Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem nebitdir gazyň baý gorly ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmekde ägirt uly işler bitirilýär. Amyderýanyň sag kenaryndaky Samandepe we Ýaşyldepe meýdançalarynda tebigy gazy arassalaýan we soňra ony gysyp, degişli ulgama ugradýan desgalaryň ikisi gurlup ulanmaga berildi. Bu ýerde hytaýly hünärmenler türkmen kärdeşleri bilen bilelikde zähmet çekýärler. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi arkaly Hytaýda türkmen tebigy gazy alawlap dur. Häzirki wagtda bu kuwwatly gaz geçiriji turbalardan barýan «mawy ýangyjyň» möçberini artdyrmak barada iş alnyp barylýar.
Şu ýylyň 18-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Amyderýanyň sag kenaryndaky «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekedi ýurdumyzyň energetika pudagynyň eksport mümkinçiligini we kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Şonda döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, uglewodorod serişdelerimizi daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýandygyny aýtdy. Şu sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýän, türkmen tebigy gazyny eksport etmek Türkmenistan üçin ileri tutulýan baş wezipeleriň biri hasaplanýar. Hytaý Halk Respublikasy bu babatda biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşy bolmak bilen, nebitgaz pudagynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa iki döwletiň hem ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi üç şahadan ybarat bolmak bilen, ýylda onlarça milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik berýär. Ol işe girizilen gününden bäri Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden köp tebigy gaz iberildi. Geljekde «mawy ýangyjyň» Hytaýa iberilýän möçberini has-da artdyrmak üçin, onuň 4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Amyderýanyň sag kenaryndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde «Gadyn» bilen birlikde «Kiştiwan», «Günbatar Kiştiwan», «Eljik», «Gündogar Eljik» ýaly känlerden hem tebigy gaz alynýar. Çep kenardaky «Malaý» gaz käninden ýörite gaz geçiriji çekilip, ol Amyderýanyň üsti bilen sag kenara geçirildi we Hytaýa gidýän gaz geçirijä birikdirildi. Şeýlelikde, öňde goýlan maksada ýetmäge tarap ugur alyndy. Indiki wezipe gaz pudagynda kemala gelen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýadyny has-da berkitmekden ybarat bolup durýar. Munuň üçin türkmen we hytaý hünärmenleriniň birleşen tagallasy bilen sag kenarda gaz känleriniň täze gorlaryny gözläp tapmak işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Sag kenardaky Ýylgynagyz, Bataş ýaýlalarynda dikilýän burawlaýjy wyşkalaryň sany barha artýar. Eýýäm Täjibaý meýdançasy senagat taýdan özleşdirilip, bu ýerde burawlanan guýulardan tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy gurlandan soňra, Türkmenistan Hytaýyň türkmen tebigy gazyna bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik alar. Pudagyň ruhubelent işgärleri öňde goýlan maksada ýetmek üçin jan aýaman zähmet çekýärler.
Hudaýberen ABRAÝEW