«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri

«Audit» adalgasynyň «audio» latyn sözünden gelip çykandygy we onuň «eşitmek, diňlemek» many aňladýandygy barada dürli çeşmelerde maglumatlar berilýär. «Auditor» sözi «audire» latyn işligi bolup, onuň «eşidýär, diňleýär, barlaýar, gözegçilik edýär, tassyklaýar» ýaly manysy bardyr.

Auditiň ilkinji alamatlary gadymy Rimde peýda bolupdyr. Garaşsyz hasapçy – auditor hünäri XIX asyrda Ýewropanyň paýdarlar jemgyýetlerinde ýüze çykypdyr. XIX asyryň ortasynda Şotlandiýada hasapçylaryň topary auditorlaryň birleşmesini döredipdir.Auditiň kanuny watany diýlip, Angliýa hasaplanylýar. Auditorçylyk işi hakynda ilkinji kanun 1862-nji ýylda Angliýada kabul edilýär. Angliýada we Uelsde 1880-nji ýylda Aklawjy auditorlaryň institutynyň düýbi tutulypdyr.Fransiýada 1867-nji ýylda auditorçylyk işi hakynda kanun kabul edilýär. Germaniýada 1931-nji ýylda paýdarlar jemgyýetlerinde daşky auditorçylyk barlagyny geçirmeklik ýola goýlupdyr. Ol ýerde 1932-nji ýylda auditorlaryň instituty döredilipdir.ABŞ-da 1937-nji ýylda auditorçylyk işi hakynda kanun kabul edilýär. 1939-nji ýylda Auditorçylyk işler boýunça komitet döredilipdir.Hytaýda 1983-nji ýylda Auditorçylyk dolandyryş guramasy döredilýär. Russiýa Federasiýasynda 1993-nji ýylda Auditorçylyk işi boýunça wagtlaýyn Düzgünnama kabul edilýär. 1994-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanynda Auditorçylyk işi boýunça topar döredilýär. Bu döwletde 2001-nji ýylda Auditorçylyk işi hakynda kanun kabul edilýär.

Türkmenistanda auditorçylyk işini kadalaşdyrmak maksady bilen kabul edilen «Auditorçylyk iş hakynda» Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň aprel aýynyň 11-inde çykaran 1747 belgili karary bilen tassyklanyldy. «Auditorlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 1996-njy ýylda kabul edildi. Ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşmegi netijesinde bu kanunyň ýerine 2014-nji ýylda kabul edilen «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.

Häzirki wagtda audit maliýe hasabatlylygynyň garaşsyz barlagyny we audite ugurdaş hyzmatlary amala aşyrýan auditorlaryň telekeçilik işi bolup çykyş edýär. Halkara tejribesinde maliýe hasabatlylygy, adatça, ýyllyk düzülýär we peýdalanyjylaryň giň köpçüliginiň umumy maglumat zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga niýetlenendir. Peýdalanyjylaryň köpüsi özleriniň anyk talaplaryna jogap berýän goşmaça maglumaty almak ygtyýarlyklaryna eýe bolmandyklary sebäpli, maliýe hasabatlylygyna maglumatyň esasy çeşmesi hökmünde bil baglaýarlar.

Maliýe hasabatlylygynyň dogrulygyny garaşsyz üçünji tarap tassyklap biler, onuň wezipesini bolsa, auditorçylyk guramasy ýa-da özbaşdak auditorlar ýerine ýetirýärler. Auditorçylyk hyzmatyna şu ýagdaýlarda zerurlyk ýüze çykýar:

maliýe hasabatlylygy düzmek üçin esas bolup hyzmat edýän gizlin maglumatlary bolan ilkinji resminamalar we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleri daşarky peýdalanyjylara elýeterli bolmadyk ýagdaýynda;

esaslandyryjylar bilen işe hakyna tutulan hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň bähbitleriniň arasynda obýektiw gapma-garşylyklaryň barlygy sebäpli, obýektiw bolmadyk maglumatlary bermek ähtimallygy bar bolan ýagdaýlarynda;

guramanyň işewürliginiň yzygiderli çylşyrymlaşmagy, şol sanda kanunçylyk namalarynyň üýtgemegi bilen baglanyşykda aralyk we jemleýji hasabatlylyk taýýarlananda maglumatlary işlemek töwekgelçiliginiň artýanlygyna syn edilýän ýagdaýlarda;

alnan maglumatlaryň dogrulygyny we dolulygyny barlamak üçin gyzyklanma bildirýän peýdalanyjylaryň ýeterlik derejede hünär bilimleri we wagtlary ýok bolan ýagdaýlarynda.

Ondan başga-da, ilkinji resminamalara we gizlin maglumatlara elýeterliligi bolan ýa-da olary döredýän hakyna tutulan hünärmenler we ýolbaşçylar (edaranyň eýesi bolup durmaýanlar) hem maglumatlaryň içerki peýdalanyjylary hökmünde indiki ýagdaýlar bilen baglanyşykda auditorçylyk hyzmatlaryna gyzyklanma bildirýändigini tejribe görkezýär:

meňzeş meseleleri hasaba almakda we hojalyk amallarynyň hasaba alnyşyny ýöretmekde edaranyň ýolbaşçylarynyň hünäriniň çäkliligi we bilimleriniň ýeterliksizligi;

maglumatlary taýýarlamaga we aktiwleriň aýawly saklanyşyna içerki gözegçilik ulgamynyň ýoklugy ýa-da ygtybarlygynyň derejesiniň pesligi;

çylşyrymly ylalaşyklar boýunça hyzmatdaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek jedelleriň öňüni almak ýa-da çözmek (hyzmatdaşlar bilen auditorlaryň arasynda işewürlik meýilnamalaryň, taslamalaryň, karz şertnamalarynyň we beýleki maliýe resminamalarynyň esaslandyrylandygyny bahalandyrmak boýunça ylalaşylan iş tertipleri);

salgyt salmak meselelerinde salgyt bölümleri, arbitraž we gaýry kazyýetlerde beýleki barlagçylar bilen jedelde ýardam babatda degerli hünär maslahatlary almak mümkinçiligi;

buhgalterçilik hasaba alnyşynda bahalandyryş ähmiýetleriniň ulanylýandygy, kanunçylyk namalarynyň mazmunynyň ylalaşyksyzlygy, şeýle hem hasabatlylygy düzüjileriň ýüzgörüjilik etmeginiň mümkinligi sebäpli, hojalyk işleriniň ol ýa-da beýleki bir faktlaryna birmeňzeş hünär derejeli dürli hünärmenler tarapyndan berilýän düşündirişleriň dürli-dürlüligi;

ýuridik tarap hökmany audit geçirilmäge degişli däl bolsa-da, auditorlar tarapyndan tassyklanan aýry-aýry resminamalary ýa-da umumylykda maliýe hasabatlylygyny bermek arkaly hyzmatdaşlar bilen ynamly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy.

Audit we auditorçylyk işi barada köp düşünjeler bardyr. Auditiň halkara standartlarynda auditiň maksadyna düşündiriş berilýär: «Maliýe hasabatlylygynyň auditiniň maksady auditora maliýe hasabatlylygynyň kesgitlenen esasy ýörelgelerine laýyklykda maliýe hasabatlylygynyň ähli wajyp jähetleri boýunça taýýarlanandygy ýa-da taýýarlanmandygy babatynda pikirini beýan etmek mümkinçiliginiň berilmegi bolup durýar».

Her bir ýurtda auditiň öz aýratynlyklary we düzgünleri bardyr, ýöne bu kesgitleme gözegçiligiň beýleki görnüşlerinden auditiň konseptual tapawutlyklaryny – «umumylykda maliýe hasabatlylygy hakyndaky pikiriň beýan edilmegini», ýagny barlanylýan maliýe maglumatlarynyň auditor tarapyndan bahalandyrylmagyny aňladýar. Başgaça aýdylanda, audit derňewde we maliýe-ykdysady gözegçiligiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, düzgün bozmalaryň bardygyny görkezmek we maglumatlaryň ýoýulmagyny kesgitlemek bilen tamamlanmaýar. Audit ynam nukdaýnazaryndan, maliýe hasabatlylygynyň dogruçyllyk derejesi we hasabat maglumatlarynyň gyzyklanma bildirýän we ýokary hünärli peýdalanyjylar tarapyndan ulanylmak mümkinçilikleri hakynda öz pikirini beýan etmek maksady bilen, ähli maglumatlaryň ygtybarlylygyna baha berýär.

Audit syn, iş yzygiderliligini ylalaşmak we maglumat taýýarlamak ýaly ugurdaş hyzmatlary ýerine ýetirmegi hem öz içine alýar. Şu maksat bilen, auditorçylyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi hakynda ýörite şertnamalar baglaşylyp bilner. Käbir auditorçylyk hyzmatlary auditorçylyk subutnamalaryny (mysal üçin, maglumatlara baha bermek we onuň mazmuny boýunça pikiriňi beýan etmek talap edilýän ýagdaýlarda) ýygnamagyň aýratyn auditorçylyk bilimleri, auditorçylyk başarnyklary we tärleri ulanmagy talap edýär, beýleki hyzmatlar auditorlaryň endikleri bolmadyk, ýöne bilimleriň degişli ulgamynda hünär derejesine eýe bolan hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilip bilner (mysal üçin, buhgalterçilik hasaba alnyşyny alyp barmak, işewürlik meýilnamasyny taýýarlamak we beýlekiler). Halkara tejribesinde amallar auditi, laýyklyk auditi we maliýe hasabatlylygynyň auditi tapawutlandyrylýar.

Amallar auditi – bu hojalyk ulgamynyň netijeliligini bahalandyrmak maksady bilen, onuň hereket edişiniň islendik bölegini barlamakdyr. Barlag tamamlanandan soň menejerlere (edaranyň ýolbaşçylaryna) anyk hojalyk we maliýe amallaryny ýa-da amallar toparyny kämilleşdirmek boýunça maslahatlar berilýär. Mysal üçin, önümçilik sikliniň auditi, önümi ýerlemek boýunça amallaryň auditi, bazary öwreniş syýasatynyň auditi, maliýe ulgamynyň auditi, ekologik audit we ş.m.

Laýyklyk auditi – bu maliýe-hojalyk amallarynyň edarada kesgitlenen, ýokarda durýan guramalarynyň we hususyýetçileriň kararlary bilen tassyklanan, kadalaşdyryjy resminamalara we düzgünlere laýyklygynyň barlagydyr. Mysal üçin, içerki düzgünleriň, wezipe borçnamalaryň gözükdirijisiniň berjaý edilişiniň barlagy ýa-da salgyt auditi we beýlekiler.

Maliýe hasabatlylygyň auditi – bu barlag prosesi bolup, onuň netijesinde umumylykda maliýe hasabatlylygy, onuň ähli wajyp jähtlerde, ony taýýarlamagyň kesgitlenen kadalaryna laýyklygy bahalandyrylýar.

Netijede, audite işiň aýratyn görnüşi hökmünde seretmek bilen, şulary jemlemek bolar: Audit – ýokary hünärli auditorlar tarapyndan dogrulygy, kanunylygy we esaslandyrylanlygy hakyndaky pikiri beýan etmek maksady bilen, audit geçirilýän subýekt barasynda maliýe (buhgalter) maglumatlaryny toplamak we seljermek prosesini aňladýar.

Bazar gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň, şol sanda döwlet dolandyryş we kazyýet edaralarynyň auditorçylyk işine birmeňzeş düşünmeklerini üpjün etmek maksady bilen, ony geçirmegiň umumy şertlerini kesgitlemek zerurlygy ýüze çykýar. Auditiň milli we halkara tejribelerine laýyklykda onuň guralyşyna we tehnologiýasyna, iş resminamalarynyň resmileşdirilişine, gaýry audite ugurdaş hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine bildirilýän talaplar auditiň standartlarynda öz beýanyny tapýar. Auditorçylyk guramalaryna we özbaşdak auditorlara bolan gatnaşykda auditiň standartlary iki görnüşe, ýagny daşarky we içerki standartlara bölünýär. Belli bir döwletiň hukuk ulgamyna bolan gatnaşykda auditiň standartlarynyň iki görnüşi, ýagny halkara we milli standartlary tapawutlandyrylýar.

«Standart» iňlis sözi bolup, ol«kada, nusga, ölçeg» manyny aňladýar. Standart, adatça, haýsy hem bolsa bir kadalaşdyrylýan mesele babatynda talaplaryň, kadalaryň, düzgünleriň toplumyny kesgitleýän resminamadyr. Ol degişli ygtyýarly edara ýa-da gurama tarapyndan işlenip düzülýär.Adamzat işjeňliginiň dürli ýaýrawlaryna degişlilikde standartlar hereket edýär, ýagny ylym, tehnika, senagat önümçiligi, oba hojalygy, gurluşyk, ulag, saglygy goraýyş we ş.m.

Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe gözegçiligi, şol sanda audit ulgamyny standartlaşdyrmak meselesi irki döwürlerden bäri dowam edýär. Häzirki wagtda bu ugurlara degişlilikde Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary we Auditiň halkara standartlary işlenip düzülendir. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän özgertmelere laýyklykda olar yzygiderli kämilleşdirilýär. Auditiň halkara standartlarynyň ähmiýeti şu aşakdakylardan:

  • auditorçylyk barlagynyň ýokary hilini üpjün etmeklige ýardam etmekden;
  • auditiň iş tejribesine ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmaga kömek etmekden;
  • anyk ýagdaýlarda auditoryň hereketini kesgitlemekden ybarat.

Auditiň halkara standartlary maliýe hasabatlylygyň auditi üçin niýetlenendir, ýagny diňe maliýe maglumatlara gözegçilik göz öňüne tutulýar. Auditorlaryň ýerine ýetirýän gaýry hyzmatlary babatda ulanylýan we olara garşy gelmeýän böleginde bolsa, Auditiň halkara standartlary auditiň beýleki görnüşleri we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary üçin hem ulanylýar.

Babaýew G.M., Meredow M.R., Mämmedowa Ý.A. Auditiň halkara standartlary.

 Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.