Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň edara ediş binasynyň ýanynda saklanyp, ulagdan düşen badymyza baharyň jana tenekar howasynyň ýakymly täsirine berlip, paslyň melheminden işdämenlik bilen datdyk. Şondan soň daş-töwerek has hem hoşamaýlaşdy. Binanyň edil öňündäki pelde hoşboý reňkine gelen bugdaý ýaz şemalyna ygşyldaýardy. Şeýle ýakymly görnüşleri biz daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň içinden geçýän ýoluň boýlarynda hem kän synladyk. Daýhan üçin bu görnüşler dünýäniň bar şatlygy bolup görünýär, meýdanlaryň şeýdip görküne geliberdigi daýhanyň bagtynyň getirdigi hasap edilýär. Ine, onsoň, kalbyndaky sowulmaz şatlyk onuň ýüz-gözlerine hem çaýylýar.
Etrabyň bugdaýdan, gowaçadan bol hasyl öndürýän daýhanlary bar. Ýogsa-da, geçen ýyllarda bugdaýyň Russiýadan getirilen «Bagrat», «Ýuka», «Kalym» ýaly görnüşleri hut şu etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ekilip, synagdan şowly geçdi we tutuş welaýatyň hojalyklarynda ekilip gelinýär.
― Nesip bolsa, bu ýyl hem bugdaýymyz bol hasylyny eçiler. Şu ýyl 190 gektar meýdanda bugdaý ekdik. Kärendeçilerimiz geçen ýyldaky ýaly bu ýyl hem bereketli hasyla garaşýarlar — diýip, daýhan birleşiginde gowaça ekişi geçirilip ýören kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Döwran Penjiýew bize gep goşdy. Topar geçen bugdaý oragyny hem üstünlikli jemläpdir. Geçen ýylda Çemengül Açylowa, Myrat Gurbanow, Merdan Ezizow bugdaý eken meýdanlarynyň her gektaryndan guşgursak bugdaýyň 35-40 sentnere çenli hasylyny ýygnapdyrlar.
Daýhan birleşiginiň başlygy Artur Rozyýew örän edenli görünýän daýhan ýigidiň 20 ýyldan bäri ene topraga ekin ekip, bol hasyl almak üçin her ýyl gujur-gaýratly işleýändigini aýdýar. Şol gün ýadawlyk we çalaja tozan gatyşykly, ýöne öz işlerinden alýan lezzetleri bilen ýüz-gözleri has mähirli görünýän adamlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Daýhanlar üçin möhüm möwsüm başlandy. Bu gün olary öýlerinde däl, meýdanlarda gözläp tapmak aňsat düşýär. Sebäbi geljekki hasylyň ykbaly şu günlerde geçirilýän meýdan işlerine bagly bolup durýar.
Biziň baran günümizde Döwran Penjiýewiň topary 160 gektar meýdanda gowaça ekişine hem başlan eken. Fransiýanyň «Monosem» sekiz hatarly ekijisini «Keýs» traktoryna tirkäp, gowaça ekip ýören Mergen Salurow Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň wekilleriniň «armasyna» ilgezik jogap gaýtarýar. Onuň aýdyşyna görä, gowaça ekişi gije-gündizleýin geçirilýär.
― Ýakyn günlerde ekişi tamamlarys. «Monosemiň» öndürijiligi ýokary, bir günde 100 gektar meýdanyň aňyrsyna çykýar. Ekini birbada hem ekýär, hem dökünini ýetirýär. «Monosemde» ekiş geçirilende her gektar meýdana 30 kilogram çigit harçlanylýar. Bu bolsa beýleki tehnikalar bilen deňeşdireniňde tas 50 kilograma çenli çigidi tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Gowaça ekilen hatarlaryň arasyndaky emele gelýän keşler soňy bilen bejergi geçirmek, suwarmak işlerinem ýeňilleşdirýär ― diýip, mehanizator Mergen Salurow hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp berlen tehnikalaryň aýratynlyklary barada gürrüň berýär.
Şeýle ekijileriň 3-si bilen etrabyň daýhan birleşiklerinde gowaça ekişi geçirildi. Welaýatymyzda olaryň 21-si gowaça ekişine gatnaşdyryldy. Daýhan birleşikleriniň hersinde hem 20-ä golaý öz gowaça ekýän tehnikalary bar. Hut şu daýhan birleşiginde traktorlaryň we ýer ýumşadyjy, tekizleýji tehnikalaryň 21-siniň ekişde ulanylandygyny traktor howlusynyň müdiri Şatlyk Joraýew mälim edýär. Etrap tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanasynyň tehnikalarynyň 44-si hem hojalyklarda gowaça ekişinde ulanyldy.
Daýhan birleşiginiň başlygy Artur Rozyýew «Parahada» başlyk bolup gelmezden ozal «Täze ýurt» daýhan birleşigine ýolbaşçylyk edipdir. Zähmet adamlary «Täze ýurduň» gowy görkezijileriniň indi «Parahada» hem mahsus boljakdygyna ynanýarlar. Pagtaçy kärendeçileriň 262-si eýýäm hasylyň ykbaly bilen gyzyklanyp, aýak üstünde. 676 gektar meýdanda geljekki hasylyň binýadynyň berkden goýlandygyny höwes bilen synlaýarsyň. Ekiş geçirýän tehnikalar giň meýdanlara keşde çekip ýörler. Ekiş bilen dahylly adamlaryň hersi öz iş ýerinde. Başlyk jübi telefonyny hem gününe goýman, aldygyna işledýär. Möhüm işleriň bökdelmezligi üçin degişli ýerlere jaň edýär.
Bu hojalyk bilen goňşulykda ýerleşen «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlary hem zähmetiň gaýnap-joşýan mekanyna öwrülipdir. Daýhan birleşiginiň başlygy Bagtyýar Hutdyýew hem iş ugrunda. Şonuň üçin biziň onuň bilen ekin meýdanynda gabatlaşmagymyzda hiç hili geňlärlik ýagdaý ýok. Ol 1896 gektar meýdanyň agramly böleginde gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilendigini guwanç bilen mälim edýär. Şol gün daýhan birleşiginiň Muzaffar Haýydowyň 3-nji, Baýram Bäşimowyň 8-nji toparlarynyň kärendeçileri üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Tejribeli mehanizator Allakuly Permanow öz erk edýän «John Deere» kysymly traktoryna tirkelen «Monosem» gowaça ekijisini netijeli işledip toparlaryň ikisinde hem ekişi üstünlikli tamamlady. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň wagyz-ündew topary arakesmede gowaça ekişini geçirýänleriň arasynda hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri barada täsirli söhbetdeşlik hem gurady. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri bu söhbetdeşlikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 5100 tonnadan gowrak «ak altyny» harmana goşant etjekdiklerine ynandyrdylar. Olar häzirki günlerde gowaçanyň tohumlyk çigidiniň gögermesi üçin daş-töwerekdäki gurşawyň, topragyň, howanyň amatly şertleriniň, çyglylygyň kadaly bolmagynyň maksada ýetmeklige gönükdirilen işlere rowaçlyk berýändigini aýdýarlar. Biziň bilen bile ýören hünärmenler toprakdyr howa şertleriniň şu tapda saklanylan ýagdaýynda tohumlyk çigidiň 10-12 günden gögerip çykjakdygyny ylmy esasda çaklaýarlar. Ekişden soň howa gyzdygysaýyn gowaçanyň 6-10 günden gögeriş bermegi-de mümkin eken. Diýmek, meýdanlaryň ýaşyl öwsüp başlajak günleri juda daşda däl.
Basym Gaýyby şahyryň «Otuz iki tohum kyssasy» poemasynda gowaça sözüni goza görnüşinde ulanyp, ähli ekinlerden ýokarda goýan:
«Hemmesi bildiler Gozany öwla,
«Ulug sen!» diýip, hemme etdi töwella»
diýen setirlerinde waspy ýetirilýän gowaça ýene-de sanlyja günlerden, gögerip çykar. Gowaça tohumynyň ýagşy niýetler bilen sepilýän günleri daýhanlaryň topraga baglanan ykballaryna aýratyn bir many öwüşginini çaýýar. Öýlerinde oturmaga sabyr-karary ýetmän, bagry badaşan topragynda gününi geçirmäge bolan höwesi ömürleri sowulmaz şatlyga besleýär. Hawa, bereketli ýerden gowaça bilen ýagşy umyt-niýetler ganat baglap çykanda bu şeýle bolýar.
Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.