Telekeçilik işi hemişe ýüze çykyp duran islegi kanagatlandyrmak hem-de peýda gazanmak maksady bilen harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini guramak boýunça alnyp barylýan iş hökmünde dürli taryhy tapgyrlary başdan geçirdi.
Rim hukugynda telekeçilige täjirçilik çygrynda alnyp barylýan iş hökmünde seredilipdir. «Telekeçilik» sözi ykdysady nazaryýetiň ösüş tapgyrlarynda birnäçe gezek öz mazmunyny yzygiderli üýtgetdi we kämilleşdirdi.
«Telekeçilik» sözüne rus alymy W.I.Dal diýseň ýönekeý we çuň manyly düşündiriş berýär. Hususan-da, ol «Telekeçilik – bu haýsy hem bolsa täze bir işe hyýallanmak, ony guramak we ýerine ýetirmek manysyny berýär» diýip ýazypdyr. Bu bolsa telekeçiniň haýsy hem bolsa bir işiň başyny tutandygy baradaky manyny berýär.
Telekeçilik meselesi bilen ilkinji gyzyklanan iňlis ykdysatçy alymy A.Smit diýlip hasaplanylýar. Emma ondan on ýyl öň bu mesele bilen Beýik Britaniýaly ykdysatçy R.Kantilýonyň meşgullanandygy barada hem maglumatlar bar. R.Kantilýonyň pikiri boýunça telekeçi – bu kesgitlenmedik şertlerde çözgütleri kabul edýän we öz zerurlyklaryny kanagatlandyrýan adam bolup durýar. Telekeçiniň girdejisi bolsa töwekgelçilik üçin girdejidir. Telekeçiniň önümçilik-hojalyk işinde tapawutly aýratynlyklary bolup onuň töwekgelçilik çekýänligidir. Onuň esasy ykdysady wezipesi bolsa, dürli haryt bazarlaryndaky emele gelen islege hödürleme teklip etmekden gelip çykýar.
Nusgawy ykdysady nazaryýet mekdebiniň wekilleriniň biri bolan fransuz ykdysatçysy Ž.B.Seý telekeçiniň öz hasabyna we töwekgelçiligine peýda gazanmak üçin önümiň haýsy bolsa bir görnüşini öndürýän şahs diýip häsiýetlendiripdir. Onuň pikiriçe, telekeçiniň wezipesi önümçilik serişdelerini (maýany we zähmeti) birleşdirmekde, maglumaty we zerur bolan tejribäni toplamakda önümçilik işini gurnamakda çözgüt kabul edilmeginde ýüze çykýar. Kantilýondan tapawutlylykda, Seý telekeçini önümçilik faktorlarynyň utgaşdyryjysy we dolandyryjysy hökmünde görkezmek isleýär.
Amerikan ykdysatçysy Ý.Şumpeteriň «Ykdysady ösüşiň nazaryýeti» işinde telekeçilik nazaryýeti bitewülik we logiki yzygiderlilik tertibinde beýan edilýär. Şumpeter telekeçilik işine mydama ösüş ýagdaýynda bolup geçýän hadysa hökmünde seredip geçýär.
«Telekeçilik ýa-da degişli iş alyp barmak bilen üstünlik gazanmak» atly kitabyň awtorlary amerikan alymlary R. Hizriç we M.Piters «Telekeçilik işi – bu gymmaty bar bolan täze bir zat döretmek işi, telekeçi bolsa, bu iş üçin zerur bolan ähli zähmetini we güýjüni sarp edýän, öz üstüne ähli maliýe, psihologik, durmuş töwekgelçilikleri alýan hem-de pul baýragyna eýe bolýan we ýetilen netijeden lezzet alýan adam» diýip, kesgitleme berýär.
Häzirki zaman ykdysady edebiýatlarynda, şeýle hem kanunçylyk namalarynda «telekeçilik» adalgasynyň mazmunyna kesgitleme birmeňzeş berilmeýär. Munuň şeýle bolmagy köp ýagdaýlarda telekeçilik düşünjesiniň mazmunyny üýtgedýär. Mysal üçin, rus alymy A.Azriliýanyň redaksiýasynda çap edilen «Uly ykdysady sözlükde» telekeçilik adalgasyna şeýle kesgitleme berilýär: «Telekeçilik – bu raýatlaryň başlangyçlary esasynda öz emläk jogapkärçilikleriniň hasabyna öz adyndan, şeýle hem edara görnüşli taraplaryň adyndan we edara görnüşli tarapyň jogapkärçiliginiň hasabyna peýda ýa‑da şahsy girdeji almaklyga gönükdirilen özbaşdak işdir» diýilýär. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda telekeçilige şeýle kesgitleme berilýär: «Telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) – munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hemem töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridiki tarapyň – kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak işidir, hususy kärhanaçylyk işidir».
Türkmenistanyň Raýat Kodeksinde bolsa telekeçilik işine şeýle kesgitleme berilýär: «Emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da şahslara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan iş telekeçilik işi hasaplanýar».
Telekeçilik sözüniň manysyny şeýle düşündirmek mümkin:
Hususan-da, bu:
– peýda almak maksady bilen harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini guraýan raýatlaryň öz başlangyçlary esasynda amala aşyrýan işi;
– peýda almak maksady bilen täzelikleri girizmek işi; – peýdany mümkin boldugyça ýokarlandyrmaga gönükdirilen iş;
– maýany ýokarlandyrmaga we önümçiligi ösdürmäge gönükdirilen iş;
– jemgyýetiň we kärhananyň durmuşynda üýtgeşmeleri gözlemek we bu üýtgeşmeleri durmuşa geçirmek boýunça işiň aýratyn bir görnüşi.
Alymlaryň aglaba bölegi telekeçilik işiniň netijesi hökmünde peýda almak meselesine aýratyn üns berýärler. Emma telekeçilik işiniň ahyrky maksady diňe peýda almak bolman, ol hemişe üýtgäp duran hem-de elmydama ösýän islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilen önümçiligiň üznüksizligidir. Şunuň bilen baglylykda telekeçilik işine harytlaryň we hyzmatlaryň ahyrky sarp edijileriniň islegine görä hemişe üýtgeşmeleriň gözleginde bolmak, olaryň isleglerini, önümçiligi guramaklygy, harytlary we hyzmatlary ýerleşdirmek işini, marketingi, logistikany, menejmenti kämilleşdirmek arkaly kanagatlandyrmak diýen kesgitleme berip bolar. Telekeçilik – bu hemişe başlangyçly bolmak, önümçilige täzelikleri girizmek, harytlary we hyzmatlary paýlamak we sarp etmek ýörelgelerine esaslanýan hojalygy ýöretmekligiň usulydyr.
Telekeçiligiň mazmuny we onuň amala aşyrylmagynyň çäkleri telekeçilik işiniň görnüşleri bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda telekeçilik adalgasyna dürli nukdaýnazardan seredilýär. Oňa hojalygy ýöretmegiň usuly hökmünde, bazar şertlerinde işi guramak we amala aşyrmak, şeýle hem bazar subýektleriniň özara gatnaşygy hökmünde garaýarlar.
Bu babatda dürli nukdaýnazarlary seljermek bilen, telekeçilik işi – bu önümçilik faktorlaryny rejeli birleşdirmek esasynda innowasion töwekgelçilikli çemeleşmäni durmuşa geçirýän şahsyýetiň ukyby diýen netije çykaryp bolar. Telekeçiniň önümçilikde iň täze tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmagy, zähmeti täzeçe guramagy hem-de ýolbaşçylyk işini ýokary netijede guramagyň netijesinde harytlaryň (hyzmatlaryň, işleriň) bäsleşige ukyply bahasy (nyrhy) döreýär. Telekeçi marketing işini hem ýokary derejede netijeli gurnaýar. Ol önümçilik serişdelerini amatly bahadan satyn alyp boljak bazary hemmelerden gowy bilýär. Netijede, ol beýlekilerden has köp peýda alýar. Şeýle hem telekeçi hemişe töwekgelçilik edýär. Ol ýokary peýda almak maksady bilen töwekgelçilikden gaçmaýar.
Telekeçilik girdejisi diýlip öz tebigy zehini bilen, çylşyrymly şertlerde önümçilik faktorlaryny utgaşdyrmagy we seljermegi başarýan şahsyň ony dolandyrmakdan alýan girdejisi bilen özüni ykrar edýär diýip düşünmek bolar.
Telekeçilik işini belli bir wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda, ony peýda almak hem-de jemgyýetiň ykdysady, durmuş we ekologiki zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň üznüksiz önümçiligini meýilleşdirmek, gurnamak we amala aşyrmak işi diýip häsiýetlendirip bolar.
Telekeçilik işi – bu özbaşdak başlangyja, jogapkärçilige, innowasiýa we telekeçilik pikirine (ideýasyna) esaslanyp, peýda almaklyga gönükdirilen işiň aýratyn bir görnüşidir.
Telekeçilik ykdysady işjeňligiň aýratyn bir görnüşi hökmünde çykyş etmek bilen, onuň başlangyç tapgyry, adatça, diňe pikir (ideýa) bilen baglanyşykly bolýar. Pikir ýörediş işiniň netijesi bolsa soňra maddy görnüşe geçýär.
Telekeçilik işi hökmany suratda innowasiýanyň bolmaklygy bilen häsiýetlendirilýär. Kärhanany we hili dolandyrmaklygyň täze ulgamyny, önümçiligi guramagyň häzirki zaman usullaryny ýa-da täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak işleri telekeçilik işiniň aýrylmaz bölegidir.
Telekeçilik işi iki bölekden ybarat diýip hasap etmek maksadalaýyk bolar, ýagny:
– täzeçillik innowasion işi alyp barmak;
– täzeçillik we innowasion işleri durmuşa geçirmek.
Telekeçilik işiniň islendik görnüşiniň netijesi telekeçi tarapyndan goýlan maksatlara ýetmek bolup durýar. Telekeçiniň esasy maksady bolup şu aşakdakylary görkezmek bolar:
– maýany, maliýe we maddy serişdeleri telekeçilik işiniň haýsy hem bolsa bir obýektine goýmak bilen girdeji gazanmak;
– jemgyýetiň agzalarynyň ýa-da döwletiň zerurlyklaryna laýyklykda olaryň isleglerini kanagatlandyrmak.
Orazlyýew N. we başg. Telekeçilik işi. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.
A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. 9-13 sah.