Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman düzümleri kemala gelýär. Dürli maksatly täze binalardyr desgalar ulanmaga berilýär. Iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ykdysadyýetiň durnukly ösýändigini tassyklaýar.
Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýokary ykdysady ösüşi, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy, maýa goýum işjeňligini saklap galmak syýasaty öz dowamyny tapýar. Munuň özi strategik, orta möhletli, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebitleýin maksatnamalarda ileri tutulýan ugurlar, emele gelýän hakyky ýagdaýlar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Geljek ýylyň möhüm wezipeleriniň biri-de Türkmenistanyň uzak möhletli bähbitlerini has-da netijeli durmuşa geçirmek üçin başlangyç, esas döretmekdir. Bu bähbitler innowasion görnüşli, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşan döwrebap ykdysadyýeti emele getirmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň ösüşini goldamaga gönükdirilen işler geçiriler. Ösüşi döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet syýasaty amala aşyrylar. Geljek ýylda senagat syýasaty döwletiň strategik meýilleşdirme babatda resminamalarynda we senagat pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda bellenen maksatlaýyn görkezijilere, indikatorlara ýetmek üçin höweslendiriji çäreler arkaly geçiriler. Şeýle hem bu syýasat pudaklary durnukly, innowasion häsiýetde ösdürmäge, milli ykdysadyýetiň ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga we saklap galmaga, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, haryt öndürijileriň senagat önümleriniň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ykdysady, tehnologik ulgamlarda ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdiriler. 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary jemi 95,1 milliard manat möçberde meýilleşdirilýär. Bu bolsa 2022-nji ýylyň Döwlet býujetiniň tassyklanan meýilnamasyndan 11,1 göterim ýokarydyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komiteti tarapyndan beýan edilen maglumatlardan ugur alyp, şu aşakdaky görkezijileri okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasy taýýarlananda, esasy maliýe resminamasynyň mazmuny boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda deňeşdirme-seljerme işleri täzeden geçirilip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň teklipleri hem-de bellikleri göz öňünde tutuldy we degişli tertipde tassyklandy. Şoňa görä-de, Döwlet býujetiniň I derejesiniň girdejileri we çykdajylary 29,1 milliard manada deň boldy. Şol sanda çykdajylaryň 75 göterime golaýyny durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge harçlamak göz öňünde tutulýar. Durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 39 göterimi bilimi, 14,1 göterimi saglygy goraýşy, 2,6 göterimi medeniýeti, 34,7 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,6 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Şeýle hem býujetiň II derejesiniň girdejileri we çykdajylary 65,9 milliard manat möçberinde meýilleşdirilip, 2022-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasyndan 10,3 göterim ýokarydyr.
Maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göterimi önümçilik hem-de 33,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda özleşdiriler. Bu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlary, hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler, medeniýet öýleri, suw hem-de lagym, elektrik geçirijileri, awtomobil ýollary gurlar. Bulardan başga-da, kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2023-nji ýylda 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär.
Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ykdysady ýagdaýlara garamazdan, 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarda 6,5 göterime çenli derejede emele gelmegine garaşylýar. Döwletimiziň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryň belli bir böleginiň önümçilige, beýleki bir böleginiň durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Önümçilige goýulýan maýa goýumlaryň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar. Ylmyň iň täze gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar. Täze önümleriň görnüşleri artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge niýetlenilen iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň senagat taýdan ösen ýurda öwrülmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.