Täze hususy kärhana gurlar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Daşoguz şäherinde hereket edýän «Hilal» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri mahabatlandyrmaga mätäç däl. Kärhana plastik aýnalary, demir we agaçdan ýasalan gapylary, ýaşaýyş hem-de ofis jaýlaryna niýetlenen mebelleri ýasamaga, myhmanhana we aşhana otaglary üçin niýetlenen beýleki önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýar.
Içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümlere bolan islegiň barha artýandygyny nazara alyp, «Hilal» hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde täze önümçiligi ýola goýmagy we özüniň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmagy meýilleşdirýär. Kärhana öz güýji bilen ýakyn geljekde welaýat merkezinde mebelleriň dürli görnüşlerini çykarmaga ýöriteleşdirilen täze kärhanany gurmagy göz öňünde tutýar. Onuň gurluşygy üçin 2 gektar ýer bölünip berildi. Kuwwatlylygy ýylda 2000 jübüt önüm öndürmäge niýetlenen bu kärhana ýokary hilli tehnologiýalary ulanmak esasynda gurlar. Täze önümçilik dolulygyna diýen ýaly awtomatlaşdyrylar.
Hünärmenleri okatmak we olaryň gatyşyk hünärleri ele almaklary ýaly meseleler hem öňünden çözüldi. Telekeçiligi ösdürmek boýunça berilýän döwlet goldawy hususy önüm öndürijileriň önümleriniň göwrümini we görnüşlerini artdyrmaklaryna, hilini ýokarlandyrmaklaryna giň mümkinçilikleri açýar. Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi häzirki zaman ülňüli mebel önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça öňde goýlan umumydöwlet wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer. Geljekde hereket edip başlajak täze önümçiligiň ilaty iş bilen üpjün etmekde, welaýatymyzyň ykdysady ösüşinde örän uly ähmiýeti bolar.
* * *
Giň gerimli gurluşyklar
Welaýatymyzyň ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ösüşinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherinde ýerleşýän demir-beton önümleri kärhanasynyň möhüm orny bar. Soňky ýyllarda kärhana diňe bir jaý gurluşygy üçin zerur bolan demir-beton gurnamalaryny öndürmän, eýsem gurluşyk işlerini-de amala aşyrýar. Onuň hünärmenleri häzirki wagtda welaýat merkezinde kerpiçden we iri panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda tutanýerlilik görkezýärler. Mundan başga-da, etraplaryň birnäçesiniň çäginde kärhananyň hünärmenleriniň tagallasy bilen, döwrebap taslamalar boýunça kottej jaýlary-da gurulýar. Şonda agzalan kärhananyň bu işlere ýerli telekeçilik düzümlerini höwes bilen çekýändigini-de bellemek gerek. Mysal üçin, hususy kärhanalaryň ençemesi bäş otagly, bir gatly, amatlylygy gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga tabşyrmakda yhlaslylyk görkezdiler. Olara mysal edip, Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň çägindäki täze jaýlary görkezmek bolýar. Şonuň ýaly jaýlaryň dördüsi demir-beton önümleri kärhanasynyň hyzmatdaşlary tarapyndan Akdepe şäherinde hem-de iki gatly kottej jaýlarynyň üçüsi Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň merkezinde gurlup, ulanylmaga berildi.
Daşoguz şäherindäki demir-beton önümlerini öndürýän kärhananyň mundan birnäçe ýyl öň durky täzelenildi, täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Olaryň ygtybarly ulanylmagy ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümlere bolsa gurluşyk pudagynda, jemagat hojalygynda we beýleki ugurlarda isleg barha artýar.
Öre HOJAÝEW,
öz habarçymyz.