Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri jemgyýetiň intellektual potensialynyň görkezijisi bolan ylmyň has-da rowaçlanýan döwri. Bu ösüş taryh ylmy üçin hem mahsus. Munuň özi gadymyýetde dünýä ýaň salan beýik türkmen döwletlerinde ykdysady işiň ýola goýluşy, hojalyk gatnaşyklary barada anyk maglumatlary özünde jemleýän ýazuw ýadygärlikleri, taryhy çeşmeler bilen içgin tanyşmaga şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, “Halkymyzyň ýaşaýşynyň ykdysady binýadynyň, hojalyk işiniň köpugurlaýyn häsiýetlidigi – maldarçylyk, ekerançylyk, ýüpekçilik, pagtaçylyk, giň söwda işi, başga ýurtlara ýörişleriň amala aşyrylmagy ýa-da daşary ýurtlularyň biziň topragymyza gelmegi bilen bagly ýagdaýlar halk ertekilerinde, rowaýatlarynda şöhlelendirilmegi üçin esas bolupdyr.(32sah.)

Milli Liderimiziň gürrüňi edilýän kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary, onuň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýetirýän täsiri we kerwen gatnan gadymy ýoly dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada düýpli söhbet açylýar. “Munuň özi gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly boýunça gatnan kerwenleriň ähmiýetine goýulýan hormat-sarpanyň ýokary bolandygyndan habar berýär. Şoňa görä-de döwlet hem, argyşçylar hem söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, hakykatdan hem, gyzyklanma bildiripdirler. Hökümdarlar şäheriň etegindäki kerwen ýollarynda paç almakdan – gümrük salgydyndan girdeji alypdyrlar. Şol girdejini ýitirmezlik üçin, Aziýa ýurtlarynyň hökümdarlary täjirleriň ýolda howpsuzlygyny üpjün edýän berk kanunlary kabul edipdirler. Söwdada, esasan, alyş-çalyş edilipdir, pul hasabynyň birligini saklamak üçin gerek bolupdyr. Täjirler öz harytlaryna kesgitli nyrh kesipdirler, soňundan şol bahadaky haryt bilen çalşypdyrlar. Kerwenler onlarça ýükçi mallardan başlap, birnäçe müňläp ýükçi mallardan düzülipdir. Mallara hyzmatkärler hem-de ýolbeletler ideg edipdirler. Şolar ýaly uly kerwenleri, esasan hem, gyşda, adamlary, ýük mallaryny oňaýly ýerleşdirip, azykdyr suw bilen üpjün etmek ýeňil bolmandyr. Şonuň üçinem söwda-hünärmentçilik şäherleriniň, kerwensaraýlaryň ýakynynda giň ekinzarlyklar, dürli görnüşli daýhançylyk önümleriniň önümçiligi döräpdir. Haryt daşamakda ulag we beýleki meselelere jogap berýän belli täjirler, hatda ýörite kompaniýalar hem bar ekeni. Söwdanyň ösmeginde göçüp-gonup ýören çarwa maldarlaryň hyzmaty uly bolupdyr. Olar kerwenleri ugradypdyrlar, huruşlyk dowar hem-de ulag mallaryny getiripdirler. Şeýdip olar tutuş neberesi bilen şu ugra gönügipdirler. Şolaryň ýardamy bolmazdan, kerwen söwdasy beýle rowaçlanyp bilmezdi. Kerwene, köplenç, dürli maksatly ýolagçylar, zyýaratçylar, derwüşler, syýahatçylar, alymlar, dini wagyzçylar, rawy-kyssaçylar, şeýle hem, elbetde, içalylar hem goşulypdyr. Kerwende, köplenç, dilmaç saklanypdyr. Kerwen söwdasy çylşyrymly hyzmat ediş ulgamyny talap edipdir. Argyşa barýanlaryň möhümini ýerine salmak aňsat bolmandyr. Şonuň üçin ýoluň ugrundaky obadyr şäherlerde düşleg üçin kerwensaraýlar gurlupdyr. Onda täjirler hem-de hyzmatçy topar üçin ýörite hüjreler, atlar hem-de düýeler, gatyrdyr eşekler üçin ýörite ýerler bolup, zerur azyk-suwluk hem-de ot-iým bar ekeni. Diýarymyzda kerwensaraýlary gurmagyň we olarda milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda hyzmat etmegiň örän baý tejribesi toplanypdyr. Eger-de argyşçylar san taýdan az bolsa, onda oba ýerlerinde ýaşuly-kethudalaryň howlularynda, gurply hojalyklarda ýörite guralýan ak öýlerde ýa-da myhman tamlarda garşy alnypdyr. Uly şäherlerde çarbagly, serhowuzly, gül-çemenzarlyga beslenen seýilgähli kaşaň myhmanhanalar – kerwensaraýlar bina edilipdir. Amul, Merw, Sarahs, Abiwerd, Bagabat, Nusaý, Dehistan ýaly şäherlerde kerwensaraýlaryň, ýörite gurlan uly howlularyň yzlary ýüze çykaryldy. Mysal üçin, orta asyr Dehistan şäherinde dynç almaga, saglygyňy dikeltmäge ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulan kerwensaraýlaryň üçüsiniň arheologik galyndylarynyň alymlar tarapyndan üsti açyldy. Şeýle täsin gurluşly binalaryň galyndylary, gadymy Merwdäki Gurtludepe, Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky Daşgala arheologik meýdançanyň çäginde gurlan kerwensaraýyň äpet girelgesiniň galyndylary biziň döwrümize çenli gelip ýetipdir. Eziz Watanymyzda duş gelýän gadymy myhmanhanalaryň iň ajaýyp binagärlik nusgasy Daýahatyn kerwensaraýydyr. Ol XI asyrda Amuldan çykyp, Amyderýanyň kenary bilen Horezmiň paýtagty Köneürgenje barýan söwda ýolunyň ugrunda, häzirki Birata etrabynyň Gabakly obasynyň çäginde ýerleşýär. Bu binagärlik gurluşy tutuş sebitde şeýle maksada hyzmat eden orta asyr binalarynyň abat saklanyp galan ýeke-täk nusgasydyr. Merwiň guwanjy diňe bazarlary däldi. Dürli döwürlerde hökümdarlar tarapyndan bu ýerde altyn, kümüş hem-de mis şaýylyklar zikgelenipdir. Uzak asyrlaryň dowamynda Merw Orta Aziýada iň belli metal işleýän merkezleriň biri bolupdyr.” (124sah.)

Mahlasy, Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby geçmişde milli ykdysadyýetimiziň guralyşyny öwrenmekde gymmatly ylmy çeşmedir.



Mährijemal Hapyzowa

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň

“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy