Habarlar
Türkmenistanyň dokma pudagynyň infrastrukturasyny innowasion usulda ösdürmegiň aýratynlyklary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň binýadynda, Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Milli senenamamyza altyn harplar bilen ýazylýan her bir günde ýurdumyzyň mizemez Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet ähmiýetli çäreler üstünlikli amal edilýär.

Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk taryhyna ser salnanda, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda asyrlara barabar üstünlikleriň gazanylandygyny, ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykalandygyny görmek bolýar. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, adam maýasyny has-da ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzyň strategik ösüşini kesgitleýän döwlet we milli maksatnamalarda ýurduň halk hojalygynyň ähli ulgamlaryny we pudaklaryny innowasiýalara esaslandyryp ösdürmeklik wezipesi giňişleýin şöhlelendirilýär. Sebäbi, innowasiýalar ýurduň ykdysadyýetiniň uzak möhletli ösüşine goldaw berip, ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň kemala gelmegine we kämilleşmegine, ýurduň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyna we içerki önüm öndürijileri höweslendirmäge, milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramagyň ykdysady, guramaçylyk we hukuk esaslaryny kemala getirmäge, ýurduň döwrebap ösüşiniň esasy gönezligi bolan adam maýasyny ýokarlandyrmaga, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge we adamzat durmuşynyň ähli ugurlary boýunça öňegidişlikleri gazanmaga giňden ýardam berýär.

Innowasiýanyň durmuşymyzda möhüm ähmiýetini beýan etmek bilen, ilkinji nobatda, “innowasiýa” adalgasynyň manysyny hem kesgitlemek ýerlikli bolardy. “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “innowasiýa (täze girizilen kada) – raýat dolanyşygyna girizilen innowasiýa önümi. Innowasiýalaryň dört görnüşini tapawutlandyrýarlar: önüm, proses, marketing we guramaçylyk” diýlip kesgitleme berilýär.

Ylmy edebiýatlarda “innowasiýa” adalgasy iň köp düşündiriş berilýän we alymlaryň adamzat durmuşynyň ähli jähtinden ylmy seljermeleriniň obýekti bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly düýpli ylmy işinde: “Innowasiýalar – bu bazarda ýerlenilýän täze ýa-da has kämilleşdirilen önümi almakda öz beýanyny tapýan işiň, amaly tejribeçilikde peýdalanylýan täze ýa-da has kämilleşdirilen usulyň gutarnykly netijesidir” diýip, kesgitleme berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýokary ykdysady netijeli durmuşa geçirýän ykdysadyýetiň türkmen nusgasynyň esasy maksatlarynyň hatarynda milli innowasion ulgamy kemala getirmek, manotehnologiýalary döretmek, intellektual zähmetiň abraýyny we meýlini ýokarlandyrmak bilen ylymda we bilimde ileri tutulýan ösüşiň hasabyna tehnologiki böküşi (öňe gidişligi) amala aşyrmak maksady hem öz beýanyny tapýar. Bu maksady durmuşa geçirmeklige gönükdirilen çäreleri kesgitleýän möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup, 2015-nji ýylyň 11-nji iýunynda kabul edilen “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” we 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda kabul edilen “Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” çykyş edýär.

Ýurtda ýerine ýetirilýän innowasiýa barlaglary milli ykdysadyýeti häzirki zaman tehnologiýalar bilen döwrebaplaşdyrmagyň ýoly bilen, Türkmenistanyň dünýä ösüş meýilleri bilen deň gadam urmagyny we öňdebaryjy döwletleriň arasyna çykmagyny we pugtanlanmagyny gazanmaga ýardam edýär. Milli önümçilige häzirki zaman tehnikalarynyň, enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň ulanylmagy işiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen, önümiň ýa-da hyzmatyň özüne düşýän gymmatyny azaldýar, ylmyň önümçilik we durmuş ulgamy bilen özara arabaglanyşygyny berkidýär. Täze enjamlar bilen işlemek ylmy-barlaglaryň usulyýetini we tehnologiýalaryny kämilleşdirmäge, täzeçe pikirlenmäge, alymlaryň hünär taýdan we innowasion medeniýetiniň ösmegine ýardam edýär.

Innowasiýalary netijeli ösdürmekde, döwlet innowasiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde innowasiýalar infrastrukturasyna möhüm orun degişlidir. Ykdysady ylymda, innowasiýa infrastrukturasy – täze emele gelýän we ösüp gelýän bazarlary goldamak, önümçilik güýçleriniň durnukly ösüşini üpjün etmekde innowasion ykdysadyýetiň möhüm instituty hökmünde häsiýetlendirilýär.

Innowasiýa infrastrukturasy – innowasion taslamalaryna habar beriş, maddy-tehniki, maslahat beriş we beýleki ugurlarda kömek berýän we olary durmuşa geçirmäge amatly gurşawy döredýän obýektleriň toplumydyr. Innowasion infrastrukturany her bir pudagyň özboluşly aýratynlyklaryny nazara alyp döretmek zerurdyr. Şu ýagdaýda, innowasion infrastruktura pudagyň ösmegine güýçli itergi berip, onuň milli ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrar. Innowasion infrastrukturanyň obýektlerine tehnoparklary, aýratyn ykdysady zolagy, biznes-inkubatorlary, tehnologiýalaryň transfer merkezleri degişlidir.

Innowasion ösüşiň möhüm düzüm bölekleriniň biri hem innowasiýalary ylym ulgamyndan önümçilige ornaşdyrmak ulgamydyr. Tehnologiýalaryň netijeli işleýän ulgamyny döretmek üçin, ylym we önümçilik ulgamynyň synag-önümçilik binýadyny döretmek we bazarlarda marketing barlaglaryny geçirmek wajyp meseleleriň biridir.

Tehnologiýalar merkezi adam mümkinçiligini we «bilimleriň ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berip, ylmy çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary we olary önümçilige ornaşdyrmagy bir bitewi ulgama birleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Tehnologiýalar merkeziniň çözgütleri bir bitewi ulgamy emele getirýän ylmy-barlaglaryň, tejribe-konstruktorçylyk, tejribe-tehnologik, marketing barlaglarynyň we utgaşykly alnyp barylýan beýleki işleriň geçirilmeginiň netijesinde taýýarlanylýar.

Tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça Tehnologiýalar merkeziň işi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşiniň isleglerini we maksadyny öwrenmek, maglumatlary ýygnamak we ulgamlaşdyrmak, ornaşdyrmak üçin zerur tehnologiýalary saýlamak we milli senagaty kämilleşdirmek üçin daşary ýurt tehnologiýalaryny öwrenmek bilen baglydyr.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ileri tutulýan pudaklaryň biri bolup dokma pudagy çykyş edýär. Dokma pudagy ýurdumyzda durmuş-ykdysady meseleleriň giň toplumyny çözmäge ýakyndan goldaw berýär. Şu ýerde, ýurdumyzyň ilatynyň ýarysyndan köpüsiniň oba ýerlerinde ýaşaýandygyny bellemek zerurdyr. Oba ilatynyň agramly bölegi oba hojalyk toplumynda zähmet çekýärler. Oba hojalyk toplumynda öndürilýän esasy önümleriň birisi hem “Ak altyn” ýa-da pagtadyr. Ýurduň ähli hojalyklarynyň 2019-njy ýylda ýygnan “Ak altyny” 1 110 müň tonna deň boldy. Şu hem, dokma pudagynyň oba ýerlerinde iş bilen meşgullanýanlaryň sanyny artmagyna edýän gytaklaýyn täsiri bolup, ýurtda durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmegine oňyn täsir edýär.

Özüniň tebigy-howa şertleri boýunça ýurdumyz orta we inçe süýümli gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin amatly künjek bolup durýar. Täzeçil tehnologiýalara esaslanýan önümçiligiň häzirki zaman şertlerine laýyk derejede guralmagy bilen, arassa pagta süýümi iň gymmatly we bähbitli eksport harytlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde pagta süýümini gaýtadan işlemek 3 göterimden 51 göterime çenli ýokarlandy.

Ýurdumyzyň dokma senagat önümçiliginde tebigy materiallaryň ulanylmagy dünýäniň dürli kärhanalaryna sargyt edýän halkara brendleri özüne çekýär. Türkmenistanyň öňdebaryjy dokma kärhanalaryň önümleri halkara derejede ykrar edilip, “Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy” ISO 9001, “Daş-töweregi goramak” boýunça ISO 14001, “Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy” boýunça OHSAS 18001 ýaly güwänamalara mynasyp boldular.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli dokma pudagymyzda 80-den gowrak kärhana hereket edýär. Şolaryň aglabasy önümçilik kärhanalary bolup durýar. Şeýle hem, dokma pudagynda bilelikdäki kärhanalaryň hem üstünlikli hereket edýändigini bellemek mümkindir. Olarda ýokary hilli nah we garyşyk ýüplükleriň, matalaryň, örme matalaryň, taýýar sütükli, tikin we jinsi önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Umuman pudagyň kärhanalarynda 30 müňe golaý işgär zähmet çekýär.

Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, milli dokma pudagymyzyň gurluş infrastrukturasy düýbünden täzelenýär. Şunda, esasy ileri tutulýan ugurlar bolup, dokma pudagyny innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak çykyş edýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýurdumyzyň ýeňil senagatyny we onuň esasy binýatlyk düzümi bolup çykyş edýän dokma senagatyny ösdürmegiň esasy wezipeleri kesgitlenildi. Olara:

- täze önümçiligiň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy bilen bagly amala aşyrylan çäreleriň netijesinde, önümçiligiň mümkinçiliklerinden giňden netijeli peýdalanmak hem-de onuň hasabyna Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň geljekki ösüşini üpjün etmek;

- halk hojalygynyň pudaklaryny ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün etmek arkaly ýurdumyzyň ykdysady we strategiki howpsuzlygyny has-da artdyrmak;

- Türkmenistanyň jemi içerki önümde dokma senagatynyň ornuny has-da artdyrmaga çemeleşmek;

- daşarky bazarlarda ýerlenilmäge niýetlenen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek;

- ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesine mundan beýläk-de üns bermek, iş orunlaryny saklamak we olaryň sanyny artdyrmak;

- iş öndürijiligini ýokarlandyrmak;

- täze gurulýan döwrebap dokma toplumlarynyň, kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberleriniň we hiliniň ýokarlanmagy bilen, daşary bazarlara ýerlenýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak.

Ýurduň dokma pudagynyň infrastrukturasynyň innowasion ösüşiniň esasy aýratynlyklary bolup aşakdakylar çykyş edýär:

- dokma pudagynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak;

- dokma pudagynda öndürilýän önümleri ekologiki howpsuzlygyň talaplaryna gabat getirmek. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň binýadynda, ýurduň dokma pudagynyň kärhanalary dünýäniň öňdebaryjylary kompaniýalarynyň, hususan-da, Şweýsariýanyň “Rieter”, “Benninger”, Germaniýanyň “Trützsсhler”, “Sсhlafhorst”, “Zinser”, “Monforst”, “Küsters” Italiýanyň “Marzoli”, “Mario Сrosta”, “Reggiani”, “Arioli”, “Savio”, Belgiýanyň “Piсanol”, Ýaponiýanyň “Tsudakoma”, “Juki”, “Murateс” ýaly kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmek babatynda edýän taýsyz tagallalarynyň binýadynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha kuwwatlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Bu hem, ýurdumyzyň baş gymmatlygy bolan adamyň sarp edijilik mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edip, ýaşaşyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.


Muhammedowa Ogulaý,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we 

dolandyryş institutynyň magistranty

Muhammedowa Jeren,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we 

 dolandyryş institutynyň magistranty



08.05.2021
Möhüm ugurda gymmatly tejribe

Elektrik energetikasy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup, ol diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleriň çözülmegine däl, eýsem, durmuş ähmiýetli wajyp wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilip ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bu pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de sanly ulgama geçirilmegini gaýragoýulmasyz döwlet wezipeleriniň hatarynda kesgitleýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatlaryna laýyklykda, iri senagat toplumlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem energetika pudagy üçin ylym-bilimiň we tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdebimizde ýaşlara sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy çuňňur öwretmek maksady bilen, ösen döwletleriň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Muňa mysal edip, ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda energetika pudagynda öňdebaryjy döwletleriň alymlarynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň, şeýle hem «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Okuw maslahatynyň barşynda Awstriýa, Belarus Respublikasy, Gazagystan, Ermenistan ýaly döwletlerden bilermenler bilen gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini ornaşdyrmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin pikir alşyldy.

Häzirki wagtda elektrik energiýasyny öndürmegiň halkara tejribesi öwrenilende, elektrik energiýasyny sarp etmegiň ekologiýa taýdan arassa ulgamynyň ylmy nukdaýnazarlaryny tejribede peýdalanmak döwrümiziň iň derwaýys meseleleriniň biridir. Bütin dünýäde energiýanyň daşky gurşaw üçin zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine bolan gyzyklanma barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda hem döwrüň talabyna eýerilip, energetika kuwwatlyklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi Watanymyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek we ýerüsti hem-de ýerasty baýlyklarymyzy halkymyzyň eşretli durmuşyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirmek ugrundaky tagallalaryň mundan beýläk hem ilerlemegine ýardam edýär.

Gülälek GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27867

06.05.2021
Ykdysadyýetiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň çuň paýhasa ýugrulan döwlet syýasaty uzak geljegi nazarlaýan köpugurly ýörelgeleri öz içine alýar. Ösüşleriň örän çalt depginlerde öňe ilerleýän zamanynda ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçilikleri giň gerimli taslamalaryň çäklerinde sazlaşykly herekete getirilýär. Türkmenistan senagat we durmuş maksatly täze gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa, häzirki zaman serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary hem giňden ulanýar. Öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa «ýaşyl ykdysadyýetiň» kemala getirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Ekologiýa babatda gürrüň gozgalanda, geçen asyryň iň uly möhüm halkara duşuşyklarynyň biri bolan Ýer ýüzüniň Sammitinden ýa-da BMG-niň daşky gurşaw we ösüş boýunça maslahatyndan ýigrimi ýyl geçenden soň geçirilen «Rio+20» bütindünýä maslahatyna Türkmenistanyň gatnaşmagy, şol maslahatda hormatly Prezidentimiziň çykyşyna uly orun berilmegi bu ugurda biziň ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Şunda bellenilişi ýaly, önümçiligiň innowasion, serişde tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan zyýansyz tehnologiýalaryna esaslanýan «ýaşyl ykdysadyýete» geçilmegi adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrýar hem-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri azaldýar. Munuň özi umumydünýä meýli bolup, ol tutuş adamzadyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär.

2017-nji ýylda ýurdumyz Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etdi. Onuň 28-nji mejlisi 50 döwletden gatnaşyjylaryň 200-den gowragyny bir ýere jemläp, Aşgabadyň häzirki döwrüň hem-de dünýä ösüşiniň, şol sanda ählumumy energetika meseleleri boýunça ösüşiň ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly çekişmeler meýdançasy diýen belent derejesini nobatdaky gezek tassyklapdy. Şonda maslahata gatnaşan daşary ýurtly bilermenler, maslahatçylar hem-de kompaniýalaryň öňdebaryjy menejerleri energetika ulgamyndaky maýa goýumlaryň töwekgelçiliklerine baha bermek babatda garaýyşlaryny aýtdylar, şeýle hem halkara bazaryň esasy meselelerine hem-de görnüşlerine seljerme berdiler. Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, gaýtadan dikeldilen energiýa çeşmelerini peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek we beýlekiler babatda taslamalary amala aşyrmak boýunça milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda möhüm işler üstünlikli berjaý edildi. Täze gurlan onlarça senagat kärhanalarynyň ählisiniň hem kämil derejeli iň täze tehnologiýalara esaslanýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Arkadagymyzyň çuň paýhasa ýugrulan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegi, halkymyzyň durmuşynyň ösüşleriniň ýeten belent derejeleri bu gün her bir türkmenistanlyda uly buýsanç duýgularyny döredýär.

Akgül AKMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27655

04.05.2021
Rowaçlygyň belent ruhy

Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň edara ediş binasynyň ýanynda saklanyp, ulagdan düşen badymyza baharyň jana tenekar howasynyň ýakymly täsirine berlip, paslyň melheminden işdämenlik bilen datdyk. Şondan soň daş-töwerek has hem hoşamaýlaşdy. Binanyň edil öňündäki pelde hoşboý reňkine gelen bugdaý ýaz şemalyna ygşyldaýardy. Şeýle ýakymly görnüşleri biz daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň içinden geçýän ýoluň boýlarynda hem kän synladyk. Daýhan üçin bu görnüşler dünýäniň bar şatlygy bolup görünýär, meýdanlaryň şeýdip görküne geliberdigi daýhanyň bagtynyň getirdigi hasap edilýär. Ine, onsoň, kalbyndaky sowulmaz şatlyk onuň ýüz-gözlerine hem çaýylýar.

Etrabyň bugdaýdan, gowaçadan bol hasyl öndürýän daýhanlary bar. Ýogsa-da, geçen ýyllarda bugdaýyň Russiýadan getirilen «Bagrat», «Ýuka», «Kalym» ýaly görnüşleri hut şu etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ekilip, synagdan şowly geçdi we tutuş welaýatyň hojalyklarynda ekilip gelinýär.

― Nesip bolsa, bu ýyl hem bugdaýymyz bol hasylyny eçiler. Şu ýyl 190 gektar meýdanda bugdaý ekdik. Kärendeçilerimiz geçen ýyldaky ýaly bu ýyl hem bereketli hasyla garaşýarlar — diýip, daýhan birleşiginde gowaça ekişi geçirilip ýören kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Döwran Penjiýew bize gep goşdy. Topar geçen bugdaý oragyny hem üstünlikli jemläpdir. Geçen ýylda Çemengül Açylowa, Myrat Gurbanow, Merdan Ezizow bugdaý eken meýdanlarynyň her gektaryndan guşgursak bugdaýyň 35-40 sentnere çenli hasylyny ýygnapdyrlar.

Daýhan birleşiginiň başlygy Artur Rozyýew örän edenli görünýän daýhan ýigidiň 20 ýyldan bäri ene topraga ekin ekip, bol hasyl almak üçin her ýyl gujur-gaýratly işleýändigini aýdýar. Şol gün ýadawlyk we çalaja tozan gatyşykly, ýöne öz işlerinden alýan lezzetleri bilen ýüz-gözleri has mähirli görünýän adamlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Daýhanlar üçin möhüm möwsüm başlandy. Bu gün olary öýlerinde däl, meýdanlarda gözläp tapmak aňsat düşýär. Sebäbi geljekki hasylyň ykbaly şu günlerde geçirilýän meýdan işlerine bagly bolup durýar.

Biziň baran günümizde Döwran Penjiýewiň topary 160 gektar meýdanda gowaça ekişine hem başlan eken. Fransiýanyň «Monosem» sekiz hatarly ekijisini «Keýs» traktoryna tirkäp, gowaça ekip ýören Mergen Salurow Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň wekilleriniň «armasyna» ilgezik jogap gaýtarýar. Onuň aýdyşyna görä, gowaça ekişi gije-gündizleýin geçirilýär.

― Ýakyn günlerde ekişi tamamlarys. «Monosemiň» öndürijiligi ýokary, bir günde 100 gektar meýdanyň aňyrsyna çykýar. Ekini birbada hem ekýär, hem dökünini ýetirýär. «Monosemde» ekiş geçirilende her gektar meýdana 30 kilogram çigit harçlanylýar. Bu bolsa beýleki tehnikalar bilen deňeşdireniňde tas 50 kilograma çenli çigidi tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Gowaça ekilen hatarlaryň arasyndaky emele gelýän keşler soňy bilen bejergi geçirmek, suwarmak işlerinem ýeňilleşdirýär ― diýip, mehanizator Mergen Salurow hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp berlen tehnikalaryň aýratynlyklary barada gürrüň berýär.

Şeýle ekijileriň 3-si bilen etrabyň daýhan birleşiklerinde gowaça ekişi geçirildi. Welaýatymyzda olaryň 21-si gowaça ekişine gatnaşdyryldy. Daýhan birleşikleriniň hersinde hem 20-ä golaý öz gowaça ekýän tehnikalary bar. Hut şu daýhan birleşiginde traktorlaryň we ýer ýumşadyjy, tekizleýji tehnikalaryň 21-siniň ekişde ulanylandygyny traktor howlusynyň müdiri Şatlyk Joraýew mälim edýär. Etrap tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanasynyň tehnikalarynyň 44-si hem hojalyklarda gowaça ekişinde ulanyldy.

Daýhan birleşiginiň başlygy Artur Rozyýew «Parahada» başlyk bolup gelmezden ozal «Täze ýurt» daýhan birleşigine ýolbaşçylyk edipdir. Zähmet adamlary «Täze ýurduň» gowy görkezijileriniň indi «Parahada» hem mahsus boljakdygyna ynanýarlar. Pagtaçy kärendeçileriň 262-si eýýäm hasylyň ykbaly bilen gyzyklanyp, aýak üstünde. 676 gektar meýdanda geljekki hasylyň binýadynyň berkden goýlandygyny höwes bilen synlaýarsyň. Ekiş geçirýän tehnikalar giň meýdanlara keşde çekip ýörler. Ekiş bilen dahylly adamlaryň hersi öz iş ýerinde. Başlyk jübi telefonyny hem gününe goýman, aldygyna işledýär. Möhüm işleriň bökdelmezligi üçin degişli ýerlere jaň edýär.

Bu hojalyk bilen goňşulykda ýerleşen «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlary hem zähmetiň gaýnap-joşýan mekanyna öwrülipdir. Daýhan birleşiginiň başlygy Bagtyýar Hutdyýew hem iş ugrunda. Şonuň üçin biziň onuň bilen ekin meýdanynda gabatlaşmagymyzda hiç hili geňlärlik ýagdaý ýok. Ol 1896 gektar meýdanyň agramly böleginde gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilendigini guwanç bilen mälim edýär. Şol gün daýhan birleşiginiň Muzaffar Haýydowyň 3-nji, Baýram Bäşimowyň 8-nji toparlarynyň kärendeçileri üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Tejribeli mehanizator Allakuly Permanow öz erk edýän «John Deere» kysymly traktoryna tirkelen «Monosem» gowaça ekijisini netijeli işledip toparlaryň ikisinde hem ekişi üstünlikli tamamlady. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň wagyz-ündew topary arakesmede gowaça ekişini geçirýänleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri barada täsirli söhbetdeşlik hem gurady. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri bu söhbetdeşlikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 5100 tonnadan gowrak «ak altyny» harmana goşant etjekdiklerine ynandyrdylar. Olar häzirki günlerde gowaçanyň tohumlyk çigidiniň gögermesi üçin daş-töwerekdäki gurşawyň, topragyň, howanyň amatly şertleriniň, çyglylygyň kadaly bolmagynyň maksada ýetmeklige gönükdirilen işlere rowaçlyk berýändigini aýdýarlar. Biziň bilen bile ýören hünärmenler toprakdyr howa şertleriniň şu tapda saklanylan ýagdaýynda tohumlyk çigidiň 10-12 günden gögerip çykjakdygyny ylmy esasda çaklaýarlar. Ekişden soň howa gyzdygysaýyn gowaçanyň 6-10 günden gögeriş bermegi-de mümkin eken. Diýmek, meýdanlaryň ýaşyl öwsüp başlajak günleri juda daşda däl.

Basym Gaýyby şahyryň «Otuz iki tohum kyssasy» poemasynda gowaça sözüni goza görnüşinde ulanyp, ähli ekinlerden ýokarda goýan:

«Hemmesi bildiler Gozany öwla,

«Ulug sen!» diýip, hemme etdi töwella»

diýen setirlerinde waspy ýetirilýän gowaça ýene-de sanlyja günlerden, gögerip çykar. Gowaça tohumynyň ýagşy niýetler bilen sepilýän günleri daýhanlaryň topraga baglanan ykballaryna aýratyn bir many öwüşginini çaýýar. Öýlerinde oturmaga sabyr-karary ýetmän, bagry badaşan topragynda gününi geçirmäge bolan höwesi ömürleri sowulmaz şatlyga besleýär. Hawa, bereketli ýerden gowaça bilen ýagşy umyt-niýetler ganat baglap çykanda bu şeýle bolýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

žurnalist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27640

04.05.2021
Ykdysady ösüşiň ygtybarly çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, bank we söwda hyzmatlaryny döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgama geçmegiň esasy ölçegleriniň biri nagt däl hasaplaşygyň möçberiniň artmagydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşygy amala aşyrmak bilen bagly wezipeler çalt depginde amala aşyrylýar.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde pul dolanyşygynda nagt däl hasaplaşyk uly orny eýeleýär. Munuň sebäbi bolsa dolanyşygyň çykdajylaryny azaltmak bilen bagly bolup durýar. Nagt däl hasaplaşyk nagt hasaplaşyga garanyňda, könelmeýär, ýitmeýär, saklamaga we daşamaga çykdajylary talap etmeýär. Pul serişdesini hasapdan hasaba geçirmek üçin köp wagt sarp edilmeýär, sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde olar ýyldyrym çaltlygynda amala aşyrylýar.

Kagyz pullaryň ulanyşa girizilmegi bilen, metal pullaryň dolanyşykdan aýrylyşy ýaly, elektron pullaryň peýda bolmagy-da milli ykdysadyýetimizi düýpli özgerişliklere besleýär. Kompýuter tehnologiýalarynyň ösmegi bilen geljekde durmuşymyzda elektron pullara barha uly ähmiýet beriljekdigine şübhe ýok. Plastik kartlaryň dolanyşyga girizilmegi we nagt däl hasaplaşygyň geriminiň giňeldilmegi milli ykdysadyýetiň subýektlerine maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyna bank ulgamynyň töleg mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga itergi berýär, şeýle hem pes göterimde bank karzlarynyň berilmegi üçin oňyn şertleri döredýär.

Häzirkizaman jemgyýetinde bank hyzmatlary ýokary depgin bilen ösýän işiň görnüşleriniň biridir. Bankyň netijeli işlemegi we onuň bazarda bäsdeşlige bolan ukyby döwrebap bank hyzmatlarynyň işe girizilmegi bilen baglydyr. Bu bolsa nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan töleg ulgamyny kämilleşdirmek we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen köp işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmekligi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär. Bu, öz gezeginde, ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şert döredýär.

Nagt däl töleg ugamy ýurduň global ykdysadyýete integrirlenmeginiň çaltlaşdyrylmagyna ýardam edýär. Şeýle hem bitewi kart ulgamyny ornaşdyrmak bilen nagt däl hasaplaşygyň kämilleşdirilmegi we bitewi bank ulgamynyň döredilmegi sarp edijileriň durmuş ýörelgesiniň özgermegine we banklaryň işiniň kämilleşmegine itergi berer.

Babamyrat TAGANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27642

04.05.2021
Mineral dökünleriň ähmiýeti

Ýerli çig mal serişdeleriniň rejeli we netijeli ulanylmagy ýurdumyzda-da, onuň çäklerinden daşarda-da uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu pudakda uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu taslamalar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan mineral dökünleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga şert döreder.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny, azyk howpsuzlygyny gazanmakda oba hojalyk pudagy aýratyn ähmiýete eýedir. Pudagy ylmy esasda ösdürmek hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny özgertmek syýasatynyň özenini emele getirýär. Yssy howa şertlerinde ýer-suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň ýollaryny öwrenmek we oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri hasaplanýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüş strategiýasy ýerli çig mallary has işjeň ulanmaga, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, oba hojalygynyň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilendir.

Ýurduň bar bolan çig mal gorlary mineral dökünleriň dürli görnüşlerini içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyryp biljek derejede öndürmäge, şeýle-de olaryň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ekinleriň hasyllylygynyň ep-esli ýokarlandyrylmagyna, olaryň zyýanly mör-möjeklere we dürli kesellere garşy çydamlylygyna aýratyn üns berilýär. Tebigy kaliý duzlary önümçilik üçin esasy çig mal bolup durýar. Şeýle duzlaryň ägirt uly gorlary Türkmenistanyň Garlyk, Garabil ýataklarynda ýüze çykaryldy.

Düýpli özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzyň oba hojalygy üçin niýetlenen ýokary hilli döküniň öndürilişini artdyrmak «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Maryazot» önümçilik birleşigi, Tejen we Mary şäherlerindäki karbamid öndürýän zawodlar, Türkmenabadyň azot we fosfor dökünlerini taýýarlaýan himiýa kärhanasy, Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumy hasyllylygyň artdyrylmagyna ýardam berýän dökünleri uly möçberde öndürýärler.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan zawodlaryň önümleri dünýä ülňülerine laýyk gelýär we olar bäsdeşlige ukyplydyr. Şeýlelikde, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkemegi onuň ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna ýardam berer.

Kadyr AMANOW.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27577

03.05.2021
Gözelligiň dürdänesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýokary tehnologiýalaryň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzy özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ata Watanymyzyň her bir künjeginde täsin binagärlik toplumlary peýda bolýar. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, halkymyzyň guwanjyna öwrülen Aşgabat şäherinde gurlan giň şaýollar, bagy-bossanlyga örtülen seýilgähler, medeni-dynç alyş merkezleri, teatrlar paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Aşgabat abadançylygyň şäheri. Halkara hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň mekanyna öwrülen paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde täsin desgalarynyň ençemesi guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyzda ençeme täze döwrebap ýaşaýyş toplumlary peýda boldy. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda, ýagny Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda täze ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň 16 sanysyndan, söwda-dynç alyş merkezleriniň 2-sinden ybarat bolan binalar toplumynyň peýda bolmagy oňa şaýatlyk edýär.

Çandybil şaýolunyň ugrunda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň hem-de «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze edara binalary guruldy. Olar bu ýerde kemala gelýän ägirt uly binagärlik toplumy bilen sazlaşyk döredýär.

Paýtagtymyzda golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy Aşgabadyň günorta böleginde täze dolandyryş-işewürlik merkeziniň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Köpetdag şaýolunyň ugrundaky täze Hökümet münberi Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ýene-de bir sowgat bolar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärlik hem geljekde paýtagtymyzyň özboluşly nyşanyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän täze desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýaşyl bossanlar, gülzarlyklar, suw çüwdürimler toplumlary howanyň tämizligine, tebigat üçin ýaramly şertleriň döremegine ýardam edýär.

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüji, ynsanperwer, ata-babalarymyzyň milli däp-dessurlaryna, asylly ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäherlerimizi we obalarymyzy özgertmek, ösdürmek babatdaky maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzda uly depginler bilen alnyp barylýan gurluşyk-binagärlik işleriniň ösmegine ýokary we orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Ýurdumyzyň keşbini bütinleý özgertmäge ýardam edýän dürli maksatly gurluşyklaryň, desgalaryň ýerli hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Olaryň hatarynda «Ajaýyp bina», «Nusaý ýollary», «Beýik bina», «Ussat inžener», «Rysgally zähmet», «Hyzmat merkezi», «Täze jaý», «Altyn nesil» ýaly birnäçe hususy kärhanalary görkezmek bolar.

Olar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda daşary ýurt hyzmatdaşlary binagärlik desgalary bilen bir hatarda, suw üpjünçilik we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç alyş ulgamy ýaly ugurlarda hem işleri alyp barýarlar.

Goý, gözel paýtagtymyzy ajaýyp gözelligiň, dost-doganlygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň mekanyna, Aziýanyň merjen şäherine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kakageldi ESENMYRADOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27431

01.05.2021
Ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy, batly gadamlar bilen öňe gitmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň möhüm ugurlaryny üpjün edýär. Esasan hem häzirki ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi berk binýadyň bardygyny beýan edýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän işleriň her biri halkyň bähbidine we ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda sanly ulgamyň durmuşa geçirilýändigini, önümçiligiň, hususan-da, senagat önümleriniň artdyrylýandygyny aýratyn bellemek bolar. Bu ugurlaryň her biri babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşulýar.

Eziz Diýarymyzyň ösüşlere beslenýän häzirki döwürde dürli ugurlarda sanly ulgama geçmek, innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem innowasion tehnologiýalar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar, bu ugurdan kämil hünärmenler ýetişdirilýär, gaýtadan okatmak bilen bilim mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar. Bu beýan edilenleriň her biri sanly ulgama geçmegiň toplumlaýyn we maksatlaýyn alnyp barylýandygyny subut edýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgama, sanly ykdysadyýetiň ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda senagat önümçiligine, esasan hem tehnologiýalaryň ýurdumyzda öndürilmegine hem üns berilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde telewizorlaryň, kompýuter enjamlarynyň ýurdumyzda önümçiliginiň ýola goýlandygyny belläp geçmegimiz gerek.

Bu günki günde binagärlikde hem sanly ulgamyň möhüm ornuny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda «akylly öýleriň» bina edilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi häzirki wagtda türkmen hünärmenleriniň örän kämildiginiň, sanly ulgamyň durmuşymyza işjeň ornaşýandygynyň alamatydyr. Şundan hem görnüşi ýaly, sanly ulgam biziň durmuşymyzda pugta orun alýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny has-da şöhratlandyrýar. Şonuň üçin hem her bir ulgamyň uly üstünliklere beslenmegi, täze ösüşlere eýe bolmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan nurlanýan belent maksatlar Türkmenistan ýurdumyzy has-da beýik ösüşlere eýe edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, ony döwrebap ýagdaýa getirmek we elektron senagatyny ösdürmek boýunça beýik işleri ýola goýdy. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi ýokarlandyrylyp, ykdysadyýetimiz bäsdeşlige ukyply derejä ýetýär. Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri saýlanyp alnan ugruň dogry ýoldugyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Munuň özi nurana geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny üpjün edýär.

Meret KELJÄÝEW,

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Salgyt bölüminiň ýuridiki taraplary barlag bölümçesiniň salgyt inspektory.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27286

30.04.2021
Mahabatlandyrma — önümlere we hyzmatlara gyzyklanma

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen, haryt bolçulygyny döretmekde we düýpli gurluşyk işlerinde göwrümli işleri ýerine ýetirýän kiçi we orta telekeçileriň işlerine uly goldaw berip biljek kanunlaryň biri-de, «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu biziň kanunçylyk ulgamymyzdaky täzelikleriň biri, mahabatlandyrmak işini düzgünleşdirýän ilkinji Kanundyr. Agzalan  Kanun mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we mahabaty öndürmegiň, ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Bellenilen Kanunyň 2-nji maddasynyň birinji bölegindäki mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygynyň bellenilmegi, onuň kadalarynyň ata-babalarymyzdan miras galan ahlak gymmatlyklaryna esaslanýandygynyň, demokratik ýol-ýörelgelere eýerilýändiginiň we halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we jebisliginiň esaslaryny berkitmekden ugur alýandygynyň tekrarlanmasydyr. Şu nukdaýnazardan, mahabatyň umumy talaplary onuň kanunylyk, takyklyk, hakykylyk, mahabatyň sarp edijä ýitgi, şeýle hem ahlak zyýanyny ýetirmezlikden ybarat bolmagy bilen baglydyr. Şeýlelik bilen, mahabatyň kanuny bolmagy onuň jemgyýet üçin peýdaly bolmagyny esaslandyrýar we bu düzgüniň bozulmagy mahabat beriji üçin ýaramaz netijelere getirip biler.

Kanunda ýaýradylýan mahabatyň manyly we düşnükli beýan edilmegi barada aýratyn talap bildirilýär. Kanunyň 5-nji maddasynyň 2-nji böleginde mahabata, ony ýaýratmagyň görnüşlerine ýa-da ulanylýan serişdelerine garamazdan, ýörite bilimler bolmazdan ýa-da ýörite (tehniki) serişdeleri ulanmazdan, onuň berlen pursadynda, oňa gös-göni düşünilýän bolmalydygy kesgitlenilendir. Bu düzgün mahabatlandyrylýan zadyň obýektine degişlilikde ýeterlik düşünjesi bolan her bir adam üçin onuň düşnükli bolmalydygyna we hakykylygyna göz ýetirmek üçin goşmaça barlag geçirmezden, düşünip bilinmegine bildirilýän talapdyr.

«Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda mahabat işini düzgünleşdirýän beýleki düzgünler, şol sanda mahabaty ýaýratmagyň aýry-aýry usullarynyň aýratynlyklary, harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň aýratyn görnüşleriniň mahabatlandyrylyşynyň aýratynlyklary, göwnejaý bolmadyk mahabatlar, mahabat çygrynda döwlet gözegçiligi we beýleki meseleler hem düzgünleşdirilendir.

Berkarar döwletimizde mahabatlandyrmak işi telekeçilik işiniň has-da ilerlemegine oňyn täsirini ýetirip biljekdigi ikuçsuzdyr.

«Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgäni öňe sürüp, halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren, ata Watanymyzda ýetilýän belent sepgitlere, gazanylýan ägirt uly üstünliklere halkymyzyň ruhuny galkyndyryp, döredijilikli zähmete ugrukdyrýan, raýatlarymyzyň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! 

Jennet MYRATBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň maglumatlary seljeriş bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27351

30.04.2021
Jeýhun joşly döwrebap işler

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýanyň 1000 kilometrden hem gowragynyň Türkmenistanyň çäklerinden akyp geçýändigi bize eýýäm mekdep ýyllaryndan bäri mälim. Bu çägiň esasy bölegi welaýatymyza degişlidir. Ýurdumyzyň dirilik damaryna öwrülen derýanyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak, şol bir wagtda-da ony aýawly saklamak, hemişe gözegçilik etmek bolsa döwletimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hut şu wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen hem hormatly Prezidentimiz ýakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine agentligiň garamagyndaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek tabşyryldy.

Merkezi edarasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze görnüşde esasy wezipeleri Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurmak, abatlamak, bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk serişdesi bolan bişen kerpiji öndürmek, derýada çuňaldyş we gyrmançadan arassalaýyş işlerini geçirmek, bu işleriň netijesinde üýşürilen derýa çägesini isleg bildirýän edara-kärhanalara ýerlemek ýaly işlerden ybarat bolup durýar. Kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilip guralmagy bilen, täze görnüşli işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilikler döredi. Bularyň hatarynda derýa ýük we ýolagçy ulaglaryny ulanmak, suw ulaglaryny abatlamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek, ammarlarda ýükleri saklamak, suw desgalaryny gurmak, gämi gurluşygy we beýleki görnüşli işler alnyp barylýar. Kärhana düzümindäki 40-a golaý derýa ulaglary bilen Amyderýanyň 813 kilometr hem-de Garagum derýasynyň 200 kilometr töweregi aralygynda ulag hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şol sanda Türkmenabat — Kerki, Zähmet — Zeýit aralygynda dürli halk hojalyk ýüklerini daşamak, gum sorujylary çekmek işlerini alyp barýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň nebit-gaz, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklaryna degişli wajyp ýükleri daşamak işleri bilen meşgullanýar. Halaç etrabynyň «Pelwert», Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiklerini derýanyň üsti bilen birleşdirýän ponton geçelgesi hem bu kärhana tarapyndan ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň biridir. Her ýylda bu geçelgeden ýüz müňlerçe ulag geçirilýär.

Gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölümi iň iri bölümleriň biridir. Kärhananyň çäginde 2 sany demir ýol bolup, olar gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminiň çäginden geçýärler. Olar şertli wagon sygyjylygy 20 wagon, uzynlygy 1008 metr bolan we Türkmenabat ulanyş bölümine ugrukdyrylan şertli wagon sygyjylygy 11 wagon, uzynlygy 295 metr bolan demir ýollardan ybaratdyr. Bilşimiz ýaly, halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda gämileriň tehniki taýdan howpsuz ýüzüşiniň amala aşyrylmagyny berjaý etmek üçin ortaça her 2,5 ýyldan gämilerde bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi hökmanydyr. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminiň Türkmenistanyň içerki suw ýollarynda we howdanlarynda hereket edýän gämileriň we ýüzüji serişdeleriň gatnawara, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmäge, gurmaga mümkinçiligi bar. Bölümde dürli göwrümli gämileriň bejergisi, ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak ýa-da bejermek işleri ýerine ýetirilýär. Özi hem bu bölümde diňe bir döwlet edaralary bilen däl, hususy taraplar bilen hem yzygiderli işleşilýär. Dürli görnüşli hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri, daýhan hojalyklary we beýlekiler bu bölümiň müşderileri bolup durýarlar. Umuman, bölüm ýylda uly mukdardaky demri, agajy gaýtadan işlemäge, kislorod öndürmäge, gämileriň we läbiksorujylaryň 20-sini abatlamaga ukyplydyr. Geljekde bu ýerde kiçi göwrümli gämileri hem-de läbiksorujylary gurnamak işleri meýilleşdirilýär. Önümçilik bölüminde guruljak bu gämiler Türkmenistanyň içerki suw ýollarynda ýük daşamagyň, adam gatnatmagyň howpsuz bolmagy, derýa akabalarynda, kanallarda çuňaldyş we gönüleýiş işleriniň ýokary derejede bolmagy hem-de suw hojalyk ulgamynyň ösmegi üçin uly goşant bolar.

Kärhananyň düzüminde gurluşyk bölüminiň hem hereket edýändigini ýatlatmak isleýäris. «Derýaýollary» AGPJ-i tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi häzir Türkmenabat şäherine bezeg berýär. Täzeçe röwüşde işe başlan kärhana ýakyn wagtda welaýatyň çäginde paýly gurluşyk esasynda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işini giňeltmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar. Kerpiç we gurluşyk çägesi birleşigiň özünde öndürilýär. Galan gurluşyk harytlaryny hem Köýtendag sebitlerinden gämi ýa-da ýük ulaglary arkaly az çykdajy bilen getirip bolýar. Kärhana tarapyndan welaýat merkezinde häzir hem birnäçe desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27186

29.04.2021
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny halkara ülňülere laýyk gelýän innowasion tilsimatlary ulanmak arkaly ösdürmek, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugruny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek, ondan alnan täze önümleri dünýä bazarlaryna çykarmakda köpugurlylygy gazanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly, nebitgaz pudagyna dünýäde öňdebaryjy iri nebitgaz kompaniýalaryny we maýadarlary çekmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgaz senagatynda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen dünýä bazarlaryna çykmak babatda milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde kabul edilen «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Bu Kanunyň kabul edilmegi bilen, nebit işleriniň ýene bir görnüşi hökmünde gaýtadan işlemek amaly girizildi.

Nebit işlerine täze görnüşiň girizilmegi «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmekde «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň çäklerinde maýadarlary çekmäge, maýa goýum şertlerini we işlerini has-da kämilleşdirmäge, türkmen tarapynyň kepili hökmünde maýadarlara maýa goýum we täze täjirçilik şertlerini döretmäge, bu işleriň netijesinde girdejililigi ýokarlandyrmaga ýardam berer. Agzalan Kanun ýurdumyzyň ägirt uly goruna eýe bolan uglewodorod serişdelerini nebit, nebithimiýa we gazhimiýa önümlerini, suwuklandyrylan gazy we beýleki önümleri almak üçin daşary ýurt maýa goýujylaryna dolulygyna degişli bolan serişdeleriň hasabyna gaýtadan işlemäge, şol önümleri öndürýän desgalary gurmaga we ulanmaga hem mümkinçilik döreder.

«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gaýtadan işlemek amalynyň girizilmegi onuň güýje giren senesinden başlap, nebit işleriniň ähli tapgyryny, ýagny, uglewodorod serişdelerini gözlemegi, gazyp almagy, harytlyk görnüşine çenli taýýarlamagy we gaýtadan işlemegi, şeýle hem taýýar we gaýtadan işlenen önümleri ahyrky sarp edijilere çenli eltmegi, ýerlemegi öz içine alýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi geljekde iri halkara nebitgaz kompaniýalary bilen Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlylandyrylan toplumlary özleşdirmäge we gazylyp alynjak uglewodorod serişdelerini ähli derejede işläp geçmek şertlerinde hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berer. Kanunyň hereket edýän çygrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän zawodlaryň gurulmagynyň netijesinde, täze iş orunlarynyň we önümleriň täze gymmatynyň döremegine itergi berip, dünýäniň nebitgaz bazarlaryna türkmen milli önümleriniň täze görnüşleri bilen çykmaga mümkinçilik döreder.

Nedir SAPARGYLYJOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27072

28.04.2021