köpelýär ýa-da azalýar. Şeýle gatnaşygy aňladýan ykdysady kanunyň ýokarda agzalan akyldarlar tarapyndan açylmagy, jemgyýetiň baýlygynyň artmagynyň hakyky çeşmesini tapmak ýolunda täze bir ädim boldy. Bu açyş bolsa ykdysady nazaryýetiň hakyky ylym hökmünde çykyş etmegine ýardam berdi.

  Karl Marks klassyk buržuaz ykdysatçylaryň başlan gymmatyň zähmet nazaryýeti baradaky ylmy işlerini döredijilikli dowam etdirip, ykdysady nazaryýet ylmynyň ösmegine düýpli goşant goşdy. Ol kapitalistik jemgyýetiň baýlygynyň esasy çeşmesi bolan goşmaça gymmat hakynda ylym döretdi.

  XIX asyryň ahyrynda Iňlis ykdysatçysy A.Marşallyň (1842– 1924-nji ýyllar) «Prinsipi ekonomiki ili prinsipi politekonomii» atly kitaby çap edilenden soň, «Ekonomiks» diýen ykdysady duşünje ýaýrap başlady. Bu düşünjäniň esasy meselesi bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde bahalaryň emele geliş mehanizmini, olaryň derejesini kesgitleýän kanunalaýyklyklary anyklaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Ýöne, bu düşünjä eýerýänleriň hem ahyrky netijede gymmatyň zähmet nazaryýetine esaslanýandyklaryny ýatdan çykarmak bolmaz.

  Ykdysady taglymatlaryň taryhy ösüşiniň bu döwründe ykdysady hadysalar döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmaýar. Olar özakymlaýyn hereket edýän ykdysady kanunlaryň esasynda öz-özünden kadalaşýarlar diýip, ykdysatçylar düşünipdirler.

  Ykdysady nazaryýet ylym hökmünde XIX asyryň ahyrynda ykdysady nazaryýetiň neoklassyk ugrunyň emele gelmegi bilen, ykdysady taglymatlaryň taryhynyň kadalaşdyrylmaýan döwri tamamlanýar.

  Ykdysady taglymatlaryň taryhynyň üçünji döwri kadalaşdyrylýan bazar ykdysadyýetiniň ösüşiniň dürli ugurlaryny we döwürlerini öz içine alýar. Bu döwür XX asyryň 30-njy ýyllarynda Amerikan ykdysatçylary tarapyndan monopolizmiň garşysyna antimonopol çäreleriň girizilmegi bilen başlandy. Bazar gatnaşyklarynyň ösen ýurtlarynyň köpüsinde antimonopol kanunlar kabul edildi. Olary köp döwletler monopoliýanyň garşysyna göreşmekde giňden ulandylar, häzir hem ulanýarlar. Şoňa görä-de bu döwürde ykdysatçylaryň esasy aladasy we oý-pikiri ykdysadyýetiň üstünden döwletiň gözegçiligini girizmek bolupdyr.

  Döwlet tarapyndan ykdysadyýeti kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly nazaryýetiň esasyny Jon Keýns goýdy (1883–1946-njy ýyllar). Ol A.Marşallyň okuwçysy bolup, ykdysady oýlanmalaryň «Kembrij mekdebini» esaslandyryjydyr. J.Keýns döwletiň ýokary wezipeli guramalarynda, Angliýanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy bolup hem işläpdir. Ol gymmatyň zähmet nazaryýetini, goşmaça gymmat nazaryýetini inkär edip, önümçilik faktorlar konsepsiýany bolsa, özüniň ylmy-derňew işlerinde giňden peýdalanypdyr. Onuň pikirine gorä ykdysadyýetiň üýtgemeginiň esasy sebäbi psihologik faktorlar bolupdyr. Neoliberallar ady bilen belli bolan, onuň yzyny dowam etdirijiler bolsa «durmuş-bazar hojalyk» taglymatyň nusgasyny döredipdirler.

  Ykdysady taglymatlaryň taryhynyň üçünji döwrüne Türkmenistanyň Garaşsyzlyk eýýamynyň ykdysady taglymatlary hem girýär. Bu döwürde Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine geçiş ýoly nazary taýdan esaslandyryldy. Türkmenistan bazar ykdysadyýetine kem-kemden, tapgyrlaýyn geçýär. Bazaryň hereket etmeginiň esasy şertleri bolan eýeçiligiň köpgörnüşliliginiň, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň, bäsleşik göreşiniň, milli walýutanyň girizilmeginiň zerurlygy barada, döwletiň ykdysadyýetde orny hakynda we başga-da ençeme meseleler boýunça ylmy taglymatlar döredildi we durmuşa ornaşdyrylýar.

  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen biziň ykdysadyýetimiz has hem ösýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçiş döwrüniň kynçylyklaryny üstünlikli ýeňip geçip, ýurdumyzda ykdysadyýetiň milli modeliniň, ösüşiň türkmen ýolunyň düýbi tutuldy diýip, hormatly Prezidentimiz ylmy taýdan esaslandyrylan netije çykardy. Ykdysadyýetde, sosial ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçmegini çaltlandyrmak, ykdysadyýetiň ösüş depginini artdyrmak amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ägirt uly potensial mümkinçiliklerini, zähmet we tebigy resurslaryny netijeli peýdalanmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär.

A. Sopyýew, B. Arbabow

Ykdysady nazaryýet. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.

 A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.