Habarlar
Ilatyň bähbidi ileri tutulýar

Ilaty ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» her bir raýatyň paýyna düşýän ýaşaýyş jaýynyň meýdanynyň 25,6 inedördül metre ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu ugurda şu wagta çenli amala aşyrylan işler meýilleşdirilen sepgide ýetmek üçin aýgytly ädimleriň ädilendiginden habar berýär. Kerki etrabynda 500 maşgala, Halaç, Saýat we Çärjew etraplarynyň hersinde 1000 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaýly we dolandyryş edaralary hem-de durmuşy ähmiýetli binalary boljak şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. Obalarda berilýän mellek ýerleriniň hasabyna täze ilatly ýerler döreýär.  

                                                                   

Türkmenabat şäheri hem täze gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň we aýry-aýry gurulýan jaýlaryň hasabyna gün-günden gözelleşýär we giňelýär. Ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bellenilýän ýylynda 6-njy gurluşyk materiallary zawodynyň şäherçesinde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin 32 sany kottejiň gurlup, ulanylmaga tabşyrylandygy bellärliklidir. Hersi 6 otagdan ybarat 2 gatly jaýlaryň peýdaly meýdanynyň 262 inedördül metre barabardygy öňde goýlan maksatlara tapgyrma-tapgyr ýetmäge ugur alnandygyny görkezýär. Ýakyn günlerde ýene-de 100 sany kottejiň ulanylmaga tabşyryljakdygy hem bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Üstesine-de, Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda 40 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny hem munuň üstüne goşmaly. 

                                                                   

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna goýberilýän pul serişdeleriniň hem wagtynda özleşdirilýändigini bellemek ýerlikli bolar. Şu ýyl welaýatymyz boýunça goýberilen 182 million 820 müň manatlyk düýpli maýa goýumlarynyň ýarysyndan gowragy, has takygy, 94 million 830 müň manady bu pudagyň paýyna düşýär. Eýýäm onuň ep-esli böleginiň özleşdirilendigi hem bu ugra ünsüň has güýçlendirilendiginiň alamatydyr. Bu bolsa öňde goýlan maksada bellenilen möhletlerde ýetiljekdiginiň güwäsidir. 

                                                                   

Ýokarda beýan edilenler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýaşaýyş jaý gurluşygynda möhüm sepgit boljakdygyndan habar berýär. Şol sebäpli bagtyýar ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarlar. 

                                                                                                           

Gözel AÝDOGDYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.

01.09.2022
Energetika — ykdysadyýetiň ygtybarly pudagy

Dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gorlaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny düýpli artdyrmak, ulgama ýokary netijeli innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy wezipeleri bolup durýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz käniniň gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Elbetde, munuň özi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak milli ykdysady kuwwaty ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, halkara gatnaşyklary tejribesinde bu desga döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasy ýangyç-energetika pudagynda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biridir. Her ýylda onlarça milliard kub metr möçberde «mawy ýangyjy» akdyrýan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem gyzgalaňly dowam edýär. Bilşimiz ýaly, 2010-njy ýylda başy başlanan TOPH taslamasynyň halkara möçberli taslamalaryň hataryna kesgitli goşuljakdygy ikuçsyzdyr. Ilkinji nobatda, ol sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine, durmuş we ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam eder, şeýle hem olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün eder.  TOPH diňe bir hyzmatdaş ýurtlary energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek üçin däl-de, eýsem, Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmekde, bütin sebitde onlarça müň goşmaça iş orunlaryny döretmekde, ýaşaýyş-durmuş düzümini ösdürmekde, syýasy durnuklylygy saklamakda we berkitmekde aýgytly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolup, durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Çünki Türkmenistanyň daşary syýasy konsepsiýasynyň esasy ýörelgesi dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleriniň bähbidine «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär. Durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynyň halkara derejesinde ygtybarlylygynyň hem-de durnuklylygynyň üpjün edilmegini ileri tutýar. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny» atly Kararnamalaryň iki gezek kabul edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, soňky ýyllarda energiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny barha pugtalandyrýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy we bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň umumadamzadyň bähbitlerine ulanmak baradaky tagallalarynyň halkara derejesindäki ýene bir gezek ykrar edilmesine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyz geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen, sebitiň örän möhüm ulag halkasyna öwrüldi. Munuň üçin umumy ykrar edilen ölçeglere laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollary çekilýär, halkara demir ýollary, menzilleri gurulýar. Diňe bir ýurduň içinde däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Bu ýollar energiýa serişdelerini ygtybarly esaslarda halkara bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Goý, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

                                                                                                           

Babamyrat SEÝFULLAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

01.09.2022
Beýik ösüşleriň şuglasy

Za­ma­na­my­zyň be­lent mak­sat­ly men­zil­le­rin­de eziz Di­ýa­ry­myz buý­san­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz­da top­lum­la­ýyn ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ryn­da be­lent sep­git­ler eýe­le­nil­ýär. 

                                                                   

«Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­myz dep­gin­li ös­ýär. Ýur­du­my­zyň iň tä­ze ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan aja­ýyp üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zy gu­wan­dyr­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz­da ra­ýat ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi üp­jün edil­ýär, döw­le­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi ga­za­nyl­ýar. 

                                                                   

Döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň eş­ret­li ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar, ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek ba­bat­da wa­jyp we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek, se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň işi­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek, ýan­gyç gor­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak we yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän ugur­la­ry kes­git­le­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de pu­dak­lar döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­ýär, je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­de se­na­gat önüm­le­ri­niň pa­ýy art­ýar. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ryň bel­li bir bö­le­gi­niň önüm­çi­li­ge, beý­le­ki bir bö­le­gi­niň bol­sa dur­muş mak­sat­ly ugur­la­ra gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Önüm­çi­li­ge go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ýar. Yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ýar. Ön­dü­ril­ýän tä­ze önüm­le­riň gör­nüş­le­ri art­ýar. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­ni­len iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa döw­le­ti­mi­ziň se­na­gat taý­dan ösen ýur­da öw­rül­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.  

                                                                   

 Ösüş-öz­ge­riş­le­re bes­len­ýän eziz Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän her bir iş hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ama­la aşy­ryl­ýar. Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy, bi­lim, dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän kär­ha­na­lar, mek­dep­ler, has­sa­ha­na­lar we sag­lyk öý­le­ri, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry we beý­le­ki des­ga­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan öz­gert­me­le­ri­niň oňyn ne­ti­je­si­dir. Olar Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Şol bir wagt­da zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ry­lyp du­rul­ma­gy hem ila­tyň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­na oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy­nyň adam­dy­gy nyg­tal­ýar. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de ra­ýat­la­ryň pa­ra­hat, aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, er­kin zäh­met çek­me­gi, iş­le­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler, şert­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le berkarar döw­le­ti bo­lan halk bagt­ly­dyr. Hal­ky­my­zyň gel­je­gi­ne bo­lan yna­my be­lent­dir. 

                                                                                                           

Per­man SA­PA­ROW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

31.08.2022
Azyk bolçulygy — ösüşiň möhüm görkezijisi

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň oba hojalygynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Olarda ýurdumyzyň ýedi ýyllyk möhlet üçin ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bellenilip, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, agrar ulgamy özgertmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen wezipeler hem kesgitlenilýär. Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde çykyş edýär. Bu pudagyň netijeliligini artdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýär, bu ugurdaky kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Ilki bilen, ýer we suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga, agrosenagat toplumlary döwrebaplaşdyrmaga, ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga üns gönükdirilýär. Önümçiligi köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, oba hojalykda sebitleýin ýöriteleşdirmegiň netijeli usullary ornaşdyrylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary we Balkan welaýatlarynda gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär. Sebitlerde tarp ýerleri özleşdirip, ýeralma, gök-bakja, beýleki dänelik ekinleri ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Miweçilik, üzümçilik hojalyklarynyň sany barha artýar.  

                                                                   

Daýhançylyk işleriniň tejribesine bazar gatnaşyklaryny meýilnamalaýyn ornaşdyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek gowy netijeleri berýär. Türkmen alymlary, oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ylmy-barlag merkezleriniň işgärleri tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barýarlar. Ekerançylygyň agrotehniki taýdan kämilleşdirilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň synagdan geçirilmegine, geçirilýän çäreleriň netijeli bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Seçgiçi alymlar ekerançylyga dürli ekinleriň ýokary hasylly täze görnüşlerini yzygiderli ornaşdyrýarlar.  

                                                                   

Biziň halkymyz öz topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyklyk bugdaý bilen doly üpjün edilýär. Türkmen alymlary bugdaýyň täze görnüşlerini döretmek boýunça guwandyryjy işler alyp barýarlar. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň galla oragy döwründe Mary welaýatyna saparynyň dowamynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri tarapyndan bugdaýyň täze döredilen gylçykly we gylçyksyz görnüşleri bilen tanyşdyrylmagy guwandyryjy üstünlikdir. Bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly, ýokary hasylly täze görnüşleriniň hasyllyk derejesi her gektardan 55-60 sentnere barabar bolup, 200-210 günüň dowamynda ýetişýär. Hormatly Prezidentimiziň bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan «Berkarar» we «Galkynyş» diýip atlandyrmagy, alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etmegi bu ugurdaky ösüşleriň guwandyryjy häsiýetini alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz 26-njy awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde jogapkärli möwsümiň gelendigini belläp, ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi.  

                                                                   

Häzirki wagtda birža söwdalarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen önümler dünýäniň dürli künjeklerine eksport edilýär. Dünýä bazarlarynda pagta süýümi, goýnuň, geçiniň, düýäniň ýüňi, buýan köki, beýleki oba hojalyk ömümleri ýokary hil derejesi, bäsdeşlige ukyplylygy bilen uly islegden peýdalanýar.  

                                                                   

Bu ýyl ýurdumyzyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşinden soň, ýüpekçiler hem pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragy taýýarlanyldy.  

                                                                   

Ýakyn döwürde ýurdumyzda pagta ýygymy döwri başlar. Ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekildi. Diýarymyz boýunça 1 million 250 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 280 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer alyp, pagta önümçiligine girişdiler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar, ýyladyşhanalar, obasenagat toplumlary döredilýär.  

                                                                   

Prezident Maksatnamasynda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça kesgitlenen wezipeler oba hojalyk pudagynyň ösdürilmeginde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, sanly tehnologiýalary, suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň möçberlerini artdyrmaga, şonuň bilen birlikde, bäsleşige ukyply ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge, döwletimiziň azyk bolçulygyny has-da berkitmäge hem-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga uly mümkinçilik döreder. 

                                                                                                           

Aýgözel ARLANOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

31.08.2022
Elektroenergetika: Geçmiş. Şu gün. Geljek

Islendik döwletiň ykdysady kuwwatyny hem-de durmuş abadançylygyny üpjün etmekde elektrik energetikasy pudagyna uly orun degişlidir. Halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň netijeli ösdürilmegi, raýatlaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, bilim, saglygy goraýyş, jemagat hojalygy ýaly möhüm ugurlaryň kadaly işlemegi hut elektroenergetika bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk bilen galkynan Watanymyzda, aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe elektrik energetikasy pudagynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, geljekki ösüşleriň binýady berkden tutuldy. 

                                                                   

 Hindiguşdan başlanýan taryh 

                                                                   

Döwrüň döwürden, eýýamyň eýýamdan tapawudyna göz ýetirmek üçin, ilki bilen, taryha salgylanmak gerek. Ýurdumyzda elekroenergetikanyň tasdan 110 ýyla uzaýan taryhy bar. Bu taryh 1913-nji ýylda Murgap derýasynyň kenarynda Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurulmagy bilen başlanýar. Türkmenistanyň ilkinji elektroenergetika desgasynda öňki Awstro-Wengriýa imperiýasynyň «Gans» kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 400 kilowata barabar bolan gidroturbinalarynyň üçüsi oturdylypdyr. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň özboluşly muzeýine öwrülen Hindiguşda häzire çenli hem elektrik energiýasynyň öndürilmegi dowam etdirilýär. 

                                                                   

1957-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji iri elektrik stansiýasy bolan Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasy ulanyşa berildi. 1963-nji ýylda Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi guruldy. 1973-nji ýylda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ilkinji energoblogy işe girizildi. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňky gurlan ilkinji elektrik stansiýa 1992-nji ýylda ulanyşa berlen Seýdi ýylylyk elektrik merkezidir.  

                                                                   

2003-nji ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy işe girizildi. 2006-njy ýylda ýurdumyzda hereket edýän elektrik desgalarynyň üstüni Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy ýetirdi. 

                                                                   

 Galkynyş eýýamynyň ýalkymy 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen ilkinji ýylynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda ilkinji energetika desgasynyň — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň ulanyşa berilmegi hem özboluşly mazmuna eýe bolup, oba hojalygy we senagat taýdan geljegi uly bolan sebiti elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda her biriniň kuwwatlylygy 254,2 megawata barabar bolan Ahal döwlet elektrik stansiýasy hem-de Awaza döwlet elektrik stansiýasy işe girizildi. Şol ýyl Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda täze gaz turbina desgalarynyň ikisi işe girizilip, onuň kuwwatlylygy 380,6 megawata ýetirildi. Netijede, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwatlylygy artyp, sarp edijileriň elektrik üpjünçiligi düýpli gowulandyryldy. 

                                                                   

 Parasatly çözgütler, myrat tapan maksatlar 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň senagatlaşmaga tarap ugur almagy, täze önümçilikleriň döredilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artmagyny şertlendirdi. «Türkmenistanda elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi şol derwaýys wezipäni çözmekde möhüm ädim boldy. Bu resminamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanda ilkinji energetika desgasynyň gurulmagyna ýüz ýyl dolan senä gabat gelendigi hem gyzyklydyr. 1913-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli geçen bir asyra barabar döwürde ýurdumyzda gurlan elektrik stansiýalaryň sany bary-ýogy bäşe ýetýärdi. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bolsa, bary-ýogy ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz, Lebap, we Mary welaýatlarynda döwrebap energetika desgalarynyň altysy guruldy. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylyň maýynda ulanyşa berlen Lebap, 2015-nji ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynda açylan Derweze hem-de 2016-njy ýylyň iýulynda Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen Watan döwlet elektrik stansiýalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde 2014-nji ýylyň oktýabrynda taslama kuwwaty 146,7 megawat bolan gaz turbinalaryň üçüsi hem-de 2018-nji ýylyň sentýabrynda utgaşykly dolanyşykda işleýän, taslama kuwwaty 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasy işe girizildi. Şeýlelikde, türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy hasaplanýan Mary döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 2985,7 megawata çenli ýokarlandy.  

                                                                   

2020-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýalaryň ikisiniň gurluşygyna badalga berildi. 2021-nji ýylyň sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata barabar bolan gazturbinaly elektrik stansiýa ulanylmaga berildi.  

                                                                   

Pudagyň geljekki ösüş meýilnamalarynda ýurdumyzyň beýleki elektrik stansiýalaryny-da utgaşykly bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Görşümiz ýaly, gysga döwürde üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar «Asyrlara barabar işler» we «Bedew batly ösüşler» diýen buýsançly jümleleriň iş ýüzündäki tassyknamalarydyr. 

                                                                   

 Içerki üpjünçilikden eksporta 

                                                                   

Gysga döwrüň içinde Türkmenistan içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen arzan bahadan üpjün edip, onuň artýan bölegini daşary ýurtlara eksport edýän döwlete öwrüldi. Bütindünýä bankynyň maglumatlary hem ýurdumyzyň ilatynyň 100 göteriminiň elektrik energiýasyndan peýdalanmaga mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýar. Diýarymyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň artýan bölegi sebitdäki goňşy döwletlere — Eýran Yslam Respublikasyna, Owganystana, Özbegistana, şeýle hem Gyrgyz Respublikasyna eksport edilýär. 

                                                                   

Garaşsyz Türkmenistanyň sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan iri taslamalarynyň biri-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi bilen bilelikde çekilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygydyr. TOP ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy TOPH gaz geçiriji ulgamyň düzümleýin desgalarynyň ählisini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we üznüksiz üpjün etmäge, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň çägi arkaly Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

 Halkalaýyn ulgamlar  

                                                                   

Ýurdumyzyň energoulgamynyň kadaly işlemegini üpjün etmek, onuň dürli bölekleriniň özara ätiýaçlandyrylmagyny gazanmak, Diýarymyzyň islendik sebitinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Ahal — Balkan — Daşoguz halkalaýyn energoulgamyny we degişli beketleri gurmak boýunça giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Aşgabat — Mary — Lebap — Daşoguz aralygynda elektrik geçirijileri hereket edip, olar bu sebitleriň energiýa ulgamlaryny özara birleşdirýär. 

                                                                   

2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisiniň işine ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň halkalaýyn elektrik ulgamynyň birinji tapgyry tamamlandy. Geljekde onuň Balkan — Daşoguz ugrunyň gurluşyk-gurnama işleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny bir bitewi halka birleşdirmek işi tamamlanar. 

                                                                   

 «Ýaşyl» energetika — döwrüň talaby 

                                                                   

Garaşsyz Watanymyz elektrik energiýasynyň önümçiliginde sebitde öňdebaryjy orunlaryň birini eýelemek bilen bir hatarda, daşky gurşawyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden peýdalanmak babatda hem uly işler durmuşa geçirilýär. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň» kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde tassyklanan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 MWt bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýar. Bu desga ýurdumyzyň taryhynda ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň başlangyjy bolar. 2024-nji ýylda bu taslamanyň ulanylmaga berilmegi netijesinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak döwrebap oba elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün ediler. 

                                                                   

 Asylly tutumlar dowamat-dowam 

                                                                   

Energetika senagatynyň ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ajaýyp zamanamyzyň binýadyny tutan Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň maýynda Daşoguz welaýatynda toý sapary bilen bolmagynyň çäklerinde Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy bilen tanyşdy. Şonda döwlet Baştutanymyz içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagy ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän işçilere minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

20-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açyldy. Merkezi Aziýada bu ugurda ýeke-täk hyzmat ediş desganyň ulanyşa berilmegi degişli enjamlary ýokary hil derejesinde, bellenilen möhletlerde abatlamaga mümkinçilik berer. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz hem-de doly güýjünde işledilmegine ýardam eder. 

                                                                   

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi. Şonda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgininiň 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgininiň bolsa 141,3 göterime barabar bolandygy habar berildi. Bu görkezijiler elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýandyklaryna şaýatlyk edýär. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

30.08.2022
YKDYSATÇYLARY TAÝÝARLAMAGYŇ TÄZE UGRY

Gözümiziň öňünde ösüp-özgerýän, maglumatlara hem kämillige teşne nesillerimiziň örňemegine giň ýol açýan bilim bütin dünýäde rowaçlyklaryň altyn açary diýlip atlandyrylýar. Bilim islendik ugurdan täze giňişlikleri açýar. Bilim ylma hem-de hünär kämilligine tarap ädilýän ädimlere bagtyýarlyk çaýýar, ynam berýär. Bilim durmuşymyzyň her bir ugrunda peýda bolýan täzeçilliklere düşünmäge, her bir hünärde günsaýyn täzelenip hem köpelip barýan şertlere kybap bolmaga ýardam berýär. Bilim adama öz dünýäsini, başarnyklaryny, ukybyny, zehinini açmaga kömek edýär. Okaýan adam durmuşda gaty seýrek ýalňyşýandyr, çünki bilim paýhasyň altyn çeşmesidir, paýhas bolsa her bir ädimde täze ugurlary, her bir işde bähbitli taraplary gözlemegi we tapmagy öwredýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmek, ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerden ugur alnyp, Türkmen döwlet maliýe institutymyzda täze 2022/2023-nji okuw ýylynda ykdysadyýetiň bakalawrlaryny taýýarlaýan täze “Maliýe bazarlary we banklar” taýýarlyk ugry açyldy. Bu ugra ýaşlaryň 20-si talyplyga kabul edildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň” esasy wezipeleriniň biri hökmünde bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek maksady bilen, paýdarlar jemgyýetlerini we banklaryny, maliýe bazarlaryny, gazna biržasyny döretmek babatynda anyk işleri geçirmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýaşlaryň dünýä ylmynyň gazananlaryny özleşdirip, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin ökde hünärli adamlar bolup ýetişmegi babatda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp ykdysatçylary taýýarlamakda institutymyzyň professor-mugallymlary hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryna jogap edip, ylym-bilimlerini, gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Taryhda şöhraty dünýä dolan türkmen halkynyň häzirki alty eýýamyndaky mertebesi, abraýy türkmen ýaşlarynyň tüýs ýürekden çekýän zähmetine, ata Watany gülletmek üçin edýän yhlasyna, başarnygyna, ukybyna baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň salgy berýän aýdyň ýoly ata-babalarymyzyň ýetip bilmedik isleg-arzuwlaryny XXI asyrda wysal etmekdir, ylym-bilim babatda hiç bir döwletiňkiden pes bolmadyk ulgamy döretmekdir we beýleki ugurlarda ösüşlere eýe bolmakdyr.

Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlaryny ikelläp goldaýan, ajaýyp zamanamyzyň rowaçlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşmagy maksat edinip ýaşaýan nesilleriň örňemegi döwrüň agzybir ilimize bagyşlaýan iň uly peşgeşidir, bagtydyr. Ýaşlara okamaga, hünär öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!


Orazjemal MYRADOWA, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Maliýe kafedrasynyň mugallymy  

26.08.2022
Milli nyşanly önümler

Ýurdumyzyň dokma pudagynyň ýokary hilli önümlerini alyjylara hödürleýän ýörite dükanlaryň sany gözel paýtagtymyzda artmak bilen. Gelim-gidimi egsilmeýän bu dükanlaryň haýsy birine barsaň-da, ruhy lezzet beriji syýahatyň hözirini gören şekilli bolýarsyň. Gözüň ýagyny iýip barýan türkmen el halylary, lowurdap duran panbarhat matalarynyň dürli reňkli görnüşleri, gyz-gelinlerimiziň bezegi bolan ýaglyklar, sap nah ýüplükden dokalan matalar, olardan tikilen geýimler, sport we mekdep lybaslary ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýeten belent derejesini görkezýär. Içerki we daşarky bazarlarda geçginli haryda öwrülip, köp görnüşliligi, bedene ýakymlylygy, göze gelüwliligi, ykjamlygy bilen alyjylaryň göwnünden turýan ol önümler türkmen dokmasynyň abraýyny belende göterýän milli brendlerimizdir.  

                                                                   

Şeýle dükanlaryň biri paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Ildeşlerimiziň ösen islegini kanagatlandyrmaga ukyply bu dükandaky dokma önümleriniň hataryny zenanlardyr erkek adamlara niýetlenen möwsümleýin egin-eşikler bilen birlikde, çagalara niýetlenen naşyja geýimleriň-de dürli görnüşi düzýär.  

  Açylanyna onçakly köp wagt bolmadyk dükanyň tekjelerindäki gözüňi dokundyrýan egin-eşikleri synlanyňda, milli haryt nyşanlary bada-bat ünsüňi çekýär. Türkmeniň şöhratly taryhyny, bagtyýar şu günümizi şöhlelendirýän ol nyşanlar önümlere bezeg berýär, harydyň gymmatyny artdyrýar. Göze gelüwli, ekologiýa taýdan arassa bu önümlere isleg ýokary. Harytlar satyn alyndygy ýeri täzeleri bilen doldurylýar. Önümler häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen iri dokma toplumlarynda, döwrebap önümçilik kärhanalarynda tikilen harytlardyr. Alyjylara hödürlenýän ýokary hilli önümleriň düzümine Kaka dokma toplumynyň «Jeýtun», Babadaýhan dokma toplumynyň «Mäne» nyşanly harytlarynyň goşulmagy türkmen dokmasynyň ösüşli ýolunda gazanylan ýene bir üstünlikli ädimdir. Köp görnüşli harytlaryň her birine mahsus biçüw, tikin, bezeg aýratynlyklary bu dokma toplumlarynda zähmet çekýän tikinçilerdir dizaýnerleriň döredijilikli hem sazlaşykly işlerinden habar berýär.  

                                                                   

Dürli şekiller, nyşanlar, nagyşlar bilen bezelip, alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli önümler çagalaryň-da, uly ýaşlylaryň-da göwnünden turýar. Halkymyzyň höwes bilen satyn alýan jinsi önümlerini, sport, ýorgan-düşek we ýassykdaşy toplumlaryny, el süpürgiçleridir hammam donlaryny, şeýle hem beýleki ençeme önümleri bezeýän ol nagyşlar harytlaryň her birine milli äheň berýär we gözellik çaýýar. 

                                                                   

Işiň öňe ilerlemegi üçin her bir başlangyjyň şowly netije bermegini gazanmaly. Türkmen dokmaçylary üçin işiň müşgili ýok. Dünýäniň dokma önümçiliginde gazanylan öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip, iň täze tehnologiýa enjamlaryna ezberlik bilen erk edýän türkmen dokmaçylarynyň elinden çykýan, «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili önümleriň hatarynda islendik möwsüme niýetlenen ýokary hilli egin-eşikleriň dürli görnüşini görmek bolýar. Milli öwüşgine aýratyn orun berlip tikilýän lybaslaryň her biriniň häzirki zamanyň ösen talabyna doly laýyk gelmegi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.  

                                                                                                           

Aýnabat DURDYÝEWA.

                       

«Türkmenistan».

26.08.2022
Dünýä uzaýan dostluk ýollary

Tebigy gözellikleriň, ýerüsti hem ýerasty baýlyklaryň mesgeni bolan ata Watanymyzdan çar tarapa uzaýan awtoulag we howa ýollary, deňiz hem derýa, demir ýollary mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly senesini mynasyp garşylamak hyjuwy bilen joşgunly zähmet çekýän halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyryp, buýsançly göwünlere ylham berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda umumadamzat gatnaşyklarynda ylalaşygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Biz şeýle ajaýyp hakykata paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde ýokary derejede geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda, şeýle hem Ýewraziýada logistikany diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilen günlerinde has-da aýdyň göz ýetirdik. 

                                                                   

«Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip, Arkadagly Serdarymyz Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammitindäki çykyşynda aýratyn nygtady. Munuň özi dürli ugurlarda özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Hazar deňziniň giň mümkinçiliklere eýedigini aýdyň görkezýär. Şol bir wagtda hem köp asyrlaryň dowamynda Ýewraziýa ýollarynyň söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň merkezi bolan eziz Diýarymyzyň sebitiň ulag-logistika merkeziniň wezipesini doly ýerine ýetirmäge taýýardygyny äşgär edýär. Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda, geo- grafik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçiliklerine eýedir. Baky Bitarap döwletimiz, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ulaglar ulgamynda hem dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hoşniýetli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar hem-de bu ugurda netijeli işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Haýsy ýurtda asudalyk, parahatçylyk höküm sürýän bolsa, şol ýurduň ýollary abadandyr, illeri bagtyýardyr. Biz bu babatda doly buýsanmaga haklydyrys. Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün asudalygy, hoşniýetli we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Döwletimizde halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly öňe sürülýän oňyn başlangyçlar halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň goşulyşýan berkarar ýurdumyzda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça gurlan we gurulýan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti barha artýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzdan çar tarapa uzaýan awto- ulag ýollary, howa we demir ýollary hem halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu ýollaryň umu- madamzat gatnaşyklarynda ylalaşygy üpjün etmekdäki, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen mundan birnäçe ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen, Demirgazyk buzly ummanyndan Hindi ummanyna çenli aralykda halk hojalyk ýüklerini daşamaga we ýolagçy gatnatmaga giň mümkinçilikleri açan, Uzak Gündogary, Aziýa we Ýewropa yklymlaryny baglanyşdyrýan Demirgazyk — Günorta halkara demir ýoly bu gün köp döwletleriň we halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň berkemegine, ýurtlaryň söwda-ykdysady kuwwatynyň has-da ýokary derejelere göterilmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Gojaman Hazar deňzi eziz Diýarymyzyň goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn orun tutýar. Bu gün sebitde iň iri portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Hazarýaka döwletleriň portlaryna yzygiderli gatnawlar amala aşyrylýar. Bu port Hazar deňzi sebitinde ýerleşýän portlaryň arasynda üstaşyr ýükleri geçirmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. 

                                                                   

«Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesiniň ugry boýunça daşalýan ýükler hem demir we awtoulag ýollarynyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowuşýar. Depesi ýaşyl Baýdakly gämiler Baku, Mahaçgala, Astrahan şäherleriniň portlaryna, Pars aýlagynyň ýurtlaryna ýükleriň daşalyşyny bökdençsiz amala aşyrýarlar. Olar suw ýollary arkaly goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli peýdalanylýar. Gämiler gojaman Hazaryň goýnunda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde, halklaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde işjeň hereket etdirilýär. Şeýlelikde, geljegi uly bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki zaman deňiz geçelgeler ulgamyny döretmekde örän uly ähmiýete eýe bolup, uly möçberli ýük akymlarynyň ýol uzaklygyny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär hem-de Gara deňziň kenaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogara, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýär. 

                                                                   

Ýol çekmek, köpri gurmak dostlugy, doganlygy, ýakyn hem-de ygtybarly gatnaşyklary saklamagyň möhüm şertidir. Ol halklary parahatçylyga, abadançylyga, agzybirlige hem-de hoşniýetli gatnaşyklara çagyrýar. Ata Watanymyzdan ýollaryň çar tarapa uzamagy parahatçylykdan, gülläp ösüşlerden nyşandyr. Halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän bu ynsanperwer milli ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýär. Muňa welaýatymyzda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüniň tutulmagy hem aýdyň şaýatlyk etdi. Ajaýyp döwrümiziň bedew bady bilen okgunly öňe barýan galkynyşly günlerinde, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna ak pata bermegi ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda guruljak bu köpri ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilýändigini, bu möhüm işe hemişe uly ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek bütin dünýä aýan etdi. Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitleýär. Şundan ugur alnyp, Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak köpri hem halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat eder. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda eden çykyşy — häzirki wagtda dünýä önümçiligindäki ýönekeý bolmadyk ýagdaýlarda hut ulag-kommunikasiýalar düzüminiň ykdysady gatnaşyklara zerur itergi berip biljekdigi babatdaky garaýyşlary berkarar döwletimiziň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk ýörelgeleriniň beýany bolup ýaňlandy. BMG-niň howandarlygynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen geçirilen maslahatyň dowamynda deňhukukly, özara bähbitli we hakyky hyzmatdaşlyk esasynda ählumumy ulag ulgamynda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Bu forumyň kabul eden çözgütleri we teklipleri BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzdi. 

                                                                   

Şundan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary üpjün etmekde möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürýär. Häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň, bagtyýarlygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, döwletleriň biri-biri bilen ykdysady gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrmaga, ýurtlaryň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Goý, bütin adamzadyň abadan durmuşy, halklaryň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, maksatlary myrat tapsyn! 

                                                                                                           

Toýmämmet Rejebow,

                       

«Balkan».

25.08.2022
Ynamly gadamlar

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky Gyýanly polimer zawody «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen kemsiz enjamlaşdyrylan bu gaz-himiýa toplumy eziz Diýarymyzyň diňe bir tebigy gaz, nebit ýaly energiýa serişdeleriniň bazaryndaky tutýan ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem mynasyp ornuny üpjün etdi. Aslynda, türkmen hünärmenleri tarapyndan ygtybarly dolandyrylýan bu gaz-himiýa toplumy ata Watanymyz Türkmenistanyň energiýa serişdelerini öndürmek, şeýle hem daşarky bazarlara ugratmak bilen birlikde, innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda ýokary önümçilik pudagyny döredýändiginiň hem aýdyň güwäsidir. 

                                                                   

Himiýaçylaryň tutanýerli işleri netijesinde, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen hasabat döwründe kärhana boýunça polietileniň 56 müň 985 tonnasy, polipropileniň bolsa 12 müň 250 tonnasy taýýarlanyldy we içerki hem-de daşarky bazarlara ugradyldy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, önümçiligiň ösüş depgini, degişlilikde, 108 göterime we 103,2 göterime çenli ýokarlandyryldy. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

25.08.2022
Ösüşleriň guwandyryjy netijeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu buýsançly hakykata Balkan welaýatynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Garaşsyz Diýarymyzyň bu sebitinde şu ýylyň ýedi aýynda senagat önümleriniň 11 milliard 225 million manatlyga barabary taýýarlanylyp, içerki we daşarky bazarlara ugradyldy. Önümleriň ýaryna golaýy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Tutuş welaýat boýunça senagat önümlerini taýýarlamakda gazanylan ösüş depgininiň 128 göterime golaýlandygy aýratyn bellärliklidir. Elektrik energiýasyny ýerleşdirmekde gazanylan ösüş depgini guwandyryjy sepgide ýetdi. Welaýatda gürrüňi edilýän döwürde dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümlerini taýýarlamakda hem guwandyryjy netijelere eýe bolundy. 

                                                                   

Ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynda gazanylýan bu üstünlikler balkanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş welaýat boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygy 3 milliard 804 million manada barabar boldy, bu ugurda 118 göterim ösüş gazanyldy. Gürrüňi edilýän ýanwar — iýul aýlarynda ýola goýlan bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 3,4 milliard manatlykdan gowragynyň hususy eýeçiligiň paýyna düşýändigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

25.08.2022
Döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna ösüş

Maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgininiň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilmek bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri dessin çözmek hem-de erkin bazar gatnaşyklaryny öňe ilerletmek, halk hojalygyny özgertmek, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary giňden peýdalanmak we pugtalandyrmak üçin ykdysadyýete daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar.  

                                                                   

Uzak möhleti öz içine alýan maýa goýum maksatnamalary döwlet durmuşynyň we halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlaryny anyk kesgitleýän derwaýys resminamalar hökmünde tapawutlanýar. Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdeleri, şeýle hem geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan ugur alynýar. Ýurdumyzyň sebitiň we yklymyň wajyp ulag-logistik ulgamyna öwrülmegi, peýdaly gazylyp alynýan çig mal ýataklaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek we ýerli çig mal serişdelerinden ýokary goşmaça binýatly taýýar önümleri öndürmek ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşarky we içerki ýagdaýlary deňeşdirmek, serişde binýadyny nazara almak bilen, uzak möhletleýin esasda tehniki we tehnologik ösüşiň has netijeli ýoluny saýlap almak birnäçe pudaklarda we kärhanalarda täzeçil strategiýany emele getirýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň durmuş ulgamynyň ähli pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryna itergi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususyýetçileri goldamaga mümkinçilik berýär diýip belleýär. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň girdejisiniň artmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýan islegli harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary ýurduň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär. Ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Bu bolsa, öz gezeginde, döwletiň baş maksadyna — halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Netijeli durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde möhüm orun eýeleýär. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi, olaryň ugurlary takyk kesgitlenýär. Meselem, üstümizdäki ýyl üçin milli ykdysadyýete gönükdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 36,1 milliard manada deňdir. Şonuň 60,2 göterimi önümçilik ugruna, 39,2 göterimi durmuş-medeni maksatly işlere bölünendir. Bu sanlar önümçilige sarp edilýän maýa goýumlaryň möçberiniň ýylyň-ýylyna artýandygyny görkezýär. Munuň özi importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürmäge, milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmaga we ilatyň hal-ýagdaýyny has gowulandyrmaga ýardam edýär. Maýa goýumlary öndürilýän önümiň ýa-da hödürlenýän hyzmatlaryň hasabyna ödeljek we ýurda girdeji getirjek önümçilige sarp edilmek bilen birlikde, durmuş maksatly ugurlara hem gönükdirilýär. Bu zähmet adamynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda hem ägirt uly maýanyň özleşdirilýändigini aňlatmak bilen, çykdajylaryň halkyň önümçilikde çekýän halal zähmeti arkaly döwlete girdeji getirmeginiň hasabyna ödelýändigini görkezýär.  

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

23.08.2022