«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri

Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýysdyr. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigine garamazdan, halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýar.

Ykdysady ösüş näme?


YKDYSADY ÖSÜŞIŇ GÖRNÜŞLERI




EKSTENSIW

INTENSIW






Önümleriň möçberiniň

artdyrylmagy işçi güýjüniň we

önümçilik serişdeleriniň hil

taýdan kämilleşdirilmeginiň

we olaryň peýdalanylyşynyň

gowulandyrylmagynyň

hasabyna gazanylýar

Önümçiligiň ösüşi onuň

şertleriniň, ýagny işgärleriň

sanynyň we önümçilik

serişdeleriniň mukdarynyň

artdyrylmagy esasynda

amala aşyrylýar

 

Ykdysady ösüş diýlip, jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa-da intensiw görnüşde bolup biler 

Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa, oňa ekstensiw ykdysady ösüş diýilýär. Şonda, ol şertleriň tehniki (hil) derejesi öňküligine galýar. Mysal üçin, önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýoludyr.

Ekstensiw ösüşiň oňaýly we oňaýsyz taraplary bardyr. Eger-de önümçiligi giňeltmegiň şertleri ýeterlik bolsa, onda ekstensiw ösüşi ýeňil amala aşyrmak mümkin. Ekstensiw ösüş tebigy resurslaryň çalt özleşdirilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga amatly şertleri döredýär.

Emma ekstensiw ösüş ýolunyň oňaýsyz taraplary hem bardyr. Ol tehniki durgunlylyga, köp harajatlylyga alyp barýar. Tebigy baýlyklaryň möçberiniň, işçi güýjini, köpeltmegiň mümkinçilikleriniň çäkliligi sebäpli ekstensiw ösüş ýoly belli bir derejede amatsyzdyr. Şonuň üçin hem intensiw ösüş ýoluna geçmeklik zerurlykdyr.

Eger-de öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň şertleriniň mukdar taýdan däl-de, olaryň hil taýdan kämilleşdirilmeginiň netijesinde gazanylýan bolsa, onda bu ykdysady ösüşiň intensiw görnüşi bolýar. Intensiw ösüş önümçiligiň şertleriniň peýdalanylyşyny gowulandyrmagyň hasabyna hem bolup biler. Ol has kämil zähmet serişdelerini peýdalanmagy we zähmet predmetlerini tygşytly ulanmagy, işgäriň hünärini ýokarlandyrmagy hem-de bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşyny gowulandyrmagy göz öňünde tutýar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, intensiw ösüş şertlerinde öndürilýän önümiň möçberini artdyrmak üçin hökman täze bir kuwwatlyklary, kärhanalary döretmek zerurlygy ýok. Munuň üçin önümçiligi kämilleşdirmek, ähli serişdeleri has rejeli peýdalanmak ýeterlikdir.

Ykdysady ösüşiň iki görnüşi-de özara baglanyşyklydyr. Ykdysady durmuşda ekstensiw ýa-da intensiw ösüş ýollary ýeke-täk arassa görnüşinde duş gelmeýär. Olar hemişe özara utgaşykly amala aşyrylýar. Emma jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüşiniň belli bir döwründe intensiw ýa-da ekstensiw ugur agdyklyk etmegi mümkin. Ykdysadyýeti intensiw usula geçirmeklik wajyp meseleleriň biridir. Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanunalaýyklykdyr.

Ykdysady ösüşiň iki görnüşiniň hem utgaşdyrylyp amala aşyrylmagynyň nusgawy mysaly hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşini görkezmek bolar. Oňa öňki SSSR-den çig mal öndürmäge ýöriteleşen ykdysadyýet miras galdy. Ýurdumyzda öndürilýän çig mal onuň çäginden daşarda gaýtadan işlenip, taýýar önümler alynardy. Özümizde bolsa zawod-fabrikler ýok diýen ýalydy. Birlän-ikilän gurulan kärhanalar bolsa, has zerurlyk bolansoň döredilipdi. Mysal üçin, pagta arassalaýjy zawodlary ýa-da aýakgap fabriklerini, azyk önümleriniň zawodlaryny, gurluşyk we remont işleri etmek üçin kärhanalary we ş.m. görkezmek bolar.

Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň özümizde öndürilýän çig malymyzy gaýtadan işlemek üçin kärhanalaryň müňlerçesi guruldy we işe girizildi, täze işe girizilen kärhanalarda bolsa häzirki zaman iň kämil, ýokary öndürijilikli maşynlar we enjamlar oturdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ösüşimiziň intensiw we ekstensiw ugurlarynyň ikisine hem uly üns berýär. Ylaýta-da ykdysadyýetimizi intensiw tilsimatly ýola geçirmek bilen ösüşimize oňat badalga berýär.





Arbabow B., Kazygulyýew A., Rahmanowa M. Ykdysady nazaryýet.

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.

 A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020., 71-74 sah.