Habarlar
Belent sepgitlere beslenen günler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhrata, ajaýyp wakalara beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly tamamlanyp barýar. Şu pursatda onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyza, hakymyza getiren üstünlikleri, bagtyýarlygy her bir adamyň göz öňünde janlanýar. Çünki bu ýyl ata Watanymyzyň ykdysadyýetde, medeniýetde we beýleki ugurlarda gazanan ösüşleri bilen öňe tarap batly gadam urýandygyny aýdyň subut etdi. 

                                                                   

Ajaýyp ýylda ýurdumyzda, şol sanda, biziň welaýatymyzda Oba milli maksatnamasyna hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylan möhüm işler, gazanylan üstünlikler az däl. Ýylyň dowamynda welaýatymyzyň dürli ýerlerinde gurlan medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysynyň uly dabaralar bilen ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Bu barada aýdylanda, Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşyp, ak pata bermeginde Daşoguz şäherinde açylan 450 orunlyk welaýat köpugurly hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanalaryny, şeýle-de welaýatymyzyň merkezinde saglygy goraýyş işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny, ýolagçylaryň hyzmatyna berlen döwrebap awtomenzili, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginiň çäginde ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglyk öýüni, Şabat etrabynyň merkezindäki çagalar dynç alyş seýilgähini we beýlekileri belläp geçmek örän ýerliklidir. Sebäbi häzirki döwrüň talaplarynyň derejesinde bina edilen bu desgalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary göterilmegine hyzmat edýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, şeýle ajaýyp ýylymyzda welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda hem guwandyryjy sepgitlere eýe bolnup, dürli görnüşli ekinleriň, piläniň bereketli hasyly ýygnaldy. Munuň özi gallaçylarymyzyň, pagtaçylarymyzyň, şalyçylarymyzyň, gök ekerançylarymyzyň, ýüpekçilerimiziň çeken agzybirlikli, arkalaşykly zähmetleriniň ýokary netijeleri berendigini görkezýär. Şu ýylda welaýatymyzda 265 müň tonna galla, 35 müň tonna şaly, 500 tonnadan gowrak pile, ýüzlerçe müň tonna «ak altyn» hem-de gök-bakja önümleri öndürilip, Watan harmanyna goşuldy. Bu üstünlikleriň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrundaky çäksiz aladalarynyň, kärendeçi daýhanlar, ýer eýeleri üçin döredýän şertleriniň, berýän kömek-goldawlarynyň netijesinde gazanylandygyny nygtamak zerurdyr. Çünki olar ene topraga yhlas siňdirýän adamlaryň göwünlerini galkyndyryp, olary has-da hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Şonuň netijesinde-de, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga ýol açyldy. 

                                                                   

Şu ýylda gazanylan üstünliklerde welaýatymyzyň dürli künjeklerinde öndürijilikli zähmet çekýän kärendeçileriň, ýer eýeleriniň, daýhan hojalyklaryň agzalarynyň mynasyp paýlarynyň bardygyny aýtmak ýakymly. Olaryň ençemesi bu ýylda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň hem-de Hasyl toýunyň öň ýanynda Arkadagly Serdarymyzyň Permany bilen ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Şeýle zähmetsöýer babadaýhanlaryň hatarynda Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mamagul Şakirowa, Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tuwakgül Mämedowa, Görogly etrabyndaky «Hazynaly toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjemal Atajykowa we beýlekiler bar. 

                                                                   

Elbetde, şeýle şöhratly ýylymyzda ýetilen belent sepgitler edermen daýhanlarymyzy täze ýylda has-da joşgunly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine has-da saldamly goşant goşmaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigi häzirki günlerde olaryň bugdaý meýdanlarynda ýaşajyk maýsalara ideg etmek, ýerleri geljek ýylyň ýaz ekişine ykjam taýýarlamak boýunça alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär. Halkymyzda her bir ýyly ajaýyp üstünlikler bilen ugradyp, täze ýyly belent maksatlar, uly umytlar, ýagşy niýetler bilen garşy almak ýörelgesi bar. Tamamlanyp barýan ýylyň hemmämiziň kalbymyzda galjakdygyna, geljek ýylymyzyň bolsa täze rowaçlyklara beslenjekdigine berk ynanýarys. Çünki biziň ýurdumyzda ýagşy arzuw-umytlar hemişe hasyl bolýar.  

                                                                                                           

Gutlymyrat AŞYROW,

                       

«Daşoguz habarlary».

29.12.2022
Täze tehnikalar gelip gowuşýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýaponiýanyň «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalarynyň nobatdaky tapgyrynyň ýurdumyza getirilip başlanmagy-da munuň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 33 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi. Şanly wakalara beslenip, taryhy üstünlikler bilen jemlenilýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şu ajaýyp günlerinde ýurdumyza gelip gowşan ekskawatorlar ýokary amatlyklara eýedir. Döwrebap enjamlar oturdylan täze ekskawatorlar sowadyş we ýyladyş ulgamlary, şeýle-de ýörite monitor arkaly dolandyrylýandygy bilen tapawutlanýar. Ekskawatoryň kuwwatlylygy 168 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda, ortaça, 109 kub metre barabardyr.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklarydyr görkezmelerinden, öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň, görülýän çäreleriň çäklerinde, bu ulgama suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Diýarymyzyň sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar, şol sanda suw howdanlary gurulýar hem-de olaryň bar bolanlarynyň göwrümi giňeldilýär. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin yzygiderli satyn alnyp berilýän «Komatsu» kysymly tehnikalaryň ähmiýeti örän uludyr. 

                                                                   

Türkmenistan Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde, häzirki döwre çenli «Komatsu» kysymly tehnikalaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Bu tehnikalar ýurdumyzyň suw hojalyk desgalarynda netijeli we ýokary öndürijilikli peýdalanylýar. 

                                                                   

Täze tehnikalar Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda suw hojalygy pudagynyň agzybir işgärlerine hem-de ähli oba zähmetkeşlerine ajaýyp sowgat boldy. Munuň üçin suw hojalygy pudagynyň ähli işgärleri hem-de zähmetkeş halkymyz Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyrmak ugrunda beýik işleri, döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.

23.12.2022
Ykdysady rowaçlygyň kepili

Mälim bolşy ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde Döwlet býujetiniň esasy maddalaryny düýpli seljermek we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmek ýaly möhüm wezipeler öňde goýuldy. Şol wezipelerden hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlarydyr tekliplerinden ugur alnyp, degişli işleriň ýerine ýetirilmegi, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň kabul edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli, pudaklaýyn hem sebitleýin maksatnamalary amala aşyrmak boýunça işleriň maliýe taýdan doly we bökdençsiz üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Maglumatlar ulgamy kämil ösdürilýän, durmuşyň ähli ugurlaryna çylşyrymly tehnologiýalar ornaşdyrylýan häzirki döwürde dünýäde ösüşiň iň täze hem-de amatly nusgalary gözlenilýär. Bu ugurda ýurdumyz ählumumy ykrar edilen, açyklyga, howpsuzlyga esaslanýan ösüş ýolunyň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Netijede, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyz öz ykdysady strategiýasyny işläp düzýär hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmegi, onuň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyny maksat edinýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň maliýe çeşmesi bolan Döwlet býujetini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýete geçmek, innowasion usullary giň gerimde ulanmak, çylşyrymly tehnologiýalara başarnykly erk edýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we beýlekiler ösüşiň täze nusgalarynyň esasyny düzýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny hem-de ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, maýa goýum taslamalarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maliýe-hukuk işleri kämilleşdirilýär, halk hojalygynyň ähli ugurlaryny, innowasion senagaty ösdürmäge aýratyn üns berilýär, ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ýollary gaýtadan işleýän senagatyň netijeli hereket etmegine gönükdirilýär. Şeýle usullaryň ornaşdyrylmagy ýerli senagat kärhanalary tarapyndan ýurdumyzyň çig mal binýadynyň ýokary derejede gaýtadan işlenmegine, ykdysadyýetiň tehnologik ösüş derejesine doly geçmegine mümkinçilik döredýär. Bu bolsa bazarlarda, söwda nokatlarynda önüm bolçulygyny berkitmäge, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny has ýokarlandyrmaga oňaýly täsir edýär.  

                                                                   

Ýerli önümçilik kärhanalarynyň, telekeçilik subýektleriniň sanynyň artdyrylmagy, olara döwlet tarapyndan goldaw hem ýeňillikleriň berilmegi netijesinde ýurdumyzyň innowasion esasda durnukly ösýän senagatynyň döwrebap gurluşy kemala gelýär. Aýratyn-da, ýerli önümçilik pudagy diwersifikasiýalaşdyrylýar, sanly senagatyň düzüm bölekleri, innowasion tehnologiýalara daýanýan senagat pudaklary döredilýär, senagaty iň täze, amatly ösüş ýoluna geçirmegiň guramaçylyk-ykdysady şertleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, täze önümçilikleri ýola goýmak, kärhanalaryň önümçiligini döwrebaplaşdyrmak üçin ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Şeýle çemeleşmeler innowasion önümçiligi giňeltmäge gönükdirilen wezipeleriň amal edilmegine mümkinçilik döretmek bilen, ýokary ykdysady ösüşiň gazanylmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, maliýe ulgamyny düýpli özgertmek boýunça öňe sürýän makroykdysady syýasaty döwlet maksatnamalaryny doly durmuşa geçirmäge hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Kabul edilen Döwlet býujetine laýyklykda, geljek ýyl hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň ep-esli artmagyna garaşylýar. Munuň özi döwletimiziň ösüş ýolunyň gyşarnyksyz dowam etdirilýändigini tassyklaýar.  

                                                                                                           

Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

23.12.2022
Nebitgazly ýataklaryň gözleginde

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzüminde hereket edýän geofiziki ekspedisiýalar, ýörite geologik maglumatlar merkezi, geologiýa-gözleg we gidrogeologik ekspedisiýalardyr beýleki bölümler Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda derwaýys işleri durmuşa geçirýär. Bu işler iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglary, profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da, beýleki barlag usullaryny, gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sap artyşyny almaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär.  

                                                                   

Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň geçen on bir aýynda jemi 970 pagon-kilometrlikde 2D usuly bilen seýsmiki-gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnama 104 göterim berjaý edildi. Bu döwürde 3D usulynda geçirilmeli işleriň meýilnamasy 108 göterim amal edildi. Bitirilen iş, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 230 inedördül kilometr köp boldy. Ýeri gelende aýtsak, 2D usuly ýeriň gatlagyny bir ugur boýunça, 3D usuly bolsa ählitaraplaýyn öwrenýär. Häzirki döwürde bu ugurlarda iş alyp barmagyň 3D usuly ýörgünlidir. Ol geologik gurluşy has çuň we çylşyrymly gatlaklary içgin öwrenmekde has netijeliligi bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Ýeriň 6-7 müň metr çuňlugyndaky gatlaklary öwrenmek arkaly alynýan seýsmiki maglumatlaryň esasynda şol meýdançanyň çäginde geljegi uly ýataklary anyklamak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Zemin çuňluklaryna dürli usullarda gönükdirilýän tolkunlar yza serpilende, ýörite awtoulaglarda oturdylan seýsmiki stansiýalar arkaly ýüze çykýan maglumatlar magnit ýazgysyna geçirilýär we ekspedisiýanyň kompýuterlerinde gaýtadan işlenilýär. Alnan maglumatlar süzgüçden geçirilip, arassalanyp hem-de güýçlendirilip, çykarylan netije esasynda wagt kesgitlemesi dolulygyna taýýarlanyp, degişli hünärmenlere gowşurylýar. Hut şol maglumatlar hem geofizikleriň bitiren işiniň hilini görkezýär. Toplanan maglumatlar soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýän merkezine ýetirilýär. Diňe şondan soňra ahyrky netije alynýar we jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanylyp, ol ýangyç-energetika toplumynyň degişli ulgamlarynyň çuň buraw işlerini alyp barýan burawlaýjylaryna berilýär. Bu çäreleriň her biri aňryçäk takyklygy talap edýär.  

                                                                   

Soňky gysga wagtyň dowamynda kärhana has ygtybarly seýsmiki stansiýalara, kuwwatly ýer sarsdyryjylara we beýleki zerur tehniki enjamlardyr kämil tehnologiýalara eýe boldy. Hut şu ýagdaýyň özi hem işiň netijeliligini gazanmaga we hilini ýokarlandyrmaga aýgytly täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dürli meýdançalarynda seýsmiki-gözleg işlerini geçirýän ekspedisiýanyň esasy maksady ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenmek bilen, nebitgazly ojaklaryň üstüni açmakdan hem-de uglewodorod çig malynyň haýsy çuňluklarda we gatlaklarda ýatandygyny takyklap, teklipnamalary taýýarlap, burawlaýjylara bermekden ybaratdyr. Hünärmenleriň ýüzlerçesi hemişe meýdan şertlerinde zähmet çekýär. Üç sany seýsmiki we bir sany grawik toparlarda jemlenen işgärleriň öz işini netijeli alyp barmagy üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň irginsiz tagallasy bilen häzirki güne çenli welaýatyň çäklerindäki gyzyl reňkli gatlaklar doly diýen ýaly öwrenildi. Indi esasy wezipe ondan aşakda ýerleşýän miosen gatlagyny öwrenmekden ybarat. Geofizikler bu möhüm işi häzirki wagtda «Porsy» meýdançasynda amala aşyrýarlar.  

                                                                   

— Türkmen alymlarynyň tassyklamagyna görä, miosen uglewodorod çig mallary babatda geljegi uly gatlakdyr. Döwlet derejesindäki bu möhüm işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny üpjün etmekde Azatbaý Satlykowyň, Çaryýar Hydyrowyň 2D usulynda, Eziz Şirjanowyň 3D usulynda işleýän seýsmiki, Kömek Toýçyýewiň grawik, Lýudmila Şabankinanyň kompýuter-seýsmiki maglumatlary taýýarlaýan toparlarynyň, Amanmämmet Bawerisowyň topografiýa bölüminiň hünärmenleri has-da tutanýerli zähmet çekýärler — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň başlygy Şaguly Söýünow buýsanç bilen aýdýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».

21.12.2022
Nebit-gazly Watanym

Ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär. Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta —Gündogar ugurlary boýunça göni gepleşikleriň gerimini giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar. 

                                                                   

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, şol sanda gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli bolan iri senagat desgalary gurulýar. Bu gün nebithimiýa pudagynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň, gazy we nebiti gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmagyň esasynda gaýtadan işlenen taýýar önümleri eksport etmek ileri tutulýan ugur hökmünde öňe çykýar. Ýurdumyzda kuwwatly gaýtadan işleýän senagat toplumlary döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda soňky ýyllarda gurlan döwrebap senagat toplumlary bolan Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod, aýna kombinaty ýaly ägirt uly kärhanalary mysal getirmegi hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigini bellemegi guwandyryjy üstünliklerimiziň görkezijisidir.  

                                                                   

Täze gurulýan desgalaryň önümçilik işi ylym bilen önümçiligiň sazlaşygyna esaslanýar. Olarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda ylmyň soňky gazananlary, sanly tehnologiýalar ulanylýar. Nebitgaz pudagynda işleýän toplumlar ylmyň, inženerçilik pikiriniň soňky gazananlaryny özünde jemleýänligi bilen tapawutlanýar. Bu işler bolsa, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ädilýän ädimleriň ilerlemegine getirýär. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen alynýan takyk maglumatlar uglewodorod çig malynyň gözlegi we gazylyp alynmagy üçin harajatlary tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu ulgamda sanly ulgamyň artykmaçlyklaryndan giňden peýdalanmakda kämil hünärmenleri ýetişdirmek derwaýys wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Ýakyn geljekde gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça birnäçe taslamany durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak dowam etdiriler. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu döwürde nebitgaz toplumyna iri möçberli dürli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Bu döwürde sintetiki benzin, kauçuk we polistirol, metildietanolamin, poliwinilasetat we beýleki polimerleri öndürjek täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Munuň özi halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň gurallaryna öwrülip, sebitde jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy we ählumumy ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berer.  

                                                                                                           

Ogultäç BALAÝEWA,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

21.12.2022
Geofizikleriň ynamly gadamlary

Eziz Diýarymyzyň nebit-gazly ýataklaryndaky baýlyklary gözläp tapmak ýaly möhüm işler, esasan, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň netijeli zähmetine baglydyr. Şeýle ojaklaryň gazylan we burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularynda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan öndümli gatlaklarda, zerur bolan halatynda, degişli çäreleri amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmaşyz işleriň onlarçasyny hut şu müdirligiň geofizikleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Juda anyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligiň Balkanabatdaky, şeýle hem kuwwatly awtoulaglarynda oturdylan kämil barlamhanalaryna aýgytly orun degişlidir. 

                                                                   

Müdirlikde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň on bir aýynda 60 million 176 müň manatlyga derek 73 million manatlykdan hem gowrak işler özleşdirilip, meýilnama 121,3 göterim amal edildi. Gazanylan üstünlige müdirligiň Hazar we Ekerem şäherçelerindäki senagat-geofizika ekspedisiýasynyň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologik hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýalarynyň işçi-hünärmenleri saldamly goşant goşdular. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

20.12.2022
Bagtyýar durmuşyň ygtybarly binýady

Türkmenistan dünýä ýüzünde durmuş derejeli ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. 2023-nji ýyl üçin tassyklanan Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 göterime golaýynyň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi-de munuň şeýlediginiň subutnamasydyr.  

                                                                   

Döwlet býujeti kesgitli döwür üçin işlenip taýýarlanylýan maliýe resminamasy bolup, onda býujetiň girdejileriniň we çykdajylarynyň maddalary öz beýanyny tapýar. Şunda onuň girdeji böleginiň çeşmeleri, şeýle-de çykdajylarynyň gönükdirilýän ugurlary häzirki döwürde ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň mazmunyna has içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. 2023-nji ýyl üçin 5-nji dekabrda tassyklanan baş maliýe resminamasynyň döwrüň talaplaryndan ugur alnyp taýýarlanylmagy geljek ýylda hem ykdysady ösüşiň durnukly depgininiň saklanjakdygyny, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini aňladýar.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň ösüşini býujet arkaly kadalaşdyrmak döwlet kadalaşdyryş işiniň esasy usullarynyň biri bolup, ol durnuklylygy saklamagyň, durmuş meselelerini çözmegiň maliýe esaslaryny emele getirýär. Şunda baş maliýe meýilnamasynyň girdejiler bölegini oýlanyşykly emele getirmek, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmek wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Bu, esasan, netijeli maliýe guraly hökmünde býujetiň ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine, ony höweslendirmäge, ilatyň durmuş üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksatlaryndan ugur alýandygy bilen baglanyşyklydyr.  

                                                                   

Depginli ösüşi üpjün etmek üçin berk maddy binýadyň zerurdygy, hususan-da, onuň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýandygy, şeýle-de önümçilik binýadynyň pugtalandyrylmalydygy tejribeden bellidir. Täze önümçilikleri özleşdirmek üçin milli ykdysadyýete dürli çeşmelerden maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. 2023-nji ýylda maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göteriminiň önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi abadan ýaşaýşyň maddy binýadyny emele getirýän önümçilik kuwwatynyň ösdüriljekdigini alamatlandyrýar. Şunda importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, Döwlet býujetine salgytlardan we beýleki töleglerden gelýän pul serişdeleriniň möçberini artdyrmak esasy mesele bolup durýar. Mundan başga-da, täze önümçilikleriň işe girizilmegi iş orunlarynyň döredilmegine-de oňyn täsirini ýetirer. 

                                                                   

Dünýä döwletleriniň köpüsinde adam maýasy ykdysady, ylmy-tehniki ösüşe badalga berýär we bäsdeşlige ukyplylygyň görkezijisi bolup çykyş edýär. Milli ykdysadyýetiň täze hil derejesini üpjün etmek syýasatynyň çäklerinde, innowasion ösüş ýoluna daýanýan ykdysadyýeti galkyndyrmak wezipesi, ilkinji nobatda, adam maýasynyň artdyrylmagyny talap edýär. Ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň esasyny adamyň täze tehnologiýalary döretmek we özleşdirmek, täze bilimleri almak hem-de ulanmak ukyplary emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde-de olaryň artdyrylmagy ýurtda durmuş-ykdysady ilerlemäniň baş şerti bolup çykyş edýär. Netijede, ýurduň ykdysadyýeti üçin diňe bir ýokary hilli esasy maýa zerur bolman, eýsem, jemgyýetiň öndüriji güýji bolan adam maýasynyň ösdürilmegine-de zerurlyk döredýär. Çünki ykdysady ösüş adam maýasynyň derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu maýanyň hiliniň ýokarlanmagy maddy önümçiligiň netijeliliginiň artmagyna getirýär. Ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagy bolsa, öz gezeginde, durmuş ýaýrawyny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hökmünde ilatyň we döwlet býujetiniň girdejileriniň artmagyna ýardam edýär. Netijede, durmuş ýaýrawy ilatyň ýaşaýyş derejesiniň hil görkezijilerine, ýagny bilimine, saglyk ýagdaýyna, fiziki ösüşine... oňyn täsirini ýetirmek bilen, ol ykdysady ösüşiň depginine we netijeliligine-de goşant goşýar.  

                                                                   

Geljek ýyl üçin Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 39 göteriminiň bilime, 14,1 göteriminiň saglygy goraýşa, 2,6 göteriminiň medeniýete, 34,7 göteriminiň durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,6 göteriminiň ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi ýurdumyzyň durmuş strategiýasynda adam maýasyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Bu maliýe resminamasynda ylym-bilimi ösdürmäge gönükdiriljek serişdeleriň paýynyň ýokary bolmagy ýurdumyzda bilimler ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändiginden nyşan. Ýurtda bilimiň, esasan-da, hünär bilimi ulgamynyň ösen derejesiniň gazanylmagy işçi güýjüniň hiliniň düýpli ýokarlanmagyna getirýändigine dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ykdysady taýdan ösen döwletlerde jemi içerki önümiň artyşynyň 80 — 95 göteriminiň işgärleri taýýarlamagyň, tehnologiýalara we enjamlara siňdirilen täze bilimleriň hasabyna bolup geçmegi ykdysady ösüşi gazanmakda bilimiň ähmiýetiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Şol sebäpli ýurtlar ylmy-tehniki ilerlemäniň dünýä gazananlaryndan netijeli peýdalanmak üçin «adama goýulýan maýanyň» möçberlerini yzygiderli artdyrmaly bolýar. Bu goýumlaryň diňe bir durmuş ýaýrawynyň pudaklaryna goýberilýän býujet serişdeleriň artdyrylmagynyň däl-de, eýsem, ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmagyň hasabyna amala aşyrylan ýagdaýynda netijeli bolýandygy tejribede subut edilen hakykatdyr. Şeýlelikde, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň ykdysady ösüşiň ýokary depginini hem-de önümçiligiň netijeliligini üpjün etmek arkaly özüni doly ödeýändigi-de kanunalaýyk ýagdaýdyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň esasynda amala aşyrylýan durmuş syýasaty raýatlaryň maddy üpjünçilik derejesiniň yzygiderli artdyrylmagyny maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň girdejileriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýändigi hemmelere mälimdir. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ilatyň girdejileriniň esasy çeşmeleri bolup durýar. 2023-nji ýylyň býujetinde raýatlaryň durmuş-hal ýagdaýynyň has-da ýokary derejesini gazanmak maksady bilen, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu görkeziji berk ykdysady binýadyň döredilendigini ýene bir gezek görkezýär. Dünýä ýurtlarynyň köpüsiniň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýän maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän häzirki döwründe ösüş depginimiziň ýokarlanmagy beýleki ugurlar bilen bir hatarda iri durmuş özgertmelerini amala aşyrmak-da amatly şertleri döredýär. Bu girdeji çeşmeleriniň «Döwlet býujetiniň I derejesindäki goralýan maddalar» diýlip kesgitlenmegi hem ilatyň girdejilerini döwlet tarapyndan kepillendirmek meselesiniň näderejede wajypdygyny we bu ugurda anykdan-anyk işleriň amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. 

                                                                                                           

Maýagözel BABAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

20.12.2022
Guýularyň sany köpelýär

2021-nji ýylyň awgust aýynda Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde «Galkynyş» gaz käninde bolup, täze guýularyň üçüsiniň gurluşygyna ak pata berdi. Guýulary burawlamak işi «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda hytaýly hünärmenlere ynanyldy. 60-njy ulanyş guýusyndan täzelikde 4580 metr çuňlukdan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu ulanyş guýusynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi we önümçilige girizildi.  

                                                                   

«Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda ulanyş guýusynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işlerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň gurluşykçylary baş potratçy boldular. Işleriň halkara ölçeglere, innowasion tehnologiýanyň talaplaryna laýyklykda, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi ugrunda edaranyň uly iş alypbaryjysy Meýlis Hommadow, gurnaýjy Maksat Gurbanow, ýokary derejeli kebşirleýji Begenç Kakyşow we beýlekiler has tapawutlanyp zähmet çekdiler.  

 Iri möçberli bu gurluşyga dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen kuwwatly gazgurluşyk tehnologiýalarynyň gönükdirilmegi, şeýle hem kömekçi potratçy edaralaryň çekilmegi gurluşyk-gurnama işleriniň bellenilen möhletinde berjaý edilmegine ýardam berdi.  

                                                                   

 Ulanyş guýusynyň agyz ýakasynda ýokary tehnologiýaly, kuwwatly, döwrebap elektrik we gidrawlik enjamlar oturdyldy, optiki-süýümli kabeller, aragatnaşyk, wideogözegçilik serişdeleri ornaşdyryldy. Bu optiki-süýümli kabeller, aragatnaşyk, wideogözegçilik enjamlary «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan 1-nji zawodyň hem-de gazy ilkinji arassalaýan desganyň operatorlaryna guýudan çig gazyň çykarylyşyny hem-de şu ýerdäki ýokary basyşly gaz geçiriji arkaly tebigy gazyň akdyrylmagyny sanly ulgam arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berer.  

                                                                   

Ozal «Galkynyş» meýdançasyndaky 309-njy guýy ulanyşa berildi. Häzir şol meýdançadaky 294-nji hem-de 30-njy ulanyş guýularynyň agyz ýakalarynyň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.  

                                                                                                           

Welmuhammet GALANDAROW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Azym ŞEKEROW

19.12.2022
Döwrüň beýikliginiň nyşany

Şu ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşygy bilen bagly möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde durýan maksatnamalaýyn işleri kesgitlemek üçin Milli Geňeşiň agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we degişli jogapkär ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda täze şäheriň birinji tapgyryndaky desgalaryň açylyş dabarasynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek, täze döredilýän ilatly ýere dereje bermek, döwrebap at dakmak, ol ýerde ýerleşdiriljek düzüm birliklerini kesgitlemek, edaralardyr kärhanalaryň ýolbaşçy düzümini emele getirmek, onuň dolandyryş çägini kesgitlemek, ýerleri bölüp bermek babatda öňde duran möhüm wezipelere garaldy.  

                                                                   

Aşgabadyň günbatar tarapynda gojaman Köpetdagyň düzlüklerini etekläp oturan täze şäher döwrüň beýikliginiň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Göwher gaş kimin lowurdaýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň açylmagy taryhyň röwşen sahypasyny alamatlandyrar.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, gurluşygy iki tapgyrda amala aşyrylýan täze merkezde «akylly» şäherlere mahsus aýratynlyklar ornaşdyrylýar. Bu şäher 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sowujy akabalary, suwuň derejesini peseldiş ulgamyny we lagym geçirijilerini, 62,9 kilometr gaz geçirijini, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlaryny, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny öz içine alar.  

                                                                   

Täze merkeziň smartfon arkaly dolandyrylýan 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarydyr 2 gatly kottejler toplumlary onuň döwrebap keşbini üpjün eder. Şeýle-de bu toplumdaky çagalar baglary, mekdepler, ýöriteleşdirilen bilim-terbiýeçilik edaralary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamlaryna degişli edaralar, sport desgalary, dolandyryş binalary, ulag-aragatnaşyk hem-de inženerçilik tehniki ulgamlarydyr iri jemgyýetçilik binalary ýurdumyzda adamlaryň abadan durmuşy, ýaşaýşyň ýokary derejesi babatda ählitaraplaýyn alada edilýändiginiň güwäsidir.  

                                                                   

Guruljak ýeri seýsmologiýa taýdan ylmy esasda düýpli öwrenilen täze şäherde 2 gatly kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy bolar. Şeýle-de her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagy, 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdep, başlangyç we orta hünär mekdepleri, iki sany sungat mekdebi milli aýratynlyklary bilen şäheriň görküne görk goşar. Mundan başga-da, Maliýe we ykdysadyýet toplumynyň bölümi, Merkezi bankyň, «Daýhanbank», «Türkmenistan», «Halkbank» we «Senagat» täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalary, saglyk öýleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, döwrebap hassahanalar, Ruhyýet köşgi, medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binalar toplumy, muzeý, sport toplumlary, türgenleşik meýdançalary, manežler, athanalar, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Ylmy-önümçilik merkezi, raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin bagy-bossanlyga bürenen, milli ruhda bezelen seýilgäh toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri täze welaýat merkeziniň ilatyna hyzmat eder.  

                                                                   

Döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylýan «akylly» şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň döredilmegi täze iş orunlarynyň açylmagyna, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň tebigy gözelligini saklap galmak maksady bilen, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylar. Ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketini ýola goýmak, ýagny elektromobilleriň gatnawyny üpjün etmek we awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalaryň gurluşygyny ýaýbaňlandyrmak, yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ulgamda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini — Gün we ýel batareýalaryny ornaşdyrmak arkaly howanyň arassalygyny gazanmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäde zir-zibil galyndylarynyň öz wagtynda we arassaçylyk düzgünlerine laýyklykda ýygnalmagyny üpjün etmegi göz öňünde tutmak bilen, bu babatda ösen tejribeden ugur alnyp, galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek hem-de zir-zibiller üçin «akylly» gaplary ornaşdyrmak meselelerine hem aýratyn ähmiýet berlendir. Sebäbi ulgamyň sanlylaşdyrylmagy bilen, zir-zibil gaplary dolan wagtynda degişli arassaçylyk gullugyna awtomatik usulda habar ugradylar. Elbetde, şeýle hyzmatlaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, birinjiden, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etse, ikinjiden, fiziki zähmetiň azaldylmagyna şert döreder. Täze şäheriň ýollarynda ugurlary görkezýän şekilleriň, köçeleriň, jaýlaryň adynyň, belgileriniň görnüşleri, yşyklandyryş ulgamynda, energiýa üpjünçiliginde tygşytlaýjy serişdeleri, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, nou-haularyny ulanmak arkaly döwrebap usullary peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär.  

                                                                   

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alnyp, täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç raýatlara kanunçylyga laýyklykda berilmegini üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy sentýabrynda geçirilen mejlisinde «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna şert döreder. Şunda döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşyndaky: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýen sözleriniň bu günki gün iş ýüzünde amal edilýändigini görmek bolýar.  

                                                                   

Hawa, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüş-özgerişlerini alamatlandyrýan täze şäher kemala gelýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäniň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».

19.12.2022
Ykdysady özgertmeler — abadan durmuşyň kepili

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman düzümleri kemala gelýär. Dürli maksatly täze binalardyr desgalar ulanmaga berilýär. Iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ykdysadyýetiň durnukly ösýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýokary ykdysady ösüşi, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy, maýa goýum işjeňligini saklap galmak syýasaty öz dowamyny tapýar. Munuň özi strategik, orta möhletli, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebitleýin maksatnamalarda ileri tutulýan ugurlar, emele gelýän hakyky ýagdaýlar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Geljek ýylyň möhüm wezipeleriniň biri-de Türkmenistanyň uzak möhletli bähbitlerini has-da netijeli durmuşa geçirmek üçin başlangyç, esas döretmekdir. Bu bähbitler innowasion görnüşli, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşan döwrebap ykdysadyýeti emele getirmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň ösüşini goldamaga gönükdirilen işler geçiriler. Ösüşi döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet syýasaty amala aşyrylar. Geljek ýylda senagat syýasaty döwletiň strategik meýilleşdirme babatda resminamalarynda we senagat pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda bellenen maksatlaýyn görkezijilere, indikatorlara ýetmek üçin höweslendiriji çäreler arkaly geçiriler. Şeýle hem bu syýasat pudaklary durnukly, innowasion häsiýetde ösdürmäge, milli ykdysadyýetiň ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga we saklap galmaga, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, haryt öndürijileriň senagat önümleriniň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ykdysady, tehnologik ulgamlarda ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdiriler. 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary jemi 95,1 milliard manat möçberde meýilleşdirilýär. Bu bolsa 2022-nji ýylyň Döwlet býujetiniň tassyklanan meýilnamasyndan 11,1 göterim ýokarydyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komiteti tarapyndan beýan edilen maglumatlardan ugur alyp, şu aşakdaky görkezijileri okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasy taýýarlananda, esasy maliýe resminamasynyň mazmuny boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda deňeşdirme-seljerme işleri täzeden geçirilip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň teklipleri hem-de bellikleri göz öňünde tutuldy we degişli tertipde tassyklandy. Şoňa görä-de, Döwlet býujetiniň I derejesiniň girdejileri we çykdajylary 29,1 milliard manada deň boldy. Şol sanda çykdajylaryň 75 göterime golaýyny durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge harçlamak göz öňünde tutulýar. Durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 39 göterimi bilimi, 14,1 göterimi saglygy goraýşy, 2,6 göterimi medeniýeti, 34,7 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,6 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Şeýle hem býujetiň II derejesiniň girdejileri we çykdajylary 65,9 milliard manat möçberinde meýilleşdirilip, 2022-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasyndan 10,3 göterim ýokarydyr. 

                                                                   

Maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göterimi önümçilik hem-de 33,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda özleşdiriler. Bu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlary, hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler, medeniýet öýleri, suw hem-de lagym, elektrik geçirijileri, awtomobil ýollary gurlar. Bulardan başga-da, kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2023-nji ýylda 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär. 

                                                                   

Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ykdysady ýagdaýlara garamazdan, 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarda 6,5 göterime çenli derejede emele gelmegine garaşylýar. Döwletimiziň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryň belli bir böleginiň önümçilige, beýleki bir böleginiň durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Önümçilige goýulýan maýa goýumlaryň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar. Ylmyň iň täze gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar. Täze önümleriň görnüşleri artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge niýetlenilen iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň senagat taýdan ösen ýurda öwrülmeginde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

16.12.2022
Ýurdumyzda rowaçlyk, täze öýümizde bagtyýarlyk

Zawoda işe gelenimden bäri hasaplap otursam, on bäş ýyla golaý wagt geçipdir. Şu ýyllarda işdeşlerim bilen şeýle bir öwrenişipdiris welin, iş ýerime edil öz öýüme ýaly ruhubelent, yhlas bilen zähmet çekmek üçin höwes bilen gelýärin. Gazanýan netijelerime hem beýleki işdeşlerim bilen birlikde ýürekden begenýäris, şatlygymyzy bile paýlaşýarys. Nebiti gaýtadan işleýän zawodymyz tutuş ýurdumyzda kuwwatly kärhanalaryň biri hasaplanylýar. Zawodymyzda çig malyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde her ýylda, takmynan, 220 müň tonna benzin, 135095 tonna dizel ýangyjy, 22,5 müň tonna mazut, 34,991 tonnadan gowrak ýol bitum, 41848 tonna agyr wakuum gazoýly we isleg bildirilýän beýleki önümler öndürilýär. Önümlerimiziň artykmaç bölegi eksporta hem iberilýär. Esasy önümler bolan ekstra we göni saplanylýan benziniň çykarylyşy hem artdy. Ýylsaýyn gowulanýan önümçilik görkezijileri biziň agzybirlikli zähmetimiziň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly goşant goşýandygymyzy aýdyň görkezýär. 

                                                                   

Yhlas bilen işleýän işçi-hünärmenlerimiziň gadyry hem bilinýär. Her ýylda diýen ýaly zawodymyzyň buýurmasy boýunça zähmet adamlary üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Bu bolsa işçi mertebesiniň belent tutulýandygyny görkezýär. Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde 24 öýli dört gatly jaýdan ýaşamak üçin ähli amatlylyklary bolan öýüň açaryny elime alanymda, bu sözleriň henizem bärden gaýdýandygyna gözüm ýetdi. Gyzlarym Jennetdir Leýli, oglum Mukam, ýanýoldaşym Dürli hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syasatynyň miwesini öz durmuşlarynda gördüler. Nirede maşgala bagtyýar bolsa, şol ýurduň işleri rowaç bolýar eken. Ýeňillikli esasda gurlup berlen üç otagly öýümizde biz hem bagtyýar durmuşyň hözirini görýäris.  

                                                                                                           

Haýrulla Hudaýgulyýew,

                       

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň hünärmeni.

15.12.2022
Ykdysadyýetiň artýan kuwwaty

Şu ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň we banklaryň önümçilik kärhanalaryna we ilata ýeňillikli karz goldawyny bermegiň ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup durýandygyna, onuň netijesinde býujete gelip gowuşýan serişdeleriň hem köpeljekdigine ünsi çekdi. Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biri, türkmen ykdysadyýetiniň özgertmelere taýýarlygyny görkezýän «aýnasy» bolup durýar. Şunda bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak işini çaltlandyrmak, fiziki we ýuridiki taraplardan pul goýumlaryny çekmegiň hem-de olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmek zerurdyr. Ösüşiň häzirki tapgyrynda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi, eýeçiligiň täze görnüşleriniň peýda bolmagy, dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy karzyň ornuny we ähmiýetini has hem ýokarlandyrýar. 

                                                                   

Karzyň ornuna iki ugur boýunça seretmek maksadalaýykdyr. Olaryň birinjisi ykdysady, ikinjisi bolsa, durmuş ugrudyr. Karzyň ykdysadyýete oňyn täsiri barada aýdylanda, öňi bilen wagtlaýynça boş duran pullary işjeňlige öwürýär, önümçiligiň üznüksizligini üpjün edýär, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar, eksporta niýetlenilen önümleri öndürmäge höweslendirýär. Karzyň durmuş ugry öňi bilen ýurtda ýaşaýan ilatyň durmuş şertleriniň ýokarlanmagy bilen baglydyr. Karzyň bu görnüşine isleg ödeýiş karzy, ýaş çatynjalara berilýän karz, ipoteka karzy, bilim karzy, hususy haryt öndürijilere berilýän karz, owerdraft karzy, lizing karzy we beýlekiler degişlidir. Karzlaryň möhleti we möçberi onuň goýulýan ugruna baglylykda kesgitlenilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul-karz syýasatynyň döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşini ýokarlandyrýar, raýatlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamaklaryny üpjün edýär. Ösüşiň häzirki zaman şertlerinde milli manadyň durnukly hümmetini üpjün etmek, hümmetsizlenmäni pes derejede saklamak, karz serişdeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul-karz syýasatynyň esasy wezipesi bolup durýar, bu ykdysady ösüşiň ýokary depginleri üçin binýatlaýyn makroykdysady şertleri döredýär. Ýurdumyzyň bank ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bank amallaryny gysga wagtda, az harajat bilen ýerine ýetirmäge we müşderileriň bank hyzmatlaryna bolan isleglerini doly we dogry berjaý etmäge köpugurly şertleri döredýär.  

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

15.12.2022